Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • w10 15/7 sah. 29—31
  • «Öwretmek bilen meşgul bol»

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • «Öwretmek bilen meşgul bol»
  • Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2010
  • Sözbaşylar
  • Meňzeş maglumat
  • Beýik Mugallymyň göreldesine eýeriň
  • «Bazarlarda» wagyz edýär
  • Gyzyklandyrjak temany tap
  • Sypaýy bolmak we ala tutmazlyk
  • Nähili döwürde ýaşaýandygymyzy belle
  • Dürli pikirler
  • Biziň öwrenmeli sapaklarymyz
  • «Ol adamlaryň Hudaýy gözlemegini, sermeläp tapmagyny isleýär»
    Hudaýyň Patyşalygy barada wagyz ediň
  • Ugurtapyjy we uýgun wagyzçy bolalyň
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2005
  • Ökdelik bilen gürrüň bermegi öwren
    Hudaýa gullugymyz — 2005
  • Pawlus resulyň göreldesine eýerip, ruhy taýdan ösüň
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2008
Başgalary
Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2010
w10 15/7 sah. 29—31

«Öwretmek bilen meşgul bol»

ISA şägirtlerine şeýle diýdi: «Siz Maňa «Mugallym» we «Reb» diýip, dogry edýärsiňiz, sebäbi Men şolduryn» (Ýahýa 13:13). Isanyň bu sözleri onuň mugallymdygyny görkezýär. Ol göge galmazyndan öň, şägirtlerine şeýle tabşyryk berdi: «Gidiň-de, bütin milletleri şägirt ediň... Size tabşyran ähli zatlarymy berjaý etmegi olara öwrediň» (Mat. 28:19, 20). Pawlus resul hem Hudaýyň Sözüni öwretmegiň wajypdygyny belläp geçdi. Ol ýygnak ýaşulysy Timoteosa şeýle nesihat berdi: «Mukaddes Ýazgylary ýygnaga okamak, öwüt-ündew etmek, öwretmek bilen meşgul bol... Bu işlerde yhlasly bol. Ilerleýşiňi hemmeleriň görmegi üçin bular bilen meşgullan» (1 Tim. 4:13—15).

Şu günler biz hem wagyz edenimizde we ýygnak duşuşyklarynda öwretmeli bolýarys. Biz muny nädip edip bileris? Bu bize Hudaýyň Sözüni öwredýän mugallymlar hökmünde ilerlemäge nädip kömek eder?

Beýik Mugallymyň göreldesine eýeriň

Isanyň öwredişi diňleýjileriň köpüsini özüne çekýärdi. Nasyranyň sinagogasynda Isanyň aýdan sözleri adamlara nähili täsir edendigine üns beriň. Hoş habarçy Luka şeýle habar berýär: «Hemmeler Ony taryplap, Onuň agzyndan çykýan mähirli sözlere täsin galdy» (Luka 4:22). Isanyň şägirtleri wagyz edende öz Mugallymynyň göreldesine eýerýärdi. Pawlus resul hem imandaşlaryny höweslendirip, şeýle diýdi: «Meniň Mesihden görelde alşym ýaly, siz hem menden görelde alyň» (1 Kor. 11:1). Pawlus Isanyň göreldesine eýerip, «aç-açan hem öýden-öýe... ders bermekde» ökdeleşdi (Res. iş. 20:20, 21).

«Bazarlarda» wagyz edýär

Pawlus aç-açan wagyz edip hem-de öwredip, bize ajaýyp görelde galdyrdy. Bu barada Resullaryň işleri kitabynyň 17-nji babynda ýazylan. Biz bu bapda Pawlusyň Gresiýanyň Afiny şäherinde wagyz edişi barada okaýarys. Pawlus şäheri aýlananda, köçeleriň we köpçülik ýerleriniň butlardan doludygyny görýär. Bu zatlar Pawlusy, gör, nähili gynandyrandyr! Ýöne ol şonda-da özüni ele alyp, «sinagogada... hem-de her gün bazarda sataşan adamlary bilen gürrüň ederdi» (Res. iş. 17:16, 17). Nähili gowy görelde! Biz hem dürli düşünjeli adamlara wagyz edenimizde, olary ýazgarman, gaýtam, sylaşykly bolsak, hoş habary diňläp, ýalan diniň ýesirliginden azat bolmagyna kömek edip bileris (Res. iş. 10:34, 35; Ylh. 18:4).

Pawlus bazarda wagyz edende, köp adamlar onuň aýdýanlary bilen ylalaşmady. Ol adamlaryň arasynda filosoflar hem bardy. Olaryň garaýşy Mukaddes Ýazgylarda ýazylan hakykata garşy gelýärdi. Olar jedelleşjek bolsa-da, Pawlus olaryň garaýşyny göz öňünde tutýardy. «Käbiri: «Bu ýaňra näme diýjek bolýar?» Käbiri hem: «Ol ýat taňrylaryň wagyzçysyna meňzeýär» diýýärdi» (Res. iş. 17:18).

Emma diňleýjileriniň kemsidiji sözleri Pawlusy ruhdan düşürmedi. Adamlar Pawlusyň näme öwredýändigini soranlarynda, ol pursatdan peýdalanyp, düşbülik bilen hakykaty ökde wagyz edýär (Res. iş. 17:19—22; 1 Pet. 3:15). Onuň bu çykyşyna jikme-jik seretsek, bize ökde wagyz etmäge we öwretmäge kömek eder.

Gyzyklandyrjak temany tap

«Pawlus mejlisiň ortasynda durup diýdi: «Eý afinylylar! Men sizi her taýdan gaty dindar görýärin. Çünki aýlanyp, siziň ybadat edýän zatlaryňyzy gözden geçirip ýörkäm, depesinde: «Nätanyş Taňra» diýen ýazgy bolan bir gurbanlyk edilýän ýeri hem gördüm. Men, ine, tanaman, ybadat edýän bu zadyňyzy size wagyz edýärin» (Res. iş. 17:22, 23).

Pawlus daş-töweregindäki zatlara ünsli syn edýär. Bu oňa diňleýjileri barada köp zatlary bilmäge kömek edýär. Eger biz hem ünsli bolsak, adamlaryň näme bilen gyzyklanýandygyny bileris. Meselem, howludaky oýunjaklara ýa-da gapyda asylgy duran zatlara ünsli bolup bileris. Adamlaryň ýaşaýşy, olaryň ýagdaýy barada umumy düşünjämiz bolsa, biz diňe bir näme aýtmalydygyna däl-de, eýsem, nädip aýtmalydygyny hem bileris (Kol. 4:6).

Pawlus adamlary ýazgarmady. Ol afinylylaryň nädogry bilime esaslanyp, tanamaýan zatlaryna «ybadat edýändigine» düşündi. Pawlus resul olaryň hak Hudaýa sežde etmegi üçin näme etmelidigini aýtdy (1 Kor. 14:8). Patyşalyk baradaky hoş habary düşnükli wagyz etmek we adamlary ýazgarmazlyk nähili wajyp!

Sypaýy bolmak we ala tutmazlyk

«Dünýäni, onuň içinde bolan bütin zatlary ýaradan Hudaý ýeriň-gögüň Rebbi bolup, el bilen ýasalan ybadathanalarda ýaşamaz. Şeýle hem, hamala bir zada zar ýaly, Oňa adam eli bilen gulluk edip bolmaz; sebäbi hemmelere dirilik, dem we ähli zady Onuň özi berýär» (Res. iş. 17:24, 25).

Pawlus olara ýaşaýşyň gözbaşy Ýehowadygyny görkezmek isledi, ýöne sypaýyçylykly aýtmak üçin, Ony «ýeriň-gögüň Rebbi» diýip atlandyrdy. Dürli dine uýýan we dürli medeniýetli akýürekli adamlara ähli zady Ýehowa Hudaýyň ýaradandygyny düşündirmek uly hormatdyr! (Zeb. 36:9).

Soňra Pawlus şeýle diýýär: «Ol adamlaryň ähli milletlerini bir gandan ýaratdy... Hudaýy agtararlar, Ony, belki-de, sermeläp taparlar diýip, olaryň wagtlaryny, mesgen tutjak ýerleriniň çäklerini öňünden belledi; muňa garamazdan, Ol biziň hiç birimizden uzakda däldir» (Res. iş. 17:26, 27).

Biz hem wagyz edişimiz bilen nähili Hudaýa sežde edýändigimizi görkezýäris. Ýehowa hiç kimi ala tutmaýar, Ol dürli milletli adamlara özüni agtarmaga we tapmaga mümkinçilik berýär. Biz hem wagyz edenimizde adamlary ala tutmaýarys. Ýaradyja ynanýan adamlara onuň bilen ýakynlaşyp, ebedi ýaşaýşa gowuşmaga kömek etmek üçin jan edýäris (Ýakup 4:8). Emma Hudaýyň bardygyna ynanmaýan adamlara nädip kömek edip bileris? Munuň üçin Pawlusyň göreldesine eýermeli. Geliň, onuň indiki aýdan sözlerine seredeliň.

«Biz Onda ýaşaýandyrys, hereket edýändiris we bardyrys; siziň şahyrlaryňyzyň käbiriniň aýdyşy ýaly «Biz-de Onuň zürýadydyrys». Biz indi Hudaýyň zürýadydygymyza görä, Hudaýyň tebigaty adam sungaty we hünäri bilen suratlandyrylan gyzyla, kümşe ýa-da daşa meňzeşdir öýtmeli däldiris» (Res. iş. 17:28, 29).

Pawlus afinylylaryň tanaýan we hormat goýýan şahyrlarynyň sözlerini getirip, olaryň göwnünden turýar. Biz hem diňleýjilerimizi gyzyklandyryp biläýjek temany tapjak bolmaly. Meselem, Pawlusyň ýewreýlere ýazan hatynda: «Her öý biri tarapyndan ýasalýar, Hudaý bolsa bar zady ýasandyr» diýilýär. Bu mysal arkaly şu günler hem köp adamlary ynandyrsa bolar (Ýew. 3:4). Şeýle ýönekeý mysallar arkaly adamlara oýlanmaga kömek etsek, olar aýdýan sözlerimiziň hakykatdygyna göz ýetirerler. Indi bolsa, Pawlusyň başga bir mugallymçylyk tärine seredeliň.

Nähili döwürde ýaşaýandygymyzy belle

«Hudaý nadanlyk döwründen göz ýumup geçensoň, indi hemme ýerde adamlaryň ählisiniň toba etmegini buýurýar. Çünki Hudaý bir gün belledi. Ol Öz saýlan Adamy arkaly dünýäniň üstünden şol günde adyl höküm çykarar» (Res. iş. 17:30, 31).

Hudaýyň wagtlaýynça erbetlige ýol bermegi, biziň ählimize ýüregimiziň nähilidigini görkezmäge mümkinçilik berýär. Şol sebäpli häzirki kyn döwürde, golaýlaşýan Patyşalygyň berjek bereketleri barada adamlara ynamly gürrüň bermek wajypdyr (2 Tim. 3:1—5).

Dürli pikirler

«Ölümden direlmegi eşidenlerinde, kimsi güldi, kimsi hem: «Bu hakda seni ýene diňläris» diýdi. Şeýlelikde, Pawlus olaryň arasyndan çykyp gitdi. Ýöne käbir adamlar oňa goşulyp iman etdiler» (Res. iş. 17:32—34).

Käbir adamlar hoş habary derrew kabul edýär; käbirine bolsa, aýdýan sözlerimize ynanmak üçin köpräk wagt gerek bolýar. Eger biz hakykaty düşnükli hem sada dilde gürrüň berip, Ýehowa barada dogry bilim almaga bir adama kömek edip bilsek, Hudaýa minnetdar bolmaly. Sebäbi Ýehowa biz arkaly adamlary Ogluna ýakynlaşdyrýar! (Ýahýa 6:44).

Biziň öwrenmeli sapaklarymyz

Pawlusyň çykyşy bize hakykaty adamlara nädip düşündirmelidigimizi öwredýär. Eger biz ýygnakda jemagat nutgy bilen çykyş edýän bolsak, Pawlusyň göreldesine eýerip, sypaýy sözler bilen iman etmeýän adamlara hakykata düşünmäge we ony kabul etmäge kömek edip bileris. Biz hakykaty adamlara düşnükli gürrüň bermek isleýäris. Ýöne ýygnaga ýaňy gatnap başlan adamyň ýalan dini garaýyşlaryny ýazgarmaly däl. Şeýle-de wagyzda ynamly gepläp, sypaýy bolmaly. Şonda biz Pawlusyň «öwretmek bilen meşgul bol» diýen maslahatyna eýereris.

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş