Şägirtlere ruhy taýdan ösmäge kömek edýäris 7-nji bölüm.
Doga etmek
1. a)Mukaddes Ýazgylar okuwyny başlanyňda we gutaranyňdan soň doga etmek näme üçin dogry? b) Mukaddes Ýazgylar okuwyny nähili ýagdaýlarda doga bilen başlap bileris?
1 Şägirde ruhy taýdan ösmäge Ýehowa kömek edýär (1 Kor. 3:6). Şonuň üçin yzygiderli geçirilýän okuwy başlanyňda we gutaranyňdan soň doga etmek dogry bolar. Hudaýa ynanýan adam bilen okuw geçireniňde, köplenç ilkinji okuwy hem doga bilen başlap bolýar. Beýlekiler bilen bolsa, paýhasly bolup, doga bilen başlamagyň amatly wagtyny bilmeli. Zebur 25:4, 5-nji we 1 Ýahýa 5:14-nji aýatlara esaslanyp, näme üçin doga edilmelidigini düşündir. Ýahýa 15:16-a esaslanyp, Ýehowa näme üçin Isa Mesih arkaly doga etmelidigini düşündir.
2. Okuw geçirilende kim doga etmeli?
2 Mukaddes Ýazgylar okuwynda kim doga etmeli? Okuwa uýa bilen suwda çokundyrylan dogan barsa, onda şol dogan doga etmeli, ýöne uýa başy örtükli okuwy geçirip biler (1 Kor. 11:5, 10). Başga tarapdan, okuwa suwda sokudyrylan uýa bilen suwda çokundyrylmadyk dogan barsa, onda uýa doga etmeli. Şeýle ýagdaýlarda, şol uýa doga edende-de, okuwy geçirende-de başy örtükli bolmaly.
3. Mukaddes Ýazgylar okuwynda doga edilende nämeleri agzasa bolar?
3 Näme barada doga etmeli? Mukaddes Ýazgylar okuwynda aýdylýan dogalar uzyn bolmaly däl-de manyly bolmaly. Hudaýdan okuwa pata bermegi dilemekden we hakykat üçin sagbolsun aýtmakdan başga-da, Ýehowany Beýik Mugallym hökmünde şöhratlandyrsaň ýerlikli bolar (Iş. 54:13). Şeýle-de dogalarymyzda şägirt barada ýürekden alada edýändigimiz görünmeli hem-de Ýehowanyň ulanýan guramasy üçin minnetdarlyk bildirmeli (1 Sel. 1:2, 3; 2:7, 8). Şägirt öwrenýän zatlaryny durmuşda ulanyp biler ýaly, Ýehowadan onuň tagallalaryna pata bermegi haýyş etsek, ol «sözi ýerine ýetiriji» bolmagyň wajypdygyna göz ýetirer.
4. Mukaddes Ýazgylar okuwyny başlanyňda we gutaranyňda soň doga etmeklik nähili peýdalar berýär?
4 Doganyň peýdasy köp. Biz doga arkaly Hudaýyň bereketini alýarys (Luka 11:13). Doga Hudaýyň Sözüni öwrenmegiň wajypdygyny belläp geçýär. Şägirt biziň edýän dogalarymyzy diňläp, özbaşdak doga etmegi öwrenýär (Luka 6:40). Onsoňam, Hudaýa söýgüden we onuň ajaýyp häsiýetlerine minnetdarlykdan doly ýürekden çykýan dogalar şägirde Ýehowa bilen ýakyn dost bolmaga kömek eder.