«Dünýäniň soňunda» nämeler bolar?
Mukaddes Kitabyň jogaby
Häzir dünýäniň ýagdaýy, adamlaryň häsiýetleri gün-günden erbetleşýär. Mukaddes Kitapda «soňky günlerde», «dünýäniň soňunda» bu hakda pygamberlik edilýär (Matta 24:3; 2 Timoteos 3:1; Danyýar 8:19).
«Soňky günleriň» alamatlary
Mukaddes Kitapda soňky günleriň alamatlarynyň birwagtda, yzly-yzyna boljakdygy aýdylýar (Luka 21:7). Geliň, olaryň käbirine seredeliň:
Uruşlar. Isa pygamber: «Millet millete, patyşalyk patyşalyga garşy çykar» diýdi (Matta 24:7). Ylham kitabynda aýdylýan dört atlynyň birine bolsa «ýer ýüzünden parahatlygy aýyrmak ygtyýary» berildi. Şol atly uruşlary aňladýar (Ylham 6:4).
Açlyk. Isa Mesih tutuş ýer ýüzünde «açlygyň we ýertitremeleriň» boljakdygyny aýtdy (Matta 24:7). Ylham kitabyndaky dört atlynyň ýene biri açlygy aňladýar. Ol köp ýerlerde açlygyň boljakdygyny görkezýär (Ylham 6:5, 6).
Güýçli ýertitremeler. Isa pygamber: «Käbir ýerlerde… ýertitremeler bolar» diýip öňünden aýtdy (Matta 24:7; Luka 21:11). Güýçli ýertitremelerde birgiden adamlar ölýär, köpüsi bolsa ejir çekýär.
Keselçilik. Isa pygamberiň aýdyşy ýaly, häzir «gyrgynçylyk» we başga-da her dürli ýokanç keseller bütin dünýä ýaýraýar (Luka 21:11).
Jenaýatçylyk köpelýär. Asyrlarboýy adamlar jenaýatçylykdan ejir çekip gelýär. Isa Mesihem soňky günlerde «kanunsyzlygyň artjakdygyny» pygamberlik etdi (Matta 24:12).
Tebigat zaýalanýar. Ylham 11:18-de adamlaryň «ýer ýüzüni dargadýandygy» aýdylýar. Adamlar diňe bir azgynlyk, zalymlyk etmän, tebigata zyýan ýetirýär.
Adamlar erbetleşýär. Mukaddes Kitapda «soňky günlerde juda kyn döwrüň boljakdygy», «gadyr bilmez, biwepa... eglişik etmeýän, töhmet atýan, özüne erk etmeýän, zalym, ýagşylygy ýigrenýän, dönük, özdiýenli, ulumsy» adamlaryň hasam köpeljekdigi aýdylýar (2 Timoteos 3:1—4).
Maşgalalar agzala bolýar. 2 Timoteos 3:2, 3-nji aýatlarda aýdylyşy ýaly, köp adamlar «dogan-garyndaşlaryny söýmeýär», çagalar «ene-atasyna gulak asmaýar».
Hudaýy ýatlamaýarlar. Isa pygamber dünýäniň soňunda «köp adamlaryň söýgüsiniň sowajakdygyny» aýtdy (Matta 24:12). Ol adamlaryň Hudaýa söýgüsini göz öňünde tutupdy. 2 Timoteos 3:4-de: «Hudaýy däl-de, keýpi-sapany söýýän... adamlar bolar» diýilýär.
Ikiýüzli dindarlar. 2 Timoteos 3:5-de adamlaryň «Hudaýyň ýolunda ýörän bolup, şoňa görä ýaşamajakdygy» aýdylýar.
Pygamberlikleriň manysy. Danyýar kitabynda «dünýäniň soňunda... hakyky bilimiň hem artjakdygy», ýagny Mukaddes Kitapdaky pygamberlikleriň has gowy düşündiriljekdigi ýazylan (Danyýar 12:4).
Bütindünýä wagyz işi. Isa Mesih: «Patyşalyk baradaky hoş habar bütin ýer ýüzünde ähli milletlere wagyz ediler» diýdi (Matta 24:14).
Adamlaryň biperwaýlygy. Isa pygamber köp adamlaryň soňky günleriň alamatlaryny görseler-de, ynanmajakdygyny aýtdy (Matta 24:37—39). 2 Petrus 3:3, 4-nji aýatlarda bolsa käbir adamlaryň ahyrzamanyň boljakdygyna sowuk-sala garajakdygy pygamberlik edildi.
Pygamberlikler ýerine ýetýär. Isa Mesih soňky günler bardaky pygamberlikleriň diňe käbiriniň däl-de, hemmesiniň ýerine ýetjekdigini aýtdy (Matta 24:33).
Biz, dogrudan-da, «soňky günlerde» ýaşaýarysmy?
Hawa. Mukaddes Kitapdaky ýyllary hasaplasaň, soňky günleriň 1914-nji ýylda başlandygyny bilse bolýar. Şol ýyl Birinji jahan urşy başlady. Şondan soň dünýäniň ýagdaýy hasam beterleşdi. Soňky günlerde ýaşaýandygymyzy bilmek üçin şu wideony görüň:
1914-nji ýyldan bäri Patyşalyk höküm sürýär. Şondan soň Şeýtan jynlary bilen ýere zyňyldy we öz hökümini ýöredip başlady (Ylham 12:7—12). Şeýtanyň golastyndaky adamlaryň häsiýetlerinden, edýän işlerinden «soňky günleriň juda kyn döwründe» ýaşaýandygymyzy görse bolýar (2 Timoteos 3:1).
Köp adamlar bolýan zatlary görüp, howsala düşýär. Olaryň ertirki güne ynamy ýok. Dünýäniň ýagdaýy bu gidişine gitse, adamlar bir-birini gyryp gutarar diýip gorkýarlar.
Ýöne käbir adamlar dünýäniň ýagdaýy beterleşse-de, gelejegiň gowy boljakdygyna, Hudaýyň Patyşalygy arkaly erbetligi köki bilen aýyrjakdygyna ynanýarlar (Danyýar 2:44; Ylham 21:3, 4). Olar Hudaýyň wadalarynyň ýerine ýetjekdigine sabyrsyzlyk bilen garaşýarlar we Isa pygamberiň tabşyryşy ýaly, «soňuna çenli çydap halas bolmaga» jan edýärler (Matta 24:13; Mikaý 7:7).