10-njy bölüm
Hudaýyň berjek ajaýyp täze dünýäsi
1, 2. Armageddon urşundan soň näme bolar?
HUDAÝ Armageddon urşunda ýer ýüzüni arassalandan soň näme bolarka? Ajaýyp täze döwür başlar. Hudaýyň hökümdarlygyna wepaly bolup, Armageddonda diri galan adamlar täze dünýäde ýaşarlar. Şeýle täze döwürde Hudaý adamlara eşretler eçilende ýürek tolgunsa gerek!
2 Diri galan adamlar Hudaýyň Patyşalygynyň ýolbaşçylygy astynda Jenneti dikeldip başlarlar. Olar öz bähbidine çapman, şol döwürde ýaşajak adamlaryň peýdasy üçin bar güýjüni gaýgyrmazlar. Ýer ýüzi adamlaryň ýaşajak ajaýyp, parahat hem-de göwnejaý öýüne öwrülip başlar.
Erbetligiň deregine adalatlyk bolar
3. Armageddon urşy gutaran badyna nähili ýeňillik duýlar?
3 Bularyň bary Şeýtanyň dünýäsiniň ýok edilmegi bilen amala aşar. Indi agzalalyk döredýän ýalan dinler, jemgyýetçilik gurluşy we hökümetler bolmaz. Şeýtanyň aldawa salýan wagyz-nesihaty hem bolmaz. Ony ýaýradýan guramalar Şeýtanyň dünýäsi bilen bilelikde ýom-ýok bolar. Oýlanyp gör: Şeýtanyň dünýäsiniň zäherleýji howasy arassalanar! Şonda nähili ýeňillik bolar!
4. Bilim babatda nähili özgerişleriň boljakdygyny gürrüň ber.
4 Ynsan hökümetleriniň heläkleýji taglymatlaryna derek Hudaýyň abatlaýjy okuwy öwrediler. «Seniň ähli ogullaryň Rebden bilim alar» (Işaýa 54:13). Ýylba-ýyl dowam edýän peýdaly okuwyň netijesinde, «deňziň suw bilen doly bolşy ýaly, ýer ýüzi-de Taňryny tanamaklyk bilen dolar» (Işaýa 11:9, MKS). Adamlar indi erbetlik etmegi öwrenmezler, gaýtam «parahatlykda ýaşaýanlar dogrulygy öwrenerler» (Işaýa 26:9). Her günümiz abatlaýjy pikirler we işler bilen geçer (Resullaryň işleri 17:31; Filipililer 4:8).
5. Ähli erbetlige we erbet adamlara näme bolar?
5 Şeýlelik bilen, indi ganhorlyk, mejburlyk, zorluk, talaňçylyk we beýleki jenaýatçylyklar bolmaz. Hiç kim başga biriniň erbet işleri sebäpli ejir çekmez. Süleýmanyň tymsallary 10:30-da şeýle diýilýär: «Dogry asla ýurdundan gymyldamaz; erbetler bolsa ýurtda mesgen tutmaz».
Kämil saglyk bolar
6, 7. a) Patyşalyk bizi nämelerden dyndyrar? b) Isa ýerdekä muny nädip görkezdi?
6 Ilkibaşdaky pitnäniň erbet netijeleri täze dünýäde aradan aýrylar. Meselem, Patyşalyk keselçiligiň hem-de garrylygyň soňuna çykar. Häzir janyň sag bolsa-da, wagtyň geçmegi bilen gözüň kütelişer, dişiň döküler, gulagyň agyrlaşar, deriňde ýygyrtlar peýda bolar, içki organlaryň zaýalanyp, ahyrsoňy bolsa ölersiň.
7 Ýöne Adam atadan miras galan bu jebirler indi bize azar bermez. Isa ýerdekä saglyk babatda näme edeni ýadyňdamy? Injilde şeýle diýilýär: «Onuň ýanyna bir uly märeke geldi, olaryň ýanlarynda agsaklar, körler, lallar, çolaklar we ýene-de bir topar syrkawlar bardy. Olary getirip, Isanyň aýaklarynyň öňünde goýdular; Ol hem olary sagaltdy. Halk lallaryň gepleýändigini, çolaklaryň sagalandygyny, körleriň görýändigini, agsaklaryň ýöreýändigini görüp haýran galdy» (Matta 15:30, 31).
8, 9. Täze dünýäde kämil saglyk bolanda nähili şatlygyň boljakdygy barada gürrüň ber.
8 Ähli keselçiligimiz aradan aýrylanda biz özümizi nähili bagtly duýarys! Erbet saglyk zerarly indi hiç haçan ejir çekmeris. «Ýaşaýjylaryň biri hem: «Men kesel» diýmez». «Şonda körleriň gözleri, kerleriň hem gulaklary açylar. Şonda agsak adam keýik kimin böker, lalyň dili aýdym aýdar» (Işaýa 33:24; 35:5, 6).
9 Her gün ir bilen turaňda janyň tut ýaly sag bolsa, eýsem, hezil etmersiňmi? Ýaşlyk ýyllaryna dolanyp, başdaky Adam ata bilen How enäniňki ýaly kämillige gowşanyna, eýsem, garrylar begenmezmi? Mukaddes Ýazgylar şeýle wada berýär: «Şonda onuň bedeni ýaşlygyndakydanam juwan bolar. Ol ýaşlyk günlerine dolanar» (Eýýup 33:25). Äýnekleri, eşidiş gurallary, pişekleri, maýyplaryň tigirli oturgyçlaryny we her hili dermanlary zyňyp goýberseň, nähili hezillik bolar! Indi keselhanalar, lukmanlar we diş doktorlary hiç haçan gerek bolmaz.
10. Ölüme näme bolar?
10 Jany tut ýaly sag adamlaryň ölesi gelmez. Olar ölmez, sebäbi adamzat indi kämilsizligiň hem ölümiň gulçulygynda bolmaz. Isa «bütin duşmanlaryny aýak astyna salýança höküm sürmelidir. Ýogaldyljak soňky duşman bolsa ölümdir». «Hudaýyň sylagy... ebedi ýaşaýyşdyr» (1 Korintoslylar 15:25, 26; Rimliler 6:23; Işaýa 25:8-e hem seret).
11. Ylham kitaby täze dünýäniň bereketlerini nähili jemleýär?
11 Aladaçyl Hudaýyň adamlara jennetde berjek ähli bereketlerini jemläp, Injiliň soňky kitaby şeýle diýýär: «Ol [Hudaý] olaryň gözlerinden ähli ýaşlaryny süpürer. Indi ne ölüm, ne ýas, ne agy, ne-de agyry bolar. Çünki öňki zatlar aradan aýryldy» (Ylham 21:3, 4).
Ölen adamlaryň direlmegi
12. Direltmek üçin Hudaýyň beren güýjüni Isa nädip görkezdi?
12 Isa diňe bir syrkawlary we agsaklary sagaltmady. Ol adamlary ölümden hem direltdi. Şeýdip, Isa direltmek üçin täsin güýji oňa Hudaýyň berendigini görkezdi. Gyzy aradan çykan bir adamyň öýüne Isanyň gelşi ýadyňdamy? Isa merhum gyza: «Gyzjagaz, saňa gal diýýärin» diýdi. Soň näme bolduka? «Gyz derrew galyp, ýöräp başlady». Bolýan zatlary görüp duran märeke «gaty geň galdy». Olaryň begenjiniň çägi ýokdy! (Markus 5:41, 42; şeýle-de Luka 7:11—16 we Ýahýa 11:1—45-nji aýatlara seret).
13. Kimler direler?
13 Täze dünýäde «hem dogrular, hem egriler ölümden direler» (Resullaryň işleri 24:15). Şol wagtlar Isa ölüleri direltmek üçin Hudaýyň beren güýjüni ulanar, sebäbi onuň özi şeýle diýdi: «Direliş-de, ýaşaýyş-da Mendirin, Maňa iman eden ölse-de, ýaşar» (Ýahýa 11:25). Ol şeýle-de diýdi: «Gabyrdakylaryň [Hudaýyň ýadyndakylaryň] hemmesi Onuň [Isanyň] sesini eşidip... direler» (Ýahýa 5:28, 29).
14. Adamlaryň ölmeýänligi sebäpli başga nämeler bolmaz?
14 Ölen adamlar topar-topar direlip, dogan-garyndaşlaryna we dost-ýarlaryna gowşanda bütin ýer ýüzünde uly şatlyk bolsa gerek! Merhumy ýatlap ýazylýan makalalar köp adamlary gam-gussa batyrýar, ýöne indi gazetlerde beýle makalalar bolmaz. Gaýtam, söýgüli ýakynlarynyň şatlanmagy üçin ýaňy direlen adamlar hakda bildirişler ýazylar. Şeýlelikde, indi ýas tutup, pata berilmez, merhumyň jesedi otda ýakylmaz, meýit ýakylýan jaýlar we mazarçylyklar asla bolmaz.
Hakyky parahat dünýä
15. Mikanyň pygamberligi nädip doly ýerine ýeter?
15 Bütin durmuşda hakyky parahatlyk höküm sürer. Uruşlar, urşy tutaşdyryjylar we ýarag öndürijiler indi bolmaz. Näme üçin? Sebäbi agzalalyk döredýän milli, tire-taýpa bähbitler aradan aýrylar. Şonda sözüň doly manysynda «millet-millete garşy gylyç syrmaz, uruşmagy öwrenmezler» (Mika 4:3, MKS).
16. Gaýdyp uruşlar bolmaz ýaly Hudaý näme eder?
16 Bu, belki-de, geň galdyrýandyr, çünki adamzat taryhynda gandöküşikli uruşlar hemişe bolup durýardy. Sebäbi adamzadyň üstünden adamlar we jynlar höküm sürýärdi. Täze dünýäde Patyşalygyň hökümdarlygy astynda şeýle bolar: «Geliň, Rebbiň işlerini görüň... Ýeriň ujuna çenli uruşlary togtadýar; Ol ýaýlary döwýär, naýzalary çapýar, uruş arabalaryny bolsa otda ýakýar» (Zebur 46:8, 9).
17, 18. Täze dünýäde adamlaryň we haýwanlaryň arasy nähili bolar?
17 Adamlar bilen haýwanlaryň arasynda-da Erem bagyndaky ýaly parahatlyk bolar (Barlyk 1:28; 2:19). Hudaý şeýle diýýär: «Olaryň hatyrasyna ýabany haýwanlar, gökleriň guşlary we ýerdäki süýrenjiler bilen äht baglaşaryn... Olary howpsuzlykda ýaşadaryn» (Hoşea 2:18).
18 Bu parahatlyk neneňsi bolarka? «Möjek guzy bilen bile ýaşar, bars owlak bilen bile ýatar; göle, ýaş arslan we baga bakylan sygyr bilelikde bolarlar; olary bir oglanjyk bakar». Indi haýwanlar hiç haçan adamlara ýa bir-birine howp salmaz. Hatda «arslan öküz kimin saman iýer»! (Işaýa 11:6—9, MKS; 65:25).
Ýer jennete öwrülýär
19. Ýer ýüzi nämä öwrüler?
19 Tutuş ýer ýüzi adamlaryň ýaşajak jennet jaýyna öwrüler. Isa şol sebäpli-de iman getiren adama şeýle wada berdi: «Meniň bilen bile behiştde [Jennetde] bolarsyň». Mukaddes Ýazgylar şeýle diýýär: «Çöl we gury ýer begener we ýaşalmaýan ýurt şatlanar we nerkes kimin gül açar... Çünki çölde suwlar we sährada çeşme akar» (Luka 23:43; Işaýa 35:1, 6).
20. Adamlar näme üçin indi açlyk çekmez?
20 Hudaýyň hökümdarlygy astynda indi millionlarça adamlar açlyk çekmez. «Galla daglaryň başyna çenli ýurtda bol bolsun; onuň hasyly... öwşün atsyn». «Meýdandaky agaç miwesini, toprak hasylyny berer we olar ýurdunda howpsuzlykda bolar» (Zebur 72:16; Ezekiýel 34:27).
21. Öýsüzlige, harabaçylyga we jenaýatçylyga näme bolar?
21 Ol ýerde indi garyplyk, öýsüzlik, harabalyk hem-de jenaýatçylyk bolmaz. «Jaýlar salyp, içinde ýaşarlar, üzüm ekip, miwesini iýerler. Başga biriniň ýaşamagy üçin jaý salmazlar, başga biriniň iýmegi üçin ekmezler». «Her kes öz üzüm agajynyň aşagynda, öz injir agajynyň aşagynda oturar, gorkulary bolmaz» (Işaýa 65:21, 22; Mika 4:4, MKS).
22. Mukaddes Ýazgylarda Hudaýyň hökümdarlygynyň berjek eşretleri nähili suratlandyrylýar?
22 Adamlar şular ýaly we başga-da köp eşretleri alar. Zebur 145:16-da şeýle diýilýär: «Eliňi açyp, ähli dirileri islegleri boýunça doýurýarsyň». Zeburdaky pygamberligiň şeýle diýmegi haýran galdyrmaýar: «Mylakatlylar ýeri miras alar, bol parahatlykda hezil eder... Dogry adamlar ýeri miras alyp, onda ebedi ýaşar» (Zebur 37:11, 29).
Geçmişdäki horluklar aýrylar
23. Hudaý biziň çeken ähli horluklarymyzy nädip aradan aýrar?
23 Hudaýyň Patyşalygy adamlaryň geçen alty müň ýylyň dowamynda çeken ähli zyýanyny aradan aýrar. Şol döwürde boljak çäksiz şatlyk adamlaryň çeken horluklaryny ýatdan çykardar. Gussaly ýatlamalar hiç haçan durmuşy bulaşdyrmaz. Adamlaryň durmuşynda her gün abatlaýjy pikirler we işler bolar welin, ýürek agyrdýan ýatlamalar kem-kemden unudylar.
24, 25. a) Işaýanyň pygamberligine laýyklykda näme bolmaly? b) Öňki gaýgylarymyz zordan ýada düşer diýip, näme üçin aýdyp bileris?
24 Aladaçyl Hudaý şeýle diýýär: «Men täze gögi [gökden adamzady dolandyrjak täze hökümeti] we täze ýeri [dogry adamlaryň jemgyýetini] döredýärin, çünki öňki zatlar ne ýada düşer, ne-de ýürege geler. Siz bolsa Meniň döredýän zatlaryma ebedilik begenişip, şatlanarsyňyz». «Bütin ýurt dynç alýar, rahatlanýar, begenişip gygyrýar» (Işaýa 14:7; 65:17, 18).
25 Şeýlelikde, Patyşalygy arkaly Hudaý erbet ýagdaýy bütinleý özgerder. Bütin ebediligiň dowamynda Ýehowa biz barada alada edip, köp eşretler eçiler welin, geçmişde çeken ähli zyýanyň öwezini artygy bilen doldurar. Öňki başdan geçiren gaýgylarymyz zordan ýada düşer, belki-de, asla ýada düşmez.
26. Hudaý näme üçin öňki horluklarymyzyň öwezini doldurar?
26 Ine şeýdip, Hudaý biziň bu dünýäde çeken horluklarymyzyň öwezini doldurar. Kämilsiz bolup doglanymyza biziň günäkär däldigimizi Ýehowa bilýär, sebäbi kämilsizligi Adam atadan miras aldyk ahyryn. Şeýtanyň dünýäsinde doglanymyza biz günäkär däl. Adam ata bilen How ene Hudaýa wepaly bolan bolsady, biz Jennetde doglardyk. Şonuň üçin Hudaý uly duýgudaşlyk bilen biziň başymyza inen agyr geçmişiň öwezini doldurar.
27. Täze dünýäde haýsy ajaýyp pygamberlikler ýerine ýeter?
27 Täze dünýäde adamlar Rimliler 8:21, 22-nji aýatlarda aýdylan azatlyga gowşar: «Munda ýaradylyşyň özi hem çüýreme gullugyndan azat edilip, Hudaýyň perzentleriniň şöhratly azatlygyna gowşar diýen umyt bardy. Çünki biz bütin ýaradylyşyň şu wagta çenli birlikde ah çekip, birlikde burgusynyň tutup ýatanyny bilýäris». Şonda adamlar şu dilegiň doly ýerine ýetişini görer: «Patyşalygyň gelsin; Gökde bolşy ýaly, ýerde-de Seniň islegiň amala aşsyn» (Matta 6:10). Ýerdäki jennetde boljak ajaýyp durmuş gökdäki durmuşyň taýy bolar.
[23-nji sahypadaky surat]
Täze dünýäde garrylar ýaşlyk ýyllaryna dolanar
[24-nji sahypadaky surat]
Täze dünýäde ähli keselçilik we näsaglyk aradan aýrylar
[25-nji sahypadaky surat]
Täze dünýäde ölüler direler
[26-njy sahypadaky surat]
«Uruşmagy öwrenmezler»
[27-nji sahypadaky surat]
Jennetde adamlaryň we haýwanlaryň arasynda parahatlyk bolar
[27-nji sahypadaky surat]
Hudaý «elini açyp, ähli dirileri islegleri boýunça doýrar»
[28-nji sahypadaky surat]
Hudaýyň Patyşalygy çeken ähli horluklarymyzyň öwezini doldurar