9-njy bölüm
«Soňky günlerde» ýaşaýandygymyzy nireden bilýäris
1, 2. Soňky günlerde ýaşaýandygymyzy nireden bilýäris?
HUDAÝYŇ Patyşalygynyň häzirki ynsan hökümetlerine garşy çäre görjek wagtynda ýaşaýandygymyzy nädip bilmeli? Tizden Hudaýyň ähli zalymlygy we horlugy aýyrjakdygyny nireden bilýäris?
2 Muny Isanyň şägirtleriniň hem bilesi gelýärdi. Olar Isadan patyşalygynyň we «ahyrzamanyň» alamatyny soradylar (Matta 24:3). Olaryň soragyna jogap berip, Isa dünýäni lerzana saljak wakalary hem-de adamzat üçin «döwrüň soňunyň» we zalym dünýäniň «soňky günleriniň» başlanyşyny görkezjek alamatlary jikme-jik beýan etdi (Daniýel 11:40; 2 Timoteos 3:1). Häzir şol alamatlary görýärismi? Elbetde, görýäris!
Jahan uruşlary
3, 4. Şu asyrda bolan uruşlar Isanyň aýdan pygamberligine gabat gelýärmi?
3 Isa «millet-millete, patyşalyk-patyşalyga» garşy çykjagyny öňünden aýtdy (Matta 24:7). 1914-nji ýylda tutuş dünýä urşa başlady. Ähli halklaryň we patyşalyklaryň aýaga galmagy bilen, ol uruş öňki uruşlardan tapawutlandy. Bir wagtlar taryhçylar bu urşa «Beýik uruş» diýýärdiler. Taryhda bu tapawutlanýan uruş, ýagny Birinji Jahan urşy boldy. 20 milliona golaý esger we parahat ilat heläk boldy, bu bolsa öňki uruşlarda heläk bolanlardan has köpdi.
4 Birinji Jahan urşy soňky günleriň başlandygyny aňladýar. Isa şuňa we beýleki wakalara «burgularyň başlangyjy» diýdi (Matta 24:8). Şeýle-de boldy, sebäbi Ikinji Jahan urşy has-da weýrançylykly boldy. Şonda 50 milliona golaý esger we parahat ilat heläk boldy. Umuman alanyňda, XX asyryň uruşlarynda 100 milliona golaý adam heläk boldy, bu bolsa geçen 400 ýylyň dowamynda heläk bolan adamlaryň sanyndan dört esse köpdür! Ynsan hökümetleri, gör, nähili agyr günä etdiler!
Beýleki subutnamalar
5—7. Biziň soňky günlerde ýaşaýandygymyz hakynda başga nähili subutnamalar bar?
5 Isa soňky günlere degişli başga-da alamatlary aýdyp, «aýry-aýry ýerlerde güýçli ýer titremeler, açlyk hem gyrgynçylyk bolar» diýdi (Luka 21:11). Bu bolsa 1914-nji ýylda başlan wakalara gabat gelýär. Şol betbagtçylyklar sebäpli horluklar has köpeldi.
6 Köp adamlary heläk edýän uly ýer titremeler elmydama bolup dur. Birinji Jahan urşunyň yzysüre bolsa diňe ispanka dümewi 20 million adamy, käbir maglumatlara görä 30 milliondan hem köp adamy gyrdy. Häzir ýüzlerçe müň adam SPID (AIDS) sebäpli heläk bolýar, ýakyn geljekde bolsa ýene-de millionlarça adamy heläk eder. Her ýyl millionlarça adamlar ýürek kesellerinden we rakdan ölýärler. Beýleki millionlarça adamlar bolsa açlykdan ölýärler. Ylham kitabyndaky atlylar, 1914-nji ýyldan başlap, uruşlary, azyk kemçiligini, ýokanç keselleri getirip, örän köp adamlary heläk etdi (Ylham 6:3—8).
7 Şeýle hem Isa jenaýatçylygyň köpeljekdigini aýtdy. Şol sebäpli şu günler jenaýatçylyk köpelýär. Isa şeýle diýdi: «Şer işleriň artanlygy zerarly, köpleriň söýgüsi sowar» (Matta 24:12).
8. 2 Timoteos 3-nji bapda ýazylan pygamberlik biziň günlerimize nädip gabat gelýär?
8 Soňra Mukaddes Ýazgylardaky pygamberlikler ahlagyň peseljekdigini aýdýar. Dünýäniň häzirki ýagdaýy ahlagyň peselendigini görkezýär. Pygamberlikde şeýle diýilýär: «Şuny bil, soňky günlerde kyn pursatlar bolar. Çünki adamlar özüni söýýän, pula gyzan, öwünjeň, tekepbir, küpür gürleýji, ene-ata boýun egmeýän, gadyr bilmez, mukaddeslikden mahrum, doňýürek, barlyşyksyz, myjabatçy, nebsine buýurmazak, zalym we ýagşylyga duşman bolar. Dönük, ätiýaçsyz, gopbamsy, lezzeti Hudaýdan köp söýýän, Hudaýyň ýolunda ýörän bolup, bu ýoluň güýjüni inkär edýänler çykar... Emma erbet, kezzap adamlar aldap hem aldanyp, erbetlikde ýene ilerlär» (2 Timoteos 3:1—13). Bu pygamberlik gözümiziň alynda ýerine ýetýär.
Başga bir sebäbi
9. Gökde bolan haýsy waka ýerde soňky günleriň başlanmagy bilen gabat gelýär?
9 Häzir horluklaryň köpelmeginiň başga bir sebäbi bar. 1914-nji ýylda soňky günleriň başlanmagy bilen adamzada uly howp abandy. Ol barada Mukaddes Ýazgylaryň soňky kitabynda şeýle diýilýär: «Gökde uruş turdy. Mikaýyl [gökde höküm sürýän Isa] we onuň perişdeleri aždarha bilen uruşdylar. Aždarha-da [Şeýtan] öz perişdeleri [jynlary] bilen gaýtawul berdi. Ýöne ýeňmäge güýji ýetmän, gökdäki ýerlerini elden berdiler. Iblis ýa şeýtan diýip atlandyrylan uly aždarha, bütin dünýäni azdyrýan köne ýylan perişdeleri bilen ýer ýüzüne zyňyldy» (Ylham 12:7—9).
10, 11. Şeýtanyň we jynlaryň ýer ýüzüne zyňylmagy adamzada nähili täsir etdi?
10 Bu adamlara nähili täsir etdikä? Pygamberlikde şeýle diýilýär: «Eý gökler we göklerde ýaşaýanlar, munuň üçin begeniň! Ýer we deňiz, waý siziň halyňyza! Çünki iblis wagtynyň azlygyny bilip, gahar-gazaba münüp, siziň üstüňize geldi». Hawa, Şeýtan zalym dünýäniň soňunyň golaýdygyny bilip, özi we zalym dünýäsi ýok edilmänkä, adamlary Hudaýdan daşlaşdyrmak üçin güýjüni gaýgyranok (Ylham 12:12; 20:1—3). Erkinligini erbetlige ulanyp, bu zalym ruhlar nähili azdylar! Esasanam, 1914-nji ýyldan bäri ýerdäki ýaşaýyş olaryň täsiri sebäpli has erbetleşdi!
11 Şonuň üçin biziň günlerimiz barada Isanyň aýdan şu sözleri bizi haýran galdyranok: «Gorkunç wakalar, gökden uly alamatlar bolar» (Luka 21:11).
Ynsanlaryň we jynlaryň hökümdarlygynyň soňy golaýlaşdy
12. Häzirki zalym dünýä ýok edilmänkä haýsy pygamberlik ýerine ýetmeli?
12 Hudaý zalym dünýäni ýok etmänkä ýene-de näçe pygamberlik ýerine ýetmelikä? Asla köp däl! Olaryň biri 1 Selanikliler 5:3-de ýazylgy: «Adamlar: «Her zat parahatlyk, aman» diýen badyna, birdenkä olaryň üstüne heläkçilik iner». Bu aýadyň görkezişi ýaly, bu zalym dünýäniň soňy şol sözleri «diýen badyna» başlar. Hemmeler adamlaryň berjek parahatçylygyna we howpsuzlygyna ünsüni jemlände, asla garaşylmadyk wagty, dünýä duýdansyz ýok ediler.
13, 14. Isa nähili muşakgat barada pygamberlik etdi we ol näme bilen gutarar?
13 Şeýtanyň gol astyndaky dünýä üçin berlen wagt gutaryp barýar. Dünýäniň soňy tizden, ýagny uly muşakgat mahaly geler. Bu barada Isa şeýle diýdi: «Çünki şonda uly muşakgat bolar, beýle muşakgat dünýäniň başyndan tä şu wagta çenli ne bolandyr, ne-de bolar» (Matta 24:21).
14 «Uly muşakgat» Armageddon söweşi bilen gutarar. Daniýel pygamberiň diýen sözlerine görä Hudaý «ähli patyşalyklary ýumrar we olaryň soňuna çykar». Bu bolsa Hudaýdan garaşsyz häzirki ynsan hökümetleriniň ýok ediljekdigini aňladýar. Hudaýyň gökdäki hökümeti adamlaryň işlerine doly gözegçilik eder. Daniýel pygamber hökümdarlygyň hiç haçan «başga halka» berilmejegini aýtdy (Daniýel 2:44; Ylham 16:14—16).
15. Şeýtanyň we jynlaryň täsirine näme bolar?
15 Şonda Şeýtanyň we onuň jynlarynyň täsiriniň soňuna çykylar. Bu pitneçi zalym ruhlar ikilenç «milletleri azdyrmaz» ýaly ýok ediler (Ylham 12:9; 20:1—3). Olara ölüm jezasy beriler. Olaryň azgyn täsirinden gutulyp, adamlar özüni ýeňil duýarlar!
Kim diri galar? Kim heläk bolar?
16—18. Bu dünýä ýok edilende kim diri galar? Kim heläk bolar?
16 Hudaý zalym dünýäni ýok edende kim diri galyp, kim heläk bolarka? Mukaddes Ýazgylar Hudaýyň hökümdarlygyna tabyn bolmak isleýän adamlaryň goralyp, diri galdyryljakdygyny aýdýar. Hudaýyň hökümdarlygyna tabyn bolmak islemeýän adamlar bolsa, Şeýtanyň dünýäsi bilen ýok ediler.
17 Süleýmanyň tymsallary 2:21, 22-de şeýle diýilýär: «Çünki ýurtda gönüler [Hudaýyň hökümdarlygyna tabyn bolýanlar] ýaşar, onda kämiller galar. Erbetler [Hudaýyň hökümdarlygyna tabyn bolmaýanlar] bolsa ýurtdan kesilip taşlanar, dönükler kökleri bilen ondan sogrular».
18 Zebur 37:10, 11-de şeýle diýilýär: «Ýene az-kem sabyr et, erbet ýok bolar... Emma mylakatlylar ýeri miras alar, bol parahatlykda hezil eder». Zebur 37:29-njy aýadynda bolsa: «Dogry adamlar ýeri miras alyp, onda ebedi ýaşar» diýilýär.
19. Biz nähili maslahaty ýürekden kabul etmeli?
19 Biz Zebur 37:34-de ýazylan şu maslahaty ýürekden kabul etmeli: «Rebbe umyt bagla, Onuň ýoluny sakla. Ýeri miras almagyň üçin Ol seni beýgelder; sen erbetler kesilip taşlananda görersiň». Zebur 37-nji babyň 37-nji we 38-nji aýatlarynda bolsa şeýle diýilýär: «Kämil adamy synla, göni adama seret, çünki beýle adamyň soňy parahatlykdyr. Jenaýatçylar bolsa bilelikde ýok ediler; erbetleriň soňy kesilip taşlanmakdyr».
20. Näme üçin biz tolgundyryjy wagtda ýaşaýarys diýse bolar?
20 Biz hakda alada edip, Hudaýyň ähli zalymlygy we horlugy tizden ýok etjekdigi teselli berip ruhlandyrýar! Şu ajaýyp pygamberligiň ýerine ýetjek wagtynyň ýakyndygy örän tolgundyrýar!
[20-nji sahypadaky surat]
Mukaddes Ýazgylar soňky günleriň «alamatyny» görkezýän wakalary aýdýar
[22-nji sahypadaky surat]
Basym Armageddonda Hudaýyň hökümdarlygyna tabyn bolmaýan adamlar ýok ediler. Tabyn bolýan adamlar bolsa diri galyp, adalatly täze dünýäde ýaşarlar