Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • km 7/12 sah. 4—7
  • Käbir adamlara wagyz etmek üçin, ilki, olary gözlemeli

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Käbir adamlara wagyz etmek üçin, ilki, olary gözlemeli
  • Hudaýa gullugymyz — 2012
  • Meňzeş maglumat
  • Başga dilde gepleýän adamlara wagyz ediň
    Hudaýa gullugymyz — 2009
  • Hoş habary wagyz etmegiň usullary
    Ýehowanyň islegini ýerine ýetirýän gurama
  • Eger adam başga dilde geplese
    Hudaýa gullugymyz — 2008
  • Daşary ýurt dilinde gepleýän adamlara wagyz edýäris
    Mesihçileriň durmuşy we wagzy. Okuw depderi — 2018
Hudaýa gullugymyz — 2012
km 7/12 sah. 4—7

Käbir adamlara wagyz etmek üçin, ilki, olary gözlemeli

1. Köp dilde gürleýän ýerde ýygnagyň territoriýasy näme üçin diline görä bellenilýär?

1 B. e. 33-nji ýylynda Pentikost güni Isanyň şägirtleri mukaddes ruhy alandan soň, ýeriň ähli künjeginden gelen adamlaryň «dillerinde gepläp başladylar» (Res. iş. 2:4). Netijede, 3 000-e golaý adam suwda çokundyryldy. Şol adamlaryň köpüsi giňden ýaýran ýewreý we grek dillerinde gepläp bilýärdiler. Muňa garamazdan, Ýehowa olara Hudaýyň patyşalygy barada öz ene dilinde eşitdirdi. Dogrudanam, adamlar köplenç hoş habary ene dilinde eşidende, höwes bilen kabul edýärler. Şu günlerem köp dilde gürleýän ýerlerde her bir dil üçin aýratyn ýygnak döredilýär (Guramaçylykly, (rus.) s. 107, abz. 2, 3). Başga dildäki topar üçin aýratyn territoriýa berilmese-de, olara degişli ýygnagyň ýa-da goňşy ýygnaklaryň territoriýasynda öz dilinde gepleýän adamlara wagyz edýärler.

2. a) Seniň ýygnagyň dilinde gürleýän adamlary nädip we nireden gözlemeli? b) Köp dilde geplenýän ýerdäki ýygnaklar nädip arkalaşyp biler? ç) Başga dilde gürleýän adam hakykat bilen gyzyklansa näme etmeli?

2 Ýaşaýan ýeriňde hemmeler bir dilde gürleýän bolsa, öýden-öýe wagyz edip bilersiň. Emma sen uly şäherde ýaşaýan bolsaň, adamlar köp dilde gepleýärler we başgaça wagyz etmeli bolýar. Şol ýerde başga dilde gepleýän ýygnaklar hem wagyz edýän bolmagy mümkin. Beýleki ýygnaklar seniň diliňde gürleýän adamlar barada maglumat berseler-de, wagyz edilmeli adamlary, esasan, seniň ýygnagyň ýa toparyň gözläp tapmaly («Arkalaşyň» diýen çarçuwa seret). Şol sebäpli belli bir dilde gürleýän adamlary habar bermegi haýyş edip, olaryň gözlegine çykmaly. Seniň diliňde gürleýän adamlary nädip gözläp tapmaly?

3. Ýygnagyň ýa-da toparyň dilinde gepleýän adamlary nireden gözlemeli we muňa näçe wagt gerek?

3 Gözlemegiň usullary. Şäheriňizde adamlar dürli dilde gepleýän bolsalar ýygnagyňyzyň dilinde gepleýän adamlary gözläp tapmak ýerli ýagdaýlara bagly bolýar. Meselem, näçe adam şol dilde gepleýär? Näçe wagyzçy bar? Ýygnagyňyzda ýa-da toparyňyzda näçe adres bar? Ýygnak şol dilde gepleýän adamlary hökman ähli ýerde gözlemeli däl, ýöne bellenen territoriýasynyň köp ilatly etrapçalarynda ýa-da uzak bolmadyk ýerlerde gözläp biler. Emma ýygnagyňyzyň dilinde gepleýän adamlary guramaçylykly gözlemek wajyp, şonda has köpräk adamlar Ýehowanyň adyny çagyryp biler (Rim. 10:13, 14).

4. a) Adamlary gözlemek üçin näme etmeli? b) Ýygnagyňyzyň dilinde gepleýän adamlary nädip tapmaly?

4 Ýygnagyňyzyň dilinde gepleýän adamlary gözläniňizde, iki işli bolmaz ýaly, ýaşulular maslahaty, esasan-da, wagyz gözegçisi bu işi gurnamaly we seretmeli (1 Kor. 9:26). Daşary ýurt dilinde gepleýän topara seredýän ýygnagyň ýaşulular maslahaty şol topara gözegçilik etmegi ukyply dogana, mümkin bolsa, ýaşula ýa-da gulluk hyzmatça tabşyryp biler. Başda köp ýygnaklar we toparlar şol dilde giňden ýaýran adam atlaryny telefon kitabyndan ýa-da Internetden gözleýärler. Soňra meýdança giriziljek adresleri kesgitlemek üçin jaň edýärler ýa-da aýlanyp çykýarlar. Eger ýerlikli hasaplansa, onda daşary ýurt dilinde gepleýän topara seredýän ýygnagyň ýaşulular maslahaty ähli wagyzçylardan käte şol dilde gepleýän adamlary gözlemegi haýyş edip biler («Ýygnagyňyzyň dilinde gepleýän adamlary nädip gözlemeli?» diýen çarçuwa seret).

5. a) Ýygnagyňyzyň dilinde gepleýän adamlary gözleýän wagyzçylara näme maslahat berilýär? b) Gözleýän mahalymyz adamlara näme diýip bileris?

5 Biz her gezek adamlary gözlände, maksadymyzy unutmaly däl. Bu-da gullugyň bir görnüşi, şonuň üçin wagza çykýan ýaly geýinmeli. Köp wagyzçylar adamlary gözleýän wagty wagyz üçin hödüri ulanýarlar we şol dilde gepleýärler, bu olara ruhlanmaga we dili has-da özleşdirmäge kömek edýär. Biz adamlary gözlemek üçin sarp eden wagtymyzy ýazyp bileris, ýöne meýdançany çyzmak ýa-da adresleri ýazmak üçin giden wagty ýazmaly däl. Eger biz şol dilde gepleýän adamy tapsak, onda hoş habary wagyz etmeli, soňra bolsa meýdança kartoçkalarynyň ýazgylaryny täzelemek üçin wagyz gözegçisine ýa-da bellenen dogana habar bermeli. Şol adam hakykat bilen gyzyklanmasa-da, muny aýtmaly. Ýygnagyňyzyň dilinde gepleýän adamlary gözlemek wajyp bolsa-da, paýhasly bolup, gullugyň ähli görnüşlerine gatnaşmaly («Adamlary gözleýän mahalyň näme diýmeli?» diýen çarçuwa seret).

6. Lal adamlary näme üçin gözlemek kyn?

6 Lallary gözlemek. Lallary tapmak örän kyn bolany üçin, erjel bolmaly we köp tagalla etmeli. Lal adamy adyndan, daş keşbinden we egin-eşiginden tanap bolmaýar. Onsoňam, maşgala agzalary we dost-ýarlary lal adamy gorajak bolup, wagyzçylara hiç zat aýtmazlygy mümkin. Lal adamlary gözläp tapmak barada berilýän maslahatlar başga dilde gepleýän adamlary tapmak üçin hem peýdaly bolup biler.

7. a) Ýerli ýaşaýjylar lal adamlary tapmaga nädip kömek edip biler? b) Öý eýesi özüni arkaýyn duýar ýaly näme edip bileris?

7 Lal dilindäki ýygnaklar we toparlar, lal adamlar hakynda köplenç ýerli ýaşaýjylardan soraýarlar. Belki, öýden-öýe wagyzda duşan adamyň lal goňşusy, işdeşi ýa-da klasdaşy bardyr. Belki, ol ýoldan geçýän lal çagalardan ägä bolmak barada duýdurýan ýol belgisini görendir. Mümkin, lal dogan-garyndaşy bardyr. Seniň berýän soraglaryň sebäpli, öý eýesi biraz ätiýaçly bolmagy mümkin. Eger sen özüňi mähirli alyp baryp, maksadyňy gysgaça, sylag-hormat bilen düşündirseň, ol adam özüni arkaýyn duýar. Lal adamy gözleýän käbir wagyzçylar DVD-ni ulanyp, lallaryň dilinde Mukaddes Ýazgylary ýa-da başga edebiýatlary görkezip, soňra bolsa lal adamlar bilen Mukaddes Ýazgylar barada gürleşmek isleýändigini aýdýarlar. Eger öý eýesi hiç hili maglumat bermek islemese, onda lal dogan-garyndaşyna ýa-da dostuna berer ýaly, adresiňi galdyryp bilersiň.

8. Golaýdaky ýygnaklar lal ýygnagyna nädip kömek edip biler?

8 Lal dilindäki ýygnak golaýdaky başga ýygnaklardan kömek sorap biler. Olar ýylda bir ýa iki gün şäheriň käbir ýerlerinde bilelikde lal adamlary gözläp biler. Lal dilindäki ýygnagyň geçirýän wagyz üçin duşuşygynda edilmeli işler barada peýdaly maslahatlar berler we sahna görkeziler. Gözlemäge giden iki wagyzçydan biri lal ýygnagyndan bolmaly we olara gözlemeli ýeriniň kartasyny bermeli.

9. Lal adamlary olaryň gürrüňdeş bolýan, dynç alýan we olara hyzmat edilýän ýerlerden nädip gözläp bolar?

9 Şeýle-de lal adamlary olaryň gürrüňdeş bolýan, dynç alýan hem-de olara hyzmat edilýän ýerlerden gözläp bolar. Wagyzçylar ýagdaýa görä geýinmeli. Köpçülik bilen gürleşeniňden, bir ýa iki adam bilen gürleşeniň has gowy hem paýhasly bolar. Gürrüňdeşlik gowy geçse, onuň adyny we adresini alyp, öz adresiňi hem berip bilersiň.

10. Wagyzçylar iş we söwda ýerlerinde lal adamlary nädip gözläp biler?

10 Şeýle-de şäherdäki iş we söwda ýerleriň kartasyny düzüp, olary aýlanyp çyksa bolar. Ulaglara ýangyç guýulýan ýerleriň aýratyn kartasyny düzse bolýar. Beýleki kartada himçistkalary, restoranlary, myhmanhanalary we şoňa meňzeş ýerleri görkezse bolar. Eger her kartada belli bir edara görnüşleri çyzylan bolsa wagyzçylar şol bir hödüri ulanyp, tejribesini artdyrar we ökdeleşer. Meselem, myhmanhana köplenç lal adamlar gelýän bolsa, onda myhmanhananyň işgärine maksadymyzy gysgaça düşündirip, lal myhmanlar üçin DVD edebiýaty goýup bileris. Käbir ýerlerde bolsa lal işgärler we lal müşderiler barada sorap bileris. Ýaşaýan ýeriňizde lallaryň mekdebi bar bolsa, biz olaryň kitaphanasyna DVD edebiýaty hödürläp bileris.

11. Näme üçin başga dilde gürleýän adamlary gözlemek gullugyň wajyp görnüşi hasaplanýar?

11 Wajyp iş. Ýygnagyňyzyň dilinde gürleýän adamlary gözläp tapmak aňsat däl. Üstesine-de, käbir şäherleriň ilaty gitdigiçe artýar. Käbir ýerlerde adamlar göçüp gidýär ýa-da gelýär, şol sebäpli meýdança kartoçkalarynyň ýazgylaryny wagtly-wagtynda täzelemek kynlaşýar. Muňa garamazdan, gitdigiçe köp şäherlerde başga dilde gürleýän adamlary gözläp tapmak gullugyň wajyp görnüşi hasaplanýar. Bize wagyz etmegi tabşyran Ýehowa hiç kimi ala tutmaýar (Res. iş. 10:34). «Ol bütin adamlaryň gutulmagyny, hakykat bilimine ýetmegini isleýär» (1 Tim. 2:3, 4). Geliň, Ýehowa we birek-birek bilen hyzmatdaşlyk edip, dürli dilde gepleýän «ýagşy hem ak ýürekli» adamlary gözläp tapalyň (Luka 8:15).

[5-nji sahypadaky çarçuwa]

«Arkalaşyň»

Eger ýygnak ýa topar öz dilinde gürleýän adamlary tapmak üçin kömege mätäç bolsa, onda wagyz gözegçisi başga dilde gepleýän goňşy ýygnaklaryň ýaşululary bilen habarlaşmaly. Siziň habarlaşjak ýygnagyňyz golaýda ýerleşýän bolmaly we olaryň territoriýasynda diliňizde gepleýän adamlar köpräk bolmaly. Şol ýygnaklaryň wagyzçylary başga dilde gepleýän adamy tapsa, adresini ýazyp wagyz gözegçisine habar berip biler. Ol hem öz gezeginde maglumaty kömek soran ýygnaga ýa-da topara berer. Ýygnaklaryň wagyz gözegçileri birek-birek bilen arkalaşyp, dürli dilli territoriýada wagyz etmegi we gyzyklanýan adamlary degişli ýygnaga ýa-da topara ugrukdyrmagy tertipleşdirip biler.

Eger wagyzçylar hakykat bilen gyzyklanýan, ýöne başga dilde gepleýän (ýa-da lal) adamy tapsa, olar derrew «Şu adamy idemegi haýyş edýäris» (S—43) diýen resmikagyzy dolduryp, ýygnagyň kätibine bermeli. Şonda ol adama ruhy taýdan kömek çalt berler (km 5/11 s. 3).

[6-nji sahypadaky çarçuwa]

Ýygnagyňyzyň dilinde gürleýän adamlary nädip tapmaly?

• Mukaddes Ýazgylary öwrenýänlerden, olaryň maşgala agzalaryndan, işdeşlerinden we başga adamlardan soramaly.

• Telefon kitapçasyndan diliňizde giňden ýaýran atlary gözläň. Şeýle-de Internet ýa-da telefon edarasy arkaly adresler boýunça gözläň.

• Köpçülik ýerlerinde meselem, kitaphanalarda, edaralarda, okuw jaýlarynda seresaplyk bilen soraşdyryň.

• Ýerli gazetlerden daşary ýurtly adamlaryň geçirýän çäreleri barada bildirişleri gözläň.

• Daşary ýurtly adamlara hyzmat edýän iş we söwda merkezlerine aýlanyp görüň.

• Ýolbaşçy işgärler rugsat etse, iş ýerlerde, aeroportlarda, wokzallarda köp duş gelýän dillerde edebiýatlary stoluň üstünde goýuň.

• Ýurduň kanunyna laýyk bolsa, adamlaryň köp bolýan ýerleriniň sprawoçnigini ýa-da olary Internetden tapmak üçin kompýuter programmasyny satyn alyň.

[7-nji sahypadaky çarçuwa]

Adamlary gözleýän mahalyň näme diýmeli?

Adam bilen mähirli, ak ýürekden we aç-açan gürleşsek, ol özüni arkaýyn duýar. Munuň üçin başda şol dilde edebiýaty görkezmeli.

Salamlaşandan soň şeýle diýip bilersiň: Biz şu ______ dilde gepleýän adamlary gözläp, Mukaddes Ýazgylara esaslanan umyt hakynda gürrüň berýäris. Siz şu dilde gepleýän adamlary bilýärsiňizmi?

Lal adamlary gözläniňizde, şeýle diýip bilersiňiz: «Salam. Men size bir zat görkezsem bolýarmy? (Elde göterilýän DVD-pleýerde Mukaddes Ýazgylardan bir aýady görkez). Şu gören aýadyňyz rus lal dilinde. Bizde lal adamlara Hudaý barada öwretmek üçin Mukaddes Ýazgylardan başga-da edebiýatlar bar. Siz lal ýa gulagy agyr adamy tanaýarsyňyzmy?». Eger öý eýesi hiç kimi ýadyna düşürip bilmese, onda lal adamlara duşaýjak ýerlerini agzap bilersiňiz, belki, ol işde, mekdepde ýa-da başga bir ýerde lal adamy görýändir.

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş