71-NJI HEKAÝA
Hudaý Jenneti wada berýär
HUDAÝ Işaýa pygambere suratdaky ýaly Jenneti görkezdi. Işaýa pygamber Ýunus pygamberden soň ýaşapdy.
Jennet — «bag» ýa-da «seýil bagy» diýmegi aňladýar. Ýadyňdamy, şeýle suraty biz şu kitapda öňem görüpdik? Ol Ýehowanyň Adam ata bilen How enä beren ajaýyp Jennetine meňzänokmy? Ýer ýüzünde Jennet bolarmyka?
Ýehowa Işaýa pygambere halkyna berjek Jennet barada şulary ýazmagy tabşyrýar: «Möjek bilen goýun bile ýaşar, göle bilen ýolbars çagasy bile ot iýerler, çagalar bolsa olary bakar. Çagalar hatda zäherli ýylan bilen oýnasalar-da, zyýan ýetmez».
Köp adamlar: «Hiç haçan beýle zat bolmaz. Kynçylyklar hemişe-de bardy. Olar asla gutarmaz» diýýärler. Ýöne Hudaýyň Adam ata bilen How enäni nirede ýerleşdireni ýadyňdamy?
Ýehowa olary Jennetde ýerleşdiripdi. Olar Hudaýa gulak asmady. Şol sebäpli ajaýyp öýünden kowuldylar, soňra garrap öldüler. Ýehowa Adam ata bilen How enäniň ýitiren zatlaryny Hudaýy söýýän adamlara berjekdigini söz berýär.
Gelejekdäki Jennetde hiç bir zat zyýan ýetirmez. Ähli ýerde parahatçylyk bolar. Adamlaryň hemmesi sagdyn hem bagtly bolar. Bar zat Hudaýyň başdaky isleýşi ýaly bolar. Hudaýyň muny nädip etjekdigini biraz soň bileris.