Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • w08 15/5 sah. 12—16
  • Hudaýyň Patyşalygy tizden halas eder!

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Hudaýyň Patyşalygy tizden halas eder!
  • Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2008
  • Sözbaşylar
  • Meňzeş maglumat
  • Häzir halas bolmak örän wajyp
  • Ýeke-täk Halas ediji
  • Adalatly hökümet
  • Tizden soňky günler tamamlanar!
  • Hudaýyň Patyşalygy näme?
    Mukaddes Ýazgylar näme öwredýär?
  • Patyşalyk «hiç haçan ýok bolmaz»
    Ýalňyz hak Hudaýa sežde ediň
  • «Soňky günlerde» ýaşaýandygymyzy nireden bilýäris
    Hudaý biz barada alada edýärmikä?
  • Hüşgär boluň
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2009
Başgalary
Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2008
w08 15/5 sah. 12—16

Hudaýyň Patyşalygy tizden halas eder!

«Patyşalygyň gelsin; gökde bolşy ýaly, ýerde-de Seniň islegiň amala aşsyn» (MAT. 6:10).

1. Isa esasan näme barada öwretdi?

ISA Mesihiň Dagdaky wagyzda aýdan nusgalyk dogasyndan esasan näme barada öwredendigi görünýär. Ol şägirtlerine Hudaýa şeýle doga etmegi öwretdi: «Patyşalygyň gelsin; gökde bolşy ýaly, ýerde-de Seniň islegiň amala aşsyn» (Mat. 6:9—13). «Isa şäher-şäher, oba-oba aýlanyp, wagyz edip, Hudaýyň Patyşalygynyň hoş habaryny bildirýärdi» (Luka 8:1). Mesih şägirtlerini: «Öňürti Hudaýyň Patyşalygyny, Onuň dogrulygyny agtarmagy» höweslendirdi (Mat. 6:33). Sen bu makalany öwreneniňde, ony wagyz gullugynda nädip ulanyp bolýandygy barada oýlan. Özüňe şeýle soraglary berip bilersiň: Patyşalyk baradaky habar nähili wajyp? Adamzat nähili gutaryşa mätäç? Hudaýyň Patyşalygy nädip halas eder?

2. Patyşalyk baradaky habar nähili wajyp?

2 Isa şeýle pygamberlik etdi: «Patyşalyk baradaky bu Hoş Habar hemme milletlere güwälik hökmünde dünýäniň ähli ýerinde wagyz ediler; ahyrzamana şonda geler» (Mat. 24:14). Hudaýyň Patyşalygy baradaky habar deňi-taýy bolmadyk habardyr. Hakykatdan-da, bu dünýäde iň wajyp habar! Ýehowanyň Güwäçileriniň 100 000-den gowrak ýygnaklarynda Hudaýyň ýedi milliona golaý gullukçylary bütin dünýäde adamlara Patyşalygyň berkarar bolandygy barada deňsiz-taýsyz habary wagyz edýärler. Bu, dogrudan hem, hoş habar, sebäbi Hudaý ýerdäki işlere ýolbaşçylyk eder ýaly gökde hökümet dikeltdi. Ýehowa bu Patyşalygyň ýolbaşçylygy astynda gökde bolşy ýaly, ýerde-de islegini amala aşyrar.

3, 4. Hudaýyň islegi ýer ýüzünde amala aşanda ýaşaýyş nähili bolar?

3 Hudaýyň islegi ýer ýüzünde amala aşanda, adamlara näme bolar? Ýehowa adamlaryň «gözlerinden ähli ýaşlaryny süpürer. Indi ne ölüm, ne ýas, ne agy, ne-de agyry bolar» (Ylh. 21:4). Kämilsizlik we miras alnan günä sebäpli, adamlar kesellemez we ölmez. Hudaý ýadyndaky ölen adamlara ebedi ýaşamaga mümkinçilik berer, çünki Mukaddes Ýazgylar şeýle wada edýär: «Hem dogrular, hem egriler ölümden direler» (Res. iş. 24:15). Şonda uruş, keselçilik, açlyk bolmaz we ýer ýüzi jennede öwrüler. Hatda ýyrtyjy haýwanlar hem adamlar we biri-biri bilen parahat bolarlar (Zeb. 46:9; 72:16; Iş. 11:6—9; 33:24; Luka 23:43).

4 Patyşalygyň hökümdarlygy astynda eçiljek bereketler barada Mukaddes Ýazgylarde şeýle diýilýändigi geň galdyrmaýar: «Mylakatlylar ýeri miras alar, bol parahatlykda hezil eder». Zorluk edýänlere näme bolar? Ýazgylarda şeýle pygamberlik edilýär: «Ýene az-kem sabyr et, erbet ýok bolar». Emma «Rebbe umyt baglaýanlar bolsa ýeri miras alar» (Zeb. 37:9—11).

5. Bu dünýä näme bolar?

5 Bu ýerine ýeter ýaly häzirki dawalaşýan döwletler, dinler we kommersiýa dünýäsi ýok edilmeli. Muny hut gökdäki hökümet eder. Daniýel pygamber Hudaýyň ylhamy bilen şeýle diýdi: «Şol patyşalyklaryň [häzirki ynsan hökümetleriniň] döwründe gökdäki Hudaý [gökde] patyşalyk berkarar eder, ol hiç haçan ýok bolmaz we bu patyşalyk başga halka geçmez; ol [häzirki] patyşalyklaryň ählisini ýumrup ýok eder, özi bolsa ebedi galar» (Dan. 2:44). Hudaýyň Patyşalygy, ýagny gökdäki täze hökümet ýer ýüzündäki täze jemgyýetiň üstünden höküm sürer. Şonda «täze göklerde, täze ýerde... dogrulyk höküm sürer» (2 Pet. 3:13).

Häzir halas bolmak örän wajyp

6. Mukaddes Ýazgylarda şu zalym dünýäniň erbetligi nähili beýan edilýär?

6 Şeýtan, Adam ata we How ene ýagşyny-ýamany özleri seljermek üçin Hudaýa garşy pitne turzanda, adamzat taryhynda erbetlik başlandy. 1600 ýyldan soň, bütindünýä Tupanynyň öň ýanynda «adamyň erbetligi ýer ýüzünde köpdi we ýüreginiň pikir-hyýalynyň günuzyn diňe erbetlikdi» (Bar. 6:5). Takmynan 1300 ýyl geçenden soň, Süleýman ýagdaýyň erbetdigini şeýle beýan etdi: «Men ölen adamlary häzir ýaşaýan diri adamlardan bagtly hasaplaýaryn. Ýöne entek dogulmadyk we günüň astynda edilýän erbet işleri görmedik adam has bagtly» (Wag. 4:2, 3). Şondan bäri takmynan 3000 ýyl geçse-de, erbetlik gitdigiçe köpelýär.

7. Näme üçin adamzat Hudaýyň halas etmegine häzir öňküden-de wajyp?

7 Zorluk ençeme ýyldan bäri dowam etse-de, häzir adamzat Hudaýyň Patyşalygynyň halas etmegine öňküden-de mätäç. Ýer ýüzünde soňky 100 ýylda ýagdaý has-da erbetleşdi we gün-günden beterleşýär. Meselem, «Uorlduotç» institutyň hasabatynda şeýle diýilýär: «Diňe XX asyrda öňki ýüzýyllyklara garanda, uruşlarda üç esse adam köp wepat boldy». 1914-nji ýyldan bäri uruşlarda 100 million adam öldi! Bir ensiklopediýada Ikinji Jahan urşunda 60 milliondan gowrak adam wepat boldy diýilýär. Käbir halklaryň ýadro ýaraglary ýer şarynyň ilatynyň aglabasyny birnäçe gezek ýok edip bilýär. Ylmyň we medisinanyň ösmegine garamazdan, her ýyl açlykdan we keselçilikden 5 million çaga ölýär («Mukaddes Ýazgylar näme öwredýär?» kitabynyň 9-njy babyna serediň).

8. Adamzadyň müňlerçe ýyl hökümi nämäni subut etdi?

8 Adamlar bütin dünýäni eýelän zorlugy togtadyp bilmediler. Dünýäniň syýasy, kommersiýa we dini guramalary adamlary parahatlyk, abadançylyk we saglyk bilen hiç haçan üpjün edip bilmedi. Bu guramalar adamzadyň kynçylygyny çözmäge derek, gaýtam, olary köpeldýär. Aslynda, adamzadyň müňlerçe ýyldan bäri höküm sürmegi, şu sözleriň dogrudygyny subut etdi: «Ynsanyň ýoly ygtyýarynda däl... Ýöräp barýan adam ädimlerini ugrukdyryp bilmez» (Ýerem. 10:23). Hawa, «adamyň adama agalyk etmegi onuň zyýanynadyr» (Wag. 8:9). Galyberse-de, «bütin ýaradylyş... ah çekip, birlikde burgusyny tutup ýatyr» (Rim. 8:22).

9. «Soňky günlerde» nähili ýagdaý bolar?

9 Biziň döwrümiz barada Mukaddes Ýazgylarda şeýle diýilýär: «Soňky günlerde kyn pursatlar bolar». Adamzadyň gol astyndaky soňky günleriň ýagdaýy beýan edilensoň, pygamberlikde şeýle diýilýär: «Erbet, kezzap adamlar aldap hem aldanyp, erbetlikde ýene ilerlär» (2 Timoteos 3:1—5, 13-nji aýatlary okaň). Mesihçiler «bütin dünýäniň... iblisiň goly astyndadygy» sebäpli bu zatlara geň galmaýarlar (1 Ýahýa 5:19). Emma hoş habara görä, Hudaý tizden ony söýýänleri halas eder. Olar gün-günden ýaşaýyş kynlaşýan bu zalym dünýäden halas bolarlar.

Ýeke-täk Halas ediji

10. Näme üçin Ýehowa ýeke täk Halas ediji?

10 Adamlara hoş habary wagyz edeniňde, Ýehowanyň ýeke-täk Halas edijidigini gürrüň ber. Gullukçylaryny islendik betbagtçylykdan hem-de zorlukdan halas etmäge diňe onuň güýji ýetýär we islegi bar (Res. iş. 4:24, 31; Ylh. 4:11). Biz Ýehowa halkyny hemişe halas eder we islegini amala aşyrar diýip bileris, çünki ol şeýle kasam edýär: «Meniň pikir edişim ýaly bolar». Onuň sözi «boş gaýdyp gelmez» (Işaýa 14:24, 25; 55:10, 11-nji aýatlary okaň).

11, 12. Hudaý gullukçylaryny nämä ynandyrýar?

11 Ýehowa erbetlere höküm çykaranda, öz gullukçylaryny halas etjekdigine her sapar ynandyrýardy. Hudaý Ýeremiýa pygamberi günäni endik eden adamlara habar aýtmaga iberende: «Olardan gorkma» diýip ruhlandyrdy. Näme üçin? Sebäbi Ýehowa: «Seni halas etmek üçin ýanyňdadyryn» diýdi (Ýerem. 1:8). Şonuň ýaly-da, Ýehowa Sodom bilen Gomorrany ýok edende, Luty we onuň maşgalasyny halas etmek üçin şol ýere iki perişdesini iberýär. Olar şäherden çykan badyna, «Reb Sodomyň üstüne we Gomorranyň üstüne... gökden kükürt we ot ýagdyrdy» (Bar. 19:15, 24, 25).

12 Hudaýyň islegini ýerine ýetirýänleri halas etmek üçin Ýehowa hiç kim päsgel berip bilmez. Ol geçmişde zalym dünýäni Tupan bilen ýok edende, «dogrulyk wagyzçysy Nuhy beýleki ýedi adam bilen saklady» (2 Pet. 2:5). Şu zalym dünýäni ýok edende hem, Ýehowa dogrulary halas eder. Onuň Sözünde şeýle ündew berilýär: «Ýer ýüzündäki ähli ýumşak adamlar Ýehowany agtaryň... Dogrulygy, ýumşaklygy agtaryň. Belki, siz Ýehowanyň gazap güni gutularsyňyz» (Sef. 2:3). Şonda «ýurtda gönüler ýaşar... erbetler bolsa ýurtdan kesilip taşlanar» (Sül. tym. 2:21, 22).

13. Ýehowa aradan çykan gullukçylaryny nädip halas eder?

13 Emma Hudaýyň köp gullukçylary keselçilik, yzarlamalar we başga sebäplere görä aradan çykdylar (Mat. 24:9). Onda olar nädip halas bolar? Ýokarda agzalyp geçilişi ýaly, «dogrular... ölümden direler» (Res. iş. 24:15). Dogrudan-da, gullukçylaryny halas etmäge Ýehowa hiç zat päsgel berip bilmez!

Adalatly hökümet

14. Näme üçin Hudaýyň Patyşalygy adalatly hökümet?

14 Adamlara wagyz edeniňde, Ýehowanyň gökdäki Patyşalygynyň adalatly hökümetdigini düşündir. Bu hökümete adalatly diýip bileris, çünki ol Hudaýyň adalatly, dogruçyl we söýýän häsiýetlerini görkezýär (Kanun. 32:4; 1 Ýahýa 4:8). Hudaý Patyşalygyny Isa Mesihe tabşyrdy, ol ýer ýüzüniň iň gowy hökümdary bolar. Şeýle-de Ýehowa 144 000 mesh edilen mesihçileri ýer ýüzünden saýlap, gökde ýaşamak üçin direltdi. Olar Mesih bilen ýer ýüzüniň üstünden höküm sürerler (Ylh. 14:1—5).

15. Hudaýyň Pataşylygy adamzat hökümetinden nädip tapawutlanýar?

15 Isa bilen 144 000 hökümdaryň hökümeti bikämil adamlaryň hökümetinden nähili tapawutlanar! Şu günler hökümdarlaryň köpüsi rehimsiz we zalymlarça höküm sürýärler. Olar raýatlaryny urşa iterýärler, netijede, millionlarça adamlar wepat bolýar. Şol sebäpli Ýazgylar bizi adam ogluna bil baglamazlygy maslahat berýär, «çünki onda gutaryş ýokdur» (Zeb. 146:3). Emma Mesihiň hökümeti nähili ajaýyp bolar! Isa şeýle diýdi: «Eý argynlar, agyr ýüklüler, Meniň ýanyma geliň, Men size dynçlyk bereýin. Meniň boýuntyrygymy dakynyň-da, Menden öwreniň; çünki Men mylaýym hem pes göwünlidirin, janlaryňyz dynçlyk tapar. Çünki Meniň boýuntyrygym ýumşakdyr, ýüküm ýeňildir» (Mat. 11:28—30).

Tizden soňky günler tamamlanar!

16. Şu soňky günler nädip tamamlanar?

16 1914-nji ýylda şu dünýäniň soňky günleri ýa-da «zalym dünýäniň soňy» başlandy (Mat. 24:3, TD). Tizden Isanyň aýdan «uly muşakgaty» bolar (Matta 24:21-i okaň). Bu deňi-taýy bolmadyk muşakgat Şeýtanyň dünýäsiniň soňuna çykar. Emma uly muşakgat nädip başlanar we onuň soňy nädip geler?

17. Mukaddes Ýazgylara görä, uly muşakgatyň öňünden näme bolar?

17 Uly muşakgat duýdansyz başlar. Hawa, «Ýehowanyň güni», «adamlar: «her zat parahatlyk, aman diýen badyna» bolar (1 Selanikliler 5:2, 3-nji aýatlary okaň). Halklar dünýäniň kynçylyklaryny çözüp bileris öýdende, pygamberlikde aýdylan muşakgat başlar. Ýalan diniň dünýä imperiýasy bolan «Beýik Babyl» birden ýok edilmegi dünýäni haýran galdyrar. Patyşalar we başga adamlar Beýik Babyla höküm edilenine juda geň galarlar (Ylh. 17:1—6, 18; 18:9, 10, 15, 16, 19).

18. Şeýtan Hudaýyň halkyna hüjüm edende, Ýehowa näme eder?

18 Şol kyn pursatda «Günde, Aýda we ýyldyzlarda alamatlar bolar» we «gökde Ynsan Oglunyň alamaty görner». Biz şonda «başymyzy galdyrarys, çünki gutulyşymyz golaýlap gelýändir» (Luka 21:25—28; Mat. 24:29, 30). Şeýtan ýa-da Gog ähli güýjüni Hudaýyň halkyna gönükdirer. Ýöne Ýehowa wepaly gullukçylaryna garşy bu hüjüm babatda şeýle diýdi: «Size degen meniň gözümiň görejine degýär» (Zak. 2:8). Şol sebäpli Şeýtanyň olary ýok etmek üçin eden synanyşygy şowsuz bolar. Näme üçin? Sebäbi Älemiň Hökümdary Ýehowa özüni garaşdyrmaz we gullukçylaryny halas eder (Ezek. 38:9, 18).

19. Näme üçin Hudaýyň hökümini ýerine ýetirýänleriň Şeýtanyň dünýäsini ýok etjekdigine ynanyp bileris?

19 Ýehowa halklara garşy çykanda, «olar onuň Ýehowadygyny bilerler» (Ezek. 36:23). Ol Şeýtanyň dünýäsiniň ýerdäki galan bölegini ýok etmek üçin Isa Mesihiň ýolbaşçylygynda on müňlerçe on müňler perişdelerini iberer (Ylh. 19:11—19). Biz bir gijede ýekeje perişdäniň Hudaýyň duşmanlaryndan «ýüz segsen bäş müň adamy öldürendigi» baradaky wakany ýadymyza salsak, onda uly muşakgatyň netijesi bolan Armageddonda gökdäki goşun Şeýtanyň dünýäsinden nam-nyşan galdyrmajakdygyna ynanyp bileris (4 Pat. 19:35, Ylh. 16:14, 16). Şeýtan we jyn-arwahlar müň ýyllap düýpsüz çuňluga zyňlar. Iňsoňy olar ýok ediler (Ylh. 20:1—3).

20. Ýehowa Patyşalygy arkaly näme eder?

20 Gök we ýer erbetlikden arassalanar hem-de dogry adamlar ýer ýüzünde ebedi ýaşar. Ýehowa Beýik Halasgärdigini subut eder (Zeb. 145:20). Ol Patyşalygy arkaly hökümdarlygyny aklar, adyny şöhratlandyrar we ýer ýüzi üçin ajaýyp niýetini ýerine ýetirer. Geliň, hoş habary uly şatlyk bilen wagyz edip, «ebedi ýaşaýyş üçin bellenenlere» Hudaýyň Patyşalygynyň halas etjekdigine düşünmäge kömek edeliň! (Res. iş. 13:48).

Ýadyňyzdamy?

• Patyşalygyň wajypdygyny Isa nädip belläp geçdi?

• Näme üçin häzir halas bolmaklyk öňküden-de wajyp?

• Uly muşakgatda nähili wakalar bolar?

• Ýehowa Beýik Halasgärdigini nädip subut edýär?

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş