Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • lr bap 8 sah. 47—51
  • Kim bizden has güýçli?

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Kim bizden has güýçli?
  • Beýik Mugallymdan öwreniň
  • Meňzeş maglumat
  • Jennetde ýaşaýyş nähilidi?
    Hudaýa gulak asyň we ebedi ýaşaň
  • Adam ata bilen How ene Hudaýy diňlemedi
    Mukaddes Kitapdan sapaklarym
  • Olar öýünden näme üçin kowuldy?
    Mukaddes Ýazgylardan hekaýalar
  • Ynsan näme üçin ölýär?
    Şatlan — ýer ýüzünde ebedi ýaşaýyş!
Başgalary
Beýik Mugallymdan öwreniň
lr bap 8 sah. 47—51

8-NJI BAP

Kim bizden has güýçli?

1—5. a) Ähli adamlardan kim has güýçli? b) Hudaý Isanyň ýer ýüzünde çaga bolup dogulmagy üçin nähili gudrat görkezdi? ç) Isanyň ynsan bolup dogulmazdan öň ýaşandygyny nireden bilýäris?

SENDENEM, mendenem güýçli kimdir biriniň bardygyna ynanýarmyň? Ol kimkä? ~ Hawa, ol Ýehowa Hudaý. Onda onuň Ogly Beýik Mugallym barada näme diýersiň? Ol hem bizden güýçlümi? ~ Elbetde, güýçli.

2 Isa gökde Hudaý bilen ýaşapdy. Ol Hudaýyň ruhy Ogludy, ýagny perişdedi. Alla başga-da perişdeleri, ýagny ruhy ogullary ýaratdymy? ~ Hawa, ol millionlarça perişdeleri ýaratdy. Olar hem bizden güýçli (Zebur 104:4; Danyýel 7:10).

3 Merýem bilen gepleşen perişdäniň adyny bilýärmiň? ~ Onuň ady Jebraýyl. Ol Merýemiň dogurjak çagasynyň Hudaýyň Ogly boljakdygyny aýdypdy. Ýehowa ruhy Oglunyň ýaşaýşyny Merýemiň göwresine geçirýär. Şeýlelikde, Isa ýer ýüzünde bir kiçijik çaga bolup dünýä inýär (Luka 1:26, 27).

Merýem bilen Ýusup ýaşajyk ogly Isa gürrüň berýär

Merýem bilen Ýusup Isa näme barada gürrüň beren bolmaly?

4 Sen bu bolan gudrata ynanýarmyň? Isanyň gökde Hudaý bilen ýaşandygyna-da ynanýarmyň? ~ Bu barada Isanyň özi hem aýdypdy. Ol muny nireden bilýärdi? Hawa, Merýem oňa kiçikä Jebraýyl perişdäniň aýdan zatlaryny gürrüň beren bolmaly. Belki, Ýusup hem onuň hakyky kakasynyň Hudaýdygyny aýdandyr.

5 Isa suwda çokundyrylanda, Allanyň özi hem gökden: «Bu meniň Oglumdyr» diýýär (Matta 3:17). Isa ölmeziniň öň ýanyndaky gijesi: «Eý Ata, dünýä döremezden öň huzuryňda maňa bolan şöhrat bilen indi meni huzuryňda şöhratlandyr» diýýär (Ýahýa 17:5). Hawa, Isa Hudaýdan ýene-de özüni göge almagy haýyş edýär. Ol nädip gökde ýaşap biler? ~ Munuň üçin Ýehowa Hudaý ony gaýtadan göze görünmeýän ruhy şahsyýet, ýagny perişde etmelidi. Diňe şonda Isa gökde ýaşap bilerdi.

6—11. a) Adam ata bilen How ene Hudaýa gulak asan bolsalar nähili ýaşardylar? b) Gelip çykyş 2:17-den nähili wajyp sapak edinse bolar?

6 Indi bolsa, men saňa bir wajyp sorag bereýin. Seniň pikiriňçe, perişdeleriň ählisi gowumyka? ~ Hawa, bir wagtlar olaryň ählisi gowudy. Sebäbi olary Ýehowa ýaratdy. Ol hemişe gowy zatlary ýaradýar. Emma bir perişde erbet boldy. Nädip?

7 Bu soragyň jogabyny bilmek üçin, Hudaýyň Adam ata bilen How enäni ýaradan günlerine dolanaly. Käbir adamlar bu ýöne bir ertekidir öýdýärler. Emma Beýik Mugallym bu wakanyň hakykatdan hem bolandygyna ynanýardy.

8 Hudaý Adam ata bilen How enäni ýaradanda, olary ajaýyp Erem bagynda ýerleşdirdi. Bu bag hakyky Jennetdi. Allatagala Adam ata bilen How enäniň köp çagasynyň bolmagyny we olaryň uly maşgala bolup, Jennetde ebedi ýaşamagyny isleýärdi. Emma olar bir wajyp zady öwrenmelidiler. Biz bu barada gürrüň edipdik. Gel, muny ýada salaly.

Adam ata bilen How ene Erem bagynda

Adam ata bilen How ene Jennetde ebedi ýaşamak üçin näme etmelidi?

9 Ýehowa Adam ata bilen How enä bagdaky ähli agaçlaryň miwesinden iýmäge rugsat berýär. Emma bir agajyň miwesinden iýmäge rugsat bermeýär. Eger ondan iýseler, Hudaý olara näme boljakdygyny duýdurýar. Ýehowa olara: «Siz... hökman ölersiňiz» diýýär (Gelip çykyş 2:17; 3:3). Diýmek, Adam ata bilen How ene nämäni öwrenmelidiler? ~

10 Olar gulak asmagy öwrenmelidiler. Hawa, ýaşamak üçin her bir adam Ýehowa Hudaýa gulak asmaly! Adam ata bilen How enäniň Hudaýa diňe bir «gulak asarys» diýmegi ýeterlikli däldi. Olar muny iş ýüzünde görkezmelidiler. Adam ata bilen How ene Hudaýy söýýändigini we onuň ýolbaşçylygynda ýaşamak isleýändigini görkezmek üçin, oňa gulak asmalydylar. Şonda olar Jennetde ebedi ýaşardy. Ýöne gadagan edilen agaçdan iýseler, nämäni görkezerdiler? ~

11 Olar Hudaýyň beren ähli zatlaryna minnetdar däldigini görkezerdiler. Eger senem şol ýerde bolan bolsaň, Ýehowa gulak asardyňmy? ~ Ilkibaşda, Adam ata bilen How ene Hudaýa gulak asýardy. Emma soňra bizden güýçli biri How enäni aldaýar. Ol How enäni Hudaýa gulak asmazlyga iterýär. Onuň kimdigini bilýärmiň? ~

How ene gadagan edilen agajyň miwesini alýar we ýylan onuň bilen gürleşýär

Ýylan arkaly How ene bilen kim gepleşdi?

12—19. a) Hudaýyň ýaradan perişdesi How enäni nädip aldady? b) Adam ata bilen How enä Hudaýa gulak asmandyklary üçin näme boldy? ç) Gowy perişde nädip erbet boldy? d) Biz Isanyň göreldesine eýerip, Iblisiň ýalançydygyny nädip subut edip bileris?

12 Mukaddes Ýazgylarda How ene bilen ýylanyň gepleşendigi barada aýdylýar. Emma sen ýylanyň gepläp bilmeýändigini bilýänsiň. Onda ol nädip gepledikä? ~ Aslynda, şonda perişde gepleýär, ýöne ýylan geplän ýaly edip görkezýär. Şol perişde erbet pikir edip başlaýar we Adam ata bilen How enäni özüne sežde etdiresi gelýär. Ol Adam ata bilen How enä diýenini etdirmek hem-de Hudaýyň ornuny almak isleýär.

13 Şol zalym perişde How enäniň aňyna erbet pikirleri guýup başlaýar. Ol ýylan arkaly: «Hudaý sizi aldaýar. Siz şol agaçdan iýseňiz ölmersiňiz, gaýtam, Hudaý ýaly akyldar bolarsyňyz» diýýär. Sen bu sözlere ynanarmydyň? ~

14 How ene Hudaýyň bermedik zadyny almak isleýär. Ol gadagan edilen agajyň miwesinden iýýär we soňra ony Adam ata-da berýär. Adam ata ýylanyň aýdan sözlerine ynanmaýar. Ýöne ol aýalyny Hudaýdan has köp söýýär we agajyň miwesinden iýýär (Gelip çykyş 3:1—6; 1 Timoteos 2:14).

15 Netijede näme bolýar? ~ Adam ata bilen How ene bikämil bolýar, garraýar we ölýär. Şeýlelikde, olaryň çagalary hem bikämil bolup dogulýar. Şol sebäpli ähli adamlar garraýar we ölýär. Alla hiç haçan ýalan sözlemeýär! Ýaşamak üçin her bir adam Hudaýa gulak asmaly (Rimliler 5:12). Mukaddes Ýazgylarda How enäni aldan perişdäniň adyna Şeýtan Iblis diýilýär. Başga erbet perişdelere bolsa jynlar diýilýär (Ýakup 2:19; Ylham 12:9).

Adam ata bilen How ene garran wagty

Adam ata bilen How enä Hudaýa gulak asmandygy üçin näme boldy?

16 Indi sen Hudaýyň ýaradan gowy perişdesiniň näme üçin erbet bolandygyna düşündiňmi? ~ Sebäbi ol erbet zatlar barada pikir edip başlaýar. Ol Hudaýyň ornuny eýelejek bolýar. Şeýtan Hudaýyň Adam ata bilen How enä çaga dogurmak barada beren tabşyrygyny bilýärdi. Şol sebäpli ol ähli adamlary özüne sežde etdirmek isleýär. Iblis hiç kimiň Ýehowa gulak asmagyny islemeýär. Ol biziň hem aňymyza erbet pikirleri guýjak bolýar (Ýakup 1:13—15).

17 Şeýtan Iblis Ýehowany ýürekden söýýän adam ýok diýýär. Onuň aýtmagyna görä, senem, menem Ýehowany ýürekden söýmeýäris we onuň aýdýan zatlaryny etmek islemeýäris. Biz diňe özümize peýdaly bolan wagty Hudaýa gulak asýarys. Iblisiň aýdan zatlary dogrumy? Dogrudan-da, biz şeýle edýärismi?

18 Beýik Mugallym Iblisiň ýalançydygyny aýtdy. Isa pygamber Hudaýa gulak asyp, ony söýýändigini subut etdi. Isa diňe özüne aňsat bolanda Hudaýa gulak asmady. Ol hemişe hatda adamlar oňa päsgel berende-de, Alla gulak asýardy. Isa ömrüniň ahyryna çenli Hudaýa wepaly galdy! Ine, şol sebäpli Allatagala ony direldýär we oňa ebedi ýaşaýyş berýär.

19 Biziň ganym duşmanymyz kim? ~ Hawa, ol Şeýtan Iblis. Sen ony görüp bilýärmiň? ~ Elbetde, ýok. Emma biz onuň bardygyny we bizden güýçlüdigini bilýäris. Ýöne kim Iblisden has güýçli? ~ Ýehowa Hudaý. Şol sebäpli Hudaýyň bizi gorap biljekdigini hiç haçan ýatdan çykarmaly.

Gel, kime sežde etmelidigimiz hakynda okaly: Kanun taglymaty 30:19, 20; Ýeşuwa 24:14, 15; Süleýmanyň tymsallary 27:11 we Matta 4:10.

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş