Başga dilde gepleýän adama wagyz edip, tejribäňizi artdyryň
Bu näme üçin wajyp? Ýehowa «her milletiň» ruhy zerurlyklarynyň aladasyny edýär (Res. iş. 10:34, 35). Şol sebäpli Isa: «Hoş habar hemme milletlere... dünýäniň ähli ýerinde wagyz ediler» diýdi (Mat. 24:14). Zakarýa pygamber «dürli dillerde gepleýän ähli milletleriň» hoş habara seslenjekdigini aýdypdy (Zak. 8:23). Ýahýa resulyň gören görnüşine görä, agyr muşakgatda «her milletden, her taýpadan, her halkdan we her dilden» bolan adamlar halas bolar (Ylh. 7:9, 13, 14). Biz ýaşaýan ýerimizde başga dilde gepleýän adama duş gelsek, oňa wagyz etjek bolmaly.
Aýyň dowamynda şuny etmäge çalşyň:
Maşgala okuwynda başga dilde gepleýän adama wagyz edilşini sahnalaşdyryň.