7-NJI BAP
Ýygnaklar «birek-biregi söýmäge we ýagşy işleri etmäge höweslendirýär»
ENÇEME asyrdan bäri Ýehowanyň guramaçylykly halky bilelikde ýygnanyşýar. Gadymy döwürde ysraýylly ähli erkekler ýylda üç gezek uly baýramçylyklary bellemek üçin Iýerusalime gidýärdiler (5 Mus. 16:16). I asyrda-da mesihçiler imandaşlarynyň öýünde yzygider ýygnanyşýardylar (Flm. 1, 2). Şu günler bizem ýygnaklary, kongresleri geçirmek üçin ýygnanyşýarys. Şeýdip, mesihçiler Hudaýa sežde edýärler (Zeb. 95:6; Kol. 3:16).
2 Ýygnaklara gatnaşmak biziň özümize-de peýdaly. Geçmişde ysraýyllara her ýedi ýyldan bellenilýän Çatma baýramy barada şeýle tabşyrylypdy: «Uludan-kiçä hemmäni: erkekleri, aýallary, çagalary, şäheriňizde ýaşaýan gelmişekleri ýygnaň. Goý, olar Kanuny diňläp, Ýehowa Hudaýyňyz hakda bilsin, Hudaýdan gorkmagy we tabşyryklary berjaý etmegi öwrensin» (5 Mus. 31:12). Görşümiz ýaly, biz Ýehowadan «tälim almak» üçin ýygnanyşýarys (Işa. 54:13). Şeýle-de ýygnakda birek-biregi gowy tanap, ruhlandyryp hem ruhlanyp bilýäris.
ÝYGNAKLAR
3 B. e. 33-nji ýylynyň Pentikost gününden soňam şägirtler resullardan bilim alýardylar we «her gün agzybirlikde ybadathanada ýygnanyşýardylar» (Res. 2:42, 46). Soň-soňlaram mesihçiler Ýehowa sežde etmek üçin ýygnanyşanlarynda Hudaýyň ylhamy bilen ýazylan sözleri, resullardan we şägirtlerden gelen hatlary okaýardylar (1 Kor. 1:1, 2; Kol. 4:16; 1 Sel. 1:1; Ýak. 1:1). Şeýle-de olar ýygnaklarda doga edýärdiler (Res. 4:24—29; 20:36). Käwagt bolsa köp ýerlerde wagyz eden doganlar başdan geçiren gyzykly wakalaryny gürrüň berýärdiler (Res. 11:5—18; 14:27, 28). Mundan başga-da, olar ýygnaklarda Mukaddes Kitabyň taglymatlaryny we pygamberlikleriň ýerine ýetişini öwrenýärdiler. Şeýle-de Hudaýa ýaraýan häsiýetler we ony razy edip ýaşamak barada maslahat berilýärdi. Mesihçileriň ählisi hoş habary yhlasly wagyz etmäge höweslendirilýärdi (Rim. 10:9, 10; 1 Kor. 11:23—26; 15:58; Efes. 5:1—33).
Soňky günlerde ýygnaklardan galman, birek-biregi has-da ruhlandyralyň
4 Şu günlerem ýygnaklar I asyrdaky ýaly geçirilýär. Biz Ýewreýler 10:24, 25-nji aýatlardaky: «Geliň, biri-birimize ünsli bolalyň... Käbirleri ýaly ýygnaklardan galmagy endik edinmäliň, gaýtam ol günüň golaýlaşýandygyny görüp, biri-birimizi has-da ruhlandyralyň» diýen maslahata görä ýaşamaga jan edýäris. Şu soňky kyn günlerde biz yzygiderli ýygnanyşyp, birek-biregi has-da ruhlandyrmaly. Ýygnaklar bize ruhy taýdan berkemäge, Hudaýa wepaly bolmaga kömek edýär (Rim. 1:11, 12). Biz «zalym we erbet nesliň arasynda» ýaşaýarys. Şonuň üçin «Hudaýyň islegine garşy gelýän zatlardan we dünýäniň höweslerinden ýüz öwürýäris» (Flp. 2:15, 16; Tit. 2:12—14). Dogrudanam, Ýehowanyň halkynyň arasynda bolmakdan gowy zat ýok! (Zeb. 84:10). Dogan-uýalar bilen Hudaýyň Sözüni öwrenip, gürrüňdeş bolsak, güýjümize güýç goşulýar. Geliň, imanymyzy berkidýän ýygnaklar, ruhy çäreler hakda gürrüň edeliň.
«GARAWUL DIŇI» DUŞUŞYGY
5 «Garawul diňi» duşuşygyň başynda Mukaddes Kitaba esaslanan jemagat nutugy bolýar. Nutukdan ýygnaga täze gelýänlerem, dogan-uýalaram köp zatlary öwrenip, Hudaýa imanyny berkidip bilýär (Res. 18:4; 19:9, 10).
6 Isa Mesihem, resullaram, şägirtlerem jemagat nutugy bilen çykyş edipdirler. Isa ýer ýüzünde iň ökde nutukçydy. Adamlar: «Biz şeýle gepleýän adamy ömrümizde görmändik» diýipdiler (Ýah. 7:46). Isa «ygtyýarly adam ýaly öwredýärdi», adamlar hem onuň öwredişine haýran galýardy (Mat. 7:28, 29). Onuň sözlerini ýürekden kabul eden adamlaryň durmuşy bütinleý ütgeýärdi (Mat. 13:16, 17). Resullaram Isadan görelde alypdyrlar. B. e. 33-nji ýylynyň Pentikost güni Petrus resul nutuk bilen çykyş edýär. Resullar 2:14—36-njy aýatlarda aýdylyşy ýaly, onuň nutugy müňlerçe adamyň ýüregine täsir edip, durmuşyny üýtgedýär. Şondan birnäçe wagt geçensoň, afinalylar hem Pawlus resulyň aýdan sözlerini diňläp, Hudaýa iman etdiler (Res. 17:22—34).
7 Şu günlerem her hepde ýygnaklarda, kongreslerde aýdylýan jemagat nutuklary millionlarça adama güýçli täsir edýär. Şol nutuklar Mukaddes Kitabyň taglymatlaryna gowy düşünmäge we Hudaýa ýürekden gulluk etmäge kömek edýär. Eger biz gyzyklanýanlary we başga adamlary jemagat nutuklaryna çagyrsak, olaram Mukaddes Kitabyň esasy taglymatlaryna has gowy düşünerler.
8 Jemagat nutuklarynda her dürli temalara seredilýär. Olarda Mukaddes Kitabyň taglymatlary we pygamberlikler düşündirilýär, maşgala durmuşyna, är-aýalyň gatnaşygyna degişli prinsiplere, maslahatlara seredilýär. Şeýle-de ýaşlaryň duş gelýän ýagdaýlary we Hudaýyň ahlak kadalary barada aýdylýar. Käbir nutuklarda Ýehowanyň ýaradan täsin zatlary barada hem gürrüň edilýär. Käbirlerinde bolsa Hudaýyň gadymy döwürde ýaşan gullukçylarynyň imany, batyrgaýlygy we wepalylygy, olardan nämeleri öwrenip biljekdigimiz aýdylýar.
9 Jemagat nutugyny ünsli diňlesek, doganyň okaýan, düşündirýän aýatlaryny açyp yzarlasak, köp zatlary öwreneris (Luka 8:18). Aýdylýan zatlara gowy düşünsek, hakykata berk ýapyşarys we durmuşymyzda ulanarys (1 Sel. 5:21).
10 Eger ýygnakda nutukçy doganlar ýeterlik bolsa, her hepde jemagat nutugy bilen çykyş edilýär. Köplenç şeýle nutuk bilen çykyş etmäge beýleki ýygnaklardan hem doganlar çagyrylýar. Nutukçy doganlar az bolsa-da, jemagat nutugyny başardygyňyzdan yzygider geçirjek bolmaly.
11 Jemagat nutugyndan soň «Garawul diňi» duşuşygy bolýar. Şol duşuşykda «Garawul diňi» žurnalynyň ýygnak üçin sanyndaky makala okalyp, sorag-jogap görnüşinde geçirilýär. Ýehowa bize «Garawul diňi» duşuşygy arkaly wagtly-wagtynda ruhy iýmit berýär.
12 Makalalar köplenç Mukaddes Kitabyň prinsipleri boýunça ýaşamagy öwredýär. Olar «dünýäniň ruhuna» garşy durmaga we Hudaýyň ýigrenýän işlerinden gaça durmaga kömek edýär (1 Kor. 2:12). «Garawul diňi» žurnaly Mukaddes Kitabyň taglymatlaryna, pygamberliklere has gowy düşünmäge, Hudaýy razy edip ýaşamaga we dogry ýoldan sowulmazlyga ýardam edýär (Zeb. 97:11; Nak. 4:18). «Garawul diňi» duşuşygyna yzygiderli barsak, ýygnakda jogap bersek, Ýehowanyň wada berýän täze dünýäsine hasam umytly garaşarys (Rim. 12:12; 2 Pet. 3:13). Hudaýa ýaraýan häsiýetleri ösdüreris we oňa öňküdenem yhlasly gulluk ederis (Gal. 5:22, 23). Şeýle-de öwrenýän zatlarymyz bize synaglarda çydamly bolmaga we «gelejekde gerek boljak ruhy baýlygy ýygnap... hakyky ýaşaýşa berk ýapyşmaga» kömek eder (1 Tim. 6:19; 1 Pet. 1:6, 7).
13 «Garawul diňi» duşuşygy imanymyzy berkider ýaly näme edip bileris? Munuň üçin öwreniljek makala maşgalamyz bilen ýa-da özümiz öňünden taýýarlanmaly, getirilen aýatlary açyp okamaly we duşuşykda öz sözümiz bilen jogap bermäge jan etmeli. Şonda hakykat ýüregimizde ornaşar we berýän jogaplarymyz bilen başgalary ruhlandyrarys. Eger özümizem beýlekileriň jogaplaryny ünsli diňlesek, her hepde öwrenilýän makaladan köp peýda alarys.
«DURMUŞ WE WAGYZ» DUŞUŞYGY
14 Her hepde «Mesihçileriň durmuşy we wagzy» duşuşygy hem geçirilýär. Duşuşyk üç bölümden ybarat bolup, bize wagyzda ökdeleşmäge kömek edýär (2 Kor. 3:5, 6). Duşuşykda öwreniljek zatlaryň tertibi «Mesihçileriň durmuşy we wagzy. Okuw depderinde» görkezilýär. «Okuw depderinde» wagyzda ulanmak üçin teklipler hem bolýar.
15 Duşuşygyň birinji bölümi «Hudaýyň Sözündäki hazynalar» diýip atlandyrylýar. Ol bize Mukaddes Kitapdaky wakalara gowy düşünip, özümize sapak edinmäge kömek edýär. Bölümde nutuk, Mukaddes Kitaby okamak we her hepde okalmaly aýatlaryň esasynda gürrüňdeşlik bolýar. Suratlar, çarçuwalar aýatlardaky wakalara has gowy düşünmäge ýardam edýär. Mukaddes Kitabyň çuňňur öwrenilmegi biziň özümize-de, başgalara öwredenimizde-de köp peýda berýär we «ähli zada ukyply edýär, ýagşy işleri etmäge birkemsiz taýýarlaýar» (2 Tim. 3:16, 17).
16 «Wagyzda ökdeleşiň» diýen bölümde ökdelik bilen wagyz etmegi we okuw geçmegi öwrenýäris. Onda diňe bir dogan-uýalar ýumuş bilen çykyş etmän, gürrüňdeşlik üçin teklipleriň wideosy hem görkezilýär. «Wagyzda ökdeleşiň» diýen bölümde biz «güýçden gaçanlar bilen gepleşmek üçin gerekli sözleri tapmagy öwrenýäris» (Işa. 50:4).
17 «Mesihçileriň durmuşy» diýen üçünji bölümde bolsa Mukaddes Kitapdaky prinsipler boýunça nädip ýaşamalydygy öwredilýär (Zeb. 119:105). Bölümde «Garawul diňi» duşuşygy ýaly, Mukaddes Kitaby öwrenmek duşuşygy hem sorag-jogap görnüşinde geçirilýär.
18 Ýaşulular maslahatynyň koordinatory ýa-da oňa kömek edýän ýaşuly «Durmuş we wagyz. Okuw depderini» alansoň, ony gowy gözden geçirip, gerekli taýýarlyklaryň görülmeginiň aladasyny edýär. Duşuşygy her hepde ýaşulular maslahaty tarapyndan bellenen, öwretmäge ukyply ýaşuly dogan alyp barýar. Ol duşuşygyň wagtynda başlanmagyna we tamamlanmagyna gözegçilik edýär hem-de ýumuş bilen çykyş eden dogan-uýalary öwüp, gerekli maslahatlary berýär.
19 Biz «Durmuş we wagyz» duşuşygyna öňünden taýýarlanyp, yzygiderli gatnaşsak, Mukaddes Kitaba we prinsiplerine has gowy düşüneris, hoş habary ynamly wagyz ederis hem-de şägirt taýýarlamak üçin gerekli ukyplary ösdüreris. Heniz suwa çümdürilmedikler hem duşuşykda ruhy taýdan berkidýän çykyşlary diňläp, dogan-uýalar bilen gürrüňdeş bolup, köp peýda alýarlar. Ýygnaklara taýýarlananyňyzda «Ýehowanyň Şaýatlarynyň elektron kitaphanasyny», JW Library® programmasyny, «Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASYNY» we Ýygnak jaýyndaky kitaphanany ulanyp bilersiňiz. Ýygnak jaýyndaky kitaphanada guramamyzyň çykarýan edebiýatlary, «Ýehowanyň Şaýatlarynyň edebiýatlarynyň indeksi», «Ýehowanyň Şaýatlarynyň edebiýatlary boýunça gollanma», Mukaddes Kitabyň dürli terjimeleri we sözlük ýaly başga-da gerekli gollanmalar bolýar. Her bir adam duşuşykdan öň ýa-da soň kitaphanadan arkaýyn peýdalanyp bilýär.
WAGYZ DUŞUŞYGY
20 Hepdäniň dowamynda we dynç günleri toparlar wagyz duşuşygyna gatnaşmak üçin ýygnanyşýar. Adatça, duşuşyk dogan-uýalaryň öýünde ýa-da başga bir amatly ýerde geçirilýär. Wagyz duşuşygyny Ýygnak jaýynda hem geçirse bolýar. Her topar duşuşygy ýygnagyň territoriýasynda geçirse, wagyzçylara oňa gelmek we meýdançalaryna gitmek kyn bolmaz. Şeýle-de wagyzçylaryň kim bilen gitmelidigini bellemek we olara wagza çykmak aňsat bolar. Galyberse-de, toparyň gözegçisi öz toparyna degişli wagyzçylaryň her birine kömek edip biler. Wagyz duşuşygyny her topar aýratyn geçirse, has köp peýda berýär. Ýöne käbir ýagdaýlarda birnäçe topary goşmaly bolýar. Mysal üçin, hepdäniň iş günleri wagza çykýan wagyzçylaryň sany az bolsa, birnäçe topary goşup, wagyz duşuşygyny Ýygnak jaýynda ýa-da başga bir amatly ýerde geçirse bolar. Şonda wagyzçylaryň hiç biri wagza ýeke özi gitmeli bolmaz. Şeýle-de baýramçylyklaryň bellenilýän günleri dogan-uýalar wagyz duşuşygyny Ýygnak jaýynda geçirip biler. Ýa-da ony «Garawul diňi» duşuşygyndan soň geçirse bolar.
21 Eger toparlar aýratyn ýygnanyşýan bolsa, wagyz duşuşygyny toparyň gözegçisi geçirer. Käte toparyň gözegçisi duşuşygy geçirmegi kömekçisine ýa-da başga bir ukyply dogana tabşyryp biler. Duşuşygy geçirýän dogan wagyzda peýdaly boljak pikirleri ara alyp maslahatlaşar. Soňra wagyzçylary paýlar we doganlaryň biri soňunda doga eder. Şondan soň topardakylaryň hemmesi wagza gider. Duşuşyk 5—7 minut dowam etmeli. Ýöne ýygnakdan soň geçirilýän bolsa, ondanam gysga bolmaly. Wagyz duşuşygynda dogan-uýalar ruhlandyrylýar we olara wagyzda peýdaly boljak maslahatlar, görkezmeler berilýär. Täze ýa-da kömek gerek wagyzçylar tejribeli dogan-uýalar bilen wagza çyksalar, ökdelik bilen wagyz etmegi öwrenerler.
TÄZE ÝA-DA KIÇI ÝYGNAKLARDAKY DUŞUŞYKLARYŇ GEÇIRILIŞI
22 Wagyzçylar köpeldigi saýyn, ýygnaklaryň sany hem artýar. Täze ýygnagyň döredilmegine etrap gözegçisi ýolbaşçylyk edýär. Emma käbir ýagdaýlarda kiçi toparlar golaýdaky ýygnaga degişli bolsa has gowy bolýar.
23 Käbir kiçi ýygnaklarda diňe uýalar bolmagy mümkin. Şeýle ýagdaýda duşuşyklary alyp barýan ýa-da doga edýän uýa Mukaddes Kitapdaky görkezmä eýerip, başyny örtmeli (1 Kor. 11:3—16). Köplenç uýa duşuşygy oturyp geçirýär. Ol ýygnakda nutuk bilen çykyş etmeýär. Uýa guramanyň taýýarlan maglumatyny okaýar ýa-da ony aýdyp berýär, käte bolsa söhbetdeşlik görnüşinde geçirýär ýa-da sahnalaşdyrýar. Filialdaky doganlar duşuşyklaryň geçirilmeginiň aladasyny etmek üçin, bir uýany belläp, onuň bilen hat arkaly habarlaşyp durýar. Wagtyň geçmegi bilen, ýygnakda ukyply doganlar bolsa, şol borçlary olar ýerine ýetirer.
ETRAP KONGRESLERI
24 Her etrabyň ýygnaklarynda ýylda iki gezek bir günlük etrap kongresi geçirilýär. Kongreslerde «ýüregimizi giňden açyp», dogan-uýalar bilen görşüp, şatlanyp bilýäris (2 Kor. 6:11—13). Guramamyz biziň Hudaý bilen dostlugymyzyň aladasyny edip, Mukaddes Kitaba esaslanan dürli temalary we kongresiň bölümlerini taýýarlaýar. Kongresde nutuklar, sahnalar, monologlar hem-de interwýular bolýar. Ýehowanyň tüýs wagtynda berýän şeýle tälimi kongrese gatnaşýanlaryň ählisini ruhy taýdan berkidýär. Kongreslerde özüni Ýehowa bagyş eden täze şägirtler suwa çümdürilýär.
WELAÝAT KONGRESLERI
25 Ýylda bir gezek welaýat kongresi geçirilýär. Adatça, welaýat kongresi üç gün dowam edip, oňa birnäçe etrapdaky ýygnaklar gatnaşýar. Kiçiräk filiallar öz territoriýasyndaky ýygnaklaryň ählisini bir ýere jemlese has amatly bolar. Käbir ýurtlarda kongresleriň geçirilişi ýerli ýagdaýa ýa-da guramanyň berýän görkezmesine görä tapawutlanyp bilýär. Käbir ýerlerde bolsa halkara ýa-da ýörite kongresler geçirilip, oňa dürli ýurtdan on müňlerçe Ýehowanyň Şaýatlary gatnaşýar. Ençeme ýyllaryň dowamynda köp adamlar hoş habary Ýehowanyň Şaýatlarynyň geçirýän kongreslerinde eşitdiler.
26 Ýehowanyň halky kongreslerde Hudaýa agzybirlikde sežde edip bilýändiklerine diýseň begenýärler. Kongreslerde bize hakykat babatda has täze düşündirişler berilýär. Şeýle-de şahsy okuwynda, ýygnakda ýa-da wagyzda ulanmak üçin täze edebiýatlaryň çykandygy bildiriş edilýär. Şeýle-de köp adamlar suwa çümdürilýär. Kongresler Hudaý bilen dostlugymyzy berkidýär. Şeýle kongresler bütindünýä doganlygymyzyň agzybirdigini we Isa Mesihiň hakyky şägirdidigimizi subut edýär (Ýah. 13:35).
27 Ýygnaklar, kongresler Ýehowa has-da yhlasly gulluk etmäge höweslendirýär. Olara gatnaşyp imanymyzy berkidýäris, zalym dünýäniň täsirine garşy durmagy öwrenýäris. Şeýle duşuşyklaryň ählisi Ýehowany şöhratlandyrýar (Zeb. 35:18; Nak. 14:28). Biz Ýehowanyň şu soňky kyn günlerde ýygnaklar, kongresler arkaly imanymyzy berkidýändigine diýseň minnetdar.
ÝATLAMA AGŞAMY
28 Bütin dünýäde Ýehowanyň Şaýatlary her ýyl Isa Mesihiň ölüminiň Ýatlama agşamyny belleýärler (1 Kor. 11:20, 23, 24). Ýatlama agşamy Ýehowanyň Şaýatlarynyň her ýyl belleýän wajyp çäreleriniň biri, sebäbi bize Ýatlama agşamyny bellemek tabşyryldy (Luka 22:19).
29 Ýatlama agşamynyň bellenilýän güni Mukaddes Kitapda aýdylýan Pasha baýramyna gabat gelýär (2 Mus. 12:2, 6; Mat. 26:17, 20, 26). Ysraýyllar b. e. öň 1513-nji ýylda Müsür gulçulygyndan azat bolandygyny ýatlap, her ýyl Pasha baýramyny bellemelidi. Ýehowa olara nisan aýynyň 14-ne Pasha guzusyny iýmegi we Müsürden çykmagy tabşyrypdy (2 Mus. 12:1—51). Öňler şol güni anyklamak üçin, adamlar ýaz paslynda gije bilen gündiziň deňleşýän wagtyna garaşypdyrlar. Şondan soňra görnen täze Aýdan 13 gün hasaplapdyrlar we 14-nji güni Pasha baýramyny belläpdirler. Şu günler hem Ýatlama agşamy ýaz paslynda gije-gündiziň deňleşýän wagtyndan soňra dogan doly Aýa gabat gelýär diýse bolar.
30 Matta 26:26—28-nji aýatlardaky Isanyň sözlerinden Ýatlama agşamynyň nähili geçirilýändigini bilse bolýar. Ýatlama agşamynda Isanyň bedeni bilen gany gudrat bilen çörege ýa şeraba öwrülmedi. Gaýtam Patyşalygynda höküm sürjekler agşam naharyndan dadar ýaly, Isa çörek bilen şeraby nyşan hökmünde ulandy (Luka 22:28—30). Ýehowanyň gullukçylarynyň köpüsi we hakykat bilen gyzyklanýan adamlar nyşanlardan datmasalar-da, Ýatlama agşamyna gatnaşmaga höweslendirilýär. Olar Ýatlama agşamyna gatnaşyp, Ýehowa Hudaýyň Ogly Isa arkaly bütin adamzada eden ýagşylygynyň gadyryny bilýändigini görkezýärler. Ýatlama agşamy geçirilmezinden öň, ýörite nutuk bolýar. Şol nutuk adamlary Ýatlama agşamyna gatnaşmaga höweslendirýär we Mukaddes Kitaby öwrenmäge islegini artdyrýar.
31 Ýehowanyň Şaýatlary «birek-biregi söýmäge we ýagşy işleri etmäge höweslendirýän» ruhy çärelere höwes bilen gatnaşýarlar (Ýew. 10:24). Wepaly we paýhasly hyzmatkär şeýle çäreler arkaly ruhy iýmiti tüýs wagtynda berýär. Şonuň üçin Ýehowanyň gullukçylaram, gyzyklanýan adamlaram yzygiderli barmak üçin elinde baryny etmeli. Hudaýyň guramasy arkaly geçirilýän çärelere gatnaşyp, agzybirligimizi berkidýäris. Iň wajyby bolsa, Ýehowa Hudaýymyzy şöhratlandyrýarys (Zeb. 111:1).