Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • gf sap. 5 sah. 8—9
  • Hudaýyň dostlary Jennetde ýaşarlar

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Hudaýyň dostlary Jennetde ýaşarlar
  • Sen Hudaýyň dosty bolup bilersiň!
  • Meňzeş maglumat
  • «Jennetde görşeris!»
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2018
  • Ýer ýüzünde boljak jennet!
    Ölüleriň ruhy. Olar saňa kömek edip ýa-da zyýan ýetirip bilermi? Ölüleriň ruhy barmyka?
  • Saňa bagtly gelejek garaşýar!
    Ebedi ýaşaýşa eltýän bilim
  • Hudaý ýer üçin näme niýetledi?
    Hudaý bizden näme talap edýär?
Başgalary
Sen Hudaýyň dosty bolup bilersiň!
gf sap. 5 sah. 8—9

5-nji sapak

Hudaýyň dostlary Jennetde ýaşarlar

Jennet, biziň şu wagtky ýaşaýan dünýämize meňzemez. Hudaý hiç haçan dünýä betbagtlykdan, gynançdan, agyrydan we horlukdan dolsun diýip islemeýärdi. Gelejekde Hudaý ýeri Jennete öwrer. Şol Jennet nähili bolar? Geliň, Mukaddes Ýazgylarda näme aýdylýandygyny göreliň:

Jennetdäki ýaşaýyş

Gowy adamlar. Jennet Hudaýyň dostlarynyň öýi bolar. Olar biri-birine diňe ýagşylyk ederler. Olar Hudaýyň dogruçyl ýollary bilen baglylykda ýaşarlar (Süleýmanyň Tymsallary 2:21).

Iýmit bolçulygy. Jennetde açlyk bolmaz. Mukaddes Ýazgylar ýer ýüzünde iýmit «bol bolar» diýýär (Zebur 72:16).

Jennetde adamlar öý gurýar, iýmit ýygnaýar, ejesi gyzyny gujaklap otyr

Ajaýyp jaýlar we göwne ýaraýan iş. Ýer ýüzündäki Jennetde her maşgalanyň öz jaýy bolar. Her kim şatlyk getirýän iş bilen meşgullanar (Işaýa 65:21—23).

Bütin dünýäde parahatlyk. Adamlar indi söweşmezler we uruşlarda wepat bolmazlar. Hudaýyň Sözünde: «[Hudaý] uruşlary togtadýar [bes etdirer]» diýilýär (Zebur 46:8, 9).

Gowy saglyk. Mukaddes Ýazgylar wada berýär: «[Jennetdäki] ýaşaýjylaryň biri hem „men kesel“ diýmez» (Işaýa 33:24, ST). Agsaklar, körler, kerler we lallar bolmaz (Işaýa 35:5, 6).

Agyry, gynanç we ölüm ýok bolar. Hudaýyň Sözünde aýdylýar: «Indi ne ölüm, ne ýas, ne agy, ne-de agyry bolar. Çünki öňki zatlar aradan aýryldy» (Ylham 21:4).

Zalym adamlar bolmaz. Ýehowa: «Erbetler bolsa ýurtdan kesilip taşlanar, dönükler kökleri bilen ondan sogrular» diýip wada berýär (Süleýmanyň Tymsallary 2:22).

Adamlar bir-birlerini söýerler we sylarlar. Indi adalatsyzlyk, ezme, açgözlülik we ýigrenç bolmaz. Adamlarda agzybirlik bolar, olar Hudaýyň dogruçyl ýollary bilen sazlaşykda ýaşarlar (Işaýa 26:9).

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş