Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • km 11/09 sah. 3—5
  • Başga dilde gepleýän adamlara wagyz ediň

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Başga dilde gepleýän adamlara wagyz ediň
  • Hudaýa gullugymyz — 2009
  • Meňzeş maglumat
  • Eger adam başga dilde geplese
    Hudaýa gullugymyz — 2008
  • Başga dilde gepleýän adama wagyz edip, tejribäňizi artdyryň
    Hudaýa gullugymyz — 2015
  • Hoş habary wagyz etmegiň usullary
    Ýehowanyň islegini ýerine ýetirýän gurama
  • Siz «arassa dilde» erkin gepleýärsiňizmi?
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2008
Başgalary
Hudaýa gullugymyz — 2009
km 11/09 sah. 3—5

Başga dilde gepleýän adamlara wagyz ediň

1. Ýygnagyň territoriýasynda ýene-de kime wagyz edip bileris?

1 Isa Mesih ýer ýüzündäki «hemme milletlere güwälik» ediler diýdi. Bu sözleri wagyz edýän we şägirt taýýarlaýan her bir wagyzçy bilýär (Mat. 24:14; 28:19, 20). Biz wagyzda öz dilinde gepleýän dürli milletdäki adamlara duşýarys. Olar hem Ýehowanyň beýik elhenç güni gelýänçä, hakykat ýolunda ýörär ýaly, Patyşalyk baradaky hoş habary eşitmeli (Mal. 3:18). Biz ýygnagyň territoriýasyndaky başga dilde gepleýän adamlara nädip wagyz edip bileris?

2. Başga dilde gepleýän adamlara wagyz edip, nädip Ýehowanyň göreldesine eýerýäris?

2 Başga dilde gepleýän adamlary Ýehowa ýaly söýüň. Ýehowa hiç kimi ala tutman, söýýär. Şol sebäpli biz hem ýygnagyň territoriýasyndaky dürli dilde gepleýän adamlary Ýehowa ýaly söýüp, olara hak Hudaý barada dogry bilim bermek isleýäris (Zeb. 83:18; Res. iş. 10:34, 35). Biz, esasanam, türkmen dilinde gepleýän adamlara wagyz etsek-de, başga dilde gepleýän adamlara-da üns berip, Patyşalyk baradaky hoş habary wagyz etmäge mümkinçilik gözlemeli. Ýehowa başga dilde gepleýän ähli milletlere wagyz edilmegini isleýär. Başga dilde gepleýän adamlara nädip kömek edip bileris?

3. Bizde nähili peýdaly broşýura bar we ony nädip ulanyp bileris?

3 «Ähli milletler üçin hoş habar» atly broşýurany ulan. Bu broşýura başga dilde gepleýän adamlara wagyz etmek üçin çap edildi. Onuň käbir aýratynlygy bilen ýakyndan tanyş we wagyz eder ýaly, hemişe ýanyňda göter. Ýaşaýan ýeriňdäki adamlaryň gepleýän dillerini broşýurada belle. Ýygnakda şol dillerde edebiýat bolsa, onuň birnäçesini alsaň gowy bolar. Broşýuradan birine wagyz edeniňde, olary teklip edip bilersiň.

4. «Ähli milletler üçin hoş habar» atly broşýura arkaly nädip wagyz edip bileris?

4 Eger wagyzda başga dilde gepleýän adama duşsaň, oňa broşýuranyň daşyny görkezip bilersiň. Broşýuradan dünýä kartasyny açyp, ýaşaýan ýurduňy görkez. Soňra onuň nireden gelendigini we haýsy dilde gepleýändigini anyklajak bol. Muny bileniňden soň, broşýuranyň mazmunyndan gerekli sahypany tapyp, oňa goýy harplar bilen ýokarda ýazylan sözlemi görkez we teksti okamagy haýyş et. Soňra oňa öz dilinde kitapça ber we kül reňkli bellenilen sözlemi görkezip, onuň dilinde edebiýat getirjekdigiňi düşündir. Goýy reňkli ýazylan «meniň adym» diýen jümläni görkezip, öz adyňy aýt. Soňra goýy harplar bilen ýazylan «siziň adyňyz» diýen jümläni görkezip, onuň jogabyny diňle. Ikilenç idege gepleş.

5. Başga dilde gepleýän adam gyzyklanansa, ony nädip idemeli?

5 Ikilenç ideg. Adamyň haýsy dilde gepleýändigine garamazdan, hoş habar bilen gyzyklanan bolsa, biz ony ikilenç ideg etmeli. Onuň Hudaýa ynanýandygyny we Mukaddes Ýazgylar barada gyzyklanýandygyny bilip, onuň adyny we adresini ýazyp, haýal etmän ýygnagyň kätibine bermeli. Gyzyklanýan adamyň dilinde gepleýän wagyzçy ideg eder ýaly, ol şol maglumaty başga dilde gepleýän topara ýa-da ýygnaga ibermegiň aladasyny eder. Bu maglumaty alan wagyzçy, derrew gyzyklanýan adamy idemeli. Ýygnagyň kätibi başga dilde gepleýän adam ýürekden gyzyklanan bolsa, ol barada wagyz gözegçisine habar bermeli.

6. Başga dilde gepleýän adam gyzyklansa, näme etmeli?

6 Gyzyklanýan adamyň dilinde gepleýän wagyzça maglumat berler ýaly, wagt gerek bolýar. Bellenen wagyzçy ony ideg edýänçä, onuň höwesi sowaşmaz ýaly, goldap bilersiň. Kä halatlarda gyzyklanýan adam bilen Mukaddes Ýazgylar okuwyny başlap bolýar. Emma sen şol wagtyň dowamynda gyzyklanýan adamyň dilinde edebiýaty nireden alyp bilersiň?

7. Wagyzda başga dilde gepleýän adamlara duşsak, edebiýaty nireden almaly?

7 Başga dillerde edebiýat. Ýygnakda başga dilde edebiýat kän bolmaýar. Şol sebäpli wagyz gözegçisi ýaşaýan ýeriňde Hudaý barada gyzyklanan adamlaryň dilinde birnäçe edebiýatyň bolmagynyň aladasyny eder. Ýygnakda başga dillerde edebiýat bolmasa, ony sargap bolýar. Käwagt edebiýaty getirmek üçin birnäçe wagt geçmegi mümkin. Şonuň üçin edebiýaty www.watchtower.org internet sahypasyndan çap edip bolýar. Internetde wagyzçylar we gyzyklanýan adamlar üçin ýüzlerçe dilde edebiýatlar bar. Elbetde, elektron görnüşindäki edebiýatlar arkaly başga dilde gepleýän gyzyklanýan adamlaryň höwesini artdyryp bolýar.

8. Başga dilde gepleýän adamlaryň höwesini artdyrar ýaly, ýygnagyň näme ähmiýeti bar?

8 Ýygnagyň ähmiýeti. Käbir ýerlerde başga dilde gepleýän adamlar kän bolsa-da, golaýda olaryň dilinde ýygnak geçirilmeýär. Emma sen olary öz ýygnagyňa çagyryp bilersiň. Dogan-uýalar gyzyklanýanlary mähirli we güler ýüz bilen garşylasalar, olar ýygnaga yzygiderli gatnaşar. Ilkibaşda, diliň we medeniýetiň tapawutlanýandygy sebäpli gepleşmek kyn bolar. Emma Ýehowanyň Güwäçileriniň bütindünýä doganlygynyň ak ýürekden söýgüsi şeýle kynçylygy ýeňip biler (Sef. 3:9; Ýahýa 13:35). Eger sen başga dili bilip, şol dilde wagyz etmek isleseň, ýygnagyň kätibine aýt, ol bolsa muny filiala habar berer. Bu filiala başga dilde gepleýän adamy ideg eder ýaly, wagyzçyny tapmaga kömek eder.

9. Haçan we nädip dil öwrenilýän kurslar açylýar?

9 Dil öwrenmek. Biz başga dilde gepleýän adamlary ideg edip, olaryň dilinde geçirilýän ýygnaklara barmaga höweslendirmeli. Emma şeýle ýygnaklar bolmasa, käbir wagyzçylar şol dili öwrenip, gyzyklanýan adamlara kömek edip biler. Daşary ýurtly adamlaryň köpüsiniň ýaşaýan ýerinde ýa-da ýerli ýaşaýjylaryň gepleýän dilinde ýygnak bolmasa, filial olaryň dilini öwretmek üçin kurslar açar. Şeýle ýagdaýda filial golaýdaky ýygnaklara şol dilde gepleýän wagyzçylaryň gerekdigini habar eder we şeýle kurslaryň açyljakdygyny ýygnaklarda bildiriş etmegiň aladasyny eder. Dil öwrenýän kurslarda başga dilde gepleýän toparda ýa-da ýygnakda gulluk etmek maksady bilen okamaly.

10. Haçan başga dilde gepleýän topary döretse bolýar we munuň üçin näme talap edilýär?

10 Başga dilde gepleýän topar. Başga dilde gepleýän topary döretmek üçin dört zat talap edilýär. 1) Şol dilde gepleýän adamlar ýürekden gyzyklanyp, ruhy taýdan ösmeli. 2) Käbir wagyzçylar şol dili bilmeli ýa-da öwrenmeli 3) Tejribeli ýaşuly ýa-da gulluk hyzmatçysy şol dilde hepde-de bir gezek ýygnak duşuşygyny geçirmeli 4) Ýaşulular maslahaty şol toparyň aladasyny etmeli. Eger şu talaplar ýerine ýetirilse, başga dilde gepleýän topary ýygnaga degişli edip, resmileşdirer ýaly, ýaşulular şol topar barada filiala habar etmeli (ser. «Guramaçylykly», sah. 106—107). Şu toparyň aladasyny edýän ýaşuly ýa-da gulluk hyzmatçysy, «toparyň gözegçisi» ýa-da «toparyň gullukçysy» bolup belleniler we ol topara ýolbaşçylyk eder.

11. Näme üçin başga dilde gepleýän adamlara wagyz etmek wajyp?

11 Ýaşaýan ýerimizde başga dilde gepleýän adamlara wagyz etmek, Isa Mesihiň başlan bütindünýä wagyz işiniň esasy bölegidir. Biz yhlasly wagyz edip, Ýehowanyň milletleri silkeläp, gadyrly adamlary özüne ýakynlaşdyrýandygyny göreris (Hag. 2:7). Biz bu işe goşandymyzy goşup bilýändigimize örän begenýäris! Goý, Ýehowa başga dilde gepleýän adamlara wagyz edişimize ak pata bersin! Biz dürli dilde gepleýändigimize garamazdan, Hudaýyň ösdürýändigini hiç haçan ýatdan çykarmaly däl! (1 Kor. 3:6—9).

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş