Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • od sah. 185—192
  • 1-nji bölüm. Mesihçileriň ynançlary

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • 1-nji bölüm. Mesihçileriň ynançlary
  • Ýehowanyň islegini ýerine ýetirýän gurama
  • Meňzeş maglumat
  • Hudaýyň Patyşalygy näme?
    Mukaddes Ýazgylar näme öwredýär?
  • Wagyz etmeli habarymyz
    Wagyz mekdebi
  • Isanyň öwreden dogasyna görä ýaşalyň! (I bölüm)
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2015
  • Hudaýyň Patyşalygy tizden halas eder!
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2008
Ýehowanyň islegini ýerine ýetirýän gurama
od sah. 185—192

SUWA ÇÜMDÜRILJEKLER BILEN SÖHBETDEŞLIK

1-nji bölüm. Mesihçileriň ynançlary

Sen Ýehowanyň Şaýatlary bilen Mukaddes Kitaby öwrenip, hakykaty bildiň. Elbetde, öwrenen zatlaryň saňa Ýehowa bilen dostlaşmaga kömek edendir we gelejekde Jennetde ebedi ýaşajakdygyňa umyt berendir. Hudaýyň Sözüne bolan imanyň has-da berkändir. Şeýle-de ýygnakdaky dogan-uýalar bilen dostlaşyp, köp bereketleri alansyň. Ýehowanyň gullukçylaryny goldaýandygyny görüp, diýseň begenýänsiň (Zek. 8:23).

Sen suwa çümdürilmäge taýýarlanýansyň. Şonuň üçin ýygnak ýaşululary bilen gürrüňdeşlikde mesihçileriň ynançlaryna has-da gowy düşünip bilersiň (Ýew. 6:1—3). Goý, Ýehowa seniň Mukaddes Kitapdan bilim almak üçin edýän tagallaňa ak patasyny bersin we ebedi ýaşaýşa ýetirsin! (Ýah. 17:3).

1. Sen näme üçin suwa çümdürilmek isleýärsiň?

2. Ýehowa kim?

• «Ýerde-gökde ýeke-täk hak Hudaý Ýehowadyr. Ondan başga Hudaý ýokdur» (5 Mus. 4:39).

• «Goý, älem-jahan seniň adyň Ýehowadygyny bilsin, diňe seniň Allatagaladygyňa düşünsin» (Zeb. 83:18).

3. Hudaýyň adyny tutmak näme üçin wajyp?

• «Siz şeýle doga ediň: „Eý gökdäki Atamyz, adyň mukaddes bolsun!“» (Mat. 6:9).

• «Ýehowanyň adyny çagyran her bir adam halas bolar» (Rim. 10:13).

4. Mukaddes Kitapda Ýehowa nähili suratlandyrylýar?

• «Ýehowa ýer ýüzüniň Ýaradyjysy, ebedilik Hudaý» (Işa. 40:28).

• «Eý gökdäki Atamyz» (Mat. 6:9).

• «Hudaý söýgüdir» (1 Ýah 4:8).

5. Sen Ýehowa Hudaýa näme berip bilersiň?

• «Ýehowa Hudaýyňy bütin ýüregiň, bütin janyň, bütin aň-düşünjäň we bütin güýjüň bilen söý» (Mar. 12:30).

• «Ýehowa Hudaýyňa sežde etmeli, diňe oňa gulluk etmeli» (Luka 4:8).

6. Näme üçin Ýehowa wepaly bolasyň gelýär?

• «Oglum, paýhasly bol, ýüregimi şatlandyr, şonda men töhmet atýana jogap berip bilerin» (Nak. 27:11).

7. Sen kime doga etmeli? Kimiň ady bilen doga etmeli?

• «Size hakykaty aýdýaryn, meniň adym bilen Atamdan näme dileseňiz, ol size berer» (Ýah. 16:23).

8. Näme hakda doga edip bilersiň?

• «Siz şeýle doga ediň: „Eý gökdäki Atamyz, adyň mukaddes bolsun! Patyşalygyň gelsin, gökde bolşy ýaly, ýerde-de islegiň amala aşsyn! Her günki çöregimizi ýetirip dur. Adamlaryň günäsini bagyşlaýşymyz ýaly, sen hem biziň günälerimizi bagyşla. Bize synaga düşmäge ýol berme, Şeýtanyň elinden halas et“» (Mat. 6:9—13).

• «Hudaýa arkaýyn ýüzlenip bilýäris, sebäbi islegine görä näme dilesek, ol hökman eşider» (1 Ýah. 5:14).

9. Ýehowa nähili adamlaryň dogasyny diňlemeýär?

• «Şol gün Ýehowadan kömek sorarsyňyz, emma ol jogap bermez... sebäbi siz erbet işleri edýärsiňiz» (Mik. 3:4).

• «Ýehowa dogruçyllara nazar salýar, olaryň ýalbaryp edýän dogalaryny eşidýär. Ýehowa erbetlerden ýüzüni sowýar» (1 Pet. 3:12).

10. Isa Mesih kim?

• «Simun Petrus: „Sen Biribaryň Ogly, Mesih!“ diýip jogap berdi» (Mat. 16:16).

11. Isa näme üçin ýer ýüzüne geldi?

• «Ynsan ogly-da özüne hyzmat etdirmek üçin däl, hyzmat etmek we köpleriň ugrunda janyny töleg hökmünde bermek üçin geldi» (Mat. 20:28).

• «Men Hudaýyň Patyşalygy baradaky hoş habary başga şäherlerde-de wagyz etmeli, sebäbi men şonuň üçin geldim» (Luka 4:43).

12. Isanyň töleg gurbanyna nädip minnetdar bolup bilersiň?

• «Adamlar indi özleri üçin däl-de, olaryň hatyrasyna ölüp, soňra direlen üçin ýaşamaly, sebäbi ol hemmeler üçin öldi» (2 Kor. 5:15).

13. Isanyň nähili ygtyýary bar?

• «Gökde we ýerde ähli ygtyýar maňa berildi» (Mat. 28:18).

• «Hudaý ony has-da beýgeldip, ähli atlardan iň beýik ady berdi» (Flp. 2:9).

14. Ýehowanyň Şaýatlarynyň Ýolbaşçylyk maslahatyny Isa Mesihiň «wepaly hem paýhasly hyzmatkär» edip belländigine ynanýarsyňmy?

• «Hojaýynyň öýdäki hyzmatkärlerine wagtly-wagtynda nahar paýlaryny bermek üçin bellän wepaly hem paýhasly hyzmatkäri kim?» (Mat. 24:45).

15. Mukaddes ruh näme?

• «Seniň üstüňe mukaddes ruh iner, seni Allatagalanyň güýji gorar. Dünýä injek çaga mukaddes bolar, oňa Hudaýyň Ogly diýerler» (Luka 1:35).

• «Eger siz erbet adam bolup, çagalaryňyza gowy zatlary berýän bolsaňyz, onda gökdäki Ataňyz dileýänlere mukaddes ruhuny bermezmi näme?» (Luka 11:13).

16. Ýehowa mukaddes ruhy arkaly nähili işleri edýär?

• «Asman Ýehowanyň sözi bilen ýaradylandyr, asman jisimleri demi bilen dörändir» (Zeb. 33:6).

• «Siziň üstüňize mukaddes ruh inende, güýjüňize güýç goşulyp... bütin ýer ýüzünde men hakda wagyz edersiňiz» (Res. 1:8).

• «Mukaddes kitaplardaky hiç bir pygamberlik adamyň pikirine esaslanyp ýazylmady. Adamlar pygamberligi hiç haçan öz-özünden aýtmandylar. Olar Hudaýyň mukaddes ruhunyň kömegi bilen pygamberlik edýärdiler» (2 Pet. 1:20, 21).

17. Hudaýyň Patyşalygy näme?

• «Gögüň Hudaýy hiç haçan ýok edilmejek bir patyşalygy döreder. Ol patyşalyk başga halkyň eline geçmez. Ol ähli patyşalyklary ýok eder, özi bolsa ebedi durar» (Dan. 2:44).

18. Hudaý Patyşalygy arkaly seniň üçin näme eder?

• «Hudaý olaryň gözlerinden ýaşlaryny süpürer. Indi ne ölüm, ne hasrat, ne agy, ne-de agyry bolar, sebäbi öňki zatlar geçip gitdi» (Ylh. 21:4).

19. Tizden Hudaýyň Patyşalygy arkaly bereket berjekdigine näme üçin ynanýarsyň?

• «Şägirtleri ýanyna gelip: „Aýdan zatlaryň haçan bolar? Seniň gelendigiňi we dünýäniň soňuny haýsy alamatdan bilse bolar?“ diýip soradylar. Isa şeýle jogap berdi... „millet millete, patyşalyk patyşalyga garşy çykar, käbir ýerlerde açlyk we ýertitremeler bolar. Patyşalyk baradaky hoş habar bütin ýer ýüzünde ähli milletlere wagyz ediler, soňra dünýäniň soňy geler“» (Mat. 24:3, 4, 7, 14).

• «Soňky günlerde juda kyn döwür bolar. Sebäbi adamlar özüni bilýän, pula gyzan, öwünjeň, tekepbir, Hudaýa dil ýetirýän, ene-atasyna gulak asmaýan, gadyr bilmez, biwepa, dogan-garyndaşlaryny söýmeýän, eglişik etmeýän, töhmet atýan, özüne erk etmeýän, zalym, ýagşylygy ýigrenýän, dönük, özdiýenli, ulumsy, Hudaýy däl-de, keýpi-sapany söýýän, Hudaýyň ýolunda ýörän bolup, şoňa görä ýaşamaýan adamlar bolar» (2 Tim. 3:1—5).

20. Hudaýyň Patyşalygyny birinji orunda goýýandygyňy nädip görkezip bilersiň?

• «Hudaýyň Patyşalygyny we adalatly kanunlaryny hemişe birinji orunda goýuň» (Mat. 6:33).

• «Isa şägirtlerine: „Kim meniň yzyma eýermek islese, özünden geçsin-de, jebir pürsüni alyp, hemişe yzyma düşsün“ diýdi» (Mat. 16:24).

21. Şeýtan we jynlar kim?

• «Siziň ataňyz Iblis... ol owal-başdan ganhordy» (Ýah. 8:44).

• «Iblis we Şeýtan diýip atlandyrylýan köne ýylan, bütin ýer ýüzünde ýaşaýanlary aldaýan uly aždarha perişdeleri bilen ýere zyňyldy» (Ylh. 12:9).

22. Şeýtan Ýehowa we oňa sežde edýän adamlara näme töhmet atdy?

• «Aýal ýylana şeýle jogap berdi: „Bagdaky agaçlaryň miwesinden iýip bilýäris. Diňe bagyň ortasyndaky agaçdan iýmeli däl. Sebäbi Hudaý: „Ondan iýmäň, eliňizi-de degirmäň, ýogsam ölersiňiz“ diýdi“. Ýylan bolsa: „Ýok, ýok, ölmersiňiz. Aslynda, Hudaý şol agaçdan iýen günüňiz gözüňiziň açyljakdygyny we ýagşy-ýamany saýgaryp, Hudaý ýaly boljakdygyňyzy bilýär“ diýdi» (1 Mus. 3:2—5).

• «Şeýtan Ýehowa: „Adam şirin jany üçin ähli zadyndan geçer“ diýdi» (Eýp. 2:4).

23. Şeýtanyň ýalançydygyny nädip subut edip bilersiň?

• «Ýehowa... bütin ýüregiňiz, bütin janyňyz bilen gulluk ediň» (5 Mus. 10:12).

• «Soňky demime çenli wepaly bolaryn!» (Eýp. 27:5).

24. Adamlar näme üçin ölýär?

• «Bir adam arkaly günä we günä arkaly ölüm peýda boldy. Ölüm hem ähli adamlara geçdi, sebäbi hemmeler günä etdi» (Rim. 5:12).

25. Adam ölensoň näme bolýar?

• «Diriler öljegini bilýär, ölüler bolsa hiç zat bilmeýär» (Nes. 9:5).

26. Ölen adamlar direlermi?

• «Hudaýyň dogruçyllary hem-de erbetleri direltmegine sabyrly garaşýaryn» (Res. 24:15).

27. Isa bilen gökde näçe adam höküm sürer?

• «Görsem, Sion dagynda Guzy we onuň ýanynda 144 000 adam durdy. Olaryň maňlaýynda Guzynyň we onuň Atasynyň ady ýazylgydy» (Ylh. 14:1).

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş