Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • km 10/05 sah. 8
  • Ökdelik bilen gürrüň bermegi öwren

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Ökdelik bilen gürrüň bermegi öwren
  • Hudaýa gullugymyz — 2005
  • Meňzeş maglumat
  • «Ol adamlaryň Hudaýy gözlemegini, sermeläp tapmagyny isleýär»
    Hudaýyň Patyşalygy barada wagyz ediň
  • Ugurtapyjy we uýgun wagyzçy bolalyň
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2005
  • «Öwretmek bilen meşgul bol»
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2010
  • Wagyz edýän adamlaryňyza nähili garaýarsyňyz?
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2020
Başgalary
Hudaýa gullugymyz — 2005
km 10/05 sah. 8

Ökdelik bilen gürrüň bermegi öwren

1.Mukaddes Ýazgylardaky haýsy mysala serederis we näme üçin?

1 Resullaryň işleri 13:16—41-nji aýatlarda ökdelik bilen gürrüň bermekligiň ajaýyp mysaly bar. Bu aýatlarda Pawlus resulyň Pisidýa Antakiýasynyň sinagogasynda gürrüň berşi ýazylan. Pawlus diňleýjileriň alan terbiýesini we düşünjesini göz öňünde tutup, hoş habary wagyz etdi. Gel, bu mysaly wagyzda nädip ulanyp bolýandygyna seredeli.

2. Pawlusyň gürrüňi açmagyndan näme öwrenip bileris?

2 Umumy dil tap. Pawlus, esasan, Hudaýyň niýetindäki Isanyň roly barada wagyz etse-de, gürrüňini ondan başlamady. Ol diňleýjileriň köpüsiniň ýehudydygyny göz öňünde tutup, olar bilen umumy dil tapmak üçin, ýewreý halkynyň taryhyna salgylanyp wagyz etdi (Res. iş. 13:16—22). Şonuň ýaly bizem wagyz edenimizde, adamlar bilen umumy dil tapsak, olaryň ýüregine täsir edip bileris. Umumy dil tapar ýaly, olary gyzyklandyrýan zatlary bilmeli. Munuň üçin diňleýjilere sypaýy soraglar berip, ünsli diňlemeli.

3. Isanyň wada edilen Mesihdigine ynanmak näme üçin ýehudylara kyndy?

3 Pawlus ýehudylaryň taryhyny gürrüň berende, olara Hudaýyň wada eden, Dawudyň neslinden geljek Halasgär barada ýatlatdy. Ýehudylaryň köpüsi Rim süteminden azat etjek we ýewreý halkyny başga milletlerden beýgeltjek gahrymana garaşýardylar. Olar Iýerusalimdäki ýehudy dini ýolbaşçylarynyň Isany inkär edendiklerini we ony öldürmek üçin Rim hökümdaryna tabşyrandyklyryny bilýärdi. Onda Pawlus ýehudylaryň garaşýan Mesihiniň Isadygyny olara nädip ynandyrdyka?

4. Pawlus ýehudylara nädip ökdelik bilen gürrüň berdi?

4 Wagyz edişiňi diňleýjilere görä üýtget. Pawlus diňleýjileriň düşünjesini göz öňünde tutup, Mukaddes Ýazgylar esasynda olaryň ynanýan zatlary barada gürrüňe başlady. Mysal üçin, ol Isanyň Dawudyň neslindendigini aýtdy we Hudaýyň pygamberi Ýahýa Çokundyryjynyň hem ol barada aýdandygyny agzady (Res. iş. 13:23—25). Pawlus dini ýolbaşçylaryň Isany inkär edip, ölüme höküm etmek bilen «pygamberler sözlerini berjaý edendigini» düşündirdi (Res. iş. 13:26—28). Soňra ol Isanyň direlenini gören adamlaryň bardygyny aýdyp, direlen Isada ýerine ýeten Mukaddes Ýazgylardaky aýatlara salgylandy (Res. iş. 13:29—37).

5. a) Pawlus greklere nädip wagyz edip başlady? b) Biz wagyz edenimizde, Pawlusyň göreldesine nädip eýerip bileris?

5 Pawlus Afinanyň Ares depesinde greklere ýüzlenende bolsa, başgaça wagyz edip başlady (Res. iş. 17:22—31). Ol şol bir habary wagyz etse-de, iki ýagdaýda-da onuň tagallasy gowy netije getirdi (Res. iş. 13:42, 43; 17:34). Bizem adamlar bilen umumy dil tapyp, olaryň alan terbiýesini we düşünjesini göz öňünde tutup, wagyz edişimizi üýtgetsek, gullugymyz gowy netije getirer.

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş