Gündeki aýat wagyz üçin duşuşyklarynda indi ulanylmaýar
Öň her günki aýat hödür hökmünde gabat gelýän bolsa, ony wagyz duşuşygynda gysgaça ara alyp maslahatlaşsa bolýardy. Ol düzgün indi üýtgedilýär. Wagyz duşuşygynda indi «Mukaddes Ýazgylary her gün öwreneliň» atly braşýura seredilmez. Bu duşuşygy geçirýän dogan Mukaddes Ýazgylary, «Hudaýa gullugymyzy», «Gulluk mekdebi» (rus.) we «Ýazgylar esasynda söhbetdeşlik» (rus.) kitabyny, şeýle-de wagza degişli başgada edebiýatlary ulanyp biler. Wagyz duşuşygyny geçirýän dogan şol gün wagyzda peýdaly boljak pikirleri taýýarlamaly. Bu duşuşygy öňküsi ýaly 10 ýa-da 15 minudyň dowamynda geçirmeli. Eger ondan soň ýygnak duşuşygy bar bolsa, wagyz duşuşygyna has azyrak wagt sarp etmeli.