6-NJY BAP
Ýygnagyň hyzmatçylary wajyp işleri ýerine ýetirýär
PAWLUS RESUL Filipidäki ýygnaga şeýle sözleri ýazdy: «Isa Mesihiň gullary Pawlus bilen Timoteos Mesihiň Filipidäki şägirtlerine, ähli mukaddeslere, ýygnagyň gözegçilerine we hyzmatçylaryna hat ýazýar» (Flp. 1:1). Üns beren bolsaňyz, Pawlus ýygnagyň hyzmatçylaryny hem agzap geçýär. Şol döwürde hyzmatçy bolup gulluk edýän doganlar ýygnak ýaşulularyna uly goldaw bolýardylar. Şu günlerem hyzmatçy doganlar dürli borçlary ýerine ýetirýärler we ýygnakda tertip-düzgüniň bolmagyna uly goşant goşýarlar.
2 Siziň hem ýygnagyňyzda hyzmatçy bolup gulluk edýän doganlar bardyr. Olar hem siziň, hem dogan-uýalaryň aladasyny edýärler. Ýehowa şol doganlaryň çekýän zähmetiniň gadyryny bilýär. Pawlus resul: «Gowy hyzmat edýän doganlar abraý gazanýandyr we Isa Mesihe imany hakda batyrgaý gürrüň berýändir» diýip, öwgüli sözleri aýtdy (1 Tim. 3:13).
HYZMATÇYLARDAN EDILÝÄN TALAPLAR
3 Hyzmatçy doganlar ähli zatda Hudaýy razy edip ýaşamaly, özüne ynanylan işe sowuk-sala garaman, dogry ýerine ýetirmeli. Pawlus resul hem Timoteosa ýazan hatynda olaryň nähili talaplara laýyk gelmelidigini aýtdy: «Ýygnagyň hyzmatçylary hem jogapkärli bolmaly. Olar ikiýüzli, köp şerap içýän bolmaly däl we açgözlük bilen haram gazanç edýän bolmaly däl. Olar imanyň mukaddes syryny päk ynsap bilen saklap bilmeli. Ýöne olary başda barlap görüň. Eger olary hiç kim ýazgarmasa, hyzmatçy bolup gulluk etsin. Hyzmatçy bir aýally bolmaly. Ol maşgalasy, esasan-da, çagalary hakda gowy alada edýän adam bolmaly» (1 Tim. 3:8—10, 12). Hyzmatçy bolmak isleýän dogan Mukaddes Kitapdaky talaplara laýyk gelse, hiç kim ýygnakda jogapkärli borçlary ýerine ýetirýän doganlary ýazgarmaz.
4 Ýygnagyň hyzmatçylary ýaş ýa garry bolsa-da, Isanyň göreldesine eýerip, yhlasly wagyz edýärler. Şeýdip, olar Ýehowanyň ähli adamlary halas etmek isleýändigini görkezýär (Işa. 9:7).
5 Mundan başga-da, hyzmatçy doganlar egin-eşigi, daş keşbi, gepleýşi, garaýşy we özüni alyp barşy bilen gowy görelde bolýarlar. Hyzmatçylar düşünjeli, paýhasly bolsalar, ýygnakdakylar höwes bilen hormat goýarlar. Şeýle-de olar Ýehowa bilen dostlugyna, ýygnakdaky borçlaryna jogapkärli garaýarlar (Tit. 2:2, 6—8).
6 Hyzmatçy bolmak isleýän doganlar «başda barlanýar». Olaryň heniz hyzmatçy bellenmänkä Ýehowa wepalylygy, Patyşalyk işlerini birinji orunda goýýandygy, islendik ýumşy höwes bilen ýerine ýetirmäge taýyndygy görünmeli. Şeýle hyzmatçylar ýygnak üçin gowy görelde (1 Tim. 3:10).
HYZMATÇYLARYŇ BORÇLARY
7 Hyzmatçy doganlar dürli borçlary ýerine ýetirip, ýygnak ýaşulularyna uly goldaw bolýarlar. Ýygnakda hyzmatçy doganlar näçe köp bolsa, şonça-da ýygnak ýaşulularynyň çopançylyk idegini etmäge we tälim bermäge köp wagty bolýar. Ýaşulular maslahaty hyzmatçylara ýumuş tabşyranda, olaryň ukyp-başarnygyny we ýygnagyň zerurlyklaryny göz öňünde tutýar.
Hyzmatçy doganlar dürli borçlary ýerine ýetirip, ýygnak ýaşulularyna uly goldaw bolýarlar. Ýygnakda hyzmatçy doganlar näçe köp bolsa, şonça-da ýygnak ýaşulularynyň çopançylyk idegini etmäge we tälim bermäge köp wagty bolýar
8 Geliň, hyzmatçylaryň borçlarynyň käbirine seredeliň. Meselem, olaryň käbiri dogan-uýalaryň okamagy we wagyzda ulanmagy üçin edebiýatlary paýlaýar. Ýa-da pul sadakalarynyň we meýdançalaryň hasabatlaryny ýöredýär. Käbiri bolsa ýygnakda mikrofon tutýar, ses enjamlaryna gözegçilik edýär, ýygnaga gelýänleri garşy alýar we olara hyzmat edýär. Olar ýaşululara başga zatlarda-da kömek edýär. Ýygnak jaýlaryny arassa we abat saklamak üçinem hyzmatçylara köp işler tabşyrylýar.
9 Käbir ýygnaklarda şeýle borçlaryň her birine aýratyn hyzmatçy dogan bellenilýär. Başga ýerlerde bolsa bir hyzmatçy birnäçe borçlary ýerine ýetirip bilýär. Käbir ýagdaýlarda şol bir ýumşy birnäçe hyzmatçy ýerine ýetirmegi mümkin. Eger ýygnakda hyzmatçylar az bolsa, onda ýaşulular maslahaty şol jogapkärli borçlary suwa çümdürilen göreldeli doganlara tabşyryp biler. Şonda olaram hyzmatçy bolmaga kömek etjek häsiýetleri ösdürip bilerler. Eger ýygnakda suwa çümdürilen dogan ýok bolsa, käbir işleri göreldeli uýa tabşyrsa bolar. Şeýle ýumuş tabşyrylýan dogan ýa uýa ýygnaklara, wagza yhlasly gatnaşmaly, maşgalada, dynç alanda, egin-eşik saýlanda, özüne timar berende we başga ýagdaýlarda-da göreldeli bolmaly.
10 Ýygnakda ýaşuly gaty az bolsa, ukyply hyzmatçylar suwa çümdüriljekler bilen gürrüňdeşlige gatnaşyp biler. Olar goşmaça maglumatdaky «Mesihçileriň ynançlary» diýen 1-nji bölüme gatnaşyp biler. Ýöne «Mesihçileriň durmuşy» diýen 2-nji bölümdäki soraglar şahsy meselelere degişli bolansoň, oňa diňe ýaşulular gatnaşmaly.
11 Käte ýaşulular maslahaty hyzmatçy doganlaryň borçlaryny ýagdaýa görä üýtgedip biler. Emma hyzmatçy borjuny birnäçe wagt ýerine ýetirse, has-da ökdeleşer.
12 Ýerli ýagdaýa görä, «ruhy taýdan ösen» hyzmatçylara başga-da borçlar tabşyrylmagy mümkin (1 Tim. 4:15). Ýygnakda ýaşulular az bolsa, hyzmatçylar toparyň gözegçisiniň kömekçisi, käte bolsa ýaşulularyň gözegçiligi astynda toparyň hyzmatçysy bellenip biler. Olar «Durmuş we wagyz» duşuşygynyň käbir bölümlerini we Mukaddes Kitaby öwrenmek duşuşygyny geçirip biler. Olar jemagat nutuklary bilenem çykyş edip biler. Käbir ýagdaýlarda bolsa talaba laýyk gelýän hyzmatçylara başga-da jogapkärçilikler tabşyrylmagy mümkin (1 Pet. 4:10). Hyzmatçylar ýaşululara höwes bilen kömek etmeli.
13 Elbetde, hyzmatçylar ýaşuly bolmasalar-da, olar bilen deň hatarda agyr zähmet çekýärler. Olar ýygnagyň berkemegine uly goşant goşýarlar. Eger hyzmatçylar borjuny gowy ýerine ýetirse we dogan-uýalaryň ýürekden aladasyny etmegi, ökdelik bilen tälim bermegi öwrense, ýaşuly bolmaga teklip ediler.
14 Hakykaty kabul edýän adamlaryň sany gün-günden artýandygy üçin, ýygnakda ruhy taýdan ösen, ukyply doganlaryň kömegi gerek bolýar. Belki, sen ýetginjek ýa-da ýaňy-ýakynda suwa çümdürilen bolsaň, hyzmatçy bolmagy maksat goýýansyň (1 Tim. 3:1). Hyzmatçy bolasyň gelse, Isanyň göreldesi barada oýlanyp, adamlara kömek etmek islegiňi artdyr (Mat. 20:28; Ýah. 4:6, 7; 13:4, 5). Adamlara näçe kömek etseň, şonça-da şatlanarsyň, hyzmatçy bolmagy hasam höwes edersiň (Res. 20:35). Şol sebäpli dogan-uýalaryň ýürekden aladasyny et, Ýygnak jaýlarynyň arassaçylyk we bejeriş işlerine yhlasly gatnaş. «Durmuş we wagyz» duşuşygyna gelip bilmedik doganyň ýumşuny almaga taýyn bol. Şahsy okuwyny yzygiderli geçirip, gowy häsiýetleri ösdür (Zeb. 1:1, 2; Gal. 5:22, 23). Şeýle-de ýygnakda berilýän ýumuşlara sowuk-sala garaman, wagtynda ýerine ýetirmegi öwren (1 Kor. 4:2).
15 Hyzmatçy doganlar mukaddes ruh tarapyndan bellenilýär. Şonuň üçin dogan-uýalar olar bilen hyzmatdaşlyk edip, çekýän agyr zähmetiniň gadyryny bilmeli. Şeýdip, biz ýygnakda tertip-düzgüni goýýan Ýehowa minnetdar bolarys (Gal. 6:10).