Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • bt bap 27 sah. 211—217
  • Pawlus «birkemsiz wagyz etdi»

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Pawlus «birkemsiz wagyz etdi»
  • Hudaýyň Patyşalygy barada wagyz ediň
  • Sözbaşylar
  • Meňzeş maglumat
  • Pawlus «ruhlandy we Hudaýa minnetdarlyk aýtdy» (Resullar 28:14, 15)
  • «Hemme ýerde şu dini topara garşy çykýarlar» (Resullar 28:16—22)
  • «Birkemsiz wagyz eden» Pawlusyň göreldesi (Resullar 28:23—29)
  • «Hudaýyň Patyşalygy barada wagyz edýärdi» (Resullar 28:30, 31)
  • Pawlus Rimde
    Mukaddes Ýazgylardan hekaýalar
  • Mert boluň, Ýehowa size kömek eder!
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2020
  • «Men hiç bir adamyň ganyna galmadym»
    Hudaýyň Patyşalygy barada wagyz ediň
  • Döwlet işgärleriniň öňünde hoş habary goraýarys
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2016
Başgalary
Hudaýyň Patyşalygy barada wagyz ediň
bt bap 27 sah. 211—217

27-NJI BAP

Pawlus «birkemsiz wagyz etdi»

Pawlus Rimde tussag edilse-de wagyz edýär

Resullar 28:11—31

1. Pawlus bilen ýanyndaky doganlar nämä ynanýardy we näme üçin?

BUGDAÝ daşaýan ullakan gämi Ortaýer deňziniň Malta adasyndan Italiýa ýüzüp barýardy. Gäminiň öňünde «Zewsiň ogullarynyň» şekili bardy. B. e. takmynan 59-njy ýylydy. Gämide bir eli esgere baglanan Pawlus, Luka we Aristarhus bardy (Res. 27:2). Deňizçiler grek taňrysy Zewsiň Kastor we Poluks atly ekiz oglunyň şekiline sygynýardy (Res. 28:11). Doganlar bolsa şol taňrylaryň däl-de, hak Hudaý Ýehowanyň gorajagyna ynanýardylar we oňa gulluk edýärdiler. Ýehowa Pawlus resula rimlilere, hatda Sezara wagyz etjekdigini aýdypdy (Res. 23:11; 27:24).

2, 3. Pawlus gämili nirelerden geçdi? Ýolda ony kim gorady?

2 Gämi Sirakuzada üç gün duransoň, Regiý şäherine tarap ýüzýär. Regiý şäheri Italiýanyň günortasynda ýerleşýärdi. Ol Afina we Rim ýaly Sisiliýada iň owadan, ady belli şäherleriň biridi. Gämi günortadan öwüsýän ýeliň kömegi bilen has tiz ýüzýär. Ikinji gün diýlende, gämi 320 kilometr uzakda ýerleşýän Putol gämi duralgasyna barýar. Putol häzirki Neapol şäherinden uzakda däl (Res. 28:12, 13).

3 Indi Pawlus Rime barýan soňky gämä münýär. Ol hökümdar Neronyň öňünde durmalydy. «Göwünlik berýän Hudaý» Ýehowa Pawlusy tussag edilen gününden bäri ýolboýy gorady, häzirem aladasyny edýärdi (2 Kor. 1:3). Pawlus hem yhlasyny gowşatman wagyz edýär.

Pawlus «ruhlandy we Hudaýa minnetdarlyk aýtdy» (Resullar 28:14, 15)

4, 5. a) Putoldaky doganlar nädip myhmansöýerlik görkezdiler? Pawlusy näme üçin doganlaryň ýanyna goýberdiler? b) Gowy häsiýetler mesihçilere türmede nädip kömek etdi?

4 Putolda Pawlus we ýoldaşlary «doganlar bilen görüşdiler». Doganlar olardan «ýedi gün myhman bolmagy haýyş etdiler» (Res. 28:14). Şol doganlar gapysyny hem elini giňden açyp, mätäçlere kömek etdiler. Pawlus bilen ýoldaşlary hem doganlary ruhlandyryp, imanyny berkitdiler. Pawlus tussag däldimi? Ol nädip doganlaryň ýanyna gidip bildi? Belki-de, ol Rim esgerleriniň ynamyna girendir, olaram Pawlusdan arkaýyn bolandyr.

5 Biziň döwrümizde-de şeýle wakalar bolýar. Dogruçyl hem ynamdar bolandygy üçin Ýehowanyň Şaýatlaryna türmede we konslagerlerde köp ýeňillikleri beripdirler. Meselem, Rumyniýada bir adamy talaňçylyk edendigi üçin 75 ýyl azatlykdan mahrum edýärler. Ol Mukaddes Kitapdan okuw geçip başlaýar we durmuşyny bütinleý üýtgedýär. Türmäniň gözegçileri hem onuň häsiýetleriniň üýtgändigini görýärler. Olar türmä gerek zatlary satyn alyp geler ýaly ony şähere iberýärler. Ol şeýle bir ynama girýär welin, bazara gidende ýanyna garawulam goýmaýarlar. Biz, esasanam, gowy häsiýetleri görkezip, Ýehowanyň adyna şöhrat getirýäris (1 Pet. 2:12).

6, 7. Rimdäki doganlar Pawlusy gowy görýändigi üçin näme etdiler?

6 Pawlus bilen ýoldaşlary Putoldan Kapuýa gidýärler. Olar takmynan 50 kilometr ýol ýöreýärler. Kapuýa Rime barýan Appiýus ýolunyň ugrunda ýerleşýär. Ady belli Appiýus ýoluny gatan läbikden gurupdyrlar. Şol ýoldan geçeniňde Italiýadaky owadan ýerler görünýärdi. Ýoluň käbir ýerlerinden Ortaýer deňzinem görüp bolýardy. Soňra olar Rimden takmynan 60 kilometr uzakda ýerleşýän Pontin batgalyklaryndan geçýärler. Şol ýerde Appiýus bazary hem bardy. Lukanyň aýdyşy ýaly, Rimdäki doganlar Pawlus dagynyň gelendigini eşidip, şol bazara gelýärler. Doganlaryň käbiri olara «Üç myhmanhana» diýen ýerde garaşýarlar. Şol myhmanhana Rimden takmynan 50 kilometr uzakdady. Ýolagçylar şol ýerde dynç alýardy. Pawlusy gowy görýändigi üçin Rimdäki doganlar ony görmäge gelipdirler (Res. 28:15).

7 Appiýus bazarynda ýadaw ýolagçylar üçin dynç alar ýaly amatly şertler ýokdy. Rim ýazyjysy Hores şeýle ýazýar: «Bazarda satyjylardan ýaňa aýak basara ýer ýokdy, adamlaram gödekdi. Şol ýeriň suwuny agzyňa alar ýaly däldi». Hatda Hores şol bazarda iýibem içmeýän eken. Şeýle kyn şertlere garamazdan, Rimdäki doganlar Pawlus bilen ýoldaşlaryna şol ýerde garaşdylar. Pawlus Rime ýetip barýardy, doganlar galanja ýoly bile geçmek isleýärdi.

8. Pawlus Hudaýa näme üçin minnetdarlyk aýtdy?

8 «Pawlus doganlary görüp ruhlandy we Hudaýa minnetdarlyk aýtdy» (Res. 28:15). Pawlus öň şol doganlaryň käbiri bilen oturşyp-turşandyr, olary gowy tanaýandyr. Onuň doganlary görüp ýüregi giňändir, güýjüne güýç goşulandyr. Pawlus näme üçin Hudaýa minnetdarlyk aýtdy? Ol doganlarda söýgini gördi. Şol janaýamaz söýgini diňe Ýehowanyň mukaddes ruhunyň kömegi bilen görkezip bolýardy (Gal. 5:22). Şu günlerem Ýehowa mukaddes ruhuň miwesi söýgini ösdürmäge kömek edýär. Dogan-uýalar hem birek-biregi söýýändigi üçin mätäçleriň dadyna ýetişýär, dogany ýa uýasy üçin islendik zatdan geçmäge taýyn bolýar (1 Sel. 5:11, 14).

9. Rimli doganlardan näme öwrenip bileris?

9 Mukaddes ruh akýürekli mesihçileri etrap gözegçilerini, missionerleri, doly wagtly gullukçylary myhman almaga we aladasyny etmäge höweslendirýär. Uzak wagtly gullukçylar Ýehowa üçin köp zadyndan geçýärler. Özüňize şeýle soraglary beriň: «Ýygnagymyza etrap gözegçisi we aýaly gelende myhman alyp bilerinmi? Olar bilen wagza gidip bilerinmi?» Eger şeýle etseňiz, Ýehowadan aljak bereketleriňizi barmak büküp sanap bolmaz. Pawlusy we ýoldaşlaryny garşy alan rimli doganlaram olaryň beren gürrüňlerini diňläp örän ruhlanandyr. Olar şeýle bir şatlanandyr welin, şol güni asla ýadyndan çykaran däldir (Res. 15:3, 4).

«Hemme ýerde şu dini topara garşy çykýarlar» (Resullar 28:16—22)

10. Pawlus Rime baransoň nämeler boldy?

10 Pawlus bilen ýoldaşlary ahyry Rime gelýärler. «Pawlusa kireýne alan jaýynda ýaşamaga rugsat berýärler» (Res. 28:16). Ony bir esger garawullaýardy. Adatça, öý tussaglygynda saklanýan adamy gaçyp gitmez ýaly bir esgere baglaýardylar. Pawlus eli zynjyrly bolsa-da, hoş habary yhlasly wagyz etdi. Rime gelenine üç gün bolansoň, Pawlus atly-abraýly ýehudylary ýanyna çagyrdy. Pawlus olara özi barada gürrüň berip, wagyz etjek bolýardy.

11, 12. Pawlus ýehudylara näme diýip ýüzlendi we näme üçin?

11 Pawlus ýehudylara: «Adamlar, doganlar, halkymyza ýa-da ata-babalarymyzyň däp-dessurlaryna garşy hiç zat etmesem-de, meni Iýerusalimde tussag edip, rimlileriň eline tabşyrdylar. Olar işimi derňänlerinde, ölüme mynasyp hiç zat etmändigimi bilip, boşatjak boldular. Emma ýehudylar muňa garşy çykanlarynda, Sezara arz etmeli boldum. Ýöne men halkymy günäkärlejek bolmadym» diýýär (Res. 28:17—19).

12 Pawlus ýehudylara «doganlar» diýip, özüniň olara duşman däldigini, milletparazlyk etmeýändigini görkezdi (1 Kor. 9:20). Şeýle-de ol ýehudylary günäkärlemek üçin däl-de, özüni goramak üçin Sezara arz edendigini aýdýar. Ýöne Pawlusyň Sezara arz edendiginden ýehudylaryň habaram ýokdy (Res. 28:21). Ýahudadaky mesihçiler näme üçin Pawlus hakda olara habar bermediler? Bir kitapda şeýle düşündirilýär: «Ýehudylar Pawlus hakda Rime hat ýazanam bolsa, gelip ýetişmezdi, sebäbi gämiler gaty seýrek gatnaýardy. Pawlusyň özem gyşdan soň Italiýa gaýdan ilkinji gämä münen bolmaly».

13, 14. Pawlus Patyşalyk barada nädip wagyz edip başlady? Biz ondan näme öwrenýäris?

13 Pawlus ýehudylara Hudaýyň Patyşalygy barada gürrüň bermek isleýärdi. Şonuň üçinem olara şeýle diýýär: «Men siziň bilen görşüp, gürrüňdeş bolmagy haýyş etdim. Meni ysraýyl halkynyň umyt edýän zady üçin zynjyr bilen bagladylar» (Res. 28:20). Pawlusyň sözleri ýehudylarda bilesigelijilik döredendir, sebäbi olar Mesihiň we onuň Patyşalygynyň gelmegine garaşýardylar. Mesihçilerem şol barada wagyz edýärdiler. Ýehudylar Pawlus bilen razylaşyp: «Biz ähli zady seniň öz agzyňdan eşitsek gowy bolar. Sebäbi hemme ýerde şu dini topara garşy çykýandyklaryny eşitdik» diýýär (Res. 28:22).

14 Hoş habary wagyz etmäge mümkinçilik dörände bizem adamlary gyzyklandyrýan zatlar barada gürrüň etmeli we olary oýlandyrjak soraglary bermeli. «Ýazgylar esasynda söhbetdeşlik», «Wagyz mekdebi», «Gowy okamagy we mugallym bolmagy öwreniň» diýen kitapdyr broşýuralarda köp peýdaly maslahatlar berilýär. Eger siz şol ýerdäki maslahatlara eýerseňiz ökdelik bilen wagyz edip bilersiňiz.

«Birkemsiz wagyz eden» Pawlusyň göreldesi (Resullar 28:23—29)

15. Biz Pawlusyň ökdelik bilen wagyz edişinden näme öwrenýäris?

15 Bellenen gün ýehudylar «Pawlusyň bolýan jaýyna öňküden-de has köp adam bolup geldiler». Pawlus olara «ertirden tä agşama çenli Hudaýyň Patyşalygy barada birkemsiz wagyz etdi. Musanyň kanunyna hem-de Pygamberler kitabyna salgylanyp, Isa hakda ynandyryjy delilleri getirdi» (Res. 28:23). Biz Pawlusyň ökdelik bilen wagyz edişinden dört zady öwrenýäris. Birinjiden, ol Hudaýyň Patyşalygy barada gürrüň berdi. Ikinjiden, adamlaryň ýüregine täsir eder ýaly ynandyryjy delilleri getirdi. Üçünjiden, aýdýan zatlaryny pygamberleriň kitabyndan subut etdi. Dördünjiden, ol özünden geçip, «ertirden tä agşama çenli» wagyz etdi. Pawlusyň şeýdip wagyz etmegi nähili netije berdi? Lukanyň aýdyşy ýaly, «käbirleri ynansa, käbirleri ynanmady. Olar biri-biri bilen ylalaşmansoňlar, Pawlusyň ýanyndan gitdiler» (Res. 28:24, 25a).

16—18. Pawlus käbir ýehudylaryň hoş habary diňlemändigine näme üçin geň galmady? Biz Pawlusdan näme öwrenip bileris?

16 Pawlus käbir adamlaryň diňlemejekdigini bilýärdi, sebäbi Mukaddes Kitapda-da şol barada pygamberlik edilendi. Onsoňam, öz durmuşynda muňa göz ýetiripdi (Res. 13:42—47; 18:5, 6; 19:8, 9). Käbir adamlar ylalaşman gitjek bolanda Pawlus olara şeýle diýdi: «Mukaddes ruhuň Işaýa pygamber arkaly ata-babalaryňyza aýdan sözleri dogry eken: „Halkyň ýanyna baryp, şeýle diý: „Siz eşidersiňiz, ýöne düşünmersiňiz; siz seredersiňiz, ýöne hiç zat görmersiňiz. Halkyň ýüregi gatapdyr“» (Res. 28:25b—27). Aýatdaky «ýüregi gatapdyr» diýen jümläni «ýüregini ýag basypdyr» diýibem terjime etse bolýar. Ine, şonuň üçinem Patyşalyk baradaky hoş habar olaryň ýüregine täsir etmeýär. Ýüregi gatan adamlara hoş habaryň täsir etmeýändigi bizi hem gynandyrýar.

17 Pawlus sözüniň ahyrynda: «Başga halklar... hökman gulak asarlar» diýdi (Res. 28:28; Zeb. 67:2; Işa. 11:10). Ol muny ynam bilen aýtdy, sebäbi köp başga milletlileriň hoş habary kabul edendigini görüpdi (Res. 13:48; 14:27).

18 Geliň, Pawlusdan görelde alalyň. Eger adamlar hoş habary diňlemese, ruhdan düşmäliň. Onsoňam, biz köp adamlaryň ýaşaýşa eltýän ýoly saýlamajakdygyny bilýäris (Mat. 7:13, 14). Emma akýürekli adamlar Ýehowa sežde etmegi ýüregine düwse, begenjimiziň çägi bolmaýar. Ýygnaga gelende olary güler ýüz bilen garşy alýarys (Luka 15:7).

«Hudaýyň Patyşalygy barada wagyz edýärdi» (Resullar 28:30, 31)

19. Pawlus öý tussaglygyndaka näme etdi?

19 Luka kitabyny ruhlandyryjy sözler bilen jemläp şeýle diýýär: «Pawlus iki ýyllap kireýne alan jaýynda ýaşady. Ol gelýän adamlary mähirli garşylap, olara Hudaýyň Patyşalygy barada wagyz edýärdi hem-de Halypamyz Isa hakda batyrgaý öwredýärdi. Pawlusa hiç zat päsgel bermeýärdi» (Res. 28:30, 31). Biz Pawlusdan myhmansöýer bolmagy, berk iman etmegi we yhlasly wagyz etmegi öwrenip bileris.

20, 21. Pawlus öý tussaglygyndaka kimlere kömek etdi?

20 Pawlusyň ýanyna gelen adamlaryň arasynda Onesim atly bir gul bardy, ol Kolosdan gaçyp gelipdi. Pawlus oňa Isanyň şägirdi bolmaga kömek edýär. Ol şeýle bir durmuşyny üýtgedýär welin, Pawlus Onesime «wepaly hem eziz doganym» diýýär. Ol Onesimi gowy görýärdi, şonuň üçinem onuň bilen «ataly-ogul ýaly» bolandygyny aýdýar (Kol. 4:9; Flm. 10—12). Onesim hem Pawlusy ruhlandyrandyra.

21 Pawlusyň göreldesi başga dogan-uýalary hem ruhlandyrdy. Pawlus Filipililere şeýle hat ýazdy: «Meniň başymdan geçenler hoş habaryň ýaýramagyna ýardam etdi. Mesih üçin türmede zynjyra baglanyp oturandygym köşk garawullaryna we hemmelere mälim boldy. Meniň türmä basylmagym Halypamyza gulluk edýän doganlaryň köpüsini berkitdi we Hudaýyň sözüni gorkman, has-da batyrgaý wagyz etmäge höweslendirdi» (Flp. 1:12—14).

22. Pawlus öý tussaglygyndaka ýene näme etdi?

22 Pawlus öý tussaglygynda otyrka, wagtyny biderek geçirmedi. Ol ruhlandyryjy hatlary ýazdy. Onuň hatlary Mukaddes Kitaba goşuldyb. Pawlus şol hatlary I asyrdaky mesihçilere ýazypdy. Pawlusyň hatlary şol dogan-uýalaryň imanyny berkidipdi. Olary okap bizem ruhlanýarys. Pawlusyň beren maslahatlaryndan köp zatlary öwrenýäris (2 Tim. 3:16, 17).

PAWLUSYŇ TÜRMEDE ÝAZAN BÄŞ HATY

Pawlus b. e. takmynan 60, 61-nji ýyllarynda ilkinji gezek Rimde tussag edilende bäş hat ýazýar. Ol Kolosdaky Filimun dogana guly Onesimiň Isanyň şägirdi bolandygyny we onuň bilen «ataly-ogul ýaly» ýakyndygyny ýazýar. Şeýle-de Pawlus hatynda Onesimiň öň peýdasyz guldygyny, indi bolsa Filimuna dogan bolandygyny aýdýar (Flm. 10—12, 16).

Pawlus koloslylara ýazan hatynda Onesimiň olaryň «ildeşidigini» aýdýar (Kol. 4:9). Ol Onesim bilen Tihikusa efeslilere, koloslylara we Filimuna ýazylan hatlary eltip bermegi haýyş edýär (Efes. 6:21).

Pawlus filipililere ýazan hatynda türmededigini we hatyny Epafroditiň üsti bilen ýollaýandygyny aýdýar. Filipidäki doganlar Epafroditi Pawlusa kömek etmek üçin iberipdirler. Emma ol keselläp, ölümiň bäri ýanyndan gaýdýar. Üstesine-de, dogan-uýalar Epafroditiň keselländigini eşidipdiler. Muny bilip, Epafrodit «gaty biynjalyk bolýar». Ýöne Pawlus Epafrodit ýaly «doganlaryň gadyryny bilmegi» tabşyrýar (Flp. 1:7; 2:25—30).

Ýewreýlere ýazan hatynda Pawlus Ýahudadaky ýewreý mesihçilere ýüzlenýär. Hatda awtoryň ady agzalmasa-da, ýazylyşyndan haty Pawlusyň ýazandygyny bilýäris. Şeýle-de Pawlus hatynda Italiýadaky dogan-uýalardan salam ýollaýar we Timoteos hakda-da agzaýar. Şol wagt Timoteos hem Rimdedi (Flp. 1:1; Kol. 1:1; Flm. 1; Ýew. 13:23, 24).

23, 24. Adalatsyzlyk edilip türmä basylan dogan-uýalar Pawlusdan nädip görelde alýarlar?

23 Pawlus takmynan dört ýyl türmede oturýar. Ol iki ýylyny Kaýsariýada, iki ýylyny bolsa Rimde öý tussaglygynda geçirýärc (Res. 23:35; 24:27). Pawlus ahyry türmeden boşadylýar, ýöne bu barada Resullar kitabynda aýdylmaýar. Pawlus türmedekä birjigem şatlygyny ýitirmeýär. Ol Ýehowa gulluk etmek üçin elinde baryny edýär. Şu günlerem adalatsyzlyk edip, Ýehowanyň Şaýatlaryny türmä basýarlar. Olar Hudaýa iman edýändigi üçin türmede otursalar-da, şatlygyny ýitirmeýärler, hoş habary wagyz edýärler. Meselem, ispaniýaly Adolf dogany bitaraplygy saklandygy üçin türmä basýarlar. Türmäniň gözegçileriniň biri şeýle diýýär: «Biz saňa itiň gününi görkezdik. Seni näçe ezsek, şonça-da biziň bilen ýumşak gepleşýärsiň, sylaşykly bolýarsyň, ýylgyrýarsyň. Biz-ä saňa telpek goýýarys».

24 Soňabaka gözegçiler Adolfa şeýle bir ynanýarlar welin, gözenegiň gapysyny gulplamaýarlar. Garawullar oňa Mukaddes Kitap barada her dürli soraglary berýärdiler. Olaryň biri hatda Adolfyň bolýan ýerine gelip, Mukaddes Kitaby okaýardy. Adolf hiç kim bilmez ýaly ony garawullaýardy. Ynanar ýaly däl, tussag esgeri garawullaýar! Wepaly dogan-uýalar bilen bolan wakalardan hatda kyn ýagdaýlarda-da «Hudaýyň sözüni gorkman, has-da batyrgaý wagyz etmegi» öwrenýäris.

25, 26. Pawlus haýsy pygamberligiň ýerine ýetişini gözi bilen gördi? Şol pygamberlik biziň günlerimizde nädip ýerine ýetýär?

25 Resullar kitabynda hoş habary wagyz etmek üçin elinde baryny eden mesihçileriň wakalary ýazylan. Kitabyň soňundaky sözlerem bizi ruhlandyrýar. Ol ýerde öý tussaglygynda otyrka, ýanyna gelen adamlara wagyz eden Pawlus resul hakda aýdylýar. Resullar kitabynyň birinji babynda Isanyň şägirtlerine beren tabşyrygy barada aýdylypdy. Isa olara şeýle diýipdi: «Siziň üstüňize mukaddes ruh inende, güýjüňize güýç goşulyp, Iýerusalimde, tutuş Ýahudada, Samariýada we bütin ýer ýüzünde men hakda wagyz edersiňiz» (Res. 1:8). Şondan 30 ýyl geçip-geçmänkä, Hudaýyň Patyşalygy barada «gök astyndaky ähli adamlara wagyz edildi»d (Kol. 1:23). Hawa, Hudaý mukaddes ruhuny bermese, adam muny öz güýji bilen başarmaýar (Zek. 4:6).

26 Şu günlerem Hudaý saýlanan mesihçiler bilen «başga goýunlara» mukaddes ruhuny berýär. Olar Hudaýyň berýän güýji bilen 240 döwletde «Hudaýyň Patyşalygy barada birkemsiz wagyz edýärler» (Ýah. 10:16; Res. 28:23). Sizem yhlasly wagyz etmek üçin eliňizde baryny edýärsiňizmi?

B. E. 61-NJI ÝYLYNDAN SOŇ PAWLUSA NÄME BOLDY?

B. e. takmynan 61-nji ýylynda hökümdar Neron Pawlusyň işine seredýär. Ol Pawlusy azat eden bolmaly. Biz şondan soň Pawlusyň nämeleri edendigini anyk bilmeýäris. Belki-de, Pawlus aýdyşy ýaly Ispaniýa gidendir (Rim. 15:28). B. e. takmynan 95-nji ýylynda Rim ýazyjysy Klement Pawlusyň «günbatar tarapdaky ýurtlara» syýahat edendigini aýdýar. Şol ýurtlara Ispaniýa hem degişli bolmaly.

Pawlus türmeden boşansoň, Timoteosa iki, Titusa-da bir hat ýazýar. Şol hatlardan onuň Krite, Makedoniýa, Nikapola we Trowasa barandygyny bilýäris (1 Tim. 1:3; 2 Tim. 4:13; Tit. 1:5; 3:12). Pawlus Nikapolda ýene-de tussag edilen bolmaly. Onuň nirede tussag edilendigini anyk bilmesek-de, b. e. takmynan 65-nji ýylynda Pawlus Rimde ikinji gezek türmede oturýar. Ýöne bu sapar hökümdar Neron Pawlusa rehim etmeýär. Rim taryhçysy Tasitiň aýtmagyna görä, b. e. 64-nji ýylynda Rimi ot alýar. Şonda Neron şäheri mesihçiler otlady diýen gep-gürrüň ýaýradyp, olary yzarlap başlaýar.

Pawlus Timoteosa ýazan ikinji hatynda Markusa we Timoteosa tizräk gelmegi haýyş edýär, sebäbi ölmezinden öň olary görmek isleýärdi. Batyrgaý hem wepaly dostlary Luka bilen Onisifor Pawlusa göwünlik bermek üçin janyny howp astyna salýar (2 Tim. 1:16, 17; 4:6—9, 11). Şol wagtlar Isanyň şägirtlerini tussag edip, ölüm jezasyny berýärdiler. Pawlusyň b. e. takmynan 65-nji ýylynda Timoteosa ýazan ikinji haty soňky haty boldy. Şondan soň ol imany üçin öldürilen bolmaly. Aýtmaklaryna görä, Pawlusyň ölüminden takmynan üç ýyl geçensoň, hökümdar Neron hem özüni öldürýär.

HOŞ HABAR «ÄHLI ADAMLARA WAGYZ EDILDI»

B. e. takmynan 61-nji ýylynda Pawlus resul Rimde tussaglykdaka: «Hoş habar gök astyndaky ähli adamlara wagyz edildi» diýip ýazýar (Kol. 1:23). Şol sözleri ýazanda Pawlus nämäni göz öňünde tutdy?

Belki-de, Pawlus hoş habaryň eýýäm köp ýerlerde wagyz edilendigini aýtjak bolandyr. Ýöne entek wagyz edilmedik ýerler hem bardy. Meselem, b. e. öň IV asyrda Isgender Zülkarneýn Aziýanyň köp bölegini basyp alyp, Hindistana çenli barýar. B. e. öň 55-nji ýylda Ýuliý Sezar Britaniýa hüjüm edýär. B. e. 43 ýylynda Klawdiý Britaniýanyň günorta bölegini basyp alyp, Rim imperiýasyna goşýar. Şeýle-de adamlar Aziýanyň gündogar ýurtlarynda ýokary hilli ýüpek matalaryň öndürilýändigini bilýärdiler.

Hoş habar Britaniýada, Hytaýda we Aziýanyň gündogar ýurtlarynda wagyz edildimi? Ýok, heniz wagyz edilmedik bolmaly. Pawlus Ispaniýada wagyz etmek isleýärdi, sebäbi şol ýerdäki adamlar hoş habary eşitmändi. B. e. takmynan 56-njy ýylynda Pawlusyň koloslylara ýazan hatyndan Ispaniýa heniz barmandygyny bilse bolýar (Rim. 15:20, 23, 24). Emma b. e. takmynan 61-nji ýylyna çenli hoş habar tutuş ýurda ýaýrady. Şeýle-de ýehudy dinine geçip, b. e. 33-nji ýylynyň Pentikost güni suwa çümdürilen ýehudylaryň ýaşaýan ýerinde we Isanyň şägirtleriniň aýlanan şäherlerinde hoş habar wagyz edilipdi (Res. 2:1, 8—11, 41, 42).

a Pawlusyň Onesimi alyp galasy gelýärdi, ýöne ol guldy, hojaýyny bardy. Onsoňam, Rimiň kanunyna gabat gelmeýärdi. Onuň hojaýyny Filimun mesihçidi, şonuň üçin Onesim hojaýynynyň ýanyna gaýdyp bardy. Pawlus Onesimden Filimuna hat iberýär. Ol hatynda Onesimi dogany ýaly görmegi, oňa ýowuz daraşmazlygy haýyş edýär (Flm. 13—19).

b «Pawlusyň türmede ýazan bäş haty» diýen çarçuwa serediň.

c «B. e. 61-nji ýylyndan soň Pawlusa näme boldy?» diýen çarçuwa serediň.

d «Hoş habar „ähli adamlara wagyz edildi“» diýen çarçuwa serediň.

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş