Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • lfb sap. 3 sah. 14—sah. 15 abz. 3
  • Adam ata bilen How ene Hudaýy diňlemedi

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Adam ata bilen How ene Hudaýy diňlemedi
  • Mukaddes Kitapdan sapaklarym
  • Meňzeş maglumat
  • Olar öýünden näme üçin kowuldy?
    Mukaddes Ýazgylardan hekaýalar
  • Kim bizden has güýçli?
    Beýik Mugallymdan öwreniň
  • Jennetde ýaşaýyş nähilidi?
    Hudaýa gulak asyň we ebedi ýaşaň
  • Agyr durmuş başlanýar
    Mukaddes Ýazgylardan hekaýalar
Başgalary
Mukaddes Kitapdan sapaklarym
lfb sap. 3 sah. 14—sah. 15 abz. 3
Adam ata bilen How ene Erem bagyndan kowulýar

3-NJI SAPAK

Adam ata bilen How ene Hudaýy diňlemedi

How ene Adam ata hem miwäni berýär

Bir gün How enäniň ýeke özüdi, ýylan gelip onuň bilen gepleşdi. Ol How enä şeýle diýdi: «Hudaý bagdaky agaçlaryň hiç birinden iýmäň diýdimi?» How ene: «Ýok, iýip bilýäris. Diňe birinden iýmeli däl. Ondan iýsek öleris» diýdi. Ýylan bolsa: «Ýok, ölmersiňiz, gaýtam Hudaý ýaly bolarsyňyz» diýdi. Ýylanyň aýdany dogrumy? Ýok, ol ýalan sözledi. How ene-de oňa ynandy. Ol miwä köp seretdi, soňam alyp iýesi geldi. Ilki özi iýdi, soň Adam ata berdi. Adam ata miweden iýse öljegini bilýärdi. Ýöne şonda-da iýdi.

Adam ata bilen How ene Erem bagyndan çykyp barýar; bagyň gapysynda perişdeler bilen otly gylyç dur

Şol gün Ýehowa Adam ata bilen How enä: «Miweden näme üçin iýdiňiz?» diýdi. How ene: «Maňa ýylan iýdirdi» diýdi. Adam ata bolsa: «Maňa How ene iýdirdi» diýdi. Adam ata bilen How ene Ýehowanyň diýenini etmedi. Şonuň üçinem Hudaý olary Erem bagyndan kowdy. Baga girip bilmezler ýaly, gapysynda perişdeler bilen otly gylyç goýdy. Otly gylyç aýlanyp durdy.

How ene bilen ýylan gepleşmedi, sebäbi ýylanlar gepläp bilmeýär. Onuň bilen erbet perişde gepleşdi. Ol How enäni aldamak üçin ýylany gepleýän ýaly etdi. Şol erbet perişdä Şeýtan diýilýär. Ol şu wagtam adamlary aldaýar, erbet işleri etdirýär. Ýehowa ony gelejekde ýok eder.

«Iblis... owal-başdan ganhordy, onda hakykat ýokdur, şonuň üçin hakykat ýolunda durup bilmedi» (Ýahýa 8:44).

Soraglar: How ene näme üçin miweden iýdi? Ýehowany diňlemändigi üçin Adam ata bilen How enä näme boldy? Şeýtan kim?

1 Musa 3:1—24; Ýahýa 8:44; 1 Ýahýa 3:8; Ylham 12:9

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş