Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • km 3/15 sah. 3—6
  • Wagyz duşuşygynyň maksady

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Wagyz duşuşygynyň maksady
  • Hudaýa gullugymyz — 2015
  • Meňzeş maglumat
  • Wagyz duşuşygyndan doly peýdalan
    Hudaýa gullugymyz — 2006
  • Wagyz gullugy üçin duşuşyk
    Hudaýa gullugymyz — 2009
  • Wagyz duşuşygy üçin peýdaly maslahatlar
    Mesihçileriň durmuşy we wagzy. Okuw depderi — 2021
  • Wagyz duşuşygynyň peýdasy
    Hudaýa gullugymyz — 2012
Başgalary
Hudaýa gullugymyz — 2015
km 3/15 sah. 3—6

Wagyz duşuşygynyň maksady

1. Wagyz duşuşygynyň maksady näme?

1 Isa 70 şägirdini wagza ibermezden öň, olar bilen duşuşýar (Luka 10:1—11). Ol şägirtleriniň ýeke bolmajakdygyny we «hasyl eýesi» Ýehowanyň gözegçilik etjekdigini aýdyp ruhlandyrdy. Isa olara wagyz etmegi öwredip, görkezme berip, «iki-ikiden» ýollady. Şu günlerem wagyz duşuşygynyň maksady — ruhlandyrmak, öwretmek we taýýarlamak.

2. Wagyz duşuşygyny näçe minut geçirmeli?

2 Wagyz duşuşygy 10—15 minut geçirilýärdi. Wagyz duşuşygynda wagyzçylary bölýärler, ýer bellenilýär we doga edilýär. Indi aprel aýyndan başlap, wagyz duşuşygy 5—7 minutdan köp geçirilmez. Eger bu duşuşyk ýygnakdan soň geçirilse, wagty ondanam gysga bolmaly. Sebäbi dogan-uýalar ýygnakda Mukaddes Ýazgylaryň esasynda gürrüňdeşlik edip ruhlanýarlar. Dogan-uýalar has köp wagyz edip biler ýaly, wagyz duşuşygynyň wagty gysgaldyldy. Galyberse-de pionerler ýa-da wagyzçylar duşuşykdan öň wagyz edip başlan bolsalar, onda olar oňa az wagtlyk sowlup, gullugyny dowam edip biler.

3. Wagyz duşuşygyny wagyzçylara has peýdaly bolar ýaly nädip geçirmeli?

3 Wagyz duşuşygyny wagyzçylara has peýdaly bolar ýaly geçirmeli. Ýygnaklaryň köpüsinde toparlar bu duşuşygy bile däl-de, aýratyn geçirse peýdaly bolýar. Sebäbi wagyz duşuşygyna barmak aňsat bolýar we ony wagyz edilýän ýere golaý geçirse bolýar. Toparyň gözegçisi her bir wagyzça aýratyn üns berip, olary derrew bölüp bilýär. Ýaşulular maslahaty ýerli ýagdaýy göz öňünde tutup, duşuşyk nähili geçirilse has gowy boljakdygyny çözer. Duşuşyk doga bilen gutarmazdan öň, wagyzçylara kim bilen we nirä gitmelidigini aýtmaly.

4. Wagyz duşuşygy näme üçin beýleki duşuşyklar ýaly wajyp?

4 Beýleki ýygnak duşuşyklary ýaly wajyp. Wagyz duşuşygy wagza gidýänler üçin geçirilýändigi sebäpli, oňa ýygnakdakylaryň hemmesiniň gelmezligi mümkin. Muňa garamazdan, ol beýleki ýygnak duşuşyklary ýaly wajypdyr. Bu duşuşyk hem beýleki duşuşyklar ýaly dogan-uýalary söýgä we oňat işlere höweslendirmek üçin, Ýehowa tarapyndan gurnalýar (Ýew. 10:24, 25). Şol sebäpli wagyz duşuşygy Ýehowany şöhratlandyryp, dogan-uýalara peýdaly bolar ýaly, ony alyp barýan dogan gowy taýýarlyk görmeli. Wagza gidýän dogan-uýalar hem duşuşyga barmak üçin tagalla etmeli.

Wagyz duşuşygy beýleki ýygnak duşuşyklary ýaly wajypdyr

5. a) Wagyz duşuşygyny geçirmekde wagyz gözegçisiniň nähili ähmiýeti bar? b) Uýa wagyz duşuşygyny haçan geçirmeli?

5 Duşuşygy alyp barýan dogan nädip taýýarlyk görmeli? Dogan-uýalar ýygnak duşuşyklaryna gowy taýýarlanar ýaly, ýumuşlar öňünden berilýär. Wagyz duşuşygynda hem ýumuşlar öňünden berilmeli. Elbetde, wagyz duşuşygy aýra geçirilse, onda ony toparyň gözegçisi ýa-da onuň kömekçisi geçirýär. Emma ýygnakdaky toparlar wagyz duşuşygyny bile geçirseler, onda wagyz gözegçisi ony kimiň geçirmelidigini belleýär. Käbir wagyz gözegçileri duşuşygy alyp barýan doganlaryň sanawyny bildiriş tagtasynda asýar. Wagyz gözegçisi duşuşygy alyp barýan doganlary bellände duşuşyklaryň gowy geçirilmegi doganyň öwretmek we guramaçylykly ukybyna baglydygyny göz öňünde tutup, paýhasly bolmaly. Eger käwagt wagyz duşuşygyny ýaşuly, gulluk hyzmatçysy ýa-da suwda çokundyrylan, talaba laýyk gelýän dogan geçirip bilmeýän bolsa, onda ony suwda çokundyrylan tejribeli uýa geçirmeli. 6-njy sahypadaky «Uýa Wagyz duşuşygyny haçan geçirmeli?» diýen makala seret.

6. Wagyz duşuşygyny alyp barýan mesihçi näme üçin gowy taýýarlyk görmeli?

6 Biz wagyz mekdebinde ýa-da gulluk duşuşygynda ýumuş alanymyzda, oňa gowy taýýarlanjak bolup jan edýäris. Käbirler ýygnak duşuşygyna barýarka, diýjek zatlary barada oýlanýar. Wagyz duşuşygyny geçirýän mesihçi hem şeýle garaýyşda bolmaly. Bu duşuşygyň wagtynyň gysgaldylandygy sebäpli, ony gowy geçirip, wagtynda gutarmak üçin gowy taýýarlyk görmeli. Şeýle-de gowy taýýarlyk görmek üçin meýdançalary öňünden almaly.

7. Wagyz duşuşygynda nähili temalara seretse bolar?

7 Haýsy temalara seretmeli? Ýygnaklaryň territoriýasy bir-birinden tapawutlanýandygy sebäpli, «sadyk hyzmatkär» wagyz duşuşygy üçin meýilnama bermeýär. 6-njy sahypada «Wagyz duşuşygy üçin temalar» bar. Wagyz duşuşygynda şol temalara seretse bolýar. Şeýle-de gowy sahnalary taýýarlasa ýa-da jw.org saýtyndan wagza degişli wideorolikleri görkezse bolýar. Wagyz duşuşygyny alyp barýan dogan taýýarlyk görende, wagza gitjekleri nädip ruhlandyryp we näme öwredip biljekdigi barada oýlanmaly.

Wagyz duşuşygyny alyp barýan dogan taýýarlyk görende, şol gün wagza gitjek dogan-uýalary ruhlandyrmak we öwretjek zatlary barada oýlanmaly

8. Dynç günleri wagyz duşuşygynda haýsy temalara seredilse, has peýdaly bolar?

8 Diňe şenbe günleri wagyz edýän wagyzçylar maşgala okuwynda sereden tekliplerini ýatdan çykarmagy mümkin. Şol sebäpli duşuşygy alyp barýan dogan «Hudaýa gullugymyzdan» wagyz üçin bir teklibe seretse bolar. Şeýle-de ýaşaýan ýerimizde bolýan täzelikleri, wakalary ýa-da baýramçylyklary teklipler bilen nädip baglanyşdyryp bolýandygyny we adam diňlese, ikilenç idege nädip gepleşmelidigini aýtsa bolar. Dogan-uýalar ulanan tekliplerini ýa-da gyzykly wakalary gürrüň bersin. Dynç günleri Wagyz duşuşygyny alyp barýan dogan «Hoş habar» atly broşýurany we «Mukaddes Ýazgylar öwredýär» kitabyny wagyzda nädip ulanyp bolýandygyny düşündirip biler.

9, 10. Wagyz duşuşygy gowy geçer ýaly wagyzçylar näme üçin gowy taýýarlyk görmeli?

9 Wagyzçylar nädip taýýarlyk görmeli? Wagyzçylar bu duşuşyga gatnaşyp, onuň has gowy geçirilmegine ýardam eder. Maşgala okuwynda wagza taýýarlansak, dogan-uýalar bilen öwrenen zatlarymyzy paýlaşyp bileris. Gowy taýýarlanmak üçin wagyz duşuşygyna gelmezden öň, meýdança almaly. Şonda duşuşyk gutaransoň, eglenmän wagza gidip bileris.

10 Ähli ýygnak duşuşyklaryna wagtynda barmak üçin tagalla edişimiz ýaly, Wagyz duşuşygyna-da birnäçe minut öň barmak wajyp. Wagyz duşuşygyna gijä galyp barsak, nähili kynçylyk dörederis? Duşuşygy alyp barýan dogan käbir ýagdaýlary göz öňünde tutup, wagyzçylary toparlara bölýär. Kimdir biriniň meýdançasy uzakda bolsa, dogan ony ulagly wagyzçy bilen iberip biler. Wagyzçylar howply ýerlerde gulluk etmeli bolsa, onda uýa bilen dogany belläp biler. Ýarawsyz wagyzçylara bolsa, köçede, howluly jaýlarda ýa-da birinji gatda ýerleşýän öýlerde wagyz etmegi tabşyryp biler. Täze wagyzçylary tejribeli wagyzçylar bilen belläp biler. Eger wagyzçylar duşuşyga gijä galyp barsalar, onda hemmeleri täzeden bölmeli bolýar. Elbetde käte biz degerli sebäbe görä, gijä galmagymyz mümkin. Emma biz gijä galmagy endik edinen bolsak, näme sebäpden gijä galýandygymyz barada oýlanmaly. Wagyz duşuşygyna sowuk-sala garaýandygymyz sebäplimi ýa-da işlerimizi wagtynda etmeýändigimiz sebäpli?

11. Siz wagyz üçin gün tertibiňizi üýtgedip bilersiňizmi?

11 Wagyz duşuşygyna barýanlar öňünden belleşen ýa-da şol ýerde bellenen wagyzçy bilen gulluga gidip biler. Ýöne siz hemişe ýakyn dostlaryňyz bilen däl-de, ähli wagyzçylar bilen hyzmatdaşlyk edip, söýgiňizi bildirmek üçin gün tertibiňizi üýtgedip bilersiňizmi? (2 Kor. 6:11—13) Siz täze wagyzçylar bilen hyzmatdaşlyk edip, olara öwretmek ukybyny ösdürmäge kömek edip bilermisiňiz? (1 Kor. 10:24; 1 Tim. 4:13, 15) Ähli görkezmeleri şol sanda nireden wagyz edip başlamalydygyny ünsli diňläň. Wagyz duşuşygy gutaransoň, bellenen wagyzçy bilen eglenmän gulluga gidiň.

12. Ählimiziň Wagyz duşuşygyna gatnaşmagymyz näme üçin peýdaly?

12 Isanyň wagza iberen 70 şägirdi «şatlyk bilen öwrülip» geldi (Luka 10:17). Elbetde olaryň Isa bilen duşuşmagy gowy wagyz etmegine kömek etdi. Şu günler bize-de Wagyz duşuşygy gowy kömek edip biler. Oňa hemmämiz gatnaşsak, «hemme milletlere güwälik» etmek üçin ruhlanarys, öwreneris we taýýarlanarys (Mat. 24:14).

Uýa Wagyz duşuşygyny haçan geçirmeli?

Uýa duşuşygy oturyp geçirip biler we ol başyny örtmeli. Uýa diňe doganyň saýlan temasyny gürrüň bermeli. Ol wagyzçylara görkezme bermän, ýöne gürrüňdeş bolmaly. Ol suwda çokundyrylan uýadan doga etmegi haýyş etse, ol hem başyny örtmeli. Duşuşyk başlansoň, suwda çokundyrylan dogan gelse, onda uýa dogandan duşuşygy jemlemegi haýyş edip biler. Wagyz gözegçisi oňaýsyz ýagdaýa saljak zatlary göz öňünde tutup, uýa görkezme bermeli. Mysal üçin, duşuşyga suwda çokundyrylan ýetginjek dogan gelse, emma ýaşulular onuň duşuşygy alyp barmaga taýýar däldigini görseler, onda wagyz gözegçisi bu barada duşuşygy alyp barýan uýa duýdurmaly. Emma ýaşulular ýetginjek doganyň doga etmäge ýetişendigine göz ýetirse, dogany ol etmeli. Ýa-da duşuşyga uly ýaşly dogan gatnaşýan bolsa, emma ýaşulular oňa duşuşygy geçirmäge we doga etmäge rugsat bermese, duşuşygy alyp barýan uýa bu barada sebäbini aýtman duýdurmaly. Şonda uýanyň özi doga edip, duşuşygy geçirmeli. Ýaşulular şol dogana uýalaryň haýsy günler wagyz duşuşygyny geçirýändigini aýdyp biler.

Wagyz duşuşygy üçin temalar:

  • «Hudaýa gullugymyzdaky» teklipler.

  • jw.org saýtymyzdaky wagyz bilen bagly wideorolik.

  • Gowy wagyz etmek üçin gürrüňe başlamagy, ikilenç idege gepleşmegi, edebiýat alanlarynda sadaka barada aýtmagy öwrenmek.

  • Wagza degişli ruhlandyryjy we peýdaly aýatlara seretmek.

  • Ýaşaýan ýeriňizde bolan ýa-da edebiýatlardaky wagyz bilen bagly wakalar.

  • «Hudaýa gullugymyzdaky» makalalar.

  • Ýaňy ýakynda Gulluk duşuşygynda geçilen temalar.

  • «Garawul diňindäki» wagza degişli temalar.

  • «Wagyz mekdebi» ýaly edebiýatlardaky wagza degişli temalar.

  • jw.org saýtymyzyň wagyzda ulanyp bolýan aýratynlyklary.

  • Hudaýyň ýokdugyna we ewolýusiýa taglymatyna ynanýan, indus ýa-da buddizm dinine uýýan adamlar bilen gürrüňe başlamak.

  • Sözüňi bölýän adamlar bilen gürrüňi dowam etmek.

  • Öýden-öýe has gowy wagyz etmek üçin ýanyňdaky dogan ýa-da uýa kömek etmek.

  • Başga dilde gepleýän adam bilen gürrüňdeş bolmak.

  • Wagyz gullugynyň görnüşlerini öwrenmek: gyzyklanýan adamlary tapmak, ikilenç ideg etmek we Mukaddes Ýazgylar okuwyny geçirmek.

  • Howpsuzlyk, paýhasly bolmak, özüňi gowy alyp barmak, dogry garaýyşda bolmak we şuňa meňzeş zatlar barada ýatlatmak.

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş