Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • od bap 8 sah. 72—86
  • Wagyzçylar

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Wagyzçylar
  • Ýehowanyň islegini ýerine ýetirýän gurama
  • Sözbaşylar
  • Meňzeş maglumat
  • WAGYZÇY BOLMAGA HÖWESLENDIRIŇ
  • WAGYZÇY BOLMAK ÜÇIN TALAPLAR
  • ÝAŞLARA KÖMEK EDIŇ
  • ÖMRÜŇI ÝEHOWA BAGYŞ EDIP, SUWA ÇÜMDÜRILMEK
  • WAGYZ HASABATY
  • WAGYZÇYNYŇ HASABATY
  • «WAGYZ DEPDERÇESI»
  • WAGYZ HASABATYNY NÄME ÜÇIN TABŞYRMALY?
  • MAKSAT GOÝUŇ
  • Sowally bukja
    Hudaýa gullugymyz — 2013
  • Mukaddes Ýazgylary öwrenýänlere Hudaýyň Patyşalygynyň wagyzçysy bolmaga kömek ediň
    Hudaýa gullugymyz — 2008
  • Goşmaça maglumat
    Ýehowanyň islegini ýerine ýetirýän gurama
  • Hoş habary wagyz etmegiň usullary
    Ýehowanyň islegini ýerine ýetirýän gurama
Başgalary
Ýehowanyň islegini ýerine ýetirýän gurama
od bap 8 sah. 72—86

8-NJI BAP

Wagyzçylar

ISA MESIH hoş habary wagyz edip, gowy görelde galdyrdy (1 Pet. 2:21). Isadan görelde alyp, hoş habary wagyz edýän adama wagyzçy diýilýär. Isa hoş habary wagyz etmegiň güýjüňe güýç goşýandygyny bilýärdi. Şonuň üçin şeýle diýdi: «Eý ýadaw we agyr ýükli adamlar! Meniň ýanyma geliň, men sizi ruhlandyraýyn. Men ýumşak we pesgöwünlidirin, meniň boýuntyrygymy dakynyň, menden görelde alyň, şonda janyňyz rahatlyk tapar» (Mat. 11:28, 29). Isadan görelde alýan adamlar onuň sözleriniň dogrudygyna göz ýetirýärler.

2 Hudaýyň Baş Wekili Isa käbir adamlary şägirdi edip saýlady (Mat. 9:9; Ýah. 1:43). Ol şägirtlerine tälim berip, hoş habary wagyz etmäge iberýärdi (Mat. 10:1—11:1; 20:28; Luka 4:43). Soňra ol ýene 70 şägirdini Hudaýyň Patyşalygy barada wagyz etmäge iberýär (Luka 10:1, 8—11). Şonda Isa olara: «Sizi diňleýän, meni diňleýändir. Sizden ýüz öwürýän, menden hem ýüz öwürýändir. Menden ýüz öwürýän adam bolsa meni Iberenden-de ýüz öwürýändir» diýdi (Luka 10:16). Şeýdip, Isa pygamber tabşyran işiniň örän jogapkärlidigini görkezdi. Şol wagtlar hem, şu günler hem şägirtler Gudratygüýçli Hudaýyň we Isanyň adyndan wagyz etmelidiler (Luka 18:22; 2 Kor. 2:17). Olaram Patyşalyk baradaky hoş habary wagyz edip we şägirt taýýarlap Hudaýyň tabşyran işini ýerine ýetirýärler (Mat. 24:14; 28:19, 20).

3 Biz Isanyň şägirdi bolup Ýehowany we Isa Mesihi gowy tanap bilýäris (Ýah. 17:3). Şeýle-de biz Ýehowanyň niýetine, islegine has gowy düşünýäris. Onuň kömegi bilen pikirimizi üýtgedýäris, Hudaýa ýaraýan häsiýetleri we ony razy edip ýaşamagy öwrenýäris (Rim. 12:1, 2; Efes. 4:22—24; Kol. 3:9, 10). Ýehowanyň söýgüsine minnetdarlygymyz bütin ömrümizi oňa bagyş etmäge we suwa çümdürilmäge höweslendirýär. Biz suwa çümdürilsek, Ýehowanyň gullukçysy bolýarys.

4 Hudaýa gulluk etmek üçin ýüregimiz päk bolmaly, erbet işleriň golaýyna-da barmaly däl (Zeb. 24:3, 4; Işa. 52:11; 2 Kor. 6:14—7:1). Isanyň töleg gurbany arkaly biz Hudaýa arassa ynsap bilen gulluk edip bilýäris (Ýew. 10:19—23, 35, 36; Ylh. 7:9, 10, 14). Pawlus resul mesihçileriň hiç kimi büdretmän, ähli zady Hudaýy şöhratlandyrmak üçin etmelidigini aýtdy. Petrus resul bolsa göreldämiz bilen köp adamlara hoş habara seslenmäge kömek edip biljekdigimizi düşündirdi (1 Kor. 10:31, 33; 1 Pet. 3:1). Okuw geçýänlere wagyzçy bolmaga nädip kömek etmeli?

WAGYZÇY BOLMAGA HÖWESLENDIRIŇ

5 Biri bilen Mukaddes Kitapdan okuw geçip başlan badyňyza, ony öwrenen zatlaryny dogan-garyndaşlaryna, dost-ýarlaryna, işdeşlerine wagyz etmäge höweslendiriň. Ol mümkinçilikden peýdalanyp tanamaýan adamlaryna-da wagyz etmeli. Isanyň şägirdi bolmak isleýän adam hökman wagyz etmegi öwrenmeli (Mat. 9:9; Luka 6:40). Okuw geçýän adam ruhy taýdan össe, bilen zatlaryny adamlara çekinmän gürrüň berse, onda wagyzçy bolmak islegi has-da artar.

WAGYZÇY BOLMAK ÜÇIN TALAPLAR

6 Wagyzçy bolmak isleýän adam belli bir talaplara laýyk gelmeli. Sebäbi biziň bilen wagyz edýän adamy Ýehowanyň Şaýady hökmünde tanaýarlar. Eger ol Ýehowanyň kada-kanunlary boýunça ýaşaýan bolsa, suwa çümdürilmedik wagyzçy bolup biler.

7 Siz biri bilen okuw geçýän bolsaňyz, ony gowy tanaýansyňyz. Siz oňa Mukaddes Kitapdaky prinsipleri, olary durmuşda nädip ulanmalydygyny öwredensiňiz. Şonuň üçinem onuň ýagdaýyny gowy bilýänsiňiz. Ýöne ýaşulularam okuw geçýäniň wagyzçy bolmaga taýyndygyny bilmek üçin ikiňiz bilenem gürrüňdeş bolarlar.

8 Ýygnagyň koordinatory siziň bilen gürrüňdeş bolmagy iki ýaşula tabşyrar. Olaryň biri gulluk komitetiniň agzasy bolmaly. Käbir ýygnaklarda ýaşuly az bolansoň, gürrüňdeşligi bir ýaşuly bilen hyzmatçy dogan geçirip biler. Şol doganlar gürrüňdeşligi soňa goýman geçirjek bolmaly. Eger okuw geçýän ýaşululara wagyzçy bolmak isleýändigini ýygnaga gelende aýtsa, onda olar duşuşykdan soň gürrüňdeş bolarlar. Gürrüňdeşlikde okuw geçýän özüni arkaýyn duýar ýaly ýaşulular elinde baryny etmeli. Ýaşulular okuw geçýän bilen gürrüňdeş bolanda şu zatlara üns bermeli:

  1. 1. Okuw geçýän Mukaddes Kitabyň Hudaý tarapyn ýazylandygyna ynanmaly (2 Tim. 3:16).

  2. 2. Mukaddes Kitabyň esasy taglymatlaryny gowy bilip, olara ynanmaly. Ýalan dini düşünjelere ýa-da öz pikirine görä däl-de, Hudaýyň Sözüne esaslanyp jogap bermeli (Mat. 7:21—23; 2 Tim. 2:15).

  3. 3. Ol Mukaddes Kitabyň tabşyrygyna eýerip, Hudaýyň halkynyň geçirýän ýygnaklaryna barmaly (Zeb. 122:1; Ýew. 10:24, 25).

  4. 4. Mukaddes Kitapda ahlaksyzlyk, zyna, köp aýallylyk, gomoseksualizm barada näme diýilýändigini gowy bilmeli we şoňa görä ýaşamaly. Eger erkek bilen aýal nikadan geçmän ýaşaşýan bolsa, onda olar nikasyny kanun taýdan resmileşdirmeli (Mat. 19:9; 1 Kor. 6:9, 10; 1 Tim. 3:2, 12; Ýew. 13:4).

  5. 5. Mukaddes Kitapda serhoşlygyň ýazgarylýandygyna düşünmeli we ondan gaça durmaly. Şeýle-de keýp üçin dermanlary we neşe serişdelerini ulanmaly däl (2 Kor. 7:1; Efes. 5:18; 1 Pet. 4:3, 4).

  6. 6. Gowy häsiýetlerini, endiklerini bozýan adamlar bilen gatnaşmaly däl (1 Kor. 15:33).

  7. 7. Ýalan dinden doly çykmaly, dini däp-dessurlara gatnaşmaly däl we olary hiç hili goldamaly däl (2 Kor. 6:14—18; Ylh. 18:4).

  8. 8. Syýasy işlere goşulmaly däl (Ýah. 6:15; 15:19; Ýak. 1:27).

  9. 9. Işaýa 2:4-däki sözler bilen ylalaşmaly. Dawa-jenjellere, uruşlara goşulman, bitaraplygy saklamaly.

  10. 10. Ýehowanyň Şaýady bolmaga islegi bolmaly (Zeb. 110:3).

9 Eger ýaşulular onuň käbir zatlara düşünýän-düşünmeýändigine doly göz ýetirip bilmeseler, onda sorag berip, aýatlar arkaly pikir alşyp biler. Ýehowanyň Şaýatlary bilen wagyz etmek isleýän adam ýokarda agzalan kada-kanunlar boýunça ýaşamalydygyna düşünmeli. Okuw geçýäniň jogaplaryndan Hudaýyň Sözündäki prinsiplere düşünýändigini we wagyzçy bolmak üçin talaplara laýyk gelýändigini bilip bolýar.

10 Ýaşulular okuw geçýäniň wagyzçy bolandygyny ýa bolmandygyny derrew aýtmaly. Eger talaba laýyk gelýän bolsa, söhbetdeşlikden soň doganlar onuň wagyzçy bolandygyny aýdyp bilerler (Rim. 15:7). Ýaşulular ony şol aý wagza çykyp, hasabat tabşyrmaga höweslendirmeli. Şeýle-de ýaşulular onuň adyna «Wagyz depderçesi» diýen blankanyň açylýandygyny we her aýky hasabatynyň şoňa ýazylýandygyny düşündirmeli. Şol hasabatlar arkaly gurama bütin dünýäde wagyz işiniň gidişini bilip bilýär. Wagyzçylar yzygider wagyz eder ýaly, olara gerekli kömek berler ýaly ýaşulular şol hasabatlary toplaýar. Şeýle-de ýaşulular täze wagyzçynyň maglumatlarynyň jw.org saýtyndaky «Ýehowanyň Şaýatlarynyň şahsy maglumatlaryny goramak syýasaty» esasynda ulanylýandygyny aýdýarlar.

11 Biz täze wagyzçy bilen ýakyndan tanyşsak, gyzyklanyp dursak, gerekli kömegi bersek, oňa güýçli täsir eder. Ol her aý wagyz hasabatyny tabşyryp, Ýehowa köpräk gulluk etmek üçin elinde baryny eder (Flp. 2:4; Ýew. 13:2).

12 Eger okuw geçýän wagyzçy bolmak üçin talaba laýyk gelýän bolsa, ol «Ýehowanyň islegini ýerine ýetirýän gurama» kitabyny alyp biler. Ol ilkinji gezek wagyz hasabatyny tabşyransoň, ýygnakda onuň suwa çümdürilmedik wagyzçy bolandygy bildiriş ediler.

ÝAŞLARA KÖMEK EDIŇ

13 Çagalaram wagyzçy bolup bilýär. Isa çagalara-da üns berip, olara ak pata berýärdi (Mat. 19:13—15; 21:15, 16). Çagalara ene-atasy jogapkär bolsa-da, hoş habary wagyz etmek isleýän ýaşlara ýygnakdaky dogan-uýalaram kömek edip biler. Ene-atalar, wagyzda yhlasly bolsaňyz çagalaryňyz sizden görelde alar. Çaga ene-atasyna gulak asýan bolsa, özem wagyzçy bolasy gelýän bolsa, oňa nädip kömek edip bolar?

14 Ene-atalar çagasynyň wagyzçy bolmak isleýändigini ýygnagyň gulluk komitetindäki ýaşulularyň birine aýdyp biler. Ýaşulular maslahatynyň koordinatory çaga bilen gepleşmek üçin iki ýaşulyny bellär. Olaryň biri gulluk komitetiniň agzasy bolmaly. Çaganyň ýanynda mesihçi ene-atasynyň biri (belki, ikisem) ýa-da ýakyn hossary bolmaly. Wagyzçy bolmak isleýän çaga Mukaddes Kitabyň esasy taglymatlaryna düşünmeli, wagyz etmäge islegi bolmaly. Şeýle-de ýaşulular onuň beýleki talaplara laýyk gelýän-gelmeýändigini anyklarlar. Şondan soň onuň wagyzçy bolup bilýän-bilmeýändigine göz ýetirerler (Luka 6:45; Rim. 10:10). Gürrüňdeşlikde çagalara degişli bolmadyk soraglary bermek hökman däl.

15 Ýaşulular gürrüňdeşlikde çagany ruhy taýdan ösýändigi üçin öwmeli, suwa çümdürilmäge höweslendirmeli. Çagalaryny hakykat ýolunda terbiýelemek üçin ene-atalaram elinde baryny edýärler. Olaryň hem çekýän agyr zähmetine sagbolsun aýdyň. Mundan beýläk hem çagalaryny gowy terbiýelär ýaly, ýaşulular ene-atalary şu kitabyň 179—181-nji sahypalaryndaky «Mesihçi ene-atalara!» berilýän maslahatlary okamaga höweslendirmeli.

ÖMRÜŇI ÝEHOWA BAGYŞ EDIP, SUWA ÇÜMDÜRILMEK

16 Siz Ýehowany tanap, ony ýürekden söýýändigiňiz üçin Hudaýy razy edip ýaşaýarsyňyz, ol barada höwes bilen gürrüň berýärsiňiz. Emma Ýehowanyň ýakyn dosty bolmak üçin ýene-de bir zat etmeli. Ýehowa ömrüňi bagyş edip, suwa çümdürilmeli (Mat. 28:19, 20).

17 Ömrüni Ýehowa bagyş etmek isleýän adam oňa doga edip, bütin ömrüne gulak asyp ýaşajakdygyny söz berýär. Ol şeýdip Hudaýa ýürekden wepaly bolmak isleýändigini görkezýär (5 Mus. 5:9). Elbetde, karara her kimiň özi gelmeli. Muny size derek hiç kim edip bilmez.

18 Siz Ýehowa doga edip, söz bereniňizden soň, Isanyň göreldesine eýerip suwa çümdürilmeli. Şonda başgalar hem ömrüňizi Ýehowa bagyş edendigiňizi bilerler (1 Pet. 2:21; 3:21). Siz suwa çümdürilmek isleýän bolsaňyz, ýaşulular maslahatynyň koordinatoryna aýdyň. Ol talaplara laýyk gelýändigiňizi bilmek üçin siziň bilen ýaşulularyň gürrüňdeş bolmagynyň aladasyny eder. Köpräk bilmek üçin, şu kitabyň 182—184-nji sahypalardaky «Suwa çümdürilmedik wagyzçylar!» diýen sözbaşa we 185—207-nji sahypalardaky «Suwa çümdüriljekler bilen söhbetdeşlige» seredip bilersiňiz.

WAGYZ HASABATY

19 Ençeme ýyldan bäri bütin dünýäde Hudaýa arassa sežde edýän adamlar gitdigiçe köpelýär. Şeýle hasabatlary eşidip, örän begenýäris. Isa Mesih şägirtlerine hoş habaryň bütin ýer ýüzünde wagyz ediljekdigini aýdypdy. Şondan bäri mesihçiler Isanyň sözleriniň nädip ýerine ýetýändigini bilesi gelýär (Mat. 28:19, 20; Mar. 13:10; Res. 1:8).

20 I asyrdaky mesihçiler hoş habaryň wagyz edilişi hakda hasabatlary eşidip ruhlanýardylar (Mar. 6:30). Resullar kitabynda b. e. 33-nji ýylynyň Pentikost güni 120 şägirdiň üstüne Hudaýyň mukaddes ruhunyň inendigi aýdylýar. Birnäçe günden 3 000-e, soňra 5 000-e golaý adamyň şägirtlere goşulandygy aýdylýar. Şeýle-de «Ýehowanyň... her gün halas etjek adamlaryny şägirtleriň arasyna goşýandygy», «hatda köp ruhanylaryň hem iman edendigi» ýazylan (Res. 1:15; 2:5—11, 41, 47; 4:4; 6:7). Şeýle hasabatlary eşidip şägirtler örän begenendir, güýjüne-güýç goşulandyr. Ýehudy dini ýolbaşçylar näçe garşy çyksalar hem, olar hoş habary yhlasly wagyz etdiler.

21 Pawlus resul takmynan b. e. 60, 61-nji ýyllarynda koloslylara ýazan hatynda «hoş habaryň bütin dünýä ýaýrap miwe berýändigini» we «gök astyndaky ähli adamlara wagyz edilýändigini» aýtdy (Kol. 1:5, 6, 23). Mesihçiler Hudaýa gulak asyp, mukaddes ruhuň güýji bilen b. e. 70-nji ýylynda Iýerusalimiň weýran edilmeginiň öň ýanynda, gök astyndaky ähli adamlara wagyz etdiler. Şonda Hudaýyň wepaly gullukçylary şeýle şatlykly habary eşidip örän begenendirler.

Dünýäniň soňy gelýänçä, her birimiz wagyz işine öz goşandymyzy goşmaly

22 Şu günlerem Ýehowanyň Şaýatlary wagyz işi hakda hasabatlary ýöredýär. Hasabatlardan biz Matta 24:14-däki: «Patyşalyk baradaky hoş habar bütin ýer ýüzünde ähli milletlere wagyz ediler, soňra dünýäniň soňy geler» diýen pygamberligiň uly möçberde ýerine ýetýändigine göz ýetirýäris. Biz hoş habary wagyz etmegi wajyp hasaplaýarys, sebäbi Hudaý bizi öz halky edip saýlady. Dünýäniň soňy gelýänçä, her birimiz wagyz işine öz goşandymyzy goşmaly. Ýehowa wagyz işiniň doly ýerine ýetirilmegine özi gözegçilik edýär. Biz hem oňa ýürekden gatnaşsak, Ýehowanyň razylygyny gazanarys (Hyz. 3:18—21).

WAGYZÇYNYŇ HASABATY

23 Wagyz hasabatyny tabşyranymyzda nämeleri anyk görkezmeli? Guramamyzyň taýýarlan «Wagyz hasabaty» (S-4) atly blankasynda nähili maglumatlaryň gerekdigi görkezilýär. Aşakda getirilen maglumatlar blankany dolduranyňyzda size kömek eder.

24 «Edebiýatlar» diýen ýerde suwa çümdürilmedik adamlara näçe edebiýat (çap edilen ýa-da elektron görnüşinde) berendigiňizi ýazmaly. «Wideolar» diýen ýerde bolsa guramamyzyň çykaran wideolaryny näçe gezek görkezendigiňizi bellemeli.

25 «Gaýtadan idegler» diýen ýerde suwa çümdürilmedik adamy näçe gezek idändigiňizi görkezmeli. Gyzyklanan adam bilen görşeniňizde, hat ýazanyňyzda, jaň edeniňizde, SMS ýazanyňyzda ýa-da okamak üçin edebiýat bereniňizde hem gaýtadan ideg diýip belläp bolýar. Biri bilen her gezek okuw geçeniňizde ideg diýip ýazyp bilersiňiz. Suwa çümdürilmedik çagasy bilen maşgala okuwyny geçirýän maşgalabaşy ýa-da ejesi her hepde hasabatyna bir ideg diýip belläp bilýär.

26 Gyzyklanýan adam bilen her hepde okuw geçilse-de, aýda bir okuw diýip bellemeli. Wagyzçy aýyň dowamynda näçe adam bilen Mukaddes Kitap okuwyny geçiren bolsa, «Wagyz hasabaty» blankasynyň «Mukaddes Kitap okuwy» diýen ýerine adam sanyny ýazmaly. Hasabatda suwa çümdürilmedik wagyzçylar bilen geçirilen okuwy, gulluk komitetiniň görkezmesi boýunça wagyz etmeýän dogan ýa-da uýa bilen geçirilen okuwy we «Ebedi ýaşaň!» kitabyny doly geçip gutarmadyk ýaňy-ýakynda suwa çümdürilen adam bilen geçirilen okuwy ýazsa bolýar.

27 «Sagatlar» diýen ýere her aý näçe sagat wagyz edendigiňizi ýazmaly. Meselem, öýden-öýe wagyz edeniňizde, gyzyklanan adamlary idäniňizde, Mukaddes Kitap okuwyny geçireniňizde we islendik mümkinçilikden peýdalanyp suwa çümdürilmedik adama wagyz edeniňizde sagadyňyzy ýazyp bilersiňiz. Iki wagyzçy gulluga çyksa, olaryň ikisem wagyz eden wagtyny belläp biler. Ýöne olar gaýtadan ideg etse ýa-da birine okuw geçse, idegi we okuwy diňe biri ýazyp biler. Ene-atanyň ikisem maşgala okuwynda çagalaryna tälim berýär. Şol sebäpli olaryň ikisi-de wagyz hasabatyna her hepde bir sagat goşup bilýär. Doganlar ýygnakda jemagat nutugy bilen çykyş eden wagtyny hasabatyna goşup biler. Jemagat nutugyny terjime edýänler hem şol wagtyny ýazyp biler. Ýöne wagza taýýarlanan, wagyz duşuşygyna gatnaşan, ýygnagyň işlerine we şuňa meňzeş başga-da wajyp zatlara sarp eden wagtymyz hasabata ýazylmaýar.

28 Wagyzçylar wagyzda geçiren wagtynyň näçerägini hasabatyna ýazmalydygyny Mukaddes Kitap esasynda terbiýelenen ynsabyna görä çözmeli. Käbir wagyzçylar köp adamlaryň ýaşaýan ýerlerinde, käbiri bolsa adamlaryň seýrek duş gelýän we biri-birinden uzakda ýaşaýan ýerinde wagyz edýärler. Meýdançalar hem dürli-dürli bolýar. Diýmek, wagyzçylaryň gulluk eden sagadyny hasaplaýşy biri-biriniňkiden tapawutlanyp biler. Ýolbaşçylyk maslahaty dogan-uýalaryň wagyz eden sagadyny nädip hasaplamalydygy babatda belli bir düzgün goýmaýar. Şonuň üçin bizem şu meselede dogan-uýalary ýazgarmaly däl (Mat. 6:1; 7:1; 1 Tim. 1:5).

29 Wagyz hasabatynda minutlary däl-de, sagat sanyny ýazmaly. Ýöne wagyzçy garrylyk, agyr kesel sebäpli öýünden çykyp bilmeýän bolsa, garrylar öýünde ýaşaýan ýa-da başga sebäplere görä ýagdaýlary çäkli bolsa, ondan wagyz hasabatyny sagat görnüşinde tabşyrmak talap edilmeýär. Şeýle wagyzçy aýyň dowamynda bary-ýogy 15 minut wagyz edenem bolsa tabşyryp bilýär. Ol yzygiderli wagyz edýän wagyzçy hasaplanar. Agyr keselländigi ýa-da bir ýeri döwlendigi üçin bir aýlap hiç ýere çykyp bilmeýän dogan-uýalaram şeýle edip bilýär. Şu görkezme diňe ýagdaýlary gaty çäkli wagyzçylara degişli. Kimiň aýyň dowamynda bary-ýogy 15 minut tabşyryp biljegini gulluk komiteti çözýär.

«WAGYZ DEPDERÇESI»

30 Her aý tabşyrýan hasabatyňyz «Wagyz depderçäňize» ýazylýar. Depderçe wagyzçylara berilmeýär. Siz başga ýygnaga geçmekçi bolsaňyz, ýygnagyňyzyň ýaşulularyna habar bermeli. Ýygnagyň kätibi wagyz depderçäňizi täze ýygnagyňyza berer. Şonda barjak ýygnagyňyzyň ýaşululary sizi ýakyndan tanarlar we aladaňyzy edip bilerler. Eger uzak ýere gideniňizde üç aýdan köp bolmasaňyz, her aý wagyz hasabatyňyzy ýygnagyňyza ugradyň.

WAGYZ HASABATYNY NÄME ÜÇIN TABŞYRMALY?

31 Käte wagyz hasabatyny tabşyrmagy ýatdan çykarýarsyňyzmy? Elbetde, hemmämize wagtal-wagtal ýatlatmaly bolýar. Emma biz näme üçin hasabat tabşyrýandygymyza düşünsek, ony wagtynda tabşyrarys.

32 Ýöne käbirleri şeýle pikir etmegi mümkin: «Ýehowa meniň näçeräk wagyz edýänimi bilýär. Wagyz hasabatyny tabşyrmak nämä gerek?» Dogry, Ýehowa biziň janymyz-tenimiz bilen gulluk edýändigimizi, oňa iň gowusyny bermek üçin elimizde baryny edýändigimizi görýär. Emma Ýehowa Nuh pygamberiň näçe gününi gämide geçirendigini, ysraýyllaryň çölde näçe ýyl sergezdan bolandygyny, özüne wepaly bolanlaryň we gulak asmadyk adamlaryň sanyny ýazdyrdy. Şeýle-de Ýehowa ysraýyllaryň Kengan topragyndaky ýerleri yzly-yzyna basyp alşyny we wepaly kazylaryň ýerine ýetiren işlerini birin-birin ýazdyrdy. Dogrudanam, Mukaddes Kitapda Ýehowanyň gullukçylarynyň eden işleri jikme-jik aýdylýar. Görşümiz ýaly, Ýehowa her bir zadyň hasabatynyň ýöredilmegini isleýär.

33 Mukaddes Kitapdaky taryhy wakalardan Hudaýyň halkynyň anyk we dogry hasabatlary ýöredendigini bilýäris. Köplenç anyk sanlar görkezilmese, Mukaddes Kitapdaky wakalara doly düşünibem bolmaýar. Muňa şu aýatlar mysal bolup biler: 1 Musa 46:27; 2 Musa 12:37; Serdarlar 7:7; 2 Patyşalar 19:35; 2 Taryh 14:9—13; Ýahýa 6:10; 21:11; Resullar 2:41; 19:19.

34 Ýehowa sežde etmek üçin edýän işlerimiziň ählisi wagyz hasabatyna ýazylmaýar. Emma wagyz hasabatyny ýöretmegiň köp peýdasy bar. I asyrda resullaram wagyz edip gelensoň, Isa pygambere «eden işlerini we öwreden zatlaryny gürrüň berdiler» (Mar. 6:30). Hasabatlardan wagyz gullugynyň haýsy görnüşine köpräk üns bermelidigini, wagyzçylaryň köpelýändigini ýa-da azalýandygyny bilip bolýar. Şeýle-de dogan-uýalara nähili kömegiň gerekdigini ýa-da kynçylyklary nädip çözmelidigini bilip bolýar. Gözegçi doganlar hasabatlar arkaly wagyzçynyň ýa-da ýygnagyň ruhy taýdan ösmegine päsgel berýän kynçylyklary görüp, kömek edýärler.

35 Wagyz hasabatlardan gurama nirelere wagyzçylaryň kömeginiň gerekdigini bilýär. Şeýle-de nirelerde wagyzçylaryň köpelýändigine, haýsy ýerlerde ösüşiň pesdigine, nähili edebiýatlaryň adamlara hakykaty öwrenmäge kömek etjekdigine düşünýär. Mundan başga-da, dünýäniň dürli künjeginde wagyzda nähili edebiýatlaryň gerekdigini bilmäge we şol edebiýatlary öňünden taýýarlamaga kömek edýär.

36 Biz wagyz hasabatlary barada okap, eşidip örän ruhlanýarys. Bütin dünýädäki dogan-uýalaryň hoş habary yhlasly wagyz edýändigi barada eşidip begenýäris. Hasabatlardan Ýehowanyň guramasynyň diňe öňe gidýändigini görýäris. Bütin dünýäde wagyzda bolýan wakalary eşidip, biziňem janaýaman, yhlasly wagyz edesimiz gelýär (Res. 15:3). Görşümiz ýaly, wagyz hasabatyny tabşyryp, birek-biregi ruhlandyrýarys. Şeýle-de Ýehowanyň goýan tertip-düzgünine tabyn bolýarys (Luka 16:10; Ýew. 13:17).

MAKSAT GOÝUŇ

37 Adamlaryň ýagdaýy, wagyz edişi birmeňzeş bolmaýar. Şonuň üçin özümizi başgalar bilen deňeşdirmeli däl (Gal. 5:26; 6:4). Gaýtam wagyzda has-da ökdeleşmäge kömek edýän maksatlary goýup, olara ýetmäge jan etmeli. Şonda wagyzdan şatlyk taparys.

38 Ýehowa «uly betbagtçylykda» halas etjek adamlaryny ýygnaýar. Işaýa pygamberiň: «Az adamdan müň adam, ejizden güýçli halk dörär. Men, Ýehowa muny öz wagtynda tizleşdirerin» diýen sözleri gözümiziň öňünde ýerine ýetýär (Ylh. 7:9, 14; Işa. 60:22). Şonuň üçin soňky günlerde hoş habary wagyz etmek uly hormat (Mat. 24:14).

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş