Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • km 8/09 sah. 6—7
  • Wagyz gullugy üçin duşuşyk

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Wagyz gullugy üçin duşuşyk
  • Hudaýa gullugymyz — 2009
  • Meňzeş maglumat
  • Wagyz duşuşygynyň maksady
    Hudaýa gullugymyz — 2015
  • Wagyz duşuşygyndan doly peýdalan
    Hudaýa gullugymyz — 2006
  • Wagyz duşuşygynyň peýdasy
    Hudaýa gullugymyz — 2012
  • Hoş habary wagyz etmegiň usullary
    Ýehowanyň islegini ýerine ýetirýän gurama
Başgalary
Hudaýa gullugymyz — 2009
km 8/09 sah. 6—7

Wagyz gullugy üçin duşuşyk

1. Näme üçin biz wagyz gullugynyň guramaçylykly geçirilmeginiň aladasyny edýäris?

1 Isa Patyşalyk baradaky habaryň guramaçylykly we ökdelik bilen geçirilişini görkezdi. Şu günler hem wagyz işiniň bütin dünýäde geçirilişine jogapkär doganlar onuň guramaçylykly bolmagyny isleýärler. Şol sebäpli ähli ýygnaklarda Patyşalygyň wagyzçylary toparlara bölünip, olar üçin wagyz duşuşygy geçirilýär (Mat. 24:45—47; 25:21; Luka 10:1—7).

2. Wagyz duşuşygy näme maksat bilen geçirilýär?

2 Duşuşygyň maksady. Wagyz duşuşygy wagyzçylary ruhlandyrmak, olara peýdaly maslahatlar we görkezme bermek üçin geçirilýär. Gündeki berlen aýat wagyz gullugyna gabat gelse, ony duşuşykda gysgaça ara alyp maslahatlaşyp bolar. Şeýle-de «Hudaýa gullugymyzdaky», «Ýazgylar esasynda söhbetdeşlik» (rus.) ýa-da «Gulluk mekdebi» (rus.) kitabyndaky ýerlikli maslahatlara seretse bolar. Edebiýatlary hödürlemek üçin hem gysgaça sahna görkezip bolýar. Jemleýji doga edilmänkä, hemmeler kim bilen we nirede wagyz etmelidigini bilmeli. Duşuşyk 15 minutdan uzaga çekmeli däl, soňra ähli wagyzçylar öz territoriýasyna gitmeli.

3. Wagyz duşuşygyny gurnamaga kim jogapkär?

3 Wagyz duşuşygyny kim gurnamaly? Wagyz gözegçisi ýyknakda wagyz duşuşygynyň ylalaşykly geçirilmegine jogap berýär. Toparyň gözegçileri we olaryň kömekçileri dynç günleri topary bilen bile wagyz etmeli. Şeýle-de käbir ýaşulular we gulluk hyzmatçylary hepde aralygynda topar bilen gulluk edip biler. Toparyň gözegçileri öz toparyndaky wagyzçylaryň dynç günleri öýden-öýe wagyz etmek üçin ýeterlikli meýdançalary bolar ýaly, wagyz gözegçisi bilen ýakyndan işleşmeli. Wagyz gözegçisi hepdäniň dowamynda wagyz duşuşygyny geçirýänlere meýdança bermek üçin alada etmeli.

4—6. a) Ýygnagyň territoriýasyna görä, duşuşyk näme maksat bilen geçirilýär? b) Wagyz duşuşygynyň haçan we nirede geçirilmelidigini nädip bilmeli?

4 Duşuşyk haçan we nirede geçirilmeli? Ýygnagyň ähli wagyzçylary üçin bir sany wagyz duşuşygyny geçirmek ýeterlikli däl. Ýygnagyň territoriýasy gowy wagyz ediler ýaly, duşuşygy amatly ýerde birnäçe gezek, meselem, hususy ýa-da başga jaýlarda geçirmeli. Şeýle-de duşuşygy Patyşalyk zallarynda hem geçirse bolýar. Köp ýygnaklarda wagyz duşuşygyny Patyşalyk zalynda jemagat nutgy we «Garawul diňi» duşuşygy gutaryp, birnäçe minutdan geçenden soň geçirýärler. Meýdança barylýança köp wagt geçmese gowy bolar. Şonuň üçin ýygnagyň territoriýasynda doly we gowy wagyz eder ýaly, duşuşyklaryň ýerini üýtgetse bolýar.

5 Duşuşygy haçan we hepdede näçe gezek geçirilmelidigi territoriýanyň aýratynlygyna bagly bolýar. Aşakdaky soraglar size wagyz duşuşygyny haçan we nirede geçirilmelidigini bilmäge kömek edýär.

6 Nähili meýdançalara köp üns bermeli? Öýden-öýe haçan wagyz edilse gowy bolar? Agşamara öýden-öýe wagyz etmek ýa-da ikilenç ideg etmek amatly bolarmy? Wagyz duşuşygynyň haçan geçirilýändigi ýygnagyň bildiriş tagtasynda bolmaly. Patyşalygyň her bir wagyzçysy bellenilen territoriýany düýpli wagyz etmeli. Şonda ol hem Pawlus resul ýaly: «Bu ýurtlarda maňa edere iş ýok» diýip biler (Rim. 15:23).

7. Wagyz duşuşygyny geçirýän dogan nämäniň aladasyny etmeli?

7 Wagyz duşuşygy nädip geçirilmeli? Duşuşygy geçirýän dogan oňa gowy taýýarlansa, teokratik gurama çuňňur hormat goýýandygyny görkezer. Bu duşuşyklar wagtynda başlanmaly we 10—15 minut aralygynda peýdaly görkezme berilmeli. Duşuşyk başlanmanka, ony geçirýän doganda wagyz edilmeli meýdançalar bolmaly. Duşuşyk gutarandan soň, gijä galyp gelenlere garaşmaly däl, ýöne olara toparyň nirede gulluk etjekdigi barada habar berse bolar. Duşuşyk gutaran badyna wagyzçylaryň ählisi öz meýdançasyna gitmeli. Gowy gurnalan we peýdaly geçirilen wagyz duşuşygy gatnaşýanlaryň ählisine gulluga taýýarlanmaga kömek eder (Sül. tym. 11:14).

8. Wagyz duşuşygyny geçirýän dogan bilen wagyzçylar nädip işleşip biler?

8 Wagyz duşuşygyna gatnaşmak. Bile işleşmek örän wajyp (Ýew. 13:17). Duşuşygy alyp barýan dogan wagyz eder ýaly ýoldaş gerek bolsa wagyzçylara kömek eder. Duşuşyga tejribeli wagyzçylar gatnaşsa gowy bolar, çünki olar täze ýa-da tejribesiz wagyzçylar bilen işleşip biler. Dürli wagyzçylar bilen gulluk etmäge taýyn dogan-uýalar beýlekilere köp peýda berer (Sül. tym. 27:17; Rim. 15:1, 2). Duşuşyga hemmeler wagtynda geljek bolmaly. Teokratik gurama hormat goýup, dogan-uýalar barada alada etsek, bu görkezmä eýerdigimiz bolar (2 Kor. 6:3, 4; Flp. 2:4).

9. Pionerler wagyz duşuşygyny nädip goldap biler?

9 Pionerleriň goldawy. Wagyz duşuşygynda pionerleriň berýän goldawy örän gymmat saýylýar, çünki olar hemmeleri ruhlandyrýarlar. Elbetde, pionerleriň borçlary kän. Olar Mukaddes Ýazgylar okuwyny geçirýärler, ikilenç ideg edýärler, galyberse-de, maşgalasynda etmeli işleri bar hem-de dünýewi işde işleýärler. Şonuň üçin pionerler ýygnakda gurnalýan her wagyz duşuşygyny, esasanam, her gün geçirilýän bolsa, olary goldamaga borçly däl. Emma mümkin boldugyndan, pionerler her hepde geçirilýän käbir wagyz duşuşygyna gatnaşsalar gowy bolar. Wagyz duşuşygynda biz peýdaly tälim alýarys. Pionerler yzygiderli wagyz edip, gullukda ýygnan baý tejribesini bu duşuşyklarda paýlaşyp bilerler. Olar wagza we wagyz duşuşygyna yhlasly gatnaşyp, wagyzçylara görelde görkezýärler. Şol sebäpli olaryň wagyz duşuşygyna gatnaşmagy örän gymmat saýylýar.

10. Näme üçin Patyşalygyň ähli wagyzçylary bu duşuşygy ýürekden goldamaly?

10 Isa we onuň şägirtleri ýaly biz hem Patyşalyk baradaky habary köplenç öýden-öýe wagyz etmeli. Wagyz duşuşygy hemmeleri ruhlandyryp, wagza yhlasly gatnaşmaga ýardam edýär. Hoş habaryň ähli wagyzçylary bu teokratik guramany goldamak üçin elinde baryny etmeli (Res. iş. 5:42; 20:20). Munuň üçin, geliň, ählimiz tagalla edeliň. Şeýdip, biz Ýehowanyň bol bereketini alarys we Hudaýyň Patyşalygy baradaky hoş habary wagyz edip, Rebbimiz Isa Mesihiň ýüregini begendireris (Mat. 25:34—40; 28:19, 20).

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş