Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • bt bap 26 sah. 203—210
  • «Ähliňiz halas bolarsyňyz»

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • «Ähliňiz halas bolarsyňyz»
  • Hudaýyň Patyşalygy barada wagyz ediň
  • Sözbaşylar
  • Meňzeş maglumat
  • «Ýele garşy ýüzdük» (Resullar 27:1—7a)
  • «Ýel barha güýjeýärdi» (Resullar 27:7b—26)
  • «Hemmeler halas boldy» (Resullar 27:27—44)
  • «Adanyň ýaşaýjylary adamkärçilikli eken» (Resullar 28:1—10)
  • Pawlusy Rime äkidýärler
    Mukaddes Kitapdan sapaklarym
  • Mert boluň, Ýehowa size kömek eder!
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2020
  • Pawlus «birkemsiz wagyz etdi»
    Hudaýyň Patyşalygy barada wagyz ediň
Hudaýyň Patyşalygy barada wagyz ediň
bt bap 26 sah. 203—210

26-NJY BAP

«Ähliňiz halas bolarsyňyz»

Pawlus gämi heläkçiliginde Hudaýa bil baglaýar we adamlary gowy görýändigini görkezýär

Resullar 27:1—28:10

1, 2. Pawlusa Rime barmak aňsatdymy? Düşündiriň. Ol nämeleri alada edendir?

PAWLUSYŇ gelejegi gözüne garaňky görünýärdi. Festiň «Sezaryň ýanyna-da gidersiň» diýen sözleri gulagynda ýaňlanyp durdy. Iki ýyl türmede oturan adam indi uzak ýol söküp Rime gitmelidi. Pawlusyň howasyny çalyşjagyna göwni göterilendir (Res. 25:12). Ol öň gämili köp ýerlere gidip görensoň, uzak ýol sökmegiň aňsat däldigine düşünýärdi. Üstesine-de, Pawlus Sezaryň ýanyna baransoň, onuň bilen näme gürrüň etjekdigini alada edendir.

2 Pawlus birnäçe gezek «howply ýagdaýlary» başdan geçiripdi. Meselem, ol üç gezek gämi heläkçiligine uçrady, bir gije-gündizi deňziň ortarasynda geçirdi (2 Kor. 11:25, 26). Üstesine-de, ol Rime öz islegi bilen däl-de, tussag hökmünde äkidilip barýardy. Onuň bu gezekki syýahaty wagyz syýahatlary ýaly däldi. Kaýsariýa bilen Rimiň arasy iki ädimlik ýol däldi, munuň üçin 3 000 kilometrden hem gowrak ýol geçmelidi. Pawlus sag-salamat Rime bararmyka? Başbitin baraýanda-da, şol döwrüň iň güýçli hökümdarynyň öňünde durmalydy. Sezaryň oňa nähili höküm çykarjakdygy belli däldi.

3. Pawlus näme etmegi ýüregine düwüpdi? Şu bapdan nämeleri öwreneris?

3 Biz Pawlus barada köp zatlary öwrendik, ony tanadyk. Şonuň üçinem hiç birimiziň Pawlus diýlende çendenaşa alada edip, ruhdan düşýän adam göz öňümize gelmeýär. Elbetde, ol kösenjekdigini bilýärdi, ýöne nähili kynçylyklara uçrajakdygyny anyk bilmeýärdi. Pawlus ýagdaýy üýtgedip bilmejekdigine düşünip, känbir alada etmeýärdi. Şeýle-de ol çendenaşa alada etse, şatlanyp wagyz edip bilmezdi (Mat. 6:27, 34). Pawlus Ýehowanyň tamasyny ödemek isleýärdi. Ol Patyşalyk baradaky habary her bir ýagdaýda, her bir adama, hatda patyşalara-da wagyz etdi (Res. 9:15). Ol Ýehowanyň islegini ýerine ýetirmegi şeýle bir ýüregine düwýär welin, hiç zat oňa böwet bolup bilmeýär. Sizem Ýehowanyň islegini ýerine ýetirmegi ýüregiňize düwdüňizmi? Geliň, Pawlusyň geçen ýoluna syýahat edeliň. Biz onuň syýahatyndan köp zatlary öwreneris.

«Ýele garşy ýüzdük» (Resullar 27:1—7a)

4. Pawlusyň münen gämisi nirelerden geçipdi? Pawlusyň ýanynda kimler bardy?

4 Pawlusy we käbir tussaglary ýüzbaşy Ýuliýiň eline tabşyrýarlar. Ol tussaglaryň ählisini Kaýsariýada ýük daşaýan gämä mündürýär. Şol gämi Kiçi Aziýanyň günbatar kenarynda ýerleşýän Adramit gämi duralgasyndan gaýdypdy. Indi ol Kaýsariýadan demirgazyga, soňam günbatara ýüzmelidi. Deňizçiler ýol ugruna käbir ýerlerde ýüklerini düşürýärdiler we ýene-de ýük mündürýärdiler. Şol gämide ýolagçylary, esasanam, tussaglary alyp gitmek aňsat däldi («Deňiz we söwda ýollary» diýen çarçuwa serediň). Pawlus gämide ýeke däldi, ýanynda Aristarhus we bolan zatlary jikme-jik ýazan Luka-da bardy. Biz olaryň Pawlusyň dostlary hökmünde mugt gidendigini ýa-da ýol puluny töländigini anyk bilmeýäris (Res. 27:1, 2).

DEŇIZ WE SÖWDA ÝOLLARY

Gadymy döwürde gämiler adam gatnatmak üçin däl-de, esasan, ýük daşamak üçin ulanylypdyr. Uzak ýerlere gitmek isleýän adamlar ilki bilen şol ýere gidýän gämini tapyp, ýol nyrhyny tölemelidi. Soňra gämi ugraýança garaşmalydy.

Ortaýer deňzinde gatnaýan gämileriň müňlerçesinde azyk önümlerini we başga-da ýükleri daşapdyrlar. Şol gämilerde gidýän ýolagçylaryň köpüsi gäminiň üstünde ýatmaly bolupdyr. Belki-de, olar gijelerine çadyr gurup, irden sökmeli bolandyrlar. Şeýle-de ýolagçylar ýany bilen düşek, iýmit we başga-da gerek-ýarak zatlary almaly bolupdyrlar.

Gäminiň näçe gün ýüzjekdigi ýele bagly bolupdyr. Gyşda howanyň üýtgäp durýandygy sebäpli noýabryň ortasyndan martyň ortasyna çenli gämiler seýrek gatnapdyr.

Gadymky gämi we onuň burnundan yzyna çenli dört bölegi. 1) Kürekler; 2) uly ýelken; 3) labyrlar; 4) öňdäki ýelken.

5. Pawlus Sidonda kimler bilen görüşdi? Olardan näme öwrenip bileris?

5 Gämi bir günde demirgazyga tarap takmynan 110 kilometr ýol geçip, Siriýanyň kenaryndaky Sidona barýar. Ýüzbaşy Ýuliý Pawlusyň Rimiň raýatydygyny, hiç hili günä etmändigini bilen bolmaly. Şonuň üçinem ol Pawlusy beýleki jenaýatçylar ýaly berk tutan däldir (Res. 22:27, 28; 26:31, 32). Hatda ol Pawlusa deňziň boýunda ýaşaýan dogan-uýalar bilen görüşmäge-de rugsat berýär. Şol dogan-uýalar köp wagtlap türmede oturan Pawlus resulyň höwes bilen aladasyny edendir. Belki, siziňem dogan-uýalary myhman almaga ýagdaýyňyz bardyr ýa-da mümkinçilik döreýändir. Eger myhmansöýer bolsaňyz, hem dogan-uýalary ruhlandyrarsyňyz, hem özüňiz ruhlanarsyňyz (Res. 27:3).

6—8. Pawlus Sidondan Knida nädip geldi? Ýolda wagyz eder ýaly nähili mümkinçilik döredi?

6 Gämi Sidondan demirgazyga ýüzüp, Kilikiýanyň kenarynda ýerleşýän Tarsus şäheriniň golaýyndan geçýär. Pawlus şol şäherde önüp-ösüpdi. Luka gäminiň her bir duran ýerini jikme-jik ýazmasa-da, «ýele garşy ýüzdük» diýip howply ýagdaýyň bolandygyny açyk aýdýar (Res. 27:4, 5). Howa nähili bolsa-da, Pawlus her bir mümkinçilikden peýdalanyp hoş habary wagyz eden bolmaly. Ol gämidäki tussaglara, deňizçilere, esgerlere we duralgalardaky adamlara wagyz etdi. Bizem her bir mümkinçilikden peýdalanyp wagyz edýärismi?

7 Biraz wagtdan soň gämi Kiçi Aziýanyň günorta kenaryndaky Mira gämi duralgasyna gelýär. Şol ýerde ýüzbaşy Ýuliý Rime gidýän gämini tapyp, Pawlusy, tussaglary we esgerleri şoňa mündürýär (Res. 27:6). Şol wagtlar Müsürden Rime galla äkidilýärdi. Müsürden gelýän gämi Mirada durup geçýärdi. Gämide galla daşalansoň, ol Pawlus dagynyň başdaky münen gämisinden has uludy. Gämide galladan daşary 276 adam, ýagny deňizçiler, esgerler, tussaglar we Rime barýan ýolagçylar bardy. Başga gämä münendigi sebäpli Pawlus has köp adama wagyz edip bilýärdi. Ol bu gezegem wagyz etmek üçin mümkinçiligi elden gidirmedi.

8 Soňra gämi Kiçi Aziýanyň günorta-günbatarynda ýerleşýän Knida gelýär. Howa gowy bolsa, şol aralygy bir günde geçip bolýardy. Ýöne Luka: «Ençeme günläp ýuwaşlyk bilen ýüzüp, zordan Knida ýetdik» diýýär (Res. 27:7a). Apy-tupan bolansoň, olara ýüzmek kyn bolupdyr («Ortaýer deňzinde öwüsýän ýeller» diýen çarçuwa serediň). Güýçli ýelden hem tolkunlardan ýaňa eýläk-beýläk çaýkanýan gäminiň içindäki adamlaryň ýagdaýy gözgynydy.

ORTAÝER DEŇZINDE ÖWÜSÝÄN ÝELLER

Gadymy döwürde Ortaýer deňziniň ýa-da Beýik deňziň üsti bilen söwda-satyk edipdirler. Söwdagärler haçan, nirä gitmelidigini ýele we pasla görä çözýärdiler. Ortaýer deňziniň gündogar kenarýakalarynda iýundan sentýabra çenli günbatardan gündogara güýçli ýel öwsüpdir. Ýeliň ugry bilen gündogardaky ýurtlara gämili gitmek hasam aňsat bolupdyr. Pawlus resul hem üçünji wagyz syýahatyndan gaýdyp gelýärkä şeýle bolupdy. Ol ýoldaşlary bilen Miletden gaýdyp Rodosa, soňra Patara gelýär. Olar şol ýerden göni ýol bilen Finikiýanyň kenarynda ýerleşýän Tire gelýärler. Luka Kipriň deňinden geçip barýarkalar, adanyň çep tarapda galandygyny aýdýar. Diýmek, olar adanyň günortasyndan ýüzüpdirler (Res. 21:1—3).

Günbatardaky ýurtlara gämili gitmek hasam kyndy. Şol ýurtlara howanyň gowy günleri gidäýmeseň, başga wagt gidip bolmaýardy. Mukaddes Kitabyň bir sözlüginde şeýle diýilýär: «Gyşyna Ortaýer deňzinde howa duýdansyz üýtgäp bilýär. Gündogardan öwüsýän güýçli ýel sebäpli apy-tupan turup, gar ýa-da çabga ýagyp bilýär» («The International Standard Bible Encyclopedia»). Şeýle ýagdaýlarda ýürek edip ýola çykyp bolmaýardy.

Ýylyň islendik wagty Palestinanyň kenaryndan ýokarlygyna galyp, soňra günbatarda ýerleşýän Pamfiliýa tarap ýüzüp bolýardy. Ortaýer deňziniň gündogar tarapynda ýeliň tizligi pesdi, gämilere ýüzmek aňsatdy. Pawlus ilkinji gezek tussag edilip, Rime äkidilende-de şeýle bolupdy. Emma ýel garşydan öwüsse, howa duýdansyz üýtgäp bilýärdi (Res. 27:4). Lukanyň gürrüň beren wakasynda agzan galla daşaýan gämisi Müsürden demirgazyga ýüzüp, Kipr bilen Kiçi Aziýanyň arasyndaky tolkunlaryň az ýerinden geçen bolmaly. Soňra gäminiň sürüjisi Miradan günbatara tarap ýüzüp, Gresiýanyň kenaryny ýakalap, Italiýanyň günbataryna tarap gitjek bolandyr (Res. 27:5, 6). Ýöne pasyl çalşygy, howanyň üýtgemegi olaryň ýoluny üýtgedýär.

«Ýel barha güýjeýärdi» (Resullar 27:7b—26)

9, 10. Gämi Krit adasyna golaýlanda nämeler boldy?

9 Gäminiň sürüjisi Knidadan günbatara gitjek bolýar, emma wakany gözi bilen gören Luka «güýçli ýel» sebäpli şol tarapa gidip bolmandygyny aýdýar (Res. 27:7b). Gämi kenardan ýaňy bir uzaklaşýaram welin, demirgazyk-günbatardan öwüsýän güýçli şemal gämini günorta tarap äkidýär. Geçen gezek güýçli ýel sebäpli olar Kipr adasyny ýakalap gidipdiler. Bu gezegem Krit adasynyň golaýyndan geçýärler. Gämi Salmona burnuna ýetýärem welin, ýel biraz gowşaýar. Sebäbi gämi adanyň günorta tarapyna geçýär, ada-da ony demirgazykdan gelýän güýçli ýelden goraýar. Apy-tupanyň ýatanyny, deňziň köşeşenini görüp, gämidäkileriň ýüregi ynjalandyr. Deňizçiler gyşyň golaýlap gelýändigini bilýärdiler. Gyşda-da gämini sürmek howpludy, şol sebäpli olar alada edýärdiler.

10 Luka: «(Kritiň) kenaryny ýakalap, zordan... Gözel duralgalar diýen ýere geldik» diýýär. Kenary ýakalap ýüzendikleri üçin ýel känbir güýçli däldi, ýöne barybir gämini sürmek kyndy. Ahyry olar kiçiräk aýlag tapyp, şol ýerde labyrlaryny taşlaýarlar. Şol aýlag adanyň demirgazyga öwrülýän ýerindedi. Lukanyň aýdyşy ýaly, olar şol ýerde «ep-esli wagt» boldular. Olar ýel köşeşer öýtdüler, emma ol barha güýjeýärdi. Sentýabr, oktýabr aýlary howa üýtgäp duransoň, gämide ýüzmek hasam kyn bolýardy (Res. 27:8, 9).

11. Pawlus ýolagçylara näme maslahat berýär? Olar nähili karara gelýärler?

11 Pawlus öňem Ortaýer deňzinde ýüzüp görensoň, ýolagçylaryň käbiri ondan maslahat soraýar. Olam ýoly dowam etmegiň howpludygyny aýdýar. Eger gitseler, diňe ýüklerine we gämä zyýan ýetmän, özleriniň hem heläk boljakdygyny aýdýar. Emma gäminiň eýesi we sürüjisi has howpsuz ýer tapmak üçin ýoly dowam etjek bolýar. Olar hatda muňa ýüzbaşy Ýuliýi hem ynandyrýarlar. Şondan soň adamlaryň köpüsi her zat edip, Feniks gämi duralgasyna barmaly diýdiler. Şol gämi duralgasynda gyşy geçirmek üçin amatly şertler bolan bolmaly. Şeýlelikde, günortadan pessaý şemal öwsende olar: «Indi-hä gitsek bolar» diýip ýola düşýärler (Res. 27:10—13).

12. Gämi Krit adasyndan geçensoň nähili howply ýagdaý boldy? Deňizçiler näme etdiler?

12 Biraz wagtdan demirgazyk-gündogardan «güýçli ýel» öwsüp başlaýar. Şonda olar Gözel duralgalardan takmynan 65 kilometr uzakda ýerleşýän Klawda diýilýän kiçiräk adanyň kenary bilen ýüzýärler. Gämä henizem howp abanýardy, sebäbi güýçli şemal gämini günorta alyp gidip, Afrikanyň kenaryna urup bilýärdi. Birden şeýle ýagdaý bolaýsa halas bolar ýaly, deňizçiler gäminiň yzyndaky gaýyklary ýokaryk galdyrdylar. Ýöne gaýyklaryň içi suwdan doly bolansoň, olary ýokaryk galdyrmak kyn düşendir. Olar gäminiň aşagyndan ýüp bilen zynjyr geçirip, tagtalary pytrap gitmez ýaly daňdylar. Şeýle-de olar ýelkenleri aşak düşürdiler we gämi eýläk-beýläk kowulman, apy-tupanyň içinden geçer ýaly elinde baryny etdiler. Olaryň düşen ýagdaýy nähili gorkunç bolandyr! Olar näçe tagalla etse-de, apy-tupandan ýaňa gämi «eýläk-beýläk kowulyp ýördi». Üçünji gün diýlende, olar gämi çümmez ýaly käbir enjamlaryny zyňdylar (Res. 27:14—19).

13. Gämidäki adamlaryň ýagdaýy nähilidi?

13 Gämidäki adamlaryň gorkudan ýaňa ýüregi ýarylaýjak bolandyr. Ýöne Pawlus bilen ýanyndaky doganlar howsala düşmediler, sebäbi şondan öň Isa Pawlusa Rimde wagyz etjegini aýdypdy. Perişde-de şol sözleriň ýerine ýetjekdigini Pawlusa ynandyrypdy (Res. 19:21; 23:11). Apy-tupan iki hepdeläp gije-gündiz dowam etdi. Gara bulutdan, dynman ýagyp duran ýagyşdan ýaňa Gün we ýyldyzlar görünmeýärdi. Sürüji gäminiň nirede durandygyny, haýsy tarapa barýandygyny bilmeýärdi. Adamlar açdy, sowukdan, ýagyşdan, gorkudan, gämini eýläk-beýläk çaýkaýan apy-tupandan ýaňa hiç kimiň iýip-içmek ýadyna-da düşmeýärdi.

14, 15. a) Pawlus gämidäkilere nämäni ýatlatdy we näme üçin? b) Pawlusyň «halas bolarsyňyz» diýen sözleri bize nämäni ýatladýar?

14 Soňra Pawlus ýerinden turup, şeýle boljagyny aýdandygyny ýatlatdy. Pawlus adamlary günäkärlemedi, gaýtam özüne gulak asmagyň entegem giç däldigini düşündirjek boldy. Ol şeýle diýdi: «Mert boluň, ähliňiz halas bolarsyňyz, diňe gämi çym-pytrak bolar» (Res. 27:21, 22). Pawlusyň sözleri gorkudan ýaňa sandyrap duran adamlaryň ýüregine giňlik berendir. Ol gämidäkilere Ýehowanyň şatlykly habary aýtmaga mümkinçilik berendigine begenendir. Bizem Ýehowanyň her bir adamy gowy görýändigini, olaryň aladasyny edýändigini ýatdan çykarmaly däl. Petrus resul hem Ýehowa barada şeýle diýdi: «Ol hemmeleriň toba edip, halas bolmagyny isleýär» (2 Pet. 3:9). Häzir adamlaryň jany howp astynda. Ýehowa bolsa olaryň her birini halas etmek isleýär. Şonuň üçin bizem Ýehowanyň umyt beriji habaryny mümkin boldugyndan her bir adama aýtmaga jan etmeli.

15 Pawlus «Hudaýyň... beren wadasy» hakda gämidäki adamlaryň köpüsine wagyz edendir (Res. 26:6; Kol. 1:5). Gämi heläkçiligine uçranda bolsa ol adamlara halas boljakdygyny aýdandyr. Ol şeýle diýýär: «Geçen gije meniň... Hudaýym perişdesini iberip: „Gorkma, Pawlus! Sen hökman Sezaryň öňünde durarsyň. Hudaý gämidäkileriň ählisini halas eder“ diýdi. Şonuň üçin mert boluň, Hudaý hökman sözünde durar. Gämi bolsa bir adada weýran bolar» (Res. 27:23—26).

«Hemmeler halas boldy» (Resullar 27:27—44)

Pawlus gäminiň ýük daşalýan ýerinde oturyp doga edýär. Ýadaw ýolagçylaryň käbiri hem başyny aşak egýär, beýlekiler bolsa seredip dur. Gutynyň üstünde çörekler bar.

«Pawlus... hemmeleriň öňünde Hudaýa minnetdarlyk aýtdy» (Resullar 27:35)

16, 17. a) Pawlus haçan doga etdi? Soňra näme boldy? b) Pawlusyň sözleri nädip ýerine ýetdi?

16 Şol iki hepde agyr geçdi. Ýel gämini takmynan 870 kilometr uzaklyga äkidipdi. Tolkunlaryň kenara urýan sesinden deňizçiler gury ýere golaýlandygyna düşündiler. Gäminiň öňi kenara bakyp durar ýaly, deňizçiler gäminiň yzyndan labyrlary suwa taşladylar. Gämi duransoň, deňizçiler onuň öňünden gaýyklary düşürip, gaçyp gitjek bolýardylar. Ýöne Pawlus ýüzbaşy bilen esgerlere: «Olar gämiden düşse, halas bolmarsyňyz» diýdi. Şonuň üçinem esgerler deňizçileri sakladylar. Gäminiň yranmasy galyşansoň, Pawlus hemmeleri iýip-içmäge çagyrdy. Şeýle-de olara ýene bir gezek halas boljagyny ýatlatdy. Soňra Pawlus «hemmeleriň öňünde Hudaýa minnetdarlyk aýtdy» (Res. 27:31, 35). Pawlus adamlaryň öňünde doga edip, Luka, Aristarhusa we bize gowy görelde galdyrdy. Siziňem köpçüligiň öňünde edýän dogalaryňyz adamlary ruhlandyrýarmy, göwünlik berýärmi?

17 Pawlus dileg edensoň, «olaryň hemmesi ruhlanyp, çörek iýip başladylar» (Res. 27:36). Soňra gämidäki bugdaýlary suwa taşladylar welin, gämi biraz ýokaryk galdy. Olar indi kenaryň has golaýyna baryp bilýärdiler. Daň atanda olar labyrlaryň ýüplerini kesdiler, kürekleriň ýüpüni çözüp, öňdäki ýelkeni ýokaryk galdyrdylar we kenara tarap ýüzdüler. Tolkunlar gämini her tarapdan uransoň, ol suwuň ýalpak ýerine baryp durdy we gäminiň burny batyp galdy. Tolkunlaryň zarbyna gämi pytrap başlady. Esgerleriň käbiri tussaglar ýüzüp gaçmaz ýaly öldürjek boldular, emma ýüzbaşy olara rugsat bermedi. Ol hemmelere gäminiň tagtalaryna ýapyşyp, kenara çykmagy buýurdy. Şeýdip, Pawlusyň aýdyşy ýaly, 276 adamyň «hemmesi halas boldy». Olar kenara-ha geldiler, ýöne niredediler? (Res. 27:44).

«Adanyň ýaşaýjylary adamkärçilikli eken» (Resullar 28:1—10)

18—20. Maltanyň adamlary näme etdiler? Nähili gudrat boldy?

18 Görüp otursalar, gämi Sisiliýanyň günortasyndaky Malta adasyna gelipdir («Malta nirede ýerleşýärdi?» diýen çarçuwa serediň). Adamlaram ýüzüp kenara çykdylar. Adanyň ýaşaýjylary başga dilde geplese-de, «adamkärçilikli eken» (Res. 28:2). Olar sowukdan ýaňa titreşip duran adamlary görüp, ot ýakyp berdiler. Howa sowukdy, ýagyş ýagyp durdy. Olar oduň başynda ýylyndylar. Şonda bir gudrat boldy.

19 Ot sönmez ýaly, Pawlus odun çöpläp gelýär. Ol getiren odunyny oduň üstüne atýar welin, içinden ýylan çykyp, Pawlusyň eline ýapyşýar. Maltanyň ýaşaýjylary oňa taňrylar jeza berendir diýip pikir edýärlera.

20 Maltanyň ilaty zäherli ýylany görüp, Pawlusyň eli «çişer» öýtdüler. Bir sözlüge görä, Lukanyň ulanan «çişmek» sözi lukmançylykda ulanylypdyr. Özi «lukman» bolansoň, onuň lukmançylyk bilen bagly sözi ulanandygy geň galdyrmaýar (Res. 28:6; Kol. 4:14). Ýöne Pawlus elini silkýär welin, ýylan oda gaçýar, Pawlusa-da hiç zat bolmaýar.

21. a) Lukanyň ýazan maglumatlarynyň dogrudygyny nämeler görkezýär? b) Pawlus nähili gudratlary görkezdi? Maltadaky adamlar näme etdiler?

21 Adada Publiwus atly bir baý adam ýaşaýardy. Luka onuň «häkimdigini» aýdýar. Ony adanyň häkimi edip rimliler bellän bolmaly. Malta adasyndan tapylan iki sany golýazmada-da «adanyň häkimi» diýen ýazgy duş gelýär. Publiwus Pawlus bilen ýoldaşlaryny üç gün myhman alýar. Şol wagt Publiwusyň kakasy keselläp ýatyrdy. Luka: «(Ol) içgeçme keselinden ejir çekip, gyzgyny galyp ýatyrdy» diýip, onuň ýagdaýy barada jikme-jik ýazýar. Pawlus doga edip onuň başyna elini goýýar welin, ol sagalýar. Adanyň ýaşaýjylary Pawlusyň eden gudratyna haýran galýarlar we beýleki kesel adamlary hem getirýärler. Şeýle-de olar Pawlus bilen ýanyndaky ýoldaşlaryna sowgat berýärler. Ýola düşenlerinde bolsa gerek-ýarak zatlaryny berip goýberýärler (Res. 28:7—10).

22. a) Bir alym Luka barada näme diýdi? b) Indiki bapda näme hakda öwreneris?

22 Şu bapda biz Pawlusyň Rime gidende nirelerden geçendigini jikme-jik öwrendik. Bir alymyň aýtmagyna görä, «Mukaddes Kitabyň beýleki ýazyjylaryna garanyňda, Luka wakalary jikme-jik beýan edipdir. Ol I asyrda gämili syýahat etmegiň usullaryny we Ortaýer deňziniň gündogarynda bolýan ýagdaýlary dogry hem jikme-jik beýan edipdir». Şol zatlary belläp alaýmasaň, jikme-jik aýdyp bolmaýar. Luka hem Pawlusyň ýanynda wagty depder ýöreden bolmaly. Eger ol depder ýöreden bolsa, depderi dolup gidendir, sebäbi Malta adasyndan gaýdansoň hem köp wakalar boldy. Indiki bapdan biz Pawlusyň Rime baransoň näme bolandygyny bileris.

MALTA NIREDE ÝERLEŞÝÄRDI?

Pawlus Malta adasynyň golaýynda gämi heläkçiligine uçraýar. Ýöne alymlar Lukanyň Malta diýip, haýsy adany göz öňünde tutandygyny anyk bilmeýärler. Käbirleri Pawlus Gresiýanyň günbatar kenarýakasyndaky we Korfu adasynyň ýanyndaky ada barandyr öýdýärler. Başgalaryň aýtmagyna görä, Luka Malta adasyna grekçe «Melite» diýipdir. Şonuň üçin köpler oňa Melite Illirika adasydyr öýdýärler. Şu günler oňa Mlet diýilýär. Ol Adriatik deňzindäki Horwatiýanyň kenaryna golaý ýerleşýär.

Resullar 27:27-de «Adryýa deňzi» hakda aýdylýar. Ýöne Pawlusyň ýaşan döwri Adryýa deňzi has köp ýeri öz içine alypdyr. Oňa Ionik deňzi, Sisiliýanyň gündogaryndan Krit adasynyň günbataryna çenli suwlar, şol sanda häzirki Malta adasynyň daş-töweregi degişli bolupdyr.

Pawlusyň Knidada münen gämisini ýel günorta, Krit adasyna tarap äkidipdir. Şonuň üçin gäminiň demirgazyga, ýagny Mlete ýa-da Korfunyň ýanyndaky ada ýüzmegi mümkin däl. Diýmek, Resullar kitabynda agzalýan Malta diýilýän ýer günbatar tarapda bolmaly. Şeýlelikde, Pawlusyň gämi heläkçiligine uçran ýeri Sisiliýanyň günortasyndaky Malta adasynyň golaýy bolýar.

a Öňler Malta adasynda şeýle ýylanlar bardy, ýöne häzir duş gelmeýär. Belki-de, tebigatyň üýtgändigi sebäpli ýylanlar ýok bolup gidendir ýa-da olary adamlar ýok edendir.

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş