Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • lfb sap. 101 sah. 234—sah. 235 abz. 4
  • Pawlusy Rime äkidýärler

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Pawlusy Rime äkidýärler
  • Mukaddes Kitapdan sapaklarym
  • Meňzeş maglumat
  • Mert boluň, Ýehowa size kömek eder!
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2020
  • «Ähliňiz halas bolarsyňyz»
    Hudaýyň Patyşalygy barada wagyz ediň
  • Pawlus «birkemsiz wagyz etdi»
    Hudaýyň Patyşalygy barada wagyz ediň
  • «Sezara arz edýärin!»
    Hudaýyň Patyşalygy barada wagyz ediň
Başgalary
Mukaddes Kitapdan sapaklarym
lfb sap. 101 sah. 234—sah. 235 abz. 4
Pawlus bilen adamlar gäminiň döwlen böleklerine ýapyşyp, Malta adasynyň kenaryna ýüzüp barýar

101-NJI SAPAK

Pawlusy Rime äkidýärler

Pawlus üçünji gezek köp şäherlere wagyz etmäge gidende iň soňunda Iýerusalime barýar. Ol ýerde Pawlusy tutup, türmä basýarlar. Pawlus gije görnüş görýär. Görnüşde Isa: «Sen Rime gidip, wagyz edersiň» diýýär. Pawlusy Iýerusalimden Kaýsariýa äkidýärler. Pawlus ol ýerde iki ýyl türmede oturýar. Ony welaýat häkimi Festiň ýanyna eltýärler. Fest oňa köp sorag berýär. Şonda Pawlus: «Meni Rime iberiň. Maňa Sezar höküm çykarsyn» diýýär. Fest: «Sezar işiňe seretmeli bolsa, onda Sezaryň ýanyna-da gidersiň» diýýär. Pawlusy Rime gidýän gämä mündürýärler. Onuň ýanynda Aristarhus bilen Luka-da bardy.

Ýolda barýarkalar, deňizde güýçli ýel turýar. Ýel wagty bilen ýatmaýar. Gämidäkileriň hemmesi öleris öýdüp gorkýarlar. Ýöne Pawlus adamlara şeýle diýýär: «Men düýşümde perişdäni gördüm. Hudaýyň perişdesi: „Pawlus gorkma, sen Rime hökman bararsyň. Ýanyňdakylara-da hiç zat bolmaz“ diýdi. Şonuň üçin gorkmaň. Hiç birimiz ölmeris».

Gämi 14 günläp apy-tupanda ýüzdi. Adamlar ahyry bir kenary gördüler. Ol Malta adasydy. Gämi suwa batyp döwülýär, bölek-bölek bolýar. Gämide 276 adam bardy. Adamlar halas bolmak üçin kenara ýüzdüler. Käbiri bolsa gäminiň döwlen böleklerine ýapyşyp kenara bardylar. Şeýdip, gämidäki adamlar halas boldy. Howa sowukdy, adamlar örän üşedi. Şonuň üçin Maltadaky adamlar olara ot ýakyp berdiler.

Şondan soň üç aý geçdi. Pawlusy başga gämä mündürip Rime äkitdiler. Rime baranlarynda doganlar ony görmäge geldiler. Pawlus doganlary görüp begendi. Ýehowa sag bolsun aýtdy. Pawlus Rimde türmede däl-de, kireýine alnan jaýda ýaşady. Ýöne onuň ýanyna bir esgeri garawul goýdular. Pawlus şol ýerde iki ýyl ýaşady. Ol ýanyna gelýän adamlara Hudaýyň Patyşalygy barada wagyz etdi. Isa barada köp zatlary öwretdi. Şeýle-de ol kiçi Aziýadaky we Ýahudadaky ýygnaklara hat ýazdy. Pawlus Ýehowanyň kömegi bilen dürli ýurtdaky adamlara wagyz etdi.

«Biz ähli ýagdaýda Hudaýyň gullukçylary hökmünde tanalmak isleýäris. Biz köp kynçylyklara çydaýarys, betbagtçylyga, mätäçlige, kyn günlere... çydaýarys» (2 Korinfliler 6:4, 5).

Soraglar: Fest Pawlusy näme üçin Rime iberdi? Rime barýarka näme boldy?

Resullar 21:30; 23:11; 25:8—12; 27:1—28:31; Rimliler 15:25, 26

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş