113-NJI HEKAÝA
Pawlus Rimde
ELI zynjyrly Pawlusy hem-de ýanyndaky garawuly görýäňmi? Pawlus häzir Rim türmesinde. Ol Rim hökümdarynyň berjek jezasyna garaşýar. Pawlus tussagda bolsa-da, onuň ýanyna adamlar gelip bilýärdi.
Rime gelip, üç günden Pawlus ýanyna ýehudy ýolbaşçylary çagyrýar. Şeýlelikde, onuň ýanyna Rimde ýaşaýan ençeme ýehudylar hem gelýär. Pawlus olara Isa we Hudaýyň patyşalygy barada wagyz edýär. Käbir adamlar ynanyp, mesihçi bolýar, käbirleri bolsa oňa ynanmaýar.
Pawlus garawul duran esgerlere hem wagyz edýär. Iki ýylyň içinde Pawlus türmedäki hemme adamlara wagyz etdi. Hatda hökümdaryň öýündäki adamlar hem Patyşalyk baradaky habary eşidýär. Şeýdip, olaryň hem käbiri mesihçi bolýar.
Eýsem, hat ýazýan adamyň kimdigini bilýäňmi? Dogry, ol Timoteos. Patyşalyk barada wagyz edeni üçin Timoteos hem türmede oturypdy, ýöne ol türmeden boşady. Häzir ol Pawlusa kömek etmäge geldi. Timoteosyň näme ýazýanyny bilýäňmi? Gel, bileli.
Ýadyňdamy, 110-njy hekaýada Filipi we Efesos şäherleri barada gürrüň edipdik? Pawlus şol şäherlerde ýygnak döretmäge kömek edipdi. Ynha, türmedekä Pawlus şol mesihçilere hat ýazýar. Şol hatlara Mukaddes Ýazgylarda «Efesliler» hem-de «Filipililer» diýilýär. Edil şu wagt Pawlus Timoteos arkaly Filipi şäherindäki doganlara hat ýazýar.
Filipililer Pawlusa köp ýagşylyk etdi. Olar türmä sowgat iberdiler. Pawlus munuň üçin olara sagbolsun aýdýar. Sowgatlary Epafrodit getirýär. Ýöne ol agyr keselläp, tas ölüpdi. Häzir onuň ýagdaýy gowulaşypdy. Basym öýüne dolanmalydy. Ol Pawlusyň hem-de Timoteosyň hatyny ýany bilen Filipi şäherine äkider.
Pawlus türmedekä ýene iki sany hat ýazýar. Şol hatlar häzir Mukaddes Ýazgylarda bar. Olaryň birini Kolose şäherindäki mesihçilere ýazýar. Şol hatyň adyny bilýäňmi? Oňa «Koloseliler» diýilýär. Pawlus ikinji hatyny Kolose şäherindäki ýakyn dosty Filimuna ýazýar. Şol hatda Filimunyň guly Onesimus barada aýdylýar.
Onesimus Filimundan gaçyp, Rime gelýär. Bir sebäp bilen ol Pawlusyň türmede oturanyny bilýär. Pawlusyň ýanyna gelende, ol oňa wagyz edýär. Tizden Onesimus hem mesihçi bolýar. Indi Onesimus gaçanyna gynanýar. Indi Pawlusyň Filimuna näme barada ýazanyny bilýäňmi?
Ol Filimundan Onesimusy bagyşlamagy haýyş edýär. Pawlus: «Men saňa Onesimusy yzyna iberýärin. Ol indi diňe bir gul däl. Eýsem, gowy mesihçi doganymyz» diýip, Filimuna ýazýar. Onesimus Kolose şäherine ýany bilen iki hat äkidýär. Birini koloselilere, beýlekisini bolsa Filimuna berýär. Filimun gulunyň mesihçi bolanyna nähili begenendir!
Pawlusda filipililere hem-de Filimuna hat ýazmak üçin gowy täzelik bardy. Ol filipililere: «Men size Timoteosy iberýärin. Ýöne basym özüm hem bararyn» diýýär. Filimuna bolsa: «Men ol ýerde bolar ýaly jaý taýýarla» diýip ýazýar.
Pawlus türmeden boşap, köp ýerlerdäki mesihçi dogan-uýalaryňka barýar. Ýöne Pawlusy ýene-de Rimde türmä basýarlar. Bu gezek özüniň öldüriljegini bilýärdi. Şonuň üçinem ol Timoteosdan tiz gelmegi haýyş edýär. Ol hatynda: «Men Hudaýa wepaly boldum. Ol maňa pata berer» diýip ýazýar. Pawlusyň öldürilenine birnäçe ýyl geçýär. Iýerusalim ikinji gezek ýykylýar. Bu sapar ony rimliler ýykýar.
Emma Mukaddes Ýazgylar munuň bilen gutarmaýar. Ýehowa Hudaý Ýahýa resula Mukaddes Ýazgylaryň iň soňky kitaplaryny hem-de Ylham kitabyny ýazdyrýar. Mukaddas Ýazgylaryň Ylham kitabynda gelejek barada aýdylýar. Gel, indi gelejek barada bileli.