Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • bt bap 25 sah. 196—202
  • «Sezara arz edýärin!»

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • «Sezara arz edýärin!»
  • Hudaýyň Patyşalygy barada wagyz ediň
  • Sözbaşylar
  • Meňzeş maglumat
  • «Höküm kürsüsiniň öňünde durun» (Resullar 25:1—12)
  • «Men gökden eşidilen sese gulak asdym» (Resullar 25:13—26:23)
  • «Meni-de mesihçi edersiň» (Resullar 26:24—32)
  • Mert boluň, Ýehowa size kömek eder!
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2020
  • Döwlet işgärleriniň öňünde hoş habary goraýarys
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2016
  • Pawlusy Rime äkidýärler
    Mukaddes Kitapdan sapaklarym
  • «Ýehowanyň sözi... ähli ýere ýaýraýar»
    Hudaýyň Patyşalygy barada wagyz ediň
Hudaýyň Patyşalygy barada wagyz ediň
bt bap 25 sah. 196—202

25-NJI BAP

«Sezara arz edýärin!»

Pawlus hoş habary gorap, bize görelde görkezýär

Resullar 25:1—26:32

1, 2. a) Pawlus nähili günlere düşdi? b) Biz nähili soraglaryň jogabyny bilmeli?

PAWLUS Kaýsariýada esgerleriň goly astyndady. Esgerler ondan gözüni aýyrmaýardy. Şondan iki ýyl öň, Pawlus Ýahudada üç gezek ölümiň bäri ýanyndan gaýdypdy (Res. 21:27—36; 23:10, 12—15, 27). Olar henizem köşeşenokdy, eýdip-beýdip Pawlusyň ýoguna ýanjak bolýardy. Pawlus özüniň ýene-de duşmanlaryň eline beriljegini bilip, Rim hökümdary Feste: «Sezara arz edýärin!» diýdi (Res. 25:11).

2 Pawlusyň Rim hökümdary Sezara arz etmegi dogrumy? Ýehowa ony goldadymy? Pawlus ýaly «hoş habary gorap, kanun esasynda wagyz etmek hukugyny gazansa» bolýarmy? Her birimiz şu soraglaryň jogabyny bilmeli, sebäbi soňky günlerde Patyşalyk baradaky hoş habary birkemsiz wagyz edýäris (Flp. 1:7).

«Höküm kürsüsiniň öňünde durun» (Resullar 25:1—12)

3, 4. a) Ýehudylar Pawlusy näme üçin Iýerusalime getirjek bolýardy? Netijesi nähili boldy? b) Şu günler Ýehowa gullukçylaryna nädip kömek edýär?

3 Ýahudada höküm sürüp başlanyna üç gün bolanda Fest Iýerusalime barýara. Şonda uly ruhanylar bilen atly-abraýly ýehudylar Pawlusyň üstünden arz edýärler. Olar Pawlusa agyr günäleri ýöňkeýärler. Rimliler Festden ýehudylar bilen arasyny sazlap, parahatlykda ýaşamagy talap edýärdi. Uly ruhanylar bilen atly-abraýly ýehudylar hem mundan peýdalanyp, Festden Pawlusy Iýerusalime getirip, şol ýerde höküm çykarmagy haýyş edýärler. Aslynda, olaryň niýeti düzüw däldi. Pawlusy Kaýsariýadan Iýerusalime getirýärkäler, ýolda onuň bellisini etjek bolýardylar. Ýöne Fest olaryň aýdyşy ýaly etmän: «Ol adam erbet iş eden bolsa, arz-şikaýat etmek üçin baştutanlaryňyz ýanymda (Kaýsariýa) gitsinler» diýýär (Res. 25:5). Şeýdip, Pawlus bu gezek hem ýehudylaryň gazan çukuryna düşmeýär.

4 Synaglarda ýykylmaz ýaly, Ýehowa Pawlusy Isa arkaly ruhlandyrdy. Görnüşde Isa oňa: «Mert bol!» diýipdi (Res. 23:11). Şu günler hem Ýehowanyň gullukçylary her dürli synaglara uçraýarlar, yzarlanýarlar. Elbetde, Ýehowa bizi her bir synagda gudrat bilen goramaýar. Ýöne çydamaga güýç hem akyldarlyk berýär. Geliň, «Hudaýyň güýji bilen» islendik kynçylyga döz gelip biljekdigimize asla şübhelenmäliň (2 Kor. 4:7).

5. Pawlus höküm kürsüsiniň öňünde durka Fest näme diýdi?

5 Birnäçe günden soň Fest Kaýsariýa baryp, «höküm kürsüsinde oturýar»b. Pawlusy höküm kürsüsiniň öňüne getirýärler. Şol ýerde ony aýyplaýanlar hem bardy. Pawlus töhmet atan ýehudylaryň ýanynda Feste: «Men ne ýehudylaryň Töwradyna, ne ybadathana, ne-de Sezara garşy günä etdim» diýýär. Pawlusyň hiç hili ýazygy ýokdy, ony boşatmalydy. Fest Pawlusy boşatmagyň deregine, ýehudylara ýaranjaňlyk edip: «Iýerusalime gidesiň gelýärmi? Seniň işiňe seredenlerinde, menem şol ýerde bolaryn» diýýär (Res. 25:6—9). Gör, nähili akmaklyk! Eger hökümdar Pawlusy Iýerusalime iberen bolsa, duşmanlar ony tüýt-müýt ederdiler. Fest adamyň janyny däl-de, öz abraýyny alada edýärdi. Birnäçe ýyl mundan öň, Rimde hökümdar bolan Pontiýus Pilatus hem Isa höküm çykaranda şeýle edipdi (Ýah. 19:12—16). Şu günler hem kazylar hökümete ýa-da wezipeli adamlara ýaranjaňlyk edip, bize adalatsyz höküm çykarýarlar. Biz muňa geň galmaly däl.

6, 7. Pawlus näme üçin Sezara arz edýär? Biz Pawlusdan näme öwrenip bileris?

6 Fest ýehudylara ýaranjaňlyk edip, tas bigünä adamyň ganyna galypdy. Pawlus hem ýan bermedi. Ol raýatlyk hukugyndan we Rimiň kanunlaryndan peýdalandy. Ol Feste: «Men Sezaryň höküm kürsüsiniň öňünde durun, şu ýerde-de maňa höküm çykarylsyn. Ýehudylara hiç hili ýamanlyk etmändigimi özüň hem gowy bilýänsiň... Sezara arz edýärin!» diýýär. Adatça, «Sezara arz edýärin!» diýen adam sözüni yzyna alyp bilmeýärdi. Şonuň üçin hem Fest Pawlusa: «Sezara arz edýän bolsaň, Sezaryň ýanyna-da gidersiň» diýdi (Res. 25:10—12). «Sezara arz edýärin!» diýip, Pawlus özi ýaly ýagdaýa düşen mesihçilere näme edip bolýandygyny görkezdi. Eger duşmanlar kanuny ulanyp wagyz etdirmejek bolsa, biz Ýehowa sežde etmek hukugymyzy goramak üçin kazyýetlere ýüz tutýarysc (Zeb. 94:20).

7 Pawlus hiç hili jenaýat etmese-de, ony iki ýyllap türmede sakladylar. Şondan soň Pawlusa Rimde özüni aklamaga mümkinçilik berildi. Ýöne Sezaryň ýanyna gitmänkä, ol başga bir hökümdaryň öňünde durmaly bolýar.

Kazyýetiň çykaran kararyny adamlar her dürli kabul edýärler. Doganymyz, aklawçylar we dogan-uýalar özüni salykatly alyp barýar. Ýehowanyň Şaýady bolmadyk adamlar bolsa doganymyzyň aýyplananyna begenip, oňa garşy çykyş edenleri gutlaýar.

Adalatsyzlyk edenlerinde ýokary kazyýetlere ýüz tutýarys

«Men gökden eşidilen sese gulak asdym» (Resullar 25:13—26:23)

8, 9. Agrippa patyşa Kaýsariýa näme üçin geldi?

8 Pawlusyň Sezara arz edenine birnäçe gün geçensoň, Agrippa patyşa aýal dogany Bernika bilen Festiň ýanyna gelýärd. Adatça, täze hökümdar bellense, beýleki patyşalar ony gutlamaga gelýärdiler. Agrippa-da Festiň ýanyna syýasy hem dostlukly gatnaşyklary ýola goýmak üçin gelipdi. Täze hökümdar bilen arasyny sazlasa, gelejekde köp peýdasynyň degjekdigini bilýärdi (Res. 25:13).

HUDAÝA SEŽDE ETMEK ÜÇIN KAZYÝETLERE ÝÜZ TUTÝARYS

Ýehowanyň Şaýatlary köplenç Patyşalyk barada hoş habary wagyz etmek hukugyny gazanmak üçin kazyýetlere ýüz tutýarlar. Geliň, iki mysala seredeliň.

Amerikanyň Jorjiýa ştatynyň Griffin şäherinde Mukaddes Kitaba esaslanan edebiýatlary ýaýradýandygy üçin birnäçe dogan-uýany tussag edýärler. Emma 1938-nji ýylyň 28-nji martynda ABŞ-nyň ýokary kazyýeti Ýehowanyň Şaýatlaryny aklap, azatlyga çykarýar. Şonda Ýehowanyň Şaýatlary wagyz etmek hukugyny gazanmak üçin ilkinji gezek kazyýete ýüz tutupdylarg.

Gresiýada ýaşaýan Menos Kokkinakis dogan bilenem şeýle boldy. Ony adamlary öz dininden dändirmekde aýyplap, 48 ýylyň dowamynda azyndan 60 gezek tussag edýärler. Menos dogany 18 gezek kazyýete çekýärler we birnäçe ýyllap Egeý deňziniň uzakdaky adalaryna sürgün edýärler. 1986-njy ýylda Menos dogany soňky gezek tussag edenlerinde ol Gresiýanyň kazyýetlerine arz edýär. Emma onuň işini adalatly çözmeýärler. Ol ahyry Ýewropanyň adam hukuklary boýunça kazyýetine (ÝEAHBK) ýüz tutýar. 1993-nji ýylyň 25-nji maýynda şol kazyýet Gresiýanyň kazyýetlerini Menos doganyň dini azatlygyny bozmakda aýyplap, onuň hak-hukuklaryny gorady.

Ýehowanyň Şaýatlary ençeme gezek Ýewropanyň adam hukuklary boýunça kazyýetine ýüz tutdy we birnäçe gezek ýeňiş gazandy. Hiç bir gurama ýa-da din adamyň hak-hukuklaryny goramak üçin ÝEAHBK-ine ýüz tutup şeýle ýeňişleri gazanmandy.

Ýehowanyň Şaýatlarynyň kazyýetde gazanan ýeňişleri diňe özlerine däl, başga adamlara-da peýdaly boldy. Alym Çarlz Heýns şeýle gürrüň berýär: «Biz Ýehowanyň Şaýatlaryna örän minnetdar bolmaly. Olary ençeme gezek kemsitdiler, ýaşaýan şäherinden kowdular we üstüne topuldylar. Ýöne olar özüniňem, biziňem hak-hukuklarymyzy goramak üçin ýadaman göreşýärler. Olaryň ýeňşi — biziň ýeňşimiz».

g ABŞ-nyň ýokary kazyýetiniň çykaran karary hakda 2003-nji ýylyň 8-nji ýanwarynda çykan «Oýanyň!» (rus.) žurnalynyň 3—11-nji sahypalarynda gürrüň berilýär.

9 Agrippa gelensoň, Fest oňa Pawlus barada gürrüň berýär. Onuň hem Pawlus bilen görüşesi geldi. Ertesi gün hökümdarlaryň ikisi hem şan-şöhrata beslenip, höküm kürsüsinde oturdylar. Pawlusy hem olaryň öňüne getirdiler. Ýöne patyşalaryň şan-şöhrata beslenip gelşi däl-de, Pawlusyň sözleri halkyň ünsüni çekdi (Res. 25:22—27).

10, 11. Pawlus Agrippa patyşa nädip hormat goýdy? Ol geçmişi barada nämeleri gürrüň berdi?

10 Pawlus özüni aklamaga mümkinçilik berendigi üçin Agrippa patyşa minnetdar bolýar. Patyşa ýehudylary gowy tanaýardy, köplenç olaryň nämede dawa edýändigini bilýärdi. Soňra Pawlus Agrippa patyşa özüniň hem öň «fariseý bolandygyny, dininiň talaplaryna ýehudylardan hem yhlasly eýerendigini» aýdýar (Res. 26:5). Fariseýler ýaly, Pawlus hem Mesihiň gelmegine garaşýardy. Ýöne Isanyň şägirdi bolansoň, fariseýleriň garaşan Mesihiniň Isadygyny we Hudaýyň wadasynyň ýerine ýetendigini aýtdy. Şeýlelikde, Pawlus Agrippa patyşa şol zatlar hakda wagyz edýändigi üçin höküm edilýändigini düşündirdie.

11 Pawlus öň mesihçileri zalymlyk bilen yzarlandygy barada şeýle diýýär: «Men hem öň nazaretli Isa garşy çykmagy dogry hasaplaýardym... Men gahar-gazapdan dolup, olary (Isanyň şägirtlerini) başga şäherlerde-de yzarlapdym» (Res. 26:9—11). Dogrudanam, Pawlus şeýle adamdy. Köpler onuň Isanyň şägirtlerine azar-ýamanyny berenini bilýärdi (Gal. 1:13, 23). Agrippa patyşa: «Beýle adam nädip üýtgäp bildikä?» diýip pikir eden bolmaly.

12, 13. a) Pawlusyň nädip mesihçi bolandygyny gürrüň beriň. b) Pawlus haýsy manyda «çopanyň taýagyny depýän öküz ýalydy»?

12 Geliň, Pawlusyň soňra näme diýendigini bileliň. Ol patyşa şeýle diýýär: «Men uly ruhanylardan rugsat hatyny alyp, Damasga barýardym. Siziň alyhezretleriňiz, ýolda barýarkam, gündiziň günortany gökden gün şöhlesindenem güýçli ýagtylyk düşüp, daş-töweregimizi ýagtyltdy. Ählimiz ýere ýykyldyk, şonda men ýewreý dilinde: „Sawul, Sawul, meni näme üçin yzarlaýaň? Sen çopanyň taýagyny depýän öküz ýaly özüňe zyýan ýetirýäň“ diýen ses eşitdim. Men oňa: „Agam, sen kim?“ diýdim. Halypamyz maňa: „Men seniň yzarlaýan Isaň“ diýdi»f (Res. 26:12—15). Pawlusyň şu sözleri Agrippa patyşanyň soragyna jogap bolandyr.

13 Görnüşde Isany görmänkä, Pawlus edil «çopanyň taýagyny depýän öküz ýalydy». Öküz çopanyň taýagyny depip özüne zyýan ýetirýärdi, sebäbi taýagyň ujundaky çiş degen ýerini ýaralaýardy. Pawlus hem Hudaýyň islegine garşy gidip, Onuň bilen dostlugyna zyýan ýetirýärdi. Pawlus Damasga barýarka, Isa oňa görnüp garaýşyny düzedýär, sebäbi ol akýüreklidi, mesihçileri yzarlap dogry edýändirin öýdýärdi (Ýah. 16:1, 2).

14, 15. Pawlus durmuşynyň üýtgändigi barada nämeleri gürrüň berdi?

14 Pawlus mesihçi bolmazyndan öňki durmuşynyň bir ýana, soňky durmuşynyň bir ýana bolandygyny düşündirdi. Ol Agrippa şeýle diýýär: «Men gökden eşidilen sese gulak asdym. Ilki Damasga, soňra Iýerusalime, bütin Ýahuda ýurduna we başga halklara aýlanyp çykdym. Olary toba edip, Hudaýa dolanmaga we şoňa laýyk işleri etmäge çagyrdym» (Res. 26:19, 20). Pawlus görnüş arkaly Isadan alan ýumşuny birnäçe ýyldan bäri ýerine ýetirip gelýärdi. Onuň azaby ýerine düşdümi? Elbetde, Pawlusy diňläp Isanyň şägirdi bolan adamlar toba edip, Hudaýyň isleýşi ýaly ýaşap başladylar. Olar ýurdunyň kanunlaryna-da gulak asyp, parahatlygy sakladylar.

15 Pawlus gowy zatlary aýtsa-da, ýehudylar ony gününe goýmaýar. Ol şeýle gürrüň berýär: «Şonuň üçin hem ýehudylar meni ybadathanada tussag edip, öldürjek boldular. Emma men Hudaýyň kömegi bilen, şu güne çenli uludan-kiçä, ähli adamlara hoş habary wagyz edýärin» (Res. 26:21, 22).

16. Pawlusyň hökümdarlara wagyz edişinden näme öwrenip bileris?

16 Biz imanymyz barada gürrüň bermäge «hemişe taýyn bolmaly» (1 Pet. 3:15). Hökümdarlaryň ýa-da wezipeli adamlaryň öňünde durmaly bolanymyzda Pawlusyň Agrippa we Feste wagyz edişinden görelde alyp bileris. Biz olara hakykatyň öz durmuşymyza we hoş habary kabul edýän adamlaryň durmuşyna gowy täsir edýändigini ýumşaklyk bilen gürrüň bermeli. Şeýle etsek, olaram bize hormat goýar we rehim eder.

«Meni-de mesihçi edersiň» (Resullar 26:24—32)

17. Pawlusyň sözleri Feste nähili täsir etdi? Köp adamlar biz barada näme diýýärler?

17 Pawlusyň sözleri iki hökümdaryňam kellesinde aýlanyp durdy. «Pawlus gürrüň berip durka, Fest: „Pawlus, sen däliräpsiň! Köp okap akylyňdan azaşypsyň“ diýip gygyrdy» (Res. 26:24). Şu günler Fest ýaly, köp adamlar bizi akylyndan azaşan hasaplaýarlar. Olar bize: «Şu dine geçip, bularyň kellesi üýtgäpdir» diýýärler. Ýokary bilimli adamlar bolsa direlişiň boljagyna ynanmaýarlar.

18. Pawlus Feste näme jogap berdi? Agrippa patyşa näme diýdi?

18 Pawlus hökümdara şeýle jogap berýär: «Siziň alyhezretleriňiz hökümdar Fest! Men dälirämok, men hakykaty we akylly-paýhasly sözleri aýdýaryn. Patyşa-da muny gowy bilýär, şonuň üçin hem arkaýyn gepleýärin... Eý Agrippa patyşa, pygamberleriň sözlerine ynanýaňyzmy? Ynanýandygyňyzy bilýärin». Agrippa patyşa-da: «Biraz wagtdan meni-de mesihçi edersiň» diýýär (Res. 26:25—28). Biz patyşanyň şol sözleri ýürekden aýdan-aýtmandygyny anyk bilmeýäris, ýöne ol Pawlusy ünsli diňläpdir.

19. Patyşalar Pawlus barada näme diýişdiler?

19 Ahyry Agrippa bilen Fest ýerinden turýar. Oturanlar hem gürrüňdeşligiň gutarandygyna düşünýär. «Olar çykyp barýarkalar biri-birine: „Ol ölüme höküm ediler ýaly ýa-da türmä basylar ýaly iş etmändir“ diýişdiler. Agrippa Feste: „Sezara arz etmedik bolsa, azat etse-de bolardy“ diýdi» (Res. 26:31, 32). Olar Pawlusyň hiç hili günäsiniň ýokdugyna düşündiler. Şondan soň olar mesihçilerden hiç hili ýamanlygyň çykmajakdygyna düşünip, olara ýowuz daraşan däldirler.

20. Pawlusyň hökümdarlara wagyz etmeginiň nähili peýdasy boldy?

20 Pawlus Agrippa bilen Feste wagyz edenden soň, olar Isanyň şägirdi bolan däldir. Ýöne Pawlusyň olaryň öňünde durup, imany hakda gürrüň bermeginiň köp peýdasy boldy. Birinjiden, Pawlus hiç kimiň wagyz edip bilmejek adamlaryna, ýagny Ýahudadaky «patyşalara we hökümdarlara» wagyz etdi (Luka 21:12, 13). Ikinjiden, Pawlus synaglarda berk durup, kynçylyklary başdan geçirýän dogan-uýalara gowy görelde galdyrdy (Flp. 1:12—14).

21. Kynçylyklara garamazdan wagyz etsek nähili peýdasy bolar?

21 Geliň, bizem nähili kynçylyklar bolsa-da, adamlar garşy çyksa-da, wagyz etmegimizi bes etmäliň! Şonda onuň köp peýdaly taraplaryny göreris. Belki-de, biz hoş habary eşitmedik wezipeli adamlara wagyz ederis. Şeýle-de biziň wepalylygymyz, çydamlylygymyz köp dogan-uýalara görelde bolar. Olar synaglarda berk durup, batyrgaý bolup, Hudaýyň Patyşalygy barada birkemsiz wagyz ederler.

RIM HÄKIMI — PORKIWUS FEST

Porkiwus Fest barada diňe Resullar kitabynda we taryhçy Iosif Flawiýiň ýazgylarynda aýdylýar. Fest b. e. takmynan 58-nji ýylynda Feliksiň ýerine Ýahudanyň häkimi bellenýär. Ol iki ýa-da üç ýyl höküm sürüp, aradan çykan bolmaly.

Porkiwus Fest.

Ýahudada Festden öň Feliks, soň bolsa Albin höküm sürüpdir. Ýöne Fest olaryň ikisindenem akylly-başly bolupdyr. Onuň tagta geçen wagtlary Ýahudada talaňçylyk köpdi. Iosif Flawiýiň aýtmagyna görä, «Festiň işi-pişesi ýurtdan eden-etdiligi aýyrmak bolupdyr. Ol talaňçylaryň köpüsini tutup, olaryň ýoguna ýanypdyr». Fest häkimkä ýehudylar Agrippa patyşany goramak üçin ybadathananyň daşyndan diwar gurýarlar. Başda Fest diwary ýumurmagy buýurýar, ýöne ýehudylar diwary ýykmazlygy haýyş edip duransoň, meseläni Rim imperatory Nerona geçirýär.

Fest jenaýat işleriniň öňüni almak we gozgalaňlary ýatyrmak üçin berk çäreleri görüpdir. Ýöne ýehudylara ýaranjaňlyk edip, adalatsyzlyk hem edýärdi. Ol Pawlusyň meselesine seredende-de şeýle edipdi.

Hirodes Agrippa Ii

Resullar 25-nji bapda agzalýan Agrippa patyşa Agrippa I-niň ogludy. Agrippa I Resullar 25-nji bapda agzalýan wakalardan 14 ýyl öň Iýerusalimdäki ýygnagy yzarlapdy (Res. 12:1). Agrippa II Beýik Hirodesiň agtygydy. Agrippa II Hirodesleriň maşgalasyndan iň soňky patyşady.

Agrippa patyşa.

B. e. 44-nji ýylynda Agrippa I aradan çykýar. Şol wagt 17 ýaşly Agrippa II Rim imperatory Klawdiýiň köşgünde bilim alýardy. Imperatoryň maslahatçylary Agrippa II-ni kakasynyň ýerine patyşa bellärden ýaş hasaplap, ýerine Rim ýolbaşçylarynyň birini belleýärler. Ýöne Iosif Flawiýiň aýtmagyna görä, «Agrippa II Rimdekä-de ýehudylara baş bolup, olaryň tarapyny tutýardy».

Klawdiý b. e. takmynan 50-nji ýylynda Agrippa II-ni Kalsisiň patyşasy belleýär. B. e. 53-nji ýylynda bolsa ol Itureýanyň, Trahonitiň we Abileniň üstünden höküm sürüp başlaýar. Şeýle-de Agrippa II Iýerusalimdäki ybadathana gözegçilik edip, baş ruhanylary belleýär. Rim imperatory Neron hem Jeliläniň käbir ýerlerini we Pereýany Agrippa II-niň eline beripdir. Agrippa II Pawlus bilen görşende Kaýsariýadady, ýanynda aýal dogany Bernika-da bardy. Bernikanyň äri Kilikiýanyň patyşasydy, ýöne olar aýrylyşypdy (Res. 25:13).

B. e. 66-njy ýylynda Agrippa II Rime garşy gozgalaň turzan ýehudylary köşeşdirjek bolýar. Ýöne ýehudylar oňa gulak asmaýar. Şonuň üçinem Agrippa II rimlileriň tarapyny tutýar. Rimiň täze imperatory Wespasiýon gozgalaň ýatansoň, Agrippa II-ni sylaglaýar. Ony has köp şäherleriň üstünden ýolbaşçy belleýär.

a «Rim häkimi — Porkiwus Fest» diýen çarçuwa serediň.

b «Höküm kürsüsi» beýigräkde bolansoň, oňa basgançak bilen çykylýardy. Höküm kürsüsinde oturan adamyň karary soňky karar hasaplanýardy, ony hiç kim üýtgedip bilmeýärdi. Pilatus hem Isanyň işine seredende höküm kürsüsinde oturypdy.

c «Hudaýa sežde etmek üçin kazyýetlere ýüz tutýarys» diýen çarçuwa serediň.

d «Hirodes Agrippa II» diýen çarçuwa serediň.

e Pawlus wada edilen Mesihiň Isadygyna ynanýandygy üçin onuň şägirdi bolýar. Ýöne ýehudylar Isany Mesih hökmünde kabul etmeýärdiler. Şol sebäpli Pawlusy imandan dänen hasaplaýardylar (Res. 21:21, 27, 28).

f Pawlusyň «gündiziň günortany» Damasga gitmegi barada bir alym şeýle diýýär: «Adatça, ýolagçylar gyssagly işi bolmasa, günortanyň jokrama yssysynda dynç alýardylar. Pawlusyň gündiziň günortany mesihçileri yzarlamaga gitmegi, olaryň ýoguna ýanmagy berk ýüregine düwendigini görkezýär».

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş