Wagyz duşuşygyndan doly peýdalan
1. Wagyz duşuşygynyň nähili peýdasy bar?
1 Wagyz duşuşygy oňat geçirilse, ondan peýdaly maslahatlar alyp, wagza barýan dogan-uýalar ruhlanarlar. Bu duşuşyk bize beýleki wagyzçylar bilen wagza çykmaga mümkinçilik berýär. Netijede, biz birek-birege goldaw hem kömek berip hyzmatdaşlyk edýäris (Sül. tym. 27:17; Wag. 4:9, 10). Şeýle duşuşyklardan doly peýda almak üçin biz näme etmeli?
2. Alyp baryjy haýsy temalary geçirip biler?
2 Alyp baryjy. Ýygnagyň beýleki duşuşyklaryndan tapawutlykda, bu duşuşyk üçin geçilmeli material öňünden berilmeýär. Şoňa görä-de, duşuşygy geçirmek saňa tabşyrylsa, onda oňatja taýýarlyk gör. Şol günüň aýady wagyz bilen baglanyşykly bolsa, onda şol hakda gürrüň edip bilersiň, ýöne her sapar günüň aýadyny geçirjek bolup durma. Şol gün wagyz edýän dogan-uýalara kömek edip biljek maslahatlara seredip bilersiň. Meselem, dürli hödürler barada gürrüň et ýa-da şol hödürleri sahnalaşdyr. «Mukaddes Ýazgylar hakda gürrüňe başlamak we dowam etmek» (rusça), «Gulluk mekdebi» (rusça) diýen kitaplar boýunça belli bir temany ýa-da ýaňy-ýakynda Gulluk duşuşygynda geçilen makalany gaýtalap bilersiň. Şeýle-de wagyz edýän ýeriňizde ýüze çykýan kynçylyklary ýeňip geçmek barada gürrüň edip bilersiň. Wagyzçylaryň köpüsi ikilenji idege gitmekçi bolsa, onda sen adamlary gyzyklandyrmak we Mukaddes Ýazgylar okuwyna başlamak hakda gürrüň edip bilersiň. Haýsy tema seretseň-de, hemişe şadyýan hem ruhubelent bol.
3. Duşuşygyň geçirilmeli wagty näçeräk bolmaly we şol wagtyň dowamynda nämeler edilmeli?
3 Käbir wagyzçylaryň gijä galyp geljegini bilseň-de, duşuşygy wagtynda başla. Olary topara paýhasly bölüşdir hem-de uçastogy ýoklara uçastok ber. Wagyz gullugynyň duşuşygy ýygnak duşuşygyndan soň geçirilýän bolsa, onda uzynlygy 10-15 minutdan köp bolmaly däl. Duşuşygyň soňunda her kesiň nirä, kim belen gidýändigini hökman bilmeli. Duşuşygy doga bilen gutarmaly.
4. Wagyz duşuşyklaryndan hemmeler doly peýdalanar ýaly näme kömek eder?
4 Wagyzçylaryň goşandy. Wagyz duşuşygyna we ýygnagyň beýleki duşuşyklaryna wagtynda gelip, biz Ýehowa hormat goýýandygymyzy we dogan-uýalary sylaýandygymyzy görkezýäris. Ýygnakda pikir alyşmaga gatnaşjak bol. Sen wagyz gullugyna gitmek üçin alyp baryjydan özüňe ýoldaş bellemegi haýyş edip bilersiň. Mümkin sen öňünden biri bilen wagt belleşensiň. Eger-de özüň öňünden belleşen bolsaň, onda her gezek ýakyn dostlaryň bilen wagyz etmegiň deregine, beýleki wagyzçylar bilen wagza çykmak üçin «göwnüňi giň tut» (2 Kor. 6:11—13). Duşuşyk gutaran bolsa, pikiriňi üýtgetjek bolmaly däl-de, derrew wagyz etmeli ýeriňe gitmeli.
5. Wagyz duşuşygynyň maksady näme?
5 Wagyz duşuşygynyň maksady-da, ýygnagyň beýleki duşuşyklarynyňky ýaly. Duşuşyklaryň maksady «birek-biregi söýgi, oňat işler üçin gaýrata galdyrmak» (Ýew. 10:24, 25). Biz wagyz duşuşyklarynda berilýän kömegi alsak, onda gullugymyzy «oňat işi» hökman amala aşyryp bileris!