2-nji bölüm
Ýehowa näme üçin güýçli ýagyş ýagdyryp, erbetleri ýok etdi? Ilkibaşda Şeýtan Ýehowa garşy çykdy. Adam ata, How ene we Kabyl ýaly erbet adamlar Şeýtana gulak asdy. Habyl we Nuh ýaly gowy adamlar bolsa, Ýehowa gulak asdy. Şol döwürde erbet adamlar köpeldi welin, Ýehowa olary ýok etdi. Ýehowa biziňem kime gulak asýandygymyzy görýär. Ol erbetligi hökman ýok eder.