SAKLAMALY
Şägirtlere ruhy taýdan ösmäge kömek edýäris
1-nji bölüm: Haçan Mukaddes Ýazgylar okuwy hasap edilýär?
Eger-de sen Mukaddes Ýazgylaryň diňe özüni ýa-da masalahat berilýän edebiýaty ulanyp, Mukaddes Ýazgylar barada, az wagtlyk bolsa-da, yzygiderli gürrüňdeşlik etseň, onda sen Mukaddes Ýazgylar okuwyny geçirýärsiň. Mukaddes Ýazgylar okuwynyň geçirilişini görkezeňden soňra, okuwy iki gezek geçirseň, şol okuw mundan beýläk hem dowam eder öýtseň, onda Mukaddes Ýazgylar okuwy hakda hasabat tabşyryp bilersiň (km-U 7/04, sah. 1).
Maslahat berilýän edebiýat:
◼ «Hudaý bizden näme talap edýär?»
◼ «Ebedi ýaşaýşa eltýän bilim»
◼ «Ýalňyz hak Hudaýa sežde ediň»
◼ «Sen Hudaýyň dosty bolup bilersiň!» diýen kitapçany bolsa, sowady çäkli adamlar bilen öwrenip bolar.
2-nji bölüm: Okuwa taýýarlanmak
Biz bilim berşimiz bilen şägirdiň ýüregine täsir etmeli. Munuň üçin her bir şägirdiň zerurlyklaryny göz öňünde tutup, oňat taýýarlanmaly (km-U 8/04, sah. 1).
Nädip taýýarlanmaly?
◼ Babyň ýa-da sapagyň adyny, bölümleriniň adyny hem-de suratlary gysgaça içgin öwrenip çyk.
◼ Berlen sowallaryň jogabyny tap-da, diňe esasy sözleri we jümleleri belläp çyk.
◼ Okuw wagty haýsy aýatlaryň okaljagyny çöz. Edebiýatyň gyrasyndaky boşlukda gysgaça bellik et.
◼ Esasy pikirleri gysgaça gaýtalamaga taýýarlan.
Her şägirdiň zerurlygyny göz öňünde tutmaly:
◼ Şägirt barada hem-de onuň zerurlyklary barada doga etmek wajyp.
◼ Şägirde düşünmek ýa-da durmurşynda ulanmak kyn boljak pikirlere öňünden taýýarlan.
◼ Şulara üns bermeli: Şägirt ruhy taýdan ösmek üçin ilki bilen nämä düşünmeli hem-de durmuşyny nädip üýtgetmeli? Men nädip şägirdiň ýüregine täsir edip bilerin?
◼ Gerek bolsa, şägirde esasy pikiri ýa-da aýaty düşündirmek üçin ýörite mysal tap, oňat düşündiriş ýa-da birnäçe soraglary taýýarla.
3-nji bölüm: Mukaddes Ýazgylary ussatlyk bilen ulan
Biz Mukaddes Ýazgylar okuwy arkaly adamlara Isanyň şägirdi bolmaga kömek etmek isleýäris. Munuň üçin olara Hudaýyň Sözündäki taglymatlara düşünip, ynanmaga hem-de olary durmuşynda ulanmaga kömek etmeli (Mat. 28:19, 20; 1 Sel. 2:13) Şol sebäpli Mukaddes Ýazgylar okuwy Mukaddes Ýazgylara esaslanmaly (km-U 11/04, sah. 4).
Hudaýyň Sözüni öwret:
◼ Şägirde öz Mukaddes Ýazgylaryndan esasy aýatlary tapmagy öwret.
◼ Ynanýan zatlarymyzyň Mukaddes Ýazgylara esaslanýandygyny görkezýän aýatlary açyp, şolar barada gürüň et.
◼ Soraglary ulan. Aýatlary saňa derek şägirdiň özi düşündirsin.
◼ Sapagy ýönekeý alyp bar. Aýatlary hemme taraplaýyn düşündirmek gerek däl. Diňe esasy pikiri düşündirmeli.
◼ Durmuşda ulanylyşyny görkez. Şägirde aýatlaryň özüne näme peýda berýändigini düşünmäge kömek et.
4-nji bölüm: Şägirtlere taýýarlanmagy öwret
Şägirt ruhy taýdan çalt öser ýaly, sapagy öňünden okamaly, soraglaryň jogaplaryny belläp çykmaly hem-de pikirlenip, öz sözleri bilen jogap bermeli. Eger-de okuw yzygiderli geçirilýän bolsa, onda şägirt bilen bir gezek bile sapaga taýýarlan. Şägirtleriň köpüsi bilen tutuş baba ýa-da sapaga bile taýýarlanmak peýdaly (km-U 12/04, sah. 1).
Soraglaryň aşagyny çyzmak we edebiýatyň gyrasyndaky boşlukda bellik etmek:
◼ Berlen soraglara nädip dogry jogaplary tapyp bolýandygyny düşündirmeli.
◼ Öz kitabyňdan şägirde esasy sözleri we jümleleri nädip belländigiňi görkez.
◼ Şägirde salgy berlen her bir aýatyň abzasdaky pikiri tassyklaýandygyny görkez hem-de kitabynyň gyrasyndaky boşlukda gysgaça bellik etmegi öwret.
Materialy gözden geçirmek we gaýtalamak:
◼ Şägirde jikme-jik taýýarlanmazyndan öň, babyň ýa-da sapagyň adyna, bölümleriniň adyna hem-de suratlara öňünden göz aýlamagy öwret.
◼ Şägirde taýýarlygyň soňunda esasy pikirleri gaýtalamagy öwret.
5-nji bölüm: Näçe material geçmelidigini nädip bilmeli?
Näçe material geçmelidigi mugallymyň we şägirdiň ukybyna we ýagdaýyna bagly (km-U 1/05, sah. 1).
Imanyny berkit:
◼ Esasy zat, sahypa sanyna kowalaşyp, köp geçmeli däl-de, şägirde Hudaýyň Sözüne oňat düşünmäge kömek etmeli.
◼ Şägirde öwrenýän zadyna gowy düşünip, ýüregi bilen ynanar ýaly, näçe wagt gerek bolsa, şonça-da wagt sarp et.
◼ Taglymatlary subut edýän esasy aýatlara seredip geçmek üçin ýeterlik wagt sarp et.
Temadan sowulma:
◼ Şägirt gaýgy-aladalary hakda köp gürrüň bermegi halaýan bolsa, onda şolar hakda okuwdan soňra gürrüň edip bilersiň.
◼ Okuw wagty köp zat gürrüň berme. Şägirde Mukaddes Ýazgylaryň esasy taglymatlary barada dogry bilim almaga päsgel bermez ýaly, goşmaça pikirleri we wakalary gürrüň bermekden saklan.
6-njy bölüm: Şägirt sowal berse
Mukaddes Ýazgylar okuwy yzygiderli geçirilýän bolsa, onda bir temadan beýleki tema geçmän, gaýtam, Mukaddes Ýazgylaryň taglymatlaryny tertip boýunça öwrenmeli. Şeýdip şägirde dogry bilim almaga we ruhy taýdan ösmäge kömek edip bileris (km-U 2/05, sah. 6).
Düşgür bol:
◼ Geçilýän tema degişli sowallara köplenç dessine jogap berse bolýar.
◼ Geçilýän tema degişli däl, ýa-da özüň ilki oňat öwrenmeli temalar boýunça berlen sowallara başga bir wagt jogap berse bolar. Şeýle sowallary ýazyp alsaň, gowy bolardy.
◼ Şägirde belli bir taglymata ynanmak kyn bolsa, onda şol temany oňat düşündirýän goşmaça materiala seredip geçiň.
◼ Şonda-da şägirt doly ynanmasa, onda şol sowaly soňa goýup, okuwy dowam etdiriň.
Pespäl bol:
◼ Sowalyň jogabyny anyk bilmeseň, öz çaklamaňy aýtma.
◼ Kem-kemden şägirde sowalyna jogap tapmagy öwret.
7-nji bölüm: Doga etmek
Şägirde ruhy taýdan ösmäge Ýehowa kömek edýär. Şonuň üçin yzygiderli geçirilýän okuwy başlanyňda we gutaranyňda doga etmek dogry bolardy (km-U 3/05, sah. 4).
Doga etmäge nädip başlamaly?
◼ Hudaýa ynanýan adam bilen okuw geçireniňde, köplenç hatda ilkinji okuwy hem doga bilen başlap bolýar.
◼ Beýlekiler bilen bolsa, paýhasly bolup, doga bilen başlamaga amatly wagty bilmeli.
◼ Zebur 25:4, 5-nji aýatlary we 1 Ýahýa 5:14-e esaslanyp, näme üçin doga edilmelidigini düşündir.
◼ Ýahýa 15:16-na esaslanyp, Ýehowa näme üçin Isa Mesih arkaly doga etmelidigini düşündir.
Näme barada doga etmeli?
◼ Ýehowany Beýik Mugallym hökmünde şöhratlandyryp bilersiň.
◼ Şägirt barada ýürekden alada edýändigiňi görkez.
◼ Ýehowanyň ulanýan guramasy üçin minnetdarlyk bildir.
◼ Şägirt öwrenýän zatlaryny durmuşda ulanyp biler ýaly, Ýehowadan onuň tagallalaryna pata bermegi haýyş et.
8-nji bölüm: Hudaýyň guramasy bilen tanyşdyrmak
Mukaddes Ýazgylar okuwy arkaly biz diňe bir taglymatlary öwretmek bilen çäklenmän, eýsem, şägirde ýygnagyň agzasy bolmaga kömek etmek isleýäris. Her hepde okuw wagty Ýehowanyň guramasy barada biraz gürrüň ber (km-U 4/05, sah. 8).
Ýygnagyň duşuşyklary:
◼ Eger ýerlikli hasaplasaň, ýygnagyň her bir duşuşygy hakda gürrüň ber. Ýerli ýagdaýlar mümkinçilik berýän bolsa, ilkinji sapakdan başlap, ýygnaga çagyryp dur.
◼ Duşuşykda aýdylan gyzykly pikirleri aýdyp ber.
◼ Rebbiň Agşam naharyna, kongreslere hem-de beýleki ruhy ýygnaklara gatnaşmaga höweslendir.
◼ Şol duşuşyklaryň geçişini görkezmek üçin edebiýatdaky suratlary ulan.
◼ «Ýehowanyň Güwäçileri kim? Näme ynanýarlar?» (rus dilinde) diýen kitapçany okamaga höweslendir.
Minnetdarlygy artar ýaly wideofilmleri görkez:
◼ «Ýehowanyň Güwäçileri — adyna mynasyp gurama» (rus dilinde).
9-njy bölüm: Şägirtlere resmi däl ýagdaýda wagyz etmegi öwret
Şägirtler öwrenýän zadyna iman etdigiçe, olaryň şol barada gürrüň beresi gelýär (km-U 5/05, sah. 1).
Wagyz etmäge höweslendir:
◼ Dostlaryndan we maşgala agzalaryndan birini okuwa gatnaşmaga çagyryp bilermi?
◼ Işdeşlerinden, klasdaşlaryndan we tanyşlaryndan gyzyklanýan barmy?
Ynanjy hakda gürrüň bermegi öwret:
◼ Sapak wagty käbir pikirlere seredeniňizde, şägirtden: «Mukaddes Ýazgylaryň kömegi bilen şu hakykaty maşgalaňa nädip düşündirerdiň?» diýip, sorap bilersiň.
◼ Hudaý we onuň niýeti barada adamlara gürrüň berende, sylaşykly we sypaýy bolmagyň wajypdygyny şägirde düşündir.
◼ Şägirt «Ýehowanyň Güwäçileri kim? Näme ynanýarlar?» (rus dilinde) diýen kitapçany ulanyp, dostlaryna we maşgala agzalaryna biziň Mukaddes Ýazgylara esaslanýan ynançlarymyzy we işlerimizi düşündirip biler.
10-njy bölüm: Şägirtlere wagyz etmegi öwretmek:
Ýaşulular şägirt wagyzçy bolmak üçin talaplara laýyk gelýär diýen karara gelse, onda ol ýygnak bilen bilelikde wagza aç-açan gatnaşyp biler (km-U 6/05, sah. 1).
Bile taýýarlanmaly:
◼ Täze wagyzça wagyzda ulanmak üçin maslahat berilýän hödürleri tapmaga kömek et.
◼ Ýaşaýan ýeriňde ulanyp boljak ýönekeý bir hödür saýlap al.
◼ Wagyzda Mukaddes Ýazgylary ulanmaga höweslendir.
◼ Taýýarlanyp, bile aýdyp görüň. Adamlaryň köplenç aýdýan gaýtargylaryna sypaýyçylykly jogap bermegi öwret.
Bile wagyz et:
◼ Bile taýýarlan hödüriňizi şägirde wagyzda ulanylyşyny özüň görkez.
◼ Şägirdiň gylyk-häsiýetini we ukybyny göz öňünde tut. Käbir ýagdaýlarda şägirt hödüriň diňe bir bölegini aýtsa gowy bolardy.
◼ Täze wagyzça wagza yzygiderli gatnaşmak üçin ýörite gün tertibini düzmegi öwret.
11-nji bölüm: Şägirtlere ikilenji ideg etmegi öwretmek
Ikilenji idege taýýarlyk ilkinji gezek wagyz edilende başlaýar. Şägirdi wagyz edýän adamlary bilen ýürekden gyzyklanmaga höweslendir. Adamlary gürletmegi, olaryň aýdýan zatlaryny diňlemegi hem-de olary alada goýýan zatlary ýazmagy kem-kemden öwret (km-U 7/05, sah. 1).
Ikilenji idege taýýarlyk:
◼ Gyzyklanýan adam bilen ilkinji sapar gürrüň eden zatlaryňa göz aýlap çyk hem-de şägirde öý eýesini gyzyklandyryp biljek temany tapmaga kömek et.
◼ Bir aýaty hem-de şony edebiýatda düşündirýän ýeri ulanyp, bir gysgaça hödür taýýarla.
◼ Gürrüňdeşligiň soňunda bermek üçin bir sowal taýýarla.
Erjellik bilen ikilenji ideg et:
◼ Gyzyklanýan ähli adamlary derrew ideg etmäge höweslendir.
◼ Öýünde tapmasy kyn adamlary erjellik bilen ikilenç idemegiň wajypdygyny şägirde düşündir.
◼ Täze wagyzça gyzyklanýan adam bilen wagt belleşmegi öwret hem-de söz beren ýeriňe wagtynda barmagyň wajypdygyny düşündir.
12-nji bölüm: Şägirtlere Mukaddes Ýazgylar okuwyny başlamagy we geçirmegi öwret
Isa eýerip, seniň wagyzda oňat görelde görkezmegiň şägirt üçin örän wajyp. Şonda şägirt seniň yhlasly wagyz edişiňi görüp, ilkinji idegiň maksadynyň Mukaddes Ýazgylar okuwyny başlamakdygyna düşüner (km-U 8/05, sah. 1).
Mukaddes Ýazgylar okuwyny hödür etmek:
◼ Sapagyň geçirilişini jikme-jik düşündirmegiň geregi ýokdugyny şägirde düşündir.
◼ Köplenç öwrenilýän edebiýatyň bir ýa-da iki abzasyny esaslanyp, sapagyň geçirilişini görkezseň gowy bolardy.
◼ Mukaddes Ýazgylar okuwyny başlamak üçin berlen teklipleriň birini gözden geçirip, bile aýdyp görüň (km-U 8/05, sah. 8; km-U 1/02, sah. 6).
Şägirtlere mugallym bolmaga kömek et:
◼ Şägirtlere Wagyz mekdebine ýazylmaga kömek et.
◼ Täze wagyzçyny ýanyň bilen Mukaddes Ýazgylar okuwyna äkit hem-de oňa biraz mugallymçylyk etmäge mümkinçilik ber.