Eger adam başga dilde geplese
1. Näme üçin ýygnaklara köp dilde gepleýän territoriýada hyzmatdaşlyk etmek örän wajyp?
1 Bütin dünýäde Patyşalygyň wagyzçylary öýden-öýe wagyz edende, ýygy-ýygydan başga dilde gepleýän gyzyklanýan adamlara duş gelýärler. Emma golaýda olaryň gepleýän dilinde ýygnak geçirilmeýär. Şeýle adamlara ruhy taýdan kömek etmek üçin filiallar dürli dilli toparlary we ýygnaklary döredýärler. Dürli dilde gepleýän territoriýada birnäçe ýygnak wagyz etmegi mümkin. Wagyz işi tertipli alnyp barlar ýaly, şeýle ýygnaklar nädip hyzmatdaşlyk edip bilerler? (1 Kor. 14:33).
2. Öýden-öýe wagyz edende, territoriýamyzdaky dürli dildäki topar ýa-da ýygnak bilen nädip hyzmatdaşlyk etmeli?
2 Agzybir hyzmatdaşlyk. Resmi däl ýagdaýda wagyz edende, wagyzçy islendik adamyň, şeýle-de başga dilde gepleýän adamyň ýanyna arkaýyn baryp, onuň düşünýän dilinde wagyz edip biler. Emma wagyzçy öz ýygnagyna we başga dildäki topara ýa-da ýygnaga degişli territoriýada öýden-öýe wagyz edende, öz ýygnagynyň dilinde gepleýän adamlara üns bermeli. Dürli ýygnaklar bir territoriýada wagyz edende, anyk ýazgy ýöretmek örän wajyp. Wagyz gözegçileri biri-biri bilen agzybir hyzmatdaşlyk edip, dürli dilde gepleýän territoriýada bile gulluk etmekligi planlaşdyrmaly (Sül. tym. 11:14). Eger kimdir biri öýden-öýe wagyz edende, başga dilde gepleýän adama duşup, golaýda onuň dilinde gepleýän ýygnak bolmasa, oňa wagyz etmäge çalyşmaly we onuň ruhy taýdan aladasyny etmeli.
3. Dürli toparyň ýa-da ýygnagyň wagyzçylary köp dilli territoriýada bir wagtda wagyz etseler näme etmeli?
3 Umumy işimiz. Eger dürli ýygnagyň wagyzçylary bir territoriýada wagyz etseler näme etmeli? Elbetde, mesihi söýgi dil bilen bagly islendik kynçylygy çözmäge kömek eder we ilki bilen, territoriýadaky adamyň zerurlygy barada alada etmäge höweslendirer (Ýahýa 13:34, 35). Şol sebäpli jogapkär doganlar paýhaslylyk we söýgi bilen haýsy topary wagtlaýyn başga territoriýa geçirmelidigini çözerler (Ýakup 3:17, 18).
4. Şu günler haýsy pygamberlik ýerine ýetýär?
4 Mukaddes Ýazgylarda dürli dilde gepleýän adamlar hoş habary eşiderler diýip pygamberlik edildi (Ylh. 14:6, 7). Ýygnaklar bir-biri bilen hyzmatdaşlyk edýändigi üçin, olar köp dilli territoriýada bir wagtda wagyz etmekden gaça durup bilerler. Şeýle-de bu hoş habary köp adamlara we şol sanda başga dilde gepleýän adamlara wagyz etmäge kömek eder (Efes. 4:16).