5-nji sapak
Hudaý ýer üçin näme niýetledi?
Ýehowa ýeri näme üçin ýaratdy? (1, 2)
Näme üçin ýer şu wagt jennet däl? (3)
Erbet adamlara näme bolar? (4)
Gelejekde Isa keselliler üçin näme eder? garranlar üçin? ölenler üçin? (5, 6)
Gelejekdäki bereketleri almak üçin näme etmeli? (7)
1. Ýehowa ýeri, onuň üstünde adamlar baky we bagtly ýaşasynlar diýip ýaratdy. Ol, ýer ýüzünde elmydama dogruçyl, şadyýan adamlaryň ýaşamagyny isleýärdi (Zebur 115:16; Işaýa 45:18). Ýer hiç haçan ýok edilmez; ol elmydama durar (Zebur 104:5; Wagyzçy 1:4).
2. Ynsany ýaratmazyndan öň, Hudaý ýer ýüzünde bir bölek ýer saýlap, onda ajaýyp jennet gurdy. Hudaý ony Aden bagy diýip atlandyrdy. Şol ýerde ol ilkinji erkegi we aýaly — Adam-atany we How-enäni ýerleşdirdi. Ýer ýüzünde ornaşmak üçin, Hudaý olaryň çagalarynyň bolmagyny isledi. Ýuwaş-ýuwaşdan adamlar bütin ýer ýüzüni jennete öwürmelidiler (Barlyk 1:28; 2:8, 15).
3. Adam-ata bilen How-ene bilgeşleýin Hudaýyň kanunyny bozup günä etdiler. Şol sebäpli Ýehowa olary Aden bagyndan kowup çykardy. Jennet ýitirildi (Barlyk 3:1—6, 23). Emma Ýehowa, ýeri näme üçin ýaradandygyny ýadyndan çykarmady. Ol, ýeri jennete öwürjegini we onda adamlaryň ebedi ýaşajaklaryny wada berýär. Hudaý öz niýetini nädip ýerine ýetirer? Zebur 37:29).
4. Ýer ýüzi jennet bolmazyndan öňürti erbet adamlar kesilip taşlanmalydyrlar (Zebur 37:38). Bu, Armageddonda, ýagny Hudaýyň ýamanlygy ýok etjek urşunda bolar. Soňra Şeýtan 1000 ýyllyk baglanylar. Bu bolsa, ýere zyýan ýetirip biljekleriň hiç biriniň bolmajagyny aňladýar. Diňe Hudaýyň halky diri galar (Ylham 16:14, 16; 20:1—3).
5. Onsoň, Patyşa Isa Mesih 1000 ýyllap ýeriň üstünden höküm sürer (Ylham 20:6). Kem-kemden ol adamlaryň aňyndan we süňňünden günäni aýrar. Adam-ata bilen How-enäniň günä etmezinden öň kämil boluşlary ýaly, adamlar gelejekde kämil bolarlar. Şonda keseller, garrylyk we ölüm bolmaz. Hassalar derdinden dynarlar, garrylar täzeden ýaş bolarlar (Eýýup 33:25; Işaýa 33:24; Ylham 21:3, 4).
6. Isanyň müňýyllyk Hökümdarlygynda, Hudaýa wepaly adamlar bütin ýer ýüzüni jennete öwrerler. Ondan başga-da, Hudaý millionlarça ölen adamlary ýerde ýaşamak üçin direlder (Resullaryň Işleri 24:15). Eger ol adamlar Hudaýyň talaplaryny berjaý etseler, onda ýer ýüzünde ebedi ýaşarlar. Eger-de etmeseler — hemişelik ýok edilerler (Ýahýa 5:28, 29; Ylham 20:11—15).
7. Şeýdip ýer üçin, Hudaýyň iň başda eden niýetleri üstünlikli tamamlanar. Sen hem gelejekde şu bereketleri almak isleýärmiň? Munuň üçin, Ýehowa barada bilim almagyňy dowam etmek we onuň talaplaryna tabyn bolmak zerurdyr. Bu işde, golaýda ýerleşýän Ýehowanyň Güwäleriniň Patyşalyk Zalynda geçirilýän ýygnaklara gatnaşmak saňa kömek eder (Işaýa 11:9; Ýewreýler 10:24, 25).
[10-njy sahypadaky surat]
Ýitirilen jennet.
[11-nji sahypadaky surat]
Armageddondan soň ýer ýüzi ýene-de jennete öwrüler.