Dürli dilde gürleýän adamlar hoş habary eşidýär
«Şol günler dürli dilde gürleýän halklardan on adam ýehudynyň eteginden tutup: «Biz siziň bilen gitjek, çünki Hudaýyň siz bilendigini eşitdik» diýerler» (ZAKARÝA 8:23).
1. Halklaryň arasynda hoş habary dürli dilde wagyz etmäge başlamak üçin Ýehowa nähili wagt we ýer saýlady?
IÝERUSALIM. b. e. 33-nji ýylynyň Pentikost güni. Muňa iň oňat ýer we örän amatly wagt diýsek bolar. Birnäçe hepde ozal, ýehudylar we ýehudy dinine geçen adamlar ýewreýleriň Pasha baýramyny bellemek üçin Rim imperiýasynyň azyndan 15 ülkesinden Iýerusalime geldiler. Şol gün müňlerçe adamlar ýönekeý kişileriň mukaddes ruhdan dolup, her kese öz ene dilinde hoş habary gürrüň berşini eşitdiler. Sebäbi gadymy Babyldaky ýaly garym-gatymlyk bolmady (Resullaryň işleri 2:1—12). Şeýdip, mesihçiler ýygnagy döredi we hoş habary halklaryň arasynda dürli dilde wagyz edip başladylar. Bu iş şu günlere çenli dowam edýär.
2. B. e. 33-nji ýylynyň Pentikost güni Isanyň şägirtleri adamlary nädip «haýran galdyrdylar»?
2 Isanyň şägirtleri grek dilinde geplän bolmaly, sebäbi ol şol wagtlar esasy dildi. Şeýle-de olar ybadathanada ulanylýan gadymy ýewreý dilini hem bilendirler. Emma Pentikost güni, olar her kesiň öz ene dilinde wagyz edip, adamlary «haýran galdyrdylar». Bu adamlara nähili täsir etdikä? Ene dilinde eşiden hakykat sözleri adamlaryň ýüregine täsir etdi. Şol gün şägirtleriň kiçi toparyna üç müňe golaý adam goşuldy! (Resullaryň işleri 2:37—42).
3, 4. Şägirtler Iýerusalimden, Ýahudadan we Jelileden göçende wagyz işi nähili ýaýrady?
3 Şol wakadan soň, güýçli yzarlamalar başlandy we şägirtler Iýerusalimden başga ýerlere dagadylar, «dagan imanlylar bolsa aýlanyp, Hudaýyň sözüni yglan edýärdi» (Resullaryň işleri 8:1—4). Meselem, Resullaryň işleriniň 8-nji babynda grekçe gürleýän Filipusyň samariýalylara wagyz edişi barada okaýarys. Şeýle-de ol hebeşleriň wezirine wagyz edip, Isa Mesih baradaky habary kabul etmäge kömek etdi (Resullaryň işleri 6:1—5; 8:5—13, 26—40; 21:8, 9).
4 Mesihçiler Iýerusalimden, Ýahudadan we Jelileden göçüp, durmuşyny täzeden başlamaly bolanda, medeniýet we dil bilen baglanyşykly kynçylyklara duş geldiler. Belkem, olaryň käbiri diňe ýehudylara wagyz edendir. Emma Luka şägirt şeýle habar berýär: «Olaryň arasynda birnäçe kiprli we kireneli adamlar bardy; olar Antakiýa gelenlerinde Reb Isanyň Hoş Habaryny wagyz edip, greklere-de aýtdylar» (Resullaryň işleri 11:19—21).
Ala tutmaýan Hudaý hoş habary hemmelere ýetirýär
5. Hoş habar Ýehowanyň ala tutmaýandygyny nädip subut edýär?
5 Wagyz işiniň şeýle ýaýramagy Hudaýyň islegine gabat gelýär, çünki Hudaý hiç kimi ala tutmaýar. Şol sebäpli Ýehowa Petrus resula başga milletli adamlara dogry garamaga kömek etdi. Şonda Petrus resul şeýle netijä geldi: «Men, dogrudan, Hudaýyň hiç kimi ala tutman, eýsem her milletde kim Ondan gorksa, dogrulyk etse, şony kabul edýändigine göz ýetirdim» (Resullaryň işleri 10:34, 35; Zebur 145:9). Bir wagtlar mesihçileri yzarlan Pawlus resul hem Hudaý «bütin adamlaryň gutulmagyny... isleýär» diýip, Hudaýyň ala tutmaýandygyny tassyklady (1 Timoteos 2:4). Hawa, Hudaýyň ala tutmaýandygy görnüp dur, sebäbi Patyşalyk habary diline we milletine garamazdan, hemme adamlara umyt berýär.
6, 7. Mukaddes Ýazgylarda hoş habaryň dürli dilde gürleýän adamlara wagyz ediljegi barada nähili pygamberlikler aýdyldy?
6 Hoş habaryň hemme halklara wagyz ediljegi barada ençeme asyr öň aýdylypdy. Daniýeliň pygamberligine görä, «halklaryň, milletleriň we dilleriň hemmesi [Isa] gulluk eder ýaly, oňa hökümdarlyk, mertebe we patyşalyk berildi» (Daniýel 7:14). Şu žurnal 151 dilde çap edilip, bütin dünýä boýunça ýaýradylýar. Hatda senem Ýehowanyň Patyşalygy barada okap bilýäň. Bu bolsa Mukaddes Ýazgylaryň şol pygamberliginiň ýerine ýetýändigini subut edýär.
7 Mukaddes Ýazgylarda dürli dilde gürleýän adamlaryň gutulyş habaryny eşitjekdigi öňünden aýdyldy. Zakarýa pygamber köp adamlaryň hakykata gelşi barada şeýle diýipdi: «Şol günler dürli dilde gürleýän halklardan on adam ýehudynyň eteginden tutup: «Biz siziň bilen gitjek, çünki Hudaýyň siz bilendigini eşitdik» diýerler» (Zakarýa 8:23; Galatýalylar 6:16). Ýahýa resul hem gören görnüşi barada şeýle diýdi: «Mundan soň, her milletden, her taýpadan, her halkdan we her dilden bolan, hiç kimiň sanap bilmejek bir uly märekesiniň tagtyň hem Guzynyň öňünden duranyny gördüm» (Ylham 7:9). Biz häzir şu pygamberligiň ýerine ýetişini görýäris!
Hoş habary dürli adamlara ýetirýäris
8. Şu günler näme sebäpli wagyz işimizi üýtgetmeli bolýarys?
8 Şu günler köp adamlar başga ýurtlara göçýärler. Globalizasiýa göçhä-göçlügiň täze eýýamyna ýol açdy. Köp adamlar uruşdan gaçyp, asuda ýaşamak üçin has durgun ýurtlara göçdüler. Netijede, köp ýurtlarda dürli dilde gürleýän immigrantlaryň we bosgunlaryň jemagaty emele geldi. Meselem, Finlýandiýada 120-den gowrak dilde, Awstraliýada 200 dilde gürleýärler. ABŞ-nyň San-Diýego şäherinde bolsa, 100-den gowrak dilde gürleýärler!
9. Wagyz edýän ýerimizde adamlar dürli dilde gürleýän bolsa nähili garamaly?
9 Adamlaryň dürli dilde gürlemegi wagyz etmäge päsgel berip bilermi? Elbetde, päsgel berip bilmez! Gaýtam, olar köpräk wagyz etmäge höwesimizi artdyrýar, sebäbi «ekin meýdany... ormaga ýetişdi» (Ýahýa 4:35). Biz ruhy zerurlygyny duýýan adamlaryň milletine we diline garaman hoş habary gürrüň berýäris (Matta 5:3). Netijede, «her dilde» gürleýän mesihçileriň sany ýylsaýyn artýar (Ylham 14:6). Mysal üçin, 2004-nji ýylyň Alp Arslan (awgust) aýynda hoş habar Germaniýada 40-dan gowrak dilde wagyz edildi. On ýyl mundan ozal Awstraliýada 18 dilde wagyz edilýärdi, ýöne geçen ýyl 30-a golaý dilde wagyz edildi. Gresiýada Ýehowanyň Güwäçileri 20 dilde wagyz etdiler. Bütin dünýäde Ýehowanyň Güwäçileriniň 80 %-i iňlisçe däl-de, başga dilde gürleýärler.
10. «Bütin milletlerden» şägirt taýýarlamaga her bir wagyzçy nähili goşant goşýar?
10 Dogrudan-da, Isanyň «bütin milletleri şägirt ediň» diýen tabşyrygy ýerine ýetýär! (Matta 28:19). Şol tabşyrygy ýerine ýetirip, Ýehowanyň Güwäçileri 235 ýurtda üstünlikli wagyz edýär we 400-den gowrak dilde edebiýat ýaýradýar. Ýehowanyň guramasy wagyz etmek üçin edebiýat taýýarlasa-da, her bir wagyzçynyň özi hoş habary «hemmelere» düşünýän dilinde gürrüň bermeli (Ýahýa 1:7). Şeýle tagallalar netijesinde, dürli dilde gürleýän millionlarça adamlar hoş habary eşidýär (Rimliler 10:14, 15). Hawa, biziň her birimiz bu işe goşant goşýarys!
Kynçylyklara hötde gelýäris
11, 12. a) Biz nähili kynçylyklara duşarys we mukaddes ruh nädip kömek edýär? b) Adamlara ene dilinde wagyz etmek näme üçin peýdaly?
11 Şu günler Patyşalygyň wagyzçylary daşary ýurt dilini öwrenmek isleseler-de, Hudaý gudrat bilen kömek eder öýtmeýärler (1 Korintoslylar 13:8). Elbetde, täze dili öwrenmek aňsat däl. Hatda käbir wagyzçylar ikinji dili bilseler-de, hoş habary şol dilde gürleýän adamlara üstünlikli wagyz etmek üçin olaryň terbiýesini we medeniýetini göz öňünde tutup, öz düşünjesini hem-de wagyz ediş usullaryny üýtgetmeli bolýarlar. Täze immigrantlar köplenç özlerini ynamsyz duýýar we çekinjeň bolýar. Olaryň pikir edişine düşünmek üçin köp tagalla etmeli.
12 Ýöne mukaddes ruh Ýehowanyň gullukçylaryna başga dilde gürleýän adamlara wagyz etmäge häzire çenli kömek edip gelýär (Luka 11:13). Elbetde, mukaddes ruh başga dilde gürlemäge ukyp berenok, ýöne şol adamlara wagyz etmäge höwesimizi artdyrýar (Zebur 143:10). Hoş habary adamlara onçakly düşünmeýän dilinde wagyz etseň, olar diňe aňy bilen düşüner. Ýöne hakykaty ene dilinde gürrüň berseň, olaryň arzuw-islegine we umydyna täsir eder (Luka 24:32).
13, 14. a) Käbir wagyzçylar näme üçin başga dilde wagyz edip başladylar? b) Olaryň janaýamazaklygy nämeden görünýär?
13 Patyşalygyň köp wagyzçylary daşary ýurt dilinde gürleýän adamlaryň hakykaty oňat kabul edişini görende, olara wagyz edip başladylar. Beýleki wagyzçylar bolsa, olara wagyz etmegiň gyzyklydygyny hem-de ruhlandyryjydygyny görüp, has-da yhlasly ýapyşdylar. Ýehowanyň Güwäçileriniň Günorta Ýewropadaky filialy: «Gündogar Ýewropadan gelenleriň köpüsi hakykata suwsaýarlar» diýip habar berýär. Şeýle minnetdar adamlara kömek etmek göwnüňi göterýär! (Işaýa 55:1, 2).
14 Bu işde üstünlik gazanmak üçin gaýduwsyz hem janaýamazak bolmaly (Zebur 110:3). Meselem, Ýaponiýada ýaşaýan birnäçe Güwäçileriň maşgalasy uly şäherdäki kaşaň jaýlaryny goýup, hytaýly immigrantlara Mukaddes Ýazgylary öwretmek üçin uzak ýerlere göçdüler. ABŞ-nyň günbatar deňiz ýakasynda ýaşaýan filipinli adamlar bilen Mukaddes Ýazgylar okuwyny yzygider geçirmek üçin wagyzçylar her gezek birki sagat ýol sökýärler. Norwegiýada bir är-aýal owganystanly maşgala bilen okuw geçirýär. Wagyzçy är-aýal «Hudaý bizden näme talap edýär?»a diýen broşýuranyň iňlis we norweg dilindäkisini ulanýar. Owganly maşgala bolsa, abzaslary öz dari diline ýakyn bolan pars dilinde okaýar. Olar iňlis we norweg dilinde gürleşýärler. Daşary ýurtlylar hoş habary kabul edende, adamyň ýagdaýyna görä janaýaman edýän tagallalarymyz sylaglanýar.b
15. Biz nädip daşary ýurt dilinde üstünlikli wagyz edip bileris?
15 Sen başga dilde wagyz etmek üçin näme edip bilersiň? Ilki bilen, wagyz edýän ýeriňdäki daşary ýurtly adamlaryň haýsy dilde gürleýändigini biljek bol. Soňra şol dilde çap edilen birnäçe kitapçany we broşýurany ýanyňda göter. Patyşalyk habaryny daşary ýurtlylara sada dilde üstünlikli wagyz eder ýaly, 2004-nji ýylda çykan «Bütin halklaryň adamlary üçin hoş habar» diýen broşýurany ulanyp bilersiň.
«Gelmişegi söýüň»
16. Jogapkär doganlar daşary ýurtly adamlara nädip kömek edip bilerler?
16 Başga dili öwrensek-de, öwrenmesek-de, biz daşary ýurtly adamlara ruhy taýdan kömek edip bileris. Ýehowa öz halkyna «gelmişegi söýmegi» öwredýär (Kanunyň gaýtalanyşy 10:18, 19). Meselem, Demirgazyk Amerikanyň bir uly şäherinde bäş ýygnak bir Patyşalyk Zalynda duşuşýar. Patyşalyk Zallarynyň köpüsinde bolşy ýaly, ýygnaklar duşuşyk wagtyny her ýyl üýtgetmeli bolýar. Netijede, hytaý ýygnagyny ýylboýy Dynçgüni agşamara geçirmeli boljakdy. Şeýtseler, restoranda işleýän immigrantlar duşuşyga gelip bilmezdi. Şonda beýleki ýygnagyň ýaşululary hytaý ýygnagyny Dynçgüni irräk geçirmäge ylalaşdylar. Şeýdip, hytaý ýygnagyny Dynçgüni irden geçirmeli etdiler.
17. Kimdir biri daşary ýurt dilli topara kömek etmek üçin göçmek islese, nähili garamaly?
17 Janypkeş gözegçiler daşary ýurt dilli toparlara kömek etmek isleýän zehinli we ukyply dogan-uýalary başga ýerlere göçmäge söýgi bilen höweslendirýärler. Şeýle kömek ýerli ýygnaga-da gerekdir, ýöne gözegçiler Listradaky we Konýadaky ýaşululardan görelde alýar. Timoteos öz ýygnagyna köp kömek etse-de, olar onuň Pawlus bilen syýahat etmegine garşy bolmadylar (Resullaryň işleri 16:1—4). Galyberse-de, yhlasly wagyzçylara daşary ýurtly adamlaryň dünýägaraýşy, her hili däbi we endigi päsgel bermeýär. Gaýtam, olar dürli ýollar bilen gowy gatnaşyk saklap, hoş habary ýetirmäge çalyşýarlar (1 Korintoslylar 9:22, 23).
18. Hemmeler üçin nähili gapy açyldy?
18 Pygamberlikde aýdylyşy ýaly, hoş habar «dürli dilde gürleýän halklara» wagyz edilýär. Daşary ýurt dilinde gürleýänleriň arasynda ösüş entek bolmaly. Başarjaň wagyzçylaryň müňlerçesi «uly, iş bitiriji bir gapydan» girdiler (1 Korintoslylar 16:9). Şeýle ýerlerde wagyz etmegiň başga-da ýollary bar, bu barada indiki makaladan bileris.
a Ýehowanyň Güwäçileri neşir edýär.
b Başga mysallar üçin «Garawul diňi» žurnalynyň (rusça) 2004-nji ýylyň Gurbansoltan (aprel) aýynyň 1-ne çykan sanynyň 24—28-nji sahypalaryndaky «Az zatdan geçip, köp bereket aldyk» diýen makala seredip bilersiň.
Siz düşündirip bilersiňizmi?
• Ýehowadan görelde alyp, adamlary ala tutmaýandygymyzy nädip görkezýäris?
• Wagyz edýän ýerimizdäki daşary ýurtly adamlara nähili garamaly?
• Adamlaryň ene dilinde wagyz etmek näme üçin peýdaly?
• Gelmişekler barada nädip alada edip bileris?