Ugurtapyjy we uýgun wagyzçy bolalyň
«Her niçik-de bolsa, käbirlerini gutarjak bolup, her kese her zat boldum» (1 KORINTOSLYLAR 9:22)
1, 2. a) Pawlus resul nämeler babatda ökde wagyzçydy? b) Ol tabşyrylan işine nähili garaýardy?
OL BILIMLI, medeniýetli adamlar hem-de senetçiler bilen çekinmän gürleşýärdi. Ýokary wezipeli rimlilere we frigiýaly daýhanlara ol ynamly wagyz ederdi. Onuň hatlary erkin pikirli grekleri we köneçil ýehudylary oýlandyrýardy. Ol paýhasly pikirlerini joşgunly aýdýardy. Mesihe iman etdirmek üçin ol her bir adamyň dilini tapjak bolýardy (Resullaryň işleri 20:21).
2 Oňa Pawlus resul diýýärler. Ol ökde we ugurtapyjy wagyzçydy (1 Timoteos 1:12). Pawlus Isadan «milletleriň, patyşalaryň we Ysraýyl ogullarynyň öňünde... [Mesihiň] adyny götermek» tabşyrygyny aldy (Resullaryň işleri 9:15). Tabşyrylan işe ol nähili garadyka? Pawlus: «Her niçik-de bolsa, käbirlerini gutarjak bolup, her kese her zat boldum. Men bulary Hoş Habarda paýym bolsun diýip, Hoş Habar üçin edýärin» diýdi (1 Korintoslylar 9:19—23). Onuň göreldesinden biz näme öwrenip bileris? Bize has ökde wagyz etmäge we öwretmäge nädip kömek eder?
Özgeren adam kyn tabşyryk alýar
3. Pawlus mesihçi bolmanka, Isanyň şägirtlerine nähili garaýardy?
3 Pawlus tabşyrygyny üstünlikli ýerine ýetirmek üçin öňden bäri sabyrly hem-de sypaýmydy? Ýok. Dini nadanlygy sebäpli, Saul (Pawlusyň öňki ady) Isanyň şägirtlerini gahar-gazap bilen yzarlaýardy. Ol ýaşka Stefanusyň öldürilmegini unady. Soňra Pawlus mesihçileri zalymlyk bilen yzarlady (Resullaryň işleri 7:58; 8:1, 3; 1 Timoteos 1:13). Ol «Rebbiň şägirtlerine heniz hem ölüm howpuny salýardy». Pawlus diňe bir Iýerusalimdäki mesihçileri yzarlamak bilen çäklenmän, eýsem, uzak demirgazykda ýerleşýän Şam şäherine çenli yzarlady (Resullaryň işleri 9:1, 2).
4. Pawlus tabşyrygyny ýerine ýetirmek üçin nämede özgermeli boldy?
4 Pawlusyň mesihçileri güýçli ýigrenmeginiň esasy sebäbi — täze din ýehudy dinini başga düşünjeler bilen hapalar öýdüp gorkýardy. Üstesine-de, ol öň «fariseýdi», bu sözüň manysy «aýratynlandyrlan» diýmekdir (Resullaryň işleri 23:6). Hudaý bütin milletlere Isa Mesih barada wagyz etmäge Pawlusy saýlanda, ol geň galan bolsa gerek (Resullaryň işleri 22:14, 15; 26:16—18). Sebäbi fariseýler günäli adamlar bilen hatda bir saçagyň başynda oturmaýardylar ahyryn! (Luka 7:36—39). Elbetde, ol öz garaýşyny özgerdip, Hudaýyň islegine laýyk getirmek üçin tagalla baryny etdi, sebäbi Hudaý ähli adamlaryň halas bolmagyny isleýärdi (Galatýalylar 1:13—17).
5. Wagyzda Pawlusyň göreldesine nädip eýerip bolar?
5 Belki, bizem şeýle özgerişler etmeli bolarys. Wagyz edýän ýerimizde dürli dilde gürleýän daşary ýurtly adamlara duş gelýäris. Şonuň üçin ähli nädogry garaýşymyzy we ters pikirleri düzetmäge gaýrat etmeli (Efesliler 4:22—24). Köplenç alan terbiýämiz we bilimimiz bizde nädogry pikiri ornaşdyryp biler. Biz şeýle düşünjelere garşy göreşsek, goýun kimin adamlary gözlemekde we olara kömek etmekde ökde bolarys (Rimliler 15:7). Pawlus näme etdikä? Ol köpräk wagyz etmek üçin özgerişler etdi. Ol söýgi bilen öwretmekde göreldä mynasyp ussatlygy gazandy. Dogrudanam, «özge milletleriň resulynyň» wagyz edişi, onuň ünsli, uýgun hem-de ugurtapyjy bolandygyny görkezýär (Rimliler 11:13)a.
Pawlus dürli ýagdaýlarda nädip ugur tapýardy?
6. Pawlus diňleýjileriniň durmuşyny we medeniýetini nädip göz öňünde tutýardy, bu nähili netije getirdi?
6 Pawlus diňleýjileriniň ynanýan zadyny, durmuşyny we medeniýetini göz öňünde tutýardy. Ol patyşa Agrippa II ýüzlenende, patyşanyň «ýehudylaryň ähli adatlaryndan, jedelli pikirlerinden habarlydygynyň» agzap geçdi. Soňra Pawlus Agrippanyň ynanýan zadyny ökdelik bilen ulanyp, onuň gowy düşünýän zatlary barada gürrüň etdi. Pawlus şeýle aýdyň we ynamly düşündirdi welin, Agrippa oňa: «Meni az salymyň içinde yryp, Mesihi etjek bolýarmysyň?» diýdi (Resullaryň işleri 26:2, 3, 27, 28).
7. Pawlus Listranyň ýaşaýjylaryna wagyz edende, uýgundygyny nädip görkezdi?
7 Pawlus şeýle hem uýgundy. Listra şäherinde halaýygy özüne we Barnabasa sežde etmekden saklamak üçin özüni başgaça alyp bardy. Aýtmaklaryna görä, likaoniýa dilinde gürleýän adamlar sowatsyz hem-de gaty yrymçydy. Resullaryň işleri 14:14—18-nji aýatlaryň aýtmagyna görä, hakyky Hudaýyň beýikligini görkezmek üçin Pawlus ýaradylan zatlara we onuň tebigy baýlyklaryna ünsüni çekdi. Olar muňa düşünip, Pawlusa we Barnabasa «gurban kesmekden dändiler».
8. Pawlus gahary gelen wagty hem uýgundygyny nädip görkezdi?
8 Elbetde, Pawlus kämil bolmandygy üçin käwagt gaharlanýardy. Meselem, bir gezek ony kemsitjek bolup uranlarynda, ol Hananýa atly ýehuda sögdi. Ýöne sögen adamynyň baş ruhanydygyny aýdanlarynda, ol şobada ötünç sorady (Resullaryň işleri 23:1—5). Pawlus Afinyda bolanda, «şäheriň butlardan doludygyny görüp, [başda] ýüregi awady». Ýöne ol Ares depesinde çykyş edende, gaharyny bildirmedi. Gaýtam, ol afinalylara ýüzlenip, olaryň dilini tapmak üçin «Nätanyş Taňra» diýen gurbanlyk edilýän ýere ünsüni çekip, bir şahyrynyň goşgy setirlerini getirdi (Resullaryň işleri 17:16—28).
9. Dürli diňleýjilere duş gelende, Pawlus ugurtapyjydygyny we uýgundygyny nädip görkezdi?
9 Pawlus dürli diňleýjilere duş gelende-de, olaryň ugruny tapmakda we uýgunlaşmakda ökdedi. Ol diňleýjileriniň pikirine täsir edýän medeniýetini we daş-töwerigini göz öňünde tutýardy. Pawlus rimli mesihçilere hat ýazanda, olaryň şol döwrüň iň güýçli döwletiniň paýtagtynda ýaşaýandygyny gowy bilýärdi. Şoňa görä, Pawlus rimlilere ýazan hatynda Isanyň töleg gurbanynyň güýjüniň Adam atanyň günäsiniň güýjünden üstün çykandygyny ýazdy. Ol rimli mesihçilere we şol töwerekde ýaşaýan adamlara täsir edäýjek sözleri aýtdy (Rimliler 1:4; 5:14, 15).
10, 11. Diňleýjilerine görä, Pawlus mysalyny nädip üýtgetdi? (Çykgyda hem seret).
10 Pawlus diňleýjilerine Mukaddes Ýazgylaryň çuňňur hakykatyny nädip düşündirdikä? Ol çylşyrymly ruhy düşünjeleri aýdyňlaşdyrmak üçin, ýönekeý mysallary ulanmaga ökdedi. Mysal üçin, Pawlus rimlileriň gulçylyk bilen gowy tanyşdygyny bilýärdi, sebäbi gulçuluk bütin Rim imperiýasyna giňden ýaýrandy. Aslynda, haty alan adamlarynyň köpüsi gul bolmagy-da ahmaldy. Şonuň üçin günä ýa dogrulyga tabyn bolmagy adamyň özüniň saýlamalydygyny düşündirmek üçin Pawlus gulçulygy mysal getirip, güýçli delil getirdi (Rimliler 6:16—20).
11 Bir kitabyň aýtmagyna görä, «rimlileriň arasynda gul eýesi guluny azat edip bilýärdi ýa-da onuň özi azatlygyny satyn alyp bilýärdi. Şeýle-de gul taňra bagyş edilse, azatlyga çykyp bilýän ekeni». Azatlyga çykan gul öz eýesine pula işlemegi dowam edip bilýärdi. Pawlus günä ýa dogrulyga tabyn bolmagy saýlamak barada ýazanda, şol mysaly göz öňünde tutan bolsa gerek. Rimli mesihçiler günäden azat edilip, Hudaýyň guly boldular. Olar Hudaýa gulluk etmek üçin azatdylar, isleseler — öňki eýesine — günä gulluk etmegi saýlap bilerdi. Şeýle ýönekeý, emma tanyş mysal rimli mesihçileri: «Men haýsy hojaýyna gulluk edýän?» diýen soragyň üstünde oýlandyrmalydyb.
Pawlusyň göreldesinden öwrenmek
12, 13. a) Dürli adamlaryň ýüregine ýetmek üçin nähili tagalalar etmeli? b) Dürli milletli we medeniýetli adamlara wagyz etmäge saňa näme kömek edýär?
12 Bizem dürli adamlaryň ýüregine ýetmek üçin Pawlus ýaly ünsli, ugurtapyjy we uýgun bolmaly. Adamlara hoş habary ýetirmek üçin diňe ýüzleý wagyz edip, edebiýat hödürlemeli däl. Olaryň zerurlyklaryny, gaýgy-aladalaryny, halaýan we halamaýan zatlaryny, olaryň nämeden gorkýanyny hem-de nädogry pikirlerini biljek bolmaly. Munuň üçin güýjüňi gaýgyrmaly däl we köp oýlanmaly. Bütin dünýäde Ýehowanyň Güwäçileri şeýle-de edýärler. Mysal üçin, Ýehowanyň Güwäçileriniň Wengriýadaky filialynyň hasabatynda şeýle diýilýär: «Doganlar immigrantlaryň medeniýetine we däplerine hormat goýýar we olar ýerli däplere öwrenişmelidir öýtmeýärler». Ýehowanyň Güwäçileri başga ýerlerde hem şeýtmäge çalyşýarlar.
13 Uzak Gündogar ýurtlarynyň birinde köp adamlar saglygyň, çagalaryna terbiýe we bilim bermegiň aladasyny edýär. Şol ýerdäki wagyzçylar dünýäde ýagdaýyň erbetleşendigi ýa-da durmuşyň başga kynçylygy barada däl-de, olaryň şol aladasyny agzap, wagyz edip başlaýar. Şonuň ýaly ABŞ-nyň uly şäherleriniň biriniň ýaşaýjylaryny parahorluk, ýoldaky dyknyşyk we jenaýatçylyk meseleleri biynjalyk edýändigine wagyzçylar üns berdiler. Güwäçiler şol meseleleri ökdelik bilen ulanyp, Mukaddes Ýazgylar barada gürrüň açýar. Hakykatyň ökde mugallymlary haýsy tema barada gürrüň etseler-de, hemişe şatlygyny ýitirmän, Ýazgylardaky prinsipleri durmuşda ulanmagyň peýdasyna hem-de Hudaýyň berýän ýagty gelejegine adamlaryň ünsüni çekýär (Işaýa 48:17, 18; 52:7).
14. Zerurlyklary we ýagdaýlary tapawutlanýan adamlaryň ugruny tapmak üçin näme edip bileris?
14 Şeýle-de wagyzda gürrüň açyşymyzy üýtgetsek peýdaly, sebäbi adamlaryň medeniýeti, bilimi we dini biri-birinden tapawutlanýar. Ýaradyja ynanýan, ýöne Mukaddes Ýazgylara ynanmaýan adamlar bilen gürrüň edişimiz Hudaýa ynanmaýan adamlar bilen gürrüň edişimizden tapawutlanmaly. Dini edebiýatlara wagyz-nesihatyň guraly hökmünde garaýan adama wagyz edişimiz, Mukaddes Ýazgylara hormat goýan adama wagyz edişimizden tapawutlanar. Şeýle hem dürli bilimli adamlar bilen gürleşeniňde, ugurtapyjy bolmaly. Ökde mugallym gowy düşündirmeli we ýerli ýagdaýa gabat gelýän mysallary ulanmaly (1 Ýahýa 5:20).
Täze wagyzçylara kömek etmek
15, 16. Täze wagyzçylara näme üçin tälim bermeli?
15 Pawlus diňe özüniň mugallymçyk ussatlygyny ösdürmändir. Ol Timoteos we Titus ýaly ýaş nesilleriň hem ökde wagyzçy bolup ýetişmegi üçin olara kömek gerekdigine göz ýetirdi (2 Timoteos 2:2; 3:10, 14; Titus 1:4). Şu günler hem şeýle zerurlyk duýulýar.
16 1914-nji ýylda bütin dünýäde takmynan 5 000 wagyzçy bardy, şu günler bolsa her hepde 5 000-e golaý adam suwda çokundyrylýar (Işaýa 54:2, 3; Resullaryň işleri 11:22). Ýygnaga täze adamlar goşulyp, wagyz etmek isleseler, onda olary taýýarlamaly we tälim bermeli (Galatýalylar 6:6). Ýöne bu meselede Hojaýyn Isanyň usullaryny ulansak, biz oňat netijeler gazanarysc.
17, 18. Täze wagyzçylar ýaýdanman wagyz eder ýaly, biz nädip kömek edip bileris?
17 Isa şägirtlerine märekäni tapyp, soňra «wagyz edip başlaň» diýmedi. Ilki bilen, ol wagyz işiniň wajypdygyny görkezdi we gulluk etmek barada doga etmegi düşündirdi. Soňra üç esasy zatda kömek etdi: ýoldaş tapdy, wagyz etmeli ýerlerini görkezdi we ýetirmeli habaryny aýtdy (Matta 9:35—38; 10:5—7; Markus 6:7; Luka 9:2, 6). Bizem şeýtsek bolar. Çagamyza, täze wagyzça ýa-da bir näçe wagt wagyz etmedik wagyzça kömek edenimizde, tälim bermek üçin güýjümizi gaýgyrmaly däl.
18 Täze wagyzçylara hoş habary ýaýdanman wagyz etmäge kömek etmeli. Siz oňa ýönekeýje we gyzykly wagyz edişi taýýarlamaga we ulanmaga kömek edip bilersiňizmi? Wagyzda göreldäňize eýerip biler ýaly, ilkinji wagyza siz başlaň. Sizem Gideonyň öz esgerlerine: «Serediň men näme etsem, sizem şony ediň» diýenine eýerip bilersiňiz (Kazylar 7:17). Soňra täze wagyzça wagyz etmäge mümkinçilik beriň. Täze wagyzçyny edýän tagallasy üçin ýürekden öwüp ruhlandyrmaly we ýerlikli bolsa, wagyz edişini gowulaşdyrmak üçin maslahat bermeli.
19. Biz «hyzmatymyzy bitirer» ýaly näme etmeli?
19 Biz «hyzmatymyzy bitirer» ýaly, wagyz etmekde has ugurtapyjy bolmagy ýüregimize düwmeli we täze wagyzçylara-da şony öwretmeli. Biz Hudaý baradaky halas ediji bilimi adamlara wagyz etmegiň wajypdygy hakda oýlansak, onda bar güýjümizi gaýgyrmarys. Sebäbi «käbirlerini gutarjak bolup, her kese her zat bolmak» isleýäris (2 Timoteos 4:5; 1 Korintoslylar 9:22)
a Pawlusyň wagyzda şeýle häsiýetleri görkezendigi şu aýatlarda görünýär: Resullaryň işleri 13:9, 16—42; 17:2—4; 18:1—4; 19:11—20; 20:34; Rimliler 10:11—15; 2 Korintoslylar 6:11—13.
b Şeýle-de Hudaý bilen onuň ruhy «ogullarynyň» täze gatnaşyklaryny düşündirmek üçin Pawlus Rim imperiýasynda ýaşaýan okyjylaryna tanyş ýuridik düşünjeleri ulandy (Rimliler 8:14—17). «Rimde ogullyga alma adaty giňden ýaýrandy we rimlileriň maşgala baradaky düşünjesi bilen berk baglanyşyklydy» diýilip «Keramatly Pawlus Rimde» (St. Paul at Rome) diýen kitapda ýazylýar.
c Şu günler Ýehowanyň Güwäçileriniň ähli ýygnaklarynda «Pionerler kömek edýär» diýen programma bar. Programma boýunça, tejribeli we bilimli pionerler tejribesiz wagyzçylara kömek edýär.
Ýadyňyzdamy?
• Biz wagyzda Pawlusyň göreldesine nädip eýerip bileris?
• Biz haýsy garaýşymyzy üýtgetmeli bolarys?
• Biz nädip hemişe şatlygy ýitirmän wagyz edip bileris?
• Täze wagyzçylar ýaýdanman wagyz eder ýaly näme etmeli?