9-NJY BAP
Hoş habary wagyz etmegiň usullary
ISA hoş habary yhlasly wagyz edip, şägirtlerine görelde görkezdi. Ol köpçülik ýerlerine we adamlaryň öýlerine baryp wagyz edýärdi (Mat. 9:35; 13:36; Luka 8:1). Isa adamlar bilen ikiçäk gürleşýärdi, şägirtlerine aýratynlykda tälim berýärdi we müňlerçe adamlara wagyz edýärdi (Mar. 4:10—13; 6:35—44; Ýah. 3:2—21). Ol her bir mümkinçilikden peýdalanyp, adamlary ruhlandyrýardy, olara umyt berýän habary aýdýardy (Luka 4:16—19). Ol hatda ýadaw bolsa-da, mümkinçilik dörände wagyz edýärdi (Mar. 6:30—34; Ýah. 4:4—34). Isanyň yhlasly wagyz edendigi barada okanymyzda, biziňem wagyz etmäge höwesimiz artýar. Şonuň üçin bizem resullar ýaly Isanyň göreldesine eýerýäris (Mat. 4:19, 20; Luka 5:27, 28; Ýah. 1:43—45).
2 Isa Mesihiň takmynan 2 000 ýyl mundan ozal başlan wagyz işini şu günler bizem dowam edýäris. Geliň, wagyz etmegiň dürli usullaryna seredeliň.
ÖÝDEN-ÖÝE WAGYZ ETMEK
3 Biz Patyşalyk baradaky hoş habary öýden-öýe wagyz etmegiň wajypdygyna düşünýäris. Ýehowanyň Şaýatlary, esasanam, öýden-öýe wagyz etmek bilen tanalýar. Öýden-öýe wagyz edýändigimiz üçin millionlarça adamlar hoş habary gysga wagtyň içinde eşitdiler (Mat. 11:19; 24:14). Biz Ýehowany, adamlary söýýändigimiz üçin olaryň öýlerine baryp wagyz edýäris (Mat. 22:34—40).
4 Hudaýyň halky I asyrda-da öýden-öýe wagyz edýärdi. Pawlus resul öýden-öýe wagyz edendigi hakda Efesdäki ýygnagyň gözegçilerine şeýle ýazýar: «Aziýa gelen günümden bäri... size peýdaly zatlary... öýden-öýe aýlanyp, öwretmekden çekinmedim». Şeýdip, Pawlus «ýehudylara-da, greklere-de toba edip, Hudaýa we Halypamyz Isa iman etmekleri hakda birkemsiz wagyz etdi» (Res. 20:18, 20, 21). Şol döwür Rim imperatorlary butparazlygy öňe sürýärdiler we adamlaryň köpüsi ýalan taňrylardan öler ýaly gorkýardylar. Şonuň üçin adamlar «dünýäni we ondaky zatlary ýaradan» we «hemmeleri toba etmäge çagyrýan» hak Hudaýy tanamalydy (Res. 17:22—31).
5 Adamlara hoş habary wagyz etmek has-da wajyp, sebäbi zalym dünýäniň soňy örän ýakyn. Şonuň üçin biz öňküden hem yhlasly wagyz etmäge jan edýäris. I asyrdaky ýaly şu günlerem hak Hudaýy gözleýän adamlary tapmagyň iň gowy usuly öýden-öýe wagyz etmek (Mar. 13:10).
6 Eger sizem öýden-öýe wagyz edýän bolsaňyz Ýehowany begendirýärsiňiz (Hyz. 9:11; Res. 20:35). Käte öýden-öýe wagyz etmek aňsat däl. Belki-de, saglygyňyz gowy däldir, adamlar hoş habary diňlemeýändir. Ýa-da ýurduňyzda wagyz işi gadagan edilendir. Käte bolsa nätanyş adamlar bilen gepleşmäge utanýansyňyz. Şol sebäpli her gezek öýden-öýe wagyz etmäge gideniňizde ýaýdanýansyňyz. Ýöne ruhdan düşmäň! (2 Mus. 4:10—12). Bütin dünýädäki dogan-uýalaram şeýle kynçylyklary başdan geçirýär.
7 Isa şägirtlerine: «Dünýäniň soňuna çenli siziň bilen bolaryn» diýdi (Mat. 28:20). Onuň sözleri güýjümize güýç goşýar. Pawlus resulyň aýdyşy ýaly, biziň hem «güýç berýän Hudaý arkaly ähli zada güýjümiz ýetýär» (Flp. 4:13). Şol sebäpli sizem öýden-öýe wagyz etmek üçin gurnalýan duşuşyklara gatnaşyň. Dogan-uýalar bilen wagza çykyp has-da ruhlanarsyňyz, birek-birege kömek edersiňiz. Şeýle-de gorkyny, çekinjeňligi ýeňmek üçin Ýehowadan güýç soraň we yhlasyňyzy gowşatmaň (1 Ýah. 5:14).
8 Adamlara hoş habary wagyz etseňiz, olara-da gelejege umytly garamaga kömek edersiňiz (1 Pet. 3:15). Şeýle-de Hudaýyň wadalaryna iman edýän adamlaryň bagtlydygyna, iman etmeýänleriň bolsa gözgyny ýagdaýdadygyna hasam göz ýetirersiňiz (Işa. 65:13, 14). Siz Isanyň: «Yşygyňyz... nur saçsyn» diýen tabşyrygyna gulak asyp, adamlara Ýehowany tanamaga we ebedi ýaşaýşa eltýän hakykaty bilmäge kömek edýändigiňize begenersiňiz (Mat. 5:16; Ýah. 17:3; 1 Tim. 4:16).
9 Hepdäniň dowamynda we dynç günleri öýden-öýe wagyz etmek üçin ýörite wagyz duşuşyklary geçirilýär. Käbir ýerlerde adamlary gündiz öýünde tapmak kyn bolansoň, şol duşuşyklar agşamara geçirilýär. Adamlaryň öýüne öýlän ýa-da agşamara barsak, köplenç olar bizi gowy diňleýärler.
MYNASYP ADAMLARY GÖZLEMEK
10 Isa şägirtlerine mynasyp adamlary «gözläň» diýip tabşyrdy (Mat. 10:11). Onuň özi hem akýürekli adamlary tapmak üçin diňe bir öýden-öýe däl, her bir mümkinçilikden peýdalanyp wagyz edýärdi (Luka 8:1; Ýah. 4:7—15). Resullaram hoş habary nirede bolsalar-da wagyz edýärdiler (Res. 17:17; 28:16, 23, 30, 31).
Patyşalyk baradaky hoş habary her bir adama aýtmaga jan etmeli
11 Şu günler bizem hoş habary her bir adama ýetirmäge jan edýäris. Şonuň üçin Isanyň we resullaryň göreldesine eýerip, wagyz edenimizde adamlaryň ýagdaýynyň dürli-dürli bolýandygyny hem-de üýtgäp durýandygyny göz öňünde tutýarys (1 Kor. 7:31). Meselem, wagyzçylar adamlaryň iş ýerlerinde-de ökdelik bilen wagyz edýärler. Köp ýurtlarda köçede, seýilgählerde, awtoduralgalarda we adamyň köp ýerinde wagyz etseň gowy diňleýärler. Käbir ýygnaklar bolsa öz territoriýasyna degişli ýerlerde stendli wagyz edýärler. Şeýle-de käbir filiallar şäheriň köp gatnawly ýerlerinde dürli milletli adamlara wagyz etmegi gurnaýarlar. Oňa dürli ýygnakdaky wagyzçylar gatnaşýar. Şeýdip, öýünde tapyp bolmaýan adamlara wagyz edilýär.
12 Köpçülik ýerlerinde wagyz edenimizde gyzyklanan adamlara edebiýat berip bilýäris. Köpräk bilesi gelýän adamlara habarlaşmak üçin telefon belgimizi berip, gaýtadan idege gepleşip bilýäris. Şeýle-de jw.org saýtyny görkezip ýa-da golaýdaky Ýygnak jaýynyň salgysyny berip bilýäris. Köpçülik ýerlerinde wagyz etseňiz, gullugyň dürli görnüşine gatnaşmagyň gyzyklydygyny görersiňiz.
13 Mesihçiler hoş habary diňe bir wagyz etmän, eýsem gyzyklanan adamlary yzygider idemeli. Şonda olara Isanyň şägirdi bolmaga kömek edip bileris.
GAÝTADAN IDEG ETMEK
14 Isa şägirtlerine: «Bütin ýer ýüzünde men hakda wagyz edersiňiz» diýdi (Res. 1:8). Şeýle-de ol: «Gidiň-de, ähli halklardan şägirt taýýarlaň... Olara ähli tabşyryklarymy berjaý etmegi öwrediň» diýip tabşyrdy (Mat. 28:19, 20). Gyzyklanan adamlary gaýtadan ideg edip has köp şatlanýarys. Gyzyklanan adamlaram bizi ýene görüp begenýär. Olar bilen Mukaddes Kitap esasynda köpräk gürrüň edip, Hudaýa iman etmäge we ol barada bilim almagyň wajypdygyna düşünmäge kömek edýäris (Mat. 5:3). Gaýtadan idege gowy taýýarlansaňyz we gyzyklanan adama amatly wagt barsaňyz, Mukaddes Kitap okuwyna-da başlap bilersiňiz. Gaýtadan idegiň maksady Mukaddes Kitap okuwyna başlamak bolmaly. Biz diňe bir hakykat tohumyny ekmän, ony wagtly-wagtynda suwaryp durmaly (1 Kor. 3:6).
15 Käbir wagyzçylara gyzyklanan adamlary gaýtadan idemek kyn bolýar. Belki-de, siz ökdelik bilen gürrüňe başlap, wagyz edip bilýänsiňiz. Ýöne gyzyklanan adamy gaýtadan idemäge ýaýdanýansyňyz. Eger gowy taýýarlansaňyz, ökdelik bilen gaýtadan ideg hem edip bilersiňiz. Munuň üçin hepdäniň başyndaky duşuşykda berilýän maslahatlara eýeriň. Şeýle-de gaýtadan idege tejribeli wagyzçylaryň biri bilen gidiň.
MUKADDES KITAP OKUWYNY GEÇIRMEK
16 Hoş habarçy Filipus ýehudy dinine geçen başga milletli adamyň Hudaýyň Sözüni okap oturandygyny görýär. Soňra ondan: «Okaýan zatlaryňa düşünýäňmi?» diýip soraýar. Ol: «Biri düşündirmese, nädip düşüneýin?» diýýär. Resullar kitabynyň 8-nji babynda aýdylyşy ýaly, Filipus oňa okap oturan ýerini düşündirip, «Isa hakda hoş habary gürrüň berýär» (Res. 8:26—36). Biz Filipusyň şol adam bilen näçe wagt gürrüň edendigini bilmesek-de, oňa gowy düşündirendigini bilýäris. Şonuň üçin ol Hudaýa iman edip, suwa çümdürilýär we Isanyň şägirdi bolýar.
17 Köp adamlar Mukaddes Kitaby okap görmediler. Şol sebäpli gyzyklanan adamlaryň imany berkäp, suwa çümdürilmek üçin talaplara laýyk gelýänçä, olary ençeme gezek idemeli bolýar. Olar bilen hepdeläp, aýlap, ýyllap, Mukaddes Kitapdan okuw geçmeli bolýar. Akýürekli adamlara söýgi we sabyrlylyk bilen Isanyň şägirdi bolmaga kömek edip, özümizem ruhlanýarys. Isanyň aýdyşy ýaly, «bermek almakdan has bagtly edýär» (Res. 20:35).
18 Siz gyzyklanan adam bilen Mukaddes Kitap okuwy üçin niýetlenen edebiýatlaryň birinden sapak geçesiňiz gelýändir. Eger hepdäniň başyndaky duşuşykda berilýän maslahatlara eýerseňiz we tejribeli dogan-uýalardan öwrenseňiz, ökdelik bilen sapak geçip, şägirt taýýarlarsyňyz.
19 Mukaddes Kitap okuwyna başlap, ony ökdelik bilen geçirmek üçin tejribeli ýaşulularyň ýa-da wagyzçylaryň birinden kömek sorap bilersiňiz. «Durmuş we wagyz. Okuw depderinde» berilýän maslahatlar, sahnalar size gowy kömek eder. Sapak geçmäge ökdeleşmek üçin Ýehowadan hem kömek soraň (1 Ýah. 3:22). Diňe maşgalaňyzdan biri bilen okuw geçýän bolsaňyz, başga-da gyzyklanan adam bilen sapak geçmegi maksat goýuň. Mukaddes Kitap okuwyny geçirip hasam şatlanarsyňyz.
GYZYKLANAN ADAMLARA GURAMA BARADA ÖWERETMEK
20 Ýehowa Hudaýy tanap, Isa Mesihiň şägirdi bolýan adamlar ýygnagyň agzasy bolýar. Okuw geçýänlerimiz ruhy taýdan ösüp, imany has-da berkär ýaly, Ýehowanyň guramasy bilen tanşyp, hyzmatdaşlyk etmeli. Olara muny öwretmek üçin «Ýehowanyň islegini kim berjaý edýär?» diýen broşýurany we käbir wideolary ulanyp bilersiňiz. Şu kitabyň 4-nji babynda hem käbir peýdaly maglumatlar bar.
21 Gyzyklanan adam bilen sapak geçip başlanyňyzda wagyz işine Ýehowanyň guramasy arkaly ýolbaşçylyk edýändigini düşündiriň. Mukaddes Kitaby öwrenmek üçin ýörite edebiýatlaryň nädip çykarylýandygyny, nädip ýaýradylýandygyny gürrüň beriň. Munuň üçin Hudaýyň gullukçylarynyň meýletin zähmet çekýändigini düşündiriň. Okuw geçýänleriňizi ýygnaklara-da çagyryň. Ýygnaklaryň geçirilişini düşündirip, dogan-uýalar bilen tanyşdyryň. Olar kongreslerde-de köp dogan-uýalar bilen tanşyp bilýärler. Şonda Ýehowanyň halkynyň birek-biregi ýürekden söýýändigine, Isanyň hakyky şägirtleridigine göz ýetirerler (Ýah. 13:35). Olar Ýehowanyň guramasy arkaly edýän işlerine näçe minnetdar bolsalar, şonça-da Hudaýa ýakynlaşarlar.
EDEBIÝATLARY ULANMAK
22 I asyrdaky mesihçiler Hudaýyň Sözüni yhlasly wagyz edýärdiler. Olar Mukaddes Kitabyň golýazmalaryny göçürip alýardylar, olary öýde, ýygnakda-da öwrenýärdiler. Şol mesihçiler Hudaýyň Sözüni adamlara-da wagyz edýärdiler. Şol döwürde golýazma hemme adamlarda ýokdy. Golýazmasy bolanlaram ony aýap saklaýardylar (Kol. 4:16; 2 Tim. 2:15; 3:14—17; 4:13; 1 Pet. 1:1). Şu günler Ýehowanyň Şaýatlary Mukaddes Kitabyň hem-de oňa esaslanan edebiýatlaryň ýüz millionlarçasyny çap edýärler. Ýüzlerçe dilde kitapçalar, broşýuralar, kitaplar we žurnallar çykarylýar.
23 Sizem hoş habary wagyz edeniňizde Ýehowanyň guramasynyň çykarýan edebiýatlaryny ulanyň. Şol edebiýatlary okamagyň, öwrenmegiň durmuşda köp peýda berýändigine göz ýetirseňiz, başgalary hem okamaga höweslendirersiňiz (Ýew. 13:15, 16).
24 Şu günler adamlaryň köpüsi bilesi gelýän zatlaryny Internetden gözleýärler. Hoş habary ýaýratmak üçin hem diňe bir çap edilýän edebiýatlar däl-de, jw.org web-saýty hem giňden ulanylýar. Şeýle-de adamlar elektron enjamyndan Mukaddes Kitaby we oňa esaslanan edebiýatlary ýüzlerçe dilde okap ýa-da diňläp bilýärler. Ýehowanyň Şaýatlary bilen gürrüňdeş bolmaga mümkinçiligi bolmadyk ýa-da çekinýän adamlar öwredýän zatlarymyz barada jw.org saýtyndan okap bilýärler.
25 Biz her bir mümkinçilikden peýdalanyp adamlara saýtymyzy salgy berýäris. Öýden-öýe wagyz edenimizde sorag beren adama telefondan ýa-da planşetden saýta girip, jogabyny görkezip bilýäris. Daşary ýurt dilinde gepleýän ýa-da lal adama saýtymyzdan Mukaddes Kitaby we oňa esaslanan edebiýatlary öz dilinde nädip tapyp bolýandygyny öwredip bilýäris. Wagyzçylaryň köpüsi gürrüňdeşlige başlamak üçin saýtymyzdaky wideolary hem görkezýär.
ISLENDIK ÝERDE WAGYZ ETMEK
26 Isa şägirtlerine: «Siz dünýäniň yşygy... Yşygyňyz adamlara şeýle nur saçsyn welin, ýagşy işleriňizi görüp, gökdäki Ataňyzy şöhratlandyrsynlar» diýdi (Mat. 5:14—16). Şägirtler Hudaýy razy edip ýaşamak üçin Isanyň göreldesine eýerdiler, sebäbi Isa: «Men dünýäniň nurudyryn» diýdi. Dogrudanam, Isa hoş habary diňleýän adamlara görelde görkezip, «ýaşaýyş nury» boldy (Ýah. 8:12).
27 Pawlus resulam ajaýyp görelde görkezdi (1 Kor. 4:16; 11:1). Ol Afina şäherinde her gün bazarda duşýan adamlar bilen gürrüňdeş bolýardy (Res. 17:17). Filipidäki mesihçilerem ondan görelde alýardy. Pawlus olara: «Zalym we erbet nesliň... arasynda ýaşap, şu dünýäde nur kimin ýagty saçýarsyňyz» diýdi (Flp. 2:15). Şu günler bizem islendik ýerde hoş habary wagyz etsek, öwredýän zatlarymyz boýunça ýaşasak, Patyşalyk baradaky hakykat nur kimin ýagty saçar. Adamlar biziň Hudaýa ýaramly ýaşaýandygymyzy, şu dünýädäki adamlardan tapawutlanýandygymyzy görýärler. Emma hoş habary wagyz edenimizde olar biziň başgalardan näme üçin tapawutlanýandygymyza has gowy düşünýärler.
28 Ýehowanyň gullukçylarynyň köpüsi işde, mekdepde, ýolda ýa-da öz işleri bilen bir ýere gidenlerinde-de hoş habary wagyz edýärler. Biz ulagda barýarkak hem ýolagçylar bilen gürrüňdeş bolup bilýäris. Biz biri bilen gürrüň edip otyrkak hem hoş habary wagyz etmäge jan etmeli. Geliň, şonuň üçin islendik wagt hoş habary wagyz etmäge taýyn bolalyň.
29 Biz wagyz edip Ýehowany şöhratlandyrýandygymyza düşünsek, wagyz etmäge hemişe taýyn bolarys. Şeýle-de biz akýürekli adamlara Ýehowany tanamaga kömek etsek, olaram Ýehowa gulluk eder we Isa Mesihe iman edip, ebedi ýaşaýşa gowşar. Ýehowa biziň tagallamyzy görüp, örän begenýär we ony mukaddes gulluk hasaplaýar (Ýew. 12:28; Ylh. 7:9, 10).
MEÝDANÇADA WAGYZ ETMEK
30 Ýehowa Patyşalyk baradaky habaryň bütin dünýäde, obadyr şäherlerde wagyz edilmegini isleýär. Şol sebäpli filial ýygnaklara, çet ýerlerde gulluk edýän wagyzçylara ýörite territoriýa berýär (1 Kor. 14:40). I asyrda-da şeýle edilýärdi (2 Kor. 10:13; Gal. 2:9). Şu günler hem ýygnaklaryň territoriýasynda wagyz işi gowy gurnalsa, has köp ýerlerde wagyz edip bolýar.
31 Ýygnagyň territoriýasynda wagyz işine wagyz gözegçisi jogapkär. Ýygnagyň hyzmatçysy bolsa meýdançalary paýlap biler. Meýdançalaryň iki görnüşi bar, topara berilýän we wagyzçynyň özüne berilýän meýdança. Eger meýdança az bolsa, topara berilýän meýdança toparyň gözegçilerinde durýar. Şol meýdançany topar bolup işleýärler. Ýöne meýdança köp bolsa, her wagyzçynyň özüne meýdança berler.
32 Käte ýygnakda wagyz duşuşygy geçirilmese ýa-da topar bilen ýygnanyşyp bolmasa, wagyzçy öz meýdançasynda wagyz edip bilýär. Meselem, wagyzçylaryň käbiri işleýän ýeriniň golaýyndan meýdança alyp, arakesme wagty ýa işden soň wagyz edýär. Käbir maşgalalar bolsa öýüne golaý ýerden meýdança alyp, agşamara wagyz edýärler. Wagyzçy özüne amatly ýerden meýdança alsa, has köp wagyz edip biler. Wagyzça berilýän meýdançany hem topar bolup işläp bolýar. Eger sizem meýdança almak isleseňiz, meýdançalara jogap berýän dogandan alyp bilersiňiz.
33 Topara berilýän meýdançada-da, wagyzça berilýän meýdançada-da, dogan-uýalar paýhasly bolup, ýaşaýjylaryň her birine wagyz etmäge jan etmeli. Olar döwletiň şahsy maglumaty goramak baradaky kanunyny bozmaly däl. Meýdançalara dört aýyň dowamynda aýlanyp çykmaly. Soňra meýdançalara jogap berýän dogana habar etmeli. Wagyzçy şol meýdançany täzeden işläsi gelse, ony özünde saklap hem biler ýa-da meýdançalara seredýän dogana gaýtaryp berse-de bolar.
34 Wagyzçylar tertip-düzgüne eýerip, eginme-egin işleşseler, ýygnagyň territoriýasynyň ähli ýerinde wagyz ediler. Şeýle-de olar biri-birinden bihabar şol bir öýe birnäçe gezek baryp, öý eýesini gaharlandyrmaz. Şeýdip, biz dogan-uýalaryň we wagyz edýän ýerimizdäki adamlaryň ýagdaýyny göz öňünde tutýandygymyzy görkezeris.
ÄHLI MILLETLERE WAGYZ ETMEK
35 Her bir adam Ýehowa Hudaýy, Ogly Isany tanamaly we Patyşalyk barada bilim almaly (Ylh. 14:6, 7). Biz dürli dilde gepleýän adamlaryň Ýehowanyň adyny çagyryp, halas bolmagyny we Hudaýa ýaraýan häsiýetleri ösdürmegini isleýäris (Rim. 10:12, 13; Kol. 3:10, 11). Emma dürli dilde gepleýän adamlaryň ýaşaýan ýerinde wagyz edenimizde nähili kynçylyklar döräp biler? Olar öz dilinde hoş habary eşider ýaly näme etse bolar? (Rim. 10:14).
36 Territoriýalar ýygnagyň diline görä berilýär. Şol sebäpli dürli dilde gepleýän adamlaryň ýaşaýan ýerinde dürli ýygnakdaky dogan-uýalar wagyz edýär. Şeýle ýagdaýda her ýygnagyň wagyzçylary, esasan, öz dilinde gepleýän adamlara wagyz etmäge jan edýärler. Her ýyl kongrese çakylyk paýlamak üçin geçirilýän kampaniýalarda hem şeýle edilýär. Ýöne başga wagt wagyzçylar islendik adama wagyz edip, edebiýat berip bilýärler.
37 Käwagt başga dilde gepleýän ýygnaklar uzakdaky territoriýasynda yzygider wagyz edip bilmeýärler. Şeýle ýagdaýda ýygnaklaryň wagyz gözegçileri territoriýanyň ähli ýerinde wagyz ediler ýaly, biri-biri bilen hyzmatdaşlyk etmeli. Şonda her bir adam hoş habary eşider, wagyzçylar hem iki işli bolmaz (Nak. 15:22).
38 Öýden-öýe wagyz edenimizde başga dilde gepleýän adama duşsak näme etmeli? Oňa diňe şol dilde gepleýän wagyzçy däl-de, bizem wagyz edip bileris. Wagyzçylaryň käbiri meýdançasynda köp duş gelýän daşary ýurtly adamlara wagyz etmek üçin gysga teklip aýtmagy öwrenýär. Biz adama öz ene dilindäki edebiýatlary jw.org saýtymyzdan nädip okap hem-de ýükläp bolýandygyny görkezip bileris ýa-da onuň dilinde edebiýat getirip berjekdigimizi aýdyp bileris.
39 Eger adam ýürekden gyzyklansa, onuň düşünýän dilinde gepläp bilýän wagyzçyny tapmaly. Şeýle-de onuň dilinde ýygnaklaryň nirede geçirilýändigini aýdyp bileris. Eger ol öz dilinde gepleýän wagyzçy bilen habarlaşmak islese, jw.org saýtymyzda şahsy maglumatlaryny nädip ýazmalydygyny görkezip bileris. Şonda filial gyzyklanan adama kömek edip biljek wagyzça, topara ýa-da ýygnaga ony idemegi tabşyryp biler.
40 Gyzyklanan adam öz dilinde gepleýän wagyzçy bilen habarlaşýança, ony idäp durmaly. Käbir ýagdaýlarda filial ýaşululara şol adamyň dilinde gepleýän wagyzçynyň ýokdugyny habar berse, gyzyklanan adama hakykaty bilmäge kömek etmeli. Eger mümkin bolsa, onuň bilen ene dilindäki edebiýatdan Mukaddes Kitap okuwyny hem geçip bileris. Ondaky suratlar, getirilen aýatlar arkaly Mukaddes Kitabyň käbir esasy taglymatlaryny düşündirip bileris. Eger maşgala agzalarynyň biri siziň diliňizi bilýän bolsa, terjime edip biler.
41 Gyzyklanan adam aýdylýan zatlara düşünmese-de, Hudaýyň guramasy barada öwretmek üçin ony ýygnaga çagyrmaly. Ýygnakda okalýan aýatlary oňa öz Mukaddes Kitabyndan tapmaga kömek edip bileris. Şeýle-de gyzyklanan adam dogan-uýalar bilen gürrüňdeş bolsa, imany berkäp, ruhy taýdan öser.
42 Toparçalar. Olar öz ýygnagynyň dilinde däl-de, başga dilde wagyz edýän wagyzçylardan ybarat. Şol dilde her hepde ýygnaklary geçirer ýaly ukyply ýaşuly ýa-da hyzmatçy bolmazlygy mümkin. Filial aşakdaky talaplara laýyk gelýän ýygnaga şol toparçalaryň aladasyny etmegi tabşyrýar.
1. Şol dilde gepleýän adam köp bolmaly.
2. Şol dilde gepleýän ýa-da şol dili öwrenmek isleýän birnäçe wagyzçy bolmaly.
3. Ýaşulular maslahaty şol dilde wagyz işine gözegçilik edip bilmeli.
Eger ýygnagyň ýaşulular maslahaty toparça gözegçilik etmäge taýyn bolsa, etrap gözegçisi bilen maslahatlaşmaly. Belki-de, etrap gözegçisi şol dilde başga-da haýsy ýygnaklaryň wagyz etmek isleýändigini bilýändir. Ol şol toparça haýsy ýygnagyň gowy gözegçilik edip biljekdigini aýdar. Belli bir ýygnak saýlanansoň, şol ýygnagyň ýaşululary filiala hat ýazyp, rugsat sorar.
43 Toparlar. Eger aşakdaky talaplara laýyk gelýän bolsa, onda filial bir ýygnaga şol topara gözegçilik etmäge rugsat berip biler.
1. Gyzyklanýan adamlaryň sany ýeterlik bolmaly we şol dilde döredilen toparyň ösjekdigi aýdyň görünmeli.
2. Şol dili azyndan birnäçe wagyzçy bilmeli ýa-da ony öwrenýän bolmaly.
3. Şol dilde her hepde, iň bolmanda, bir duşuşygy ýa-da onuň bir bölümini, meselem, jemagat nutugyny ýa-da «Garawul diňi» duşuşygyny geçirip, topara gözegçilik etjek ýaşuly ýa-da hyzmatçy dogan bolmaly.
Eger şu talaplara laýyk gelinýän bolsa, ýaşulular maslahaty filiala ähli zady jikme-jik ýazyp, topara gözegçilik etmek üçin rugsat sorap biler. Ýaşuly ýa-da hyzmatçy dogan toparyň gözegçisi ýa-da hyzmatçysy hökmünde gulluk edip, şol topara gözegçilik etmeli.
44 Topar döredilensoň, oňa jogap berýän ýygnagyň ýaşulular maslahaty ýygnakda ýene-de haýsy bölümleriň geçirilip başlanmalydygyny we aýda näçe gezek geçirilmelidigini çözýär. Toparda wagyz duşuşygyny hem geçirse bolýar. Toparda edilýän işlere ýaşulular maslahaty gözegçilik edýär. Ýaşulular topara gerekli görkezmeleri berip, aladasyny edip durmaly. Etrap gözegçisi ýygnagy idände, şol toparyň ösüşi we zerurlyklary barada filiala habar berer. Wagtyň geçmegi bilen, şol topar ulalyp, täze ýygnak hem döräp biler. Eger hemmeler berilýän görkezmelere gulak assa, Ýehowany begendirer (1 Kor. 1:10; 3:5, 6).
TOPAR BILEN WAGYZ ETMEK
45 Her bir mesihçi hoş habary wagyz etmeli. Munuň birnäçe usuly bar, ýöne biz dogan-uýalar bilen wagza çykmagy hasam gowy görýäris (Luka 10:1). Şol sebäpli hepdäniň dowamynda we dynç günleri wagyz duşuşygy geçirilýär. Baýramçylyk günleri dogan-uýalaryň köpüsi işlemänsoň, topar bilen wagyz etmäge gowy mümkinçilik bolýar. Dogan-uýalar gündiz ýa-da agşamara wagza çykyp biler ýaly, Ýygnagyň gulluk komiteti olara amatly wagtda we ýerde wagyz duşuşygyny gurnap biler.
46 Topar bolup wagza çykylsa, wagyzçylar birek-birekden köp zatlary öwrenýärler we ruhlanýarlar (Rim. 1:12). Täze wagyzçylar hem ukyply we tejribeli wagyzçylar bilen wagza çykyp ökdeleşýärler. Käbir ýerlerde iki ýa-da ondanam köpräk bolup wagyz etseň howpsuz bolýar. Eger siz biri bilen wagza belleşen bolsaňyzam, topar bolup wagyz ediljek güni oňa gatnaşsaňyz ruhlanarsyňyz. Tutuş toparyň wagza çykyp, hemmeleriň bir meýdançada wagyz edip ýörenini görmek, size has ynamly wagyz etmäge kömek eder. Pionerler we wagyzçylar her bir wagyz duşuşygyna (her gün geçirilse-de) hökman gatnaşmalydyr öýtmeli däl. Emma olar her hepde wagyz duşuşygynyň, iň bolmanda, käbirine gatnaşsa gowy bolar.
47 Geliň, ählimiz Isanyň we resullaryň göreldesine eýereliň. Patyşalyk baradaky hoş habary wagyz etmek üçin edýän tagallalarymyzy Ýehowa hökman bereketlär (Luka 9:57—62).