Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • lfb sap. 4 sah. 16—sah. 17 abz. 2
  • Gaharyna adam öldürdi

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Gaharyna adam öldürdi
  • Mukaddes Kitapdan sapaklarym
  • Meňzeş maglumat
  • Gowy ogul we erbet ogul
    Mukaddes Ýazgylardan hekaýalar
  • Kabyl kime öýlendi?
    Mukaddes Kitaba degişli soraglaryň jogaby
  • «Ol ölenem bolsa, iman arkaly häzirem gepleýär»
    Olaryň imanyndan görelde alyň
  • Hudaý «sadakalaryny kabul etdi»
    Ýehowa edilýän arassa sežde dikeldildi
Mukaddes Kitapdan sapaklarym
lfb sap. 4 sah. 16—sah. 17 abz. 2
Habyl gurbanlyk berýär, Kabyl oňa gaharlanýar

4-NJI SAPAK

Gaharyna adam öldürdi

Erem bagyndan kowlansoň, Adam ata bilen How enäniň köp çagalary boldy. Olaryň birinji oglunyň ady Kabyl. Ol ekin ekýärdi. Ikinji oglunyň ady Habyl. Ol goýun bakýardy.

Bir gün Kabyl bilen Habyl Ýehowa gurbanlyk berdiler. Gurbanlygyň nämedigini bilýäňmi? Hudaýy begendirmek üçin bir zat berseň, oňa gurbanlyk diýilýär. Ýehowa Habylyň beren zadyny gowy gördi. Kabylyňkyny halamady. Şonda Kabylyň gaty gahary geldi. Ýehowa Kabyla: «Gaharlanma, ýogsam erbet iş edersiň» diýdi. Ýöne ol diňlemedi.

Şondan soň Kabyl Habyla: «Ýör, açyk meýdana gideli» diýdi. Ol ýerde ikisinden başga adam ýokdy. Kabyl Habyla topulyp, ony öldürdi. Şonda Ýehowa näme etdi? Kabyla temmi berip, öýünden kowdy. Soň ol öýüne gelip bilmedi.

Kabyl jigisini öldürmäge barýar

Biz şu wakadan näme öwrenýäris? Käte bir zat seniň isleýşiň ýaly bolmasa, gaharyň gelip biler. Belki, gahardan ýaňa özüňi saklamak kynlaşýandyr. Eger ejeň ýa kakaň saňa gaharlanma diýse, onda derrew gaharyňy sakla, ýogsam Hudaýy gynandyrarsyň.

Habyl Ýehowany gowy görýärdi, hemişe oňa gulak asýardy. Ýehowa ony hiç haçan ýadyndan çykarmaz, Jennetde direlder.

«Ilki doganyň bilen ýaraş. Soňra gurbanlygyňy ber» (Matta 5:24).

Soraglar: Adam ata bilen How enäniň ilkinji çagalarynyň ady näme? Kabyl näme üçin jigisini öldürdi?

1 Musa 4:1—12; Ýewreýler 11:4; 1 Ýahýa 3:11, 12

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş