Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • mwb18 Noýabr sah. 8
  • Daşary ýurt dilinde gepleýän adamlara wagyz edýäris

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Daşary ýurt dilinde gepleýän adamlara wagyz edýäris
  • Mesihçileriň durmuşy we wagzy. Okuw depderi — 2018
  • Meňzeş maglumat
  • Eger adam başga dilde geplese
    Hudaýa gullugymyz — 2008
  • Hoş habary wagyz etmegiň usullary
    Ýehowanyň islegini ýerine ýetirýän gurama
  • Başga dilde gepleýän adama wagyz edip, tejribäňizi artdyryň
    Hudaýa gullugymyz — 2015
  • Hemmelere wagyz etmek üçin guramaçylykly hereket edilýär
    Mesihçileriň durmuşy we wagzy. Okuw depderi — 2021
Başgalary
Mesihçileriň durmuşy we wagzy. Okuw depderi — 2018
mwb18 Noýabr sah. 8

MESIHÇILERIŇ DURMUŞY

Daşary ýurt dilinde gepleýän adamlara wagyz edýäris

Är-aýal wagyzda daşary ýurt dilinde gepleýän ataly ogla duşýar

Adamlar Patyşalyk baradaky hoş habary ene dilinde eşidenlerinde gowy seslenýärler. Şol sebäpli-de b. e 33-nji ýylynyň Pentikost güni «dünýäniň dürli künjeginden hudaýhon ýehudylar gelipdiler». Olar ýewreý ýa-da grek dilinde gepleseler-de, Ýehowa olara hoş habary «ene dilinde» eşitmäge mümkinçilik berdi (Res 2:5, 8). Şu günler daşary ýurt dilinde gepleýän adamlaryň ýaşaýan ýerlerinde ýygnak duşuşyklary şol dillerde geçirilýär we bir territoriýada wagyz edýärler. Wagyzçylar bir öýe birnäçe gezek baryp, öý eýesini gaharlandyrmagyň we özleriniňem iki işli bolmagynyň nädip öňüni alyp biler?

  • El telefony

    Maslahatlaşmak (Sült 15:22). Ýygnaklaryň wagyz gözegçileri dogan-uýalaryň bir-biri bilen hyzmatdaşlyk edip, hoş habary wagyz etmekleri üçin maslahatlaşýarlar. Dürli dilde wagyz edýän ýygnaklaryň meýdançasy az bolsa, territoriýasyna degişli ýerlerde başga ýygnakdakylaryň wagyz etmegini islemeýärler. Emma olaryň territoriýasy uly bolsa we her bir öýe yzygiderli wagyz edip bilmeseler, sizden meýdançaňyzdaky ähli hojalyklara wagyz etmegi hem-de gyzyklanan adam barada habar bermegi haýyş edip biler (od sah. 93, abz. 37). Ýa-da olar öz ýygnagynyň dilinde gepleýän adamy tapmak we olaryň salgysyny bermek üçin ýygnagyňyzdan kömek sorap biler (km 7/12 s. 5, çarçuwa). Käte bir öýde birnäçe dilde gepleýän adamlaryň ýaşaýandygyny hem unutmaň. Ýygnagyň territoriýasynda wagyz edeniňizde, adam hukuklary baradaky kanunlara gulak asmaly.

  • Meýdançadaky jaýlar

    Hyzmatdaşlyk (Ef 4:16). Wagyz gözegçisiniň berýän ähli görkezmesine eýeriň. Siz başga dilde gepleýän adam bilen Mukaddes Ýazgylar okuwyny geçirýärsiňizmi? Ony ene dilinde geçirilýän ýygnakdaky ýa-da topardaky wagyzçylaryň birine tabşyrsaňyz, ruhy taýdan çalt ösüp biler.

  • Dili saýlaň

    Taýýarlanmak (Sült 15:28; 16:1). Eger öýden-öýe wagyz edeniňizde, başga dilde gepleýän adama duşsaňyz, oňa hoş habary aýtmak üçin eliňizde baryny ediň. Haýsy dilde gepleýän adama duşjakdygyňyz barada öňünden pikirlenip, taýýarlyk görüň. El telefonyňyza başga dildäki Mukaddes Ýazgylary we wideolary ýükläp bilersiňiz. Şeýle-de siz «JW Language» programmasy arkaly käbir dillerde salamlaşmagy öwrenip bilersiňiz.

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş