Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • kl bap 1 sah. 6—11
  • Saňa bagtly gelejek garaşýar!

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Saňa bagtly gelejek garaşýar!
  • Ebedi ýaşaýşa eltýän bilim
  • Sözbaşylar
  • Meňzeş maglumat
  • EBEDI ÝAŞAÝYŞ!
  • JENNETDÄKI ÝAŞAÝYŞ
  • TÄZEDEN DIKELDILEN JENNETDÄKI ÝAŞAÝYŞ
  • BILIM WE SENIŇ GELEJEGIŇ
  • «Jennetde görşeris!»
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2018
  • Hudaýyň dostlary Jennetde ýaşarlar
    Sen Hudaýyň dosty bolup bilersiň!
  • Hudaý ýeri näme maksat bilen ýaratdy?
    Hudaýyň hoş habary
  • Hudaý baradaky bilim ýer ýüzüni dolduranda
    Ebedi ýaşaýşa eltýän bilim
Başgalary
Ebedi ýaşaýşa eltýän bilim
kl bap 1 sah. 6—11

1-nji bap

Saňa bagtly gelejek garaşýar!

1, 2. Ýaradyjymyz seniň üçin näme isleýär?

ÝAKYNYŇY bagryňa basaňda, dostlar bilen saçak başynda gülşüp oturaňda, çagajyklaryň oýnaýşyny syn edeňde, şeýle pursatlar bize şatlyk berýär. Emma köp adamlaryň durmuşy agyr aladalardan doly. Eger şeýle kynçylyklar seniň başyňa-da düşen bolsa, lapykeç bolma.

2 Hudaý seniň oňat şertlerde, ajaýyp tebigatda, bagtly ýaşamagyňy isleýär. Bu diňe arzuw däl, Hudaý saňa bagtly gelejegiň açaryny hödürleýär. Bu açar — bilimdir.

3. Haýsy bilim bagtyň açary, we Hudaýyň bu bilimi berip bilýändigi nämeden görünýär?

3 Gürrüň, adamzat akyldarlygyndan has artyk gelýän, üýtgeşik bilim barada barýar. Bu Hudaý baradaky bilim (Süleýmanyň Tymsallary 2:5). 2000 ýyla golaý mundan öň, Mukaddes Ýazgylaryň ýazyjylarynyň biri: «Her öý biri tarapyndan ýasalýar, Hudaý bolsa bar zady ýasandyr» diýdi (Ýewreýler 3:4). Bar zady Ýaradanyň berip biljek bilimleri barada oýlanyp gör! Mukaddes Ýazgylar boýunça, Hudaý ýyldyzlaryň sanyny hasaplaýar we olary atlandyrýar. Bu nähili täsinlik! Göz öňüne getirip gör, diňe bir biziň Galaktikamyzda ýüz milliardlarça ýyldyz bar we alymlaryň aýtmagyna görä, galaktikalaryň sany ýüzlerçe milliarda ýetýär! (Zebur 147:4). Hudaý biz barada-da hemme zady bilýär; şonuň üçin, durmuşdaky möhüm soraglarymyza has doly jogaby Ondan başga kim berip biler? (Matta 10:30).

4. Näme üçin biz Hudaýdan ýaşaýyş üçin gollanma garaşyp bileris, we bu gollanma haýsy kitapda berilýär?

4 Göz öňüne getir: iki adam maşyn bejerýär. Olaryň biri bejermek umydyny ýitirip gurallaryny taşlaýar. Beýlekisi howlukman maşynyň kemçiligini bejerýär, açary towlap ýylgyrýar — maşyn otlandy we oňat işläp dur. Zawodyň beren gollanmasyny bu iki adamyň haýsy biriniň ulanandygyna düşünmek kyn däl. Hudaýyň bize ýaşaýyş üçin gollanma bermegi-de akyla laýyk dälmi? Mukaddes Ýazgylaryň aýdyşy boýunça, Ýaradyjymyzyň gollanmasyny we Hudaý barada bilimi berýän kitap — Mukaddes Ýazgylaryň hut özüdir (2 Timoteos 3:16, 17).

5. Mukaddes Ýazgylardaky bilimleriň näme gymmatlygy bar?

5 Oýlan-da gör, eger Mukaddes Ýazgylaryň aýdýany dogry bolsa, onda onuň içinde, gör, näçe gymmatly bilimler bolmaly! Süleýmanyň Tymsallary 2:1—5-de Mukaddes Ýazgylar bizi, akyldarlygy gizlin hazyna kimin gözlemäge çagyrýar. Bu hazyna adamlaryň düşünjelerinde däl-de, Hudaýyň Sözündedir. Eger biz ony Mukaddes Ýazgylarda gözlesek, onda Hudaý barada bilimi hökman taparys. Hudaý biziň çäkli mümkinçiliklerimizi we zerurlyklarymyzy bilýänligi sebäpli, kömek hökmünde bize asuda we bagtly ýaşamagyň ýoluny görkezýär (Zebur 103:14; Işaýa 48:17). Mundan başga-da, Hudaý baradaky bilim bize tolgundyryjy hoş habary hödürleýär.

EBEDI ÝAŞAÝYŞ!

6. Hudaý baradaky bilim hakda Isa näme aýtdy?

6 Hudaý baradaky bilimiň bu tarapyny, taryhda belli bolan Isa Mesih aýan edýär. Ol: «Ebedi ýaşaýyş Seni, ýalňyz hak Hudaýy we Seniň ibereniň Isa Mesihi tanamakdyr» diýdi (Ýahýa 17:3). Göz öňüne getir — bu bilim ebedi ýaşaýşa alyp barýar!

7. Haýsy subutnamalaryň esasynda, Hudaý adamlaryň ölmegini islemeýär diýip bileris?

7 Ebedi ýaşaýşy amala aşmajak arzuw kimin ret etmäge gyssanma. Munuň deregine, meselem, adam bedeniniň ýasalşyna üns ber. Ondaky hemme zatlar täsin ýaradylypdyr. Eşitmek üçin, görmek üçin, tagam, ys duýmak üçin we syzmak üçin bizde ähli organlar bar. Bu organlaryň kömegi bilen, jahanda bize şatlyk berýän zatlar örän köp: tagamly iýmit, guşlaryň saýraýşy, gülleriň ýakymly ysy, gözel tebigat, mähirli dostluk gatnaşygy! Bu zatlaryň lezzetini duýmaga beýni kömek edýär, ol bolsa iň güýçli kompýuterden has ökdedir. Seniň pikiriňçe, Ýaradyjymyz biziň ölmegimizi we bu zatlaryň hemmesinden mahrum bolmagymyzy isleýärmikä? Ol biziň baky we bagtly ýaşamagymyzy isleýändir diýen pikir has akyla laýyk dälmi? Hudaý baradaky bilimiň ähmiýetini sen indi görýänsiň.

JENNETDÄKI ÝAŞAÝYŞ

8. Adamzadyň gelejegi barada Mukaddes Ýazgylar näme aýdýar?

8 Mukaddes Ýazgylar boýunça, ýeriň we adamzadyň gelejegi, gysgaça aýdanyňda: Jennet bolmaly! Isa Mesih bir ölýän adama: «meniň bilen Jennetde bolarsyň» diýen mahaly, şol gelejegi göz öňünde tutýardy (Luka 23:43, TD). Bu wadany eşiden ol adam, megerem, ilkinji ynsanlar, Adam-ata bilen How-enäniň bagtly ýaşan ýerini ýadyna salandyr. Olar ýaradylanda kämildiler we Ýaradyjynyň diken ajaýyp bagynda ýaşaýardylar. Bu bag Aden, ýagny «lezzet bagy» diýip ýerlikli atlandyrylypdy.

9. Jennetdäki ýaşaýyş nähilidi?

9 Bu bag ne ajaýypdy! Bu hakyky jennetdi. Onuň pajarly ösümlikleriniň içinde ter miweli agaçlar bardy. Adam-ata bilen How-ene öz mekanyny idärdiler, süýji, dury suw içerdiler we agaçlardan miwe ýygardylar — olaryň gam-gussasy, gorkusy ýokdy. Hatda haýwanlar hem olara hiç hili zyýan ýetirmeýärdiler, çünki Hudaý ilkinji adamlara haýwanlaryň üstünden söýgi bilen agalyk etmegi tabşyrypdy. Üstesine-de, Adam-ata bilen How-enäniň berk jan-saglygy bardy. Olar Hudaýa gulak asýarkalar, bagtly we baky ýaşamaga mümkinçilikleri bardy. Olara örän gyzykly iş berlipdi — olar öz ajaýyp jennet jaýyna garaşyk etmelidiler. «Ýer ýüzüni dolduryň, we ony tabyn ediň» diýip, Hudaý Adam-ata bilen How-enä tabşyrdy. Bütin planetamyz gözelligiň we täsinligiň mekanyna öwrülýänçä, olar geljekki nesilleri bilen Jennetiň çäklerini giňeltmelidiler (Barlyk 1:28).

10. Isa Jennet barada aýdanda nämäni göz öňünde tutýardy?

10 Emma, Isa ol ölýän adama Jennet barada aýdan mahaly, gadymky günleriň wakasyny ýatlatmakçy däldi. Isa gelejek barada aýdýardy! Ol biziň ýer togalagymyzyň bir gün jennete öwrüljegini bilýärdi. Şeýdip, Hudaý adamzada we ýere degişli ilkibaşdaky niýetini amala aşyrar (Işaýa 55:10, 11). Jennet täzeden dikeldiler! Ol nähili görnüşde bolarka? Goý, bu soraga Hudaýyň Sözi, Mukaddes Ýazgylar jogap bersin.

TÄZEDEN DIKELDILEN JENNETDÄKI ÝAŞAÝYŞ

11. Dikeldiljek Jennetde kesele, garrylyga we ölüme näme bolar?

11 Kesel, garrylyk we ölüm indi bolmaz. «Şonda körleriň gözleri, kerleriň hem gulaklary açylar. Şonda agsak adam keýik kimin böker, we lalyň dili aýdym aýdar» (Işaýa 35:5, 6, ST). «Hudaýyň Özi-de olaryň [adamlaryň] arasynda bolar. Ol olaryň gözlerinden ähli ýaşlaryny süpürer. Indi ne ölüm, ne ýas, ne agy, ne-de agyry bolar. Çünki öňki zatlar aradan aýryldy» (Ylham 21:3, 4)

12. Geljekki Jennetde jenaýatçylygyň, zorlugyň we erbetligiň bolmajagyna näme esasynda ynanyp bileris?

12 Jenaýatçylyk, zorluk we erbetlik hemişelik bes ediler. «Ýaman iş edýänler kesilip taşlanar... Ýene az-kem sabyr et, erbet ýok bolar... ol ýokdur. Emma mylakatlylar ýeri miras alar» (Zebur 37:9—11). «Erbetler bolsa ýurtdan kesilip taşlanar, dönükler kökleri bilen ondan sogrular» (Süleýmanyň Tymsallary 2:22).

13. Hudaý parahatlygy nädip berkarar eder?

13 Bütin ýer ýüzünde parahatlyk berkarar bolar. Hudaý, «ýeriň ujuna çenli uruşlary togtadýar; Ol ýaýlary döwýär, naýzalary çapýar» (Zebur 46:9). «Dogry adam güllesin, Aý ýok bolana deňeç bol parahatlyk bolsun» (Zebur 72:7).

14, 15. Dikeldiljek Jennetdäki öý, iş we iýmit barada Mukaddes Ýazgylar näme aýdýar?

14 Oňat öý we göwnejaý iş bolar. «Jaýlar salarlar we olarda ýaşarlar... Başga biriniň ýaşamagy üçin salmazlar, başga biriniň iýmegi üçin ekmezler; çünki Meniň halkymyň günleri agajyň günleri kimin bolar, we Meniň saýlanlarym öz elleriniň önümini uzak ulanarlar. Çeken zähmeti biderek bolmaz we dogurjak çagalary görgi görkezmez» (Işaýa 65:21—23).

15 Ýokumly iýmit bol bolar. «Galla daglaryň başyna çenli ýurtda bol bolsun» (Zebur 72:16). «Ýer hasylyny berer; Hudaý, biziň Hudaýymyz bize ak pata berer» (Zebur 67:6).

16. Jennetdäki ýaşaýyş näme üçin hezil bolar?

16 Jennetdäki ebedi ýaşaýyş hezil bolar. «Dogry adamlar ýeri miras alyp, onda ebedi ýaşar» (Zebur 37:29). «Çöl we gury ýer begener, we ýaşalmaýan ýurt şatlanar we nerkes kimin gül açar» (Işaýa 35:1).

BILIM WE SENIŇ GELEJEGIŇ

17. a) Jennetde ýaşasyň gelýän bolsa, sen näme etmeli? b) Hudaý ýer ýüzünde düýpli özgerişlik etmekçidigini biz nireden bilýäris?

17 Jennetde ýaşasyň gelýän bolsa, onda saňa Hudaý barada bilim almaga hiç zat päsgel bermeli däldir. Hudaý adamlary söýýär we ýeri jennet etmek üçin çäre görer. Onsoňam, eger-de dünýädäki hemme horluklaryň we adalatsyzlygyň soňuna çykmak seniň ygtyýaryňda bolsa, sen ony ulanmazdyňmy? Eýsem, Hudaý hem şony etmezmi? Mukades Ýazgylar, Hudaýyň, bu dawadan doly dünýäni aýyryp, ony adalatly, kämil hökümete çalyşjak wagty barada açyk aýdýar (Daniýel 2:44). Ýöne, Mukaddes Ýazgylar diňe bu barada aýtmak bilen çäklenmeýär. Ol bize, Hudaýyň wada eden täze dünýäsinde ýaşamak üçin, nädip diri galyp bolýandygyny hem düşündirýär (2 Petrus 3:13; 1 Ýahýa 2:17).

18. Hudaý baradaky bilim eýýäm şu günden başlap seniň durmuşyňa nähili täsir edip biler?

18 Hudaý baradaky bilim saňa eýýäm şu günden başlap peýda getirip biler. Mukaddes Ýazgylarda durmuşymyzyň iň ähmiýetli soraglaryna jogaplar bardyr. Eger sen onuň gollanmasyny kabul etseň, onda Hudaý bilen dostlugy ösdürip bilersiň. Bu bolsa uly sylagdyr! Seniň ýüregiňde, diňe Hudaýyň berip biljek parahatlygy ornaşar (Rimliler 15:13, 33). Bu zatlar barada bilmekçi bolup, sen öz durmuşyňda iň gerekli hem wajyp işe başladyň. Hudaý baradaky, ebedi ýaşaýşa alyp barýan bilimi öwrenmekçi bolanyňa sen hiç haçan ökünmersiň.

19. Indiki bapda haýsy soraga serederis?

19 Biz Mukaddes Ýazgylara ýüzlenýäris, çünki Hudaý baradaky bilim hut şol kitapda gizlenilgidir. Emma onuň, ýöne bir adamzat akyldarlygynyň kitaby däldigini biz nireden bilýäris? Bu soraga indiki bapda serederis.

BILIMIŇI BARLAP GÖR

Hudaý baradaky bilim näme üçin ebedi bagtly edip biler?

Ýer ýüzündäki geljekki Jennetde ýaşaýyş nähili bolar?

Hudaý baradaky bilim eýýäm şu wagt nähili peýda getirip bilýär?

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş