Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • dg 8-nji böl. sah. 17—19
  • Hudaýyň niýeti tizden ýerine ýeter

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Hudaýyň niýeti tizden ýerine ýeter
  • Hudaý biz barada alada edýärmikä?
  • Sözbaşylar
  • Meňzeş maglumat
  • Ýeriň täze patyşasy
  • Bile hökümdarlyk etjek adamlar
  • Garaşsyz hökümdarlygyň soňy
  • Hudaýyň Patyşalygy näme?
    Mukaddes Ýazgylar näme öwredýär?
  • Hudaýyň patyşalygy höküm sürýär
    Ebedi ýaşaýşa eltýän bilim
  • Patyşalyk «hiç haçan ýok bolmaz»
    Ýalňyz hak Hudaýa sežde ediň
  • Hudaýyň Patyşalygy nämedir?
    Hudaý bizden näme talap edýär?
Başgalary
Hudaý biz barada alada edýärmikä?
dg 8-nji böl. sah. 17—19

8-nji bölüm

Hudaýyň niýeti tizden ýerine ýeter

1, 2. Hudaý nädip horluklardan dyndyrmagyň aladasyny etdi?

ASYRLARYŇ dowamynda pitneçi adamlaryň we jynlaryň höküm sürmegi sebäpli ynsan maşgalasynyň ýagdaýy gitdigiçe erbetleşdi. Ýöne Hudaý biziň horluklarymyza perwaýsyz garanok. Gaýtam, ençeme asyrlar bäri ol adamlary erbetlikden we horlukdan dyndyrmagyň aladasyny edip gelýär.

2 Erem bagyndaky pitneden bäri, Hudaý bir hökümet gurmakçydygy hakda aýdyp gelýär. Şol hökümet ýer ýüzüni adamlar üçin jennet jaýyna öwürmeli (Barlyk 3:15). Hawa, Hudaýyň baş wekili hökmünde Isa, esasan, Hudaýyň şol geljekki hökümeti barada öwretdi. Şol hökümet adamzadyň ýeke-täk umydy diýip hem aýtdy (Daniýel 2:44; Matta 6:9, 10; 12:21).

3. Isa geljekki hökümeti näme diýip atlandyrdy?

3 Isa, Hudaýyň şol geljekki hökümetini «Gökleriň Patyşalygy» diýip atlandyrdy, sebäbi ol gökden dolandyrar (Matta 4:17). Ol oňa «Hudaýyň Patyşalygy» hem diýdi, sebäbi onuň Gurujysy Hudaý (Luka 17:20). Asyrlaryň dowamynda Hudaý käbir adamlara ylham berip, şol hökümetiň kimlerden ybarat boljakdygy barada we onuň nämeler etjekdigi hakda pygamberlikleri ýazdyrdy.

Ýeriň täze patyşasy

4, 5. Hudaý Isany Patyşa edip belländigini nädip görkezdi?

4 Hudaýyň Patyşalygynyň Patyşasy hakdaky köp pygamberlikler takmynan iki müň ýyl ozal Isada ýerine ýetdi. Hudaý ony adamzadyň üstünden höküm sürjek gökdäki hökümetiň Hökümdary edip saýlady. Isa ölse-de, Hudaý ony gökdäki ýaşaýyş üçin güýçli ölmez ruh edip direltdi. Onuň direlişiniň ençeme gözli şaýatlary bar (Resullaryň işleri 4:10; 9:1—9; Rimliler 1:1—4; 1 Korintoslylar 15:3—8).

5 Soňra Isa «Hudaýyň sagynda oturdy» (Ýewreýler 10:12). Hudaý oňa gökdäki Patyşalygynyň Patyşasy hökmünde hereket etmäge ygtyýar berýänçä Isa şol ýerde garaşdy. Şeýlelikde, Zebur 110:1-däki pygamberlik ýerine ýetdi, ol ýerde Hudaý şeýle diýýär: «Reb meniň Rebbime diýdi: duşmanlaryňy aýaklaryňa basgançak edýänçäm, sagymda otur».

6. Isa Hudaýyň Patyşalygynyň Patyşasyndan edilýän talaplara laýyk gelýändigini nädip görkezdi?

6 Isa ýerdekä patyşa bolmaga mynasypdygyny görkezdi. Ony yzarlasalar-da, Hudaýyň öňünde aýypsyzlygyny saklady. Şeýdip ol synaga düşende hiç bir adam Hudaýa wepaly bolmaz diýen Şeýtanyň ýalan sözüni subut etdi. Kämil adam hökmünde «soňky Adam», ýagny Isa, Hudaýyň adamlary kämil ýaradyp ýalňyşmandygyny görkezdi (1 Korintoslylar 15:22, 45; Matta 4:1—11).

7, 8. Isa ýer ýüzündekä nähili ýagşylyklar etdi we şeýdip nämäni subut etdi?

7 Birnäçe ýyl gullugynyň dowamynda Isanyň eden ýagşylyklary ýaly ýagşylygy haýsy hökümdar edip bildi? Hudaýyň mukaddes ruhunyň kömegi bilen Isa syrkawlary, agsaklary, körleri, kerleri we lallary sagaltdy. Ol hatda ölüleri hem direltdi! Ol şu gudratlary görkezip, Patyşa bolup gelende nämeler etjekdigini kiçijek möçberde görkezdi (Matta 15:30, 31; Luka 7:11—16).

8 Isa ýerdekä diýseň köp ýagşy işler etdi welin, onuň şägirdi Ýahýa şeýle diýdi: «Isanyň başga-da eden işleri gaty köpdür; olar birin-birin ýazylsa, onda, ýazylan kitaplar dünýä sygmaz diýip pikir edýärin» (Ýahýa 21:25)a.

9. Ak ýürekli adamlar näme üçin Isanyň ýanyna gelýärdiler?

9 Isa mähirli hem dertdeşdi, sebäbi adamlary diýseň söýýärdi. Ol garyplara hem ejizlere kömek edýärdi, ýöne baý we wezipeli adamlary-da kemsidenokdy. Ak ýürekli adamlar Isanyň söýgüden doly şeýle çakylygyna seslendiler: «Eý argynlar, agyr ýüklüler, Meniň ýanyma geliň, Men size dynçlyk bereýin. Meniň boýuntyrygymy dakynyň-da, Menden öwreniň; çünki Men mylaýym hem pes göwünlidirin, janlaryňyz dynçlyk tapar. Çünki Meniň boýuntyrygym ýumşakdyr, ýüküm ýeňildir» (Matta 11:28—30). Hudaýhon adamlar onuň daşyna üýşýärdiler hem-de onuň hökümdarlygyna göz dikýärdiler (Ýahýa 12:19).

Bile hökümdarlyk etjek adamlar

10, 11. Ýeri ýüzüni dolandyrmaga Isa kimler kömek eder?

10 Ynsan hökümetlerinde bilelikde dolandyrýan adamlaryň bolşy ýaly, Hudaýyň gökdäki Patyşalygynda hem şeýle bolar. Isa bilen bile ýeriň üstünden hökümdarlyk etjek başga adamlar hem bar, sebäbi Isa ýakyn dostlaryna olaryň patyşalar hökmünde adamzadyň üstünden höküm sürjekdigini aýtdy (Ýahýa 14:2, 3; Ylham 5:10; 20:6).

11 Diýmek, Isa bilen bilelikde gökde ýaşamak üçin käbir adamlar hem direldiler. Şeýdip olar Hudaýyň Patyşalygyny düzerler. Şol Patyşalyk ynsanlara baky bereketler berer (2 Korintoslylar 4:14; Ylham 14:1—3). Ençeme asyrlar bäri Ýehowa ähli ynsan maşgalasyna ebedi bereketler berjek hökümdarlyk üçin gerekli taýýarlyk işlerini edip gelýär.

Garaşsyz hökümdarlygyň soňy

12, 13. Hudaýyň Patyşalygy häzir nämeler etmäge taýyn?

12 XX asyrda Hudaý ýeriň işlerine göniden-göni goşuldy. Şu kitapçanyň 9-njy bölüminde serediljek pygamberligiň görkezişi ýaly Hudaýyň Patyşalygy Isanyň baştutanlygynda 1914-nji ýylda berkarar edildi hem-de Şeýtanyň zalym dünýäsini bütinleý ýok etmäge taýýar. Bu Patyşalyk Isanyň «duşmanlarynyň ortasynda höküm sürmäge» taýyn (Zebur 110:2).

13 Şu hakda Daniýel 2:44-däki pygamberlikde şeýle diýilýär: «Şol [häzirki] patyşalyklaryň günlerinde gökdäki Hudaý [gökde] bir patyşalyk berkarar eder, ol hiç haçan ýok bolmaz we bu patyşalyk başga halka geçmez [indi hiç haçan adamlar ýeri dolandyrmaz]. Ol [Hudaýyň Patyşalygy] patyşalyklaryň ählisini ýumrup ýok eder, özi bolsa ebedi galar».

14. Ynsan hökümdarlygy ýok edilende biz nähili eşretler alarys?

14 Hudaýdan garaşsyz ähli hökümdarlyk ýok edilenden soň, Hudaýyň Patyşalygy tutuş ýeriň üstünden hökümdarlyk eder. Şeýlelikde, adamlar Hudaýyň Patyşalygyna hiç haçan zyýan ýetirip bilmezler, sebäbi ol gökden dolandyrýar. Erk-ygtyýar we häkimiýet ýene-de ilkibaşdaky ýerine — göge, Hudaýyň eline geçer. Hudaýyň hökümdarlygy bütin ýer ýüzüne gözegçilik eder, şonuň üçin hem indi hiç haçan hiç kim ýalan din ýa biderek ynsan pelsepeleri we syýasy şygarlar bilen aldamaz. Şu zatlaryň hiç birine asla ýol berilmez (Matta 7:15—23; Ylham kitaby, 17—19-njy baplar).

[Çykgyt]

a Isanyň ömri hakda köpräk bilmek üçin Ýehowanyň Güwäleriniň 1991-nji ýylda (rus dilinde) neşir eden «Ýer ýüzünde ýaşan iň beýik adam» atly kitaba serediň.

[18-nji sahypadaky surat]

Ýer ýüzündekä Isa syrkawlary bejerdi we ölüleri direltdi, şeýdip täze dünýäde nämeler etjekdigini görkezdi

[19-njy sahypadaky surat]

Hudaýyň gökdäki Patyşalygy Hudaýdan garaşsyz ähli hökümdarlyklary ýok eder

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş