11-nji bap
Biz soňky günlerde ýaşaýarys!
1. Dünýädäki bolýan zatlara syn edip, köp adamlar näme üçin aljyraýar, emma, dünýä wakalary barada dogry düşündirişi nireden tapyp bolar?
HOWSALALY dünýämiz bu ýagdaýa nädip düşdükä? Bize näme garaşýar? Sen bu soraglary özüňe berip gördüňmi? Köp adamlar bu günki dünýäniň ýagdaýyna seredip, aljyraýar. Gelejek näme getirer — daş-töweregimizde diňe uruşlar, keselçilik we jenaýatçylyk ahyryn. Hökümet baştutanlary-da köp umyt döredenok. Emma, Hudaý, öz Sözünde bu aladaly günleriň hakyky manysyny düşündirýär. Mukaddes Ýazgylar, ynamdar çeşme hökmünde, haýsy döwürde ýaşaýandygymyzy görmäge kömek edýär. Onuň görkezmegine görä, biz bu dünýäniň «soňky günlerinde» ýaşaýarys (2 Timoteos 3:1).
2. Şägirtleri Isadan näme soradylar, we ol nähili jogap berdi?
2 Meselem, şägirtleriniň gozgan soraglaryna Isanyň beren jogabyny alyp göreliň. Isa ölmezinden üç gün öň, şägirtleri ondan: «Seniň gelmegiň we ahyrzamanyň alamaty näme bolar?» diýip soradylar (Matta 24:3). Isa öz jogabynda, bu hudaýsyz dünýäniň soňky günleri gelende boljak anyk wakalary we şertleri suratlandyrdy.
3. Isanyň höküm sürüp başlamagy bilen ýerdäki ýagdaýlar näme üçin erbetleşdi?
3 Öňki bapda görkezilişi ýaly, Mukaddes Ýazgylar boýunça Hudaýyň Patyşalygy eýýäm höküm sürýär. Emma, beýle zat mümkinmi? Ýagdaýlar gowulaşanok-da diňe erbetleşýär ahyryn. Hut şunuň özi-de, Hudaýyň Patyşalygynyň höküm sürýändigine güwälik edýär. Eýsem, bu nähili beýle bolýarka? Zebur 110:2-den, biz, Isanyň birnäçe wagtlap «duşmanlaryň ortasynda» höküm sürmelidigini bilýäris. Dogrudanam, gökdäki Patyşa hökmünde, ol ilki bilen, Şeýtany we onuň jynlaryny ýeriň çäklerine zyňdy (Ylham 12:9). Mundan soň näme boldyka? Ylham 12:12-däki öňünden aýdylan sözler ýerine ýetdi: «Ýer we deňiz, waý siziň halyňyza! Çünki iblis wagtynyň azlygyny bilip, gahar-gazaba münüp, siziň üstüňize geldi». Bu günler, biz, şol örän az galan wagtda ýaşaýarys.
4. Soňky günleriň nähili aýratynlyklary bar, we bu aýratynlyklar nämäniň alamaty? (Tablisadaky maglumata seret).
4 Şonuň üçin, Isadan onuň barlygyny we zalym dünýäniň soňuny görkezjek alamat barada soranlarynda, Ol diýseň oýandyryjy jogap beripdi. Alamaty düzýän dürli wakalar 102-nji sahypadaky tablisada görkezilýär. Görşüň ýaly, mesihçi resullar Pawlus, Petrus we Ýahýa soňky günleriň ýene käbir aýratynlyklaryny belläp geçýärler. Hawa, soňky günleriň alamaty ýagdaýlaryň agyrdygyny görkezýär. Ýöne, bu pygamberlikleriň ýerine ýetmegi, zalym dünýäniň soňunyň ýakynlandygyna, bizde berk ynam döretmelidir. Gel, soňky günleriň käbir esasy aýratynlyklary bilen ýakyndan tanyşaly.
SOŇKY GÜNLERIŇ AÝRATYNLYKLARY
5, 6. Uruşlar we açlyk baradaky pygamberlikler nädip ýerine ýetýär?
5 «Millet — millete, patyşalyk — patyşalyga garşy çykar» (Matta 24:7; Ylham 6:4). Ýazyjy Ernest Hemingueý Birinji Jahan urşuny «ýer ýüzünde iň akyla sygmajak, iň gandöküşikli, başartmaýan gyrlyşyk» diýip atlandyrdy. «Dünýä özgeriş ýyllarynda — 1914—1919» («The World in the Crucible—1914—1919») kitabynyň aýtmagyna görä, «bu, görülip-eşidilmedik gerimli, adamzat taryhyndaky ilkinji ähliumumy uruşdy. Dowamlylygy, dartgynlygy we ululygy boýunça, ol bar belli bolan hem-de kellä geljek zatlardan öte geçdi». Birinji Jahan urşunyň yzysüre, ondan has weýrançylykly Ikinji Jahan urşy geldi. Taryh professory Hýu Tomas şeýle diýýär: «Ýigriminji asyrda, awtomat, tank, bombalaýjy uçar B-52, ýadro bombasy, ahyry hem, raketa toplary agalyk sürýär. Bu asyr islendik döwrüňkiden has gandöküşikli hem-de weýrançylykly uruşlary bilen tapawutlanýar». Hawa, ýaragsyzlandyrma hakda köp gürrüňler edildi, «Sowuk uruş» tamamlandy. Ýöne, bir hasabata görä, çak edilýän azaldyşdan soňam 10 000-den 20 000 deňeç ýadro boýegolowkalary galar, bu bolsa, Ikinji Jahan urşunda ulanylan umumy ýaragyň zarbyndan 900 esse güýçlüdir.
6 «Açlyklar bolar» (Matta 24:7; Ylham 6:5, 6, 8). 1914-nji ýyldan bäri azyndan 20 gezek güýçli açlyk boldy. Ol, Bangladeş, Burundi, Gresiýa, Kamboja, Nigeriýa, Orsýet, Ruanda, Somali, Sudan, Hindistan, Hytaý we Efiopiýa ýaly ýurtlaryň başyna geldi. Alym-agronomlardan we ykdysadyýetçilerden düzülen bir topar «soňky ýyllarda, bütin dünýädäki azyk bolçulygy ilatyň sanyndan has çalt ösdi» diýen netijä geldi. «Emma, azyndan 800 million adam juda garyp ýaşaýar... bu bolçulyga garamazdan, olar özlerini doýar-doýmaz güzerandan halas etjek, iň zerur iýmiti hem satyn alyp bilmeýärler». Başga ýagdaýlarda, dogrusy, syýasat gatyşýar. Toronto uniwersitetiniň d-ry Abdylhalyl Elmekki, müňlerçe ýaşaýjylary açlyk çekýärkä, uly mukdarda azygy daşary ýurda satan iki ýurdy mysal getirýär. Görseň, hökümetler öz raýatlaryny doýurmagyň ýerine, uruşlaryny goldajak bolup pul edinmegiň aladasynda ýaly. D-r Elmekki nähili netijä gelýärkä? Köp ýagdaýda, açlyk azyk önümleriniň «paýlanyşyna hem-de hökümetiň syýasatyna bagly».
7. Bu günki ýagdaýlar epidemiýalar hakda näme aýdýar?
7 «Gyrgynçylyk» (Luka 21:11; Ylham 6:8). 1918—1919-njy ýyllarda «ispanka» epidemiýasy azyndan 21 million adamy ýaşaýyşdan mahrum etdi. «Bütin taryhda, entek, şunça adamy, şeýle çalt öldüren ganhor dünýä gelmändi» diýip, A. A. Houling «Beýik epidemiýa» («The Great Epidemic») atly kitabynda ýazýar. Epidemiýalar şu gün hem möwç urýar. Rakdan her ýyl bäş million adam ölýär, garyn-içege keselleri üç milliondan gowrak bäbekdir çagany öldürýär, inçekeselden bolsa üç million adam ýogalýar. Dem alyş ýollarynyň ýokanç keselleri, esasan hem öýken sowuklamasy, her ýyl bäş ýaşdan kiçi bolan 3,5 million çaganyň ölmegine sebäp bolýar. Aklyňy has haýran edýänem, 2,5 milliard adam — ýeriň ilatynyň ýarysy diýen ýaly — suwuň ýetmezçiligi we hapalanmagy, ýa-da ýaramaz arassaçylyk şertleri sebäpli döreýän kesellerden horluk çekýärler. SPID keseli bolsa, medisinanyň uly derejelere ýetmegine garamazdan, adamyň epidemiýalary ýok edip bilmeýändigini ýene bir gezek ýatladýar.
8. Adamlaryň «pula gyzandygy» nämeden görünýär?
8 «Adamlar... pula gyzan... bolar» (2 Timoteos 3:2). Dünýäniň dürli ýurtlarynda adamlaryň baýlyk toplamaga doýmaz-dolmaz höweslidigi görünýär. «Üstünlik», köplenç, aýlygyň mukdary bilen, «dereje» bolsa, emlägiň köplügi bilen ölçelýär. «Maddy abadançylyga ýetmek höwesi amerikan jemgyýetini herekete getirýän esasy güýçleriň biri bolup galýar... we gitdigiçe beýleki uly satuw bazarlarynda hem, aýgytly güýje öwrülýär» diýip, bir reklama agentliginiň wise-prezidenti belledi. Seniň ýaşaýan ýeriňde-de şeýlemi?
9. Öňünden aýdylan, çagalaryň gulak asmazlygy hakynda näme aýtsa bolar?
9 «Ene-ata boýun egmeýän» (2 Timoteos 3:2). Bu gün ata-eneler, mugallymlar we başga adamlar köp çagalaryň edepsiz we gulak asmazdygyny görýärler. Çagalaryň bu boluşy, köplenç, ata-eneleriň edýän nädogry hereketlerine jogaby ýa-da olara öýkünjek bolşudyr. Gitdigiçe, köp çagalar mekdebe, kanuna, dine we ata-enelerine ynamyny ýitirip, olara garşy çykýar. Orta mekdebiň bir tejribeli mugallymy şeýle diýýär: «Olaryň hormat goýýan zady asla ýok ahyryn». Emma, Hudaýdan gorkýan ençeme çagalaryň özlerini tertipli alyp barmagy begendirýär.
10, 11. Adamlaryň zalym we doňýürek bolandygyna nähili subutnamalar bar?
10 «Zalym» (2 Timoteos 3:3). «Zalym» diýip terjime edilen grek sözi, «eldekileşdirilmedik, wagşy, ýüregi awamaýan we gynanç bildirmeýän» diýmegi aňladýar. Bu kesgitleme şu günki zorluk edýänlere, gör, nähili laýyk gelýär! «Durmuşda howsala, gan we elhençlik şeýle köp welin, gündeki täzelikleri okamak üçin demir ýaly nerwler gerek» diýip, bir makalada aýdylýardy. Bir polisiýa işgäri köp ýetginjekleriň edýän işleriniň soňy barada oýlanmaýandygyny belledi. Ol sözüni şeýle dowam etdi: «Göwnüňe, olar özüne: „ertir näme boljagyny-ha bilemok. Men özümkini şu gün alaryn“ diýýän ýaly».
11 «Doňýürek» (2 Timoteos 3:3). Bu söz grek dilinde «ýüreksiz, adamkärçiliksiz» diýmegi aňladyp, «adaty garyndaşlyk duýgularynyň ýetmezçiligini» görkezýär («Täze Ähtiň Teologiýasynyň Täze Halkara Sözlügi») [«The New International Dictionary of New Testament Theology»]). Hawa, ysnyşyk, tüýs bolaýmaly ýerinde — maşgalada-da — ýok. Ýan ýoldaşyna, çagalaryna ýa-da garry ata-enelerine doňýüreklik edilendigi baradaky gürrüňler barha adata öwrülip barýar. Ynha, bir barlag geçiriji toparyň pikiri: «Adamlaryň arasyndaky zorluk — meselem, şapbat, depgi, pyçaklama ýa-da atyşma — jemgyýetiň başga ýerlerine garanyňda, maşgalaň içinde has-da köp bolýar».
12. Adamlar Hudaýyň ýolundan näme üçin, diňe ýörän bolýarlar diýse boljak?
12 «Hudaýyň ýolunda ýörän bolup, bu ýoluň güýjüni inkär edýänler» (2 Timoteos 3:5). Mukaddes Ýazgylar adamlaryň durmuşyny özgerdip bilýär (Efesliler 4:22—24). Emma, bu günler, köp adamlar, Hudaýy närazy edýän adalatsyz işlerini gizlemek üçin perde hökmünde dini ulanýarlar. Dini ýolbaşçylar, köplenç, aldawa, ogrulyga we jyns ahlaksyzlygyna göz ýumýarlar. Köp dinler söýgini wagyz edip-de uruşlary goldaýarlar. «India tudeý» žurnalyndaky makalada şeýle bellenilýär: «Adamlar, Hemmelerden Beýik Ýaradanyň adyndan, iň ýigrenji zalymlyklary öz doganlaryna garşy edýärler». Aslynda, döwrümiziň iň gandöküşikli iki çaknyşygy — Birinji we Ikinji Jahan uruşlary — hristian dünýäsiniň jümmüşinde turdy.
13. Ýeriň dargadylýandygyna nähili subutnamalar bar?
13 «Ýeri dargadanlar» (Ylham 11:18). Bütin dünýäden 1 600-den gowrak alym, şol sanda Nobel baýragynyň 104 laureaty «Ynjalyksyz alymlar birleşiginiň» çap eden duýduryşyna öz gollaryny goýdular; ol ýerde şeýle diýilýär: «Ynsan bilen tebigat ynha çaknyşar... Bary-ýogy sanlyja onlarça ýyl galdy, onsoň, abanan howpy sowmak mümkinçiligi elden gider». Şol habarda aýdylyşyna görä, adamlaryň hereketleri «dünýäni şeýle bir üýtgetmegi ähtimal welin, ýaşaýşy bize belli usul bilen dowam etdirmek mümkin bolmaz». Ozon gatlagynyň ýukalmagy, suwuň hapalanmagy, tokaýlaryň çapylmagy, topragyň arryklamagy, şeýle hem haýwanlaryň we ösümlikleriň köp görnüşiniň ýok bolup gitmegi — haýal etmän çözülmeli meseleler hökmünde görkezildi. «Ynjalyksyz alymlar birleşiginiň» habarynda şeýle diýilýär: «Çylşyrymly ýaşaýyş syrlaryna baş goşmagymyz, giň möçberde üýtgemeler döretmegi mümkin, şol sanda, dinamikasy entek doly düşünilmeýän, biologiki sistemalaryň bozulmagyna-da getirip biler».
14. Matta 24:14-däki ýazylanlaryň şu gün amala aşýandygyny nädip subut ederdiň?
14 «Patyşalyk baradaky bu Hoş Habar... dünýäniň ähli ýerinde wagyz ediler» (Matta 24:14). Isa, Patyşalyk baradaky hoş habaryň hemme halklara güwälik hökmünde bütin ýer ýüzünde wagyz ediljegini öňünden aýtdy. Hudaýyň kömegi we patasy bilen millionlarça Ýehowanyň Güwäleri bu wagyz etmek we şägirt taýýarlamak işine milliardlarça sagat bagyş edýärler (Matta 28:19, 20). Hawa, Güwäler, hoş habary yglan etmeseler, ynsan ganynyň dökülmegine günäkär boljagyna düşünýärler (Ezekiýel 3:18, 19). Emma olar bagtly, sebäbi her ýylda müňlerçe adam Patyşalyk baradaky habara minnetdarlyk bilen seslenip, hakyky mesihçileriň, ýagny Ýehowanyň Güwäleriniň tarapyna geçýär. Hawa, Hudaý barada bilimi berip, Ýehowa gulluk etmek — bu bahasyna ýetip bolmajak sylag. Hoş habar adamlaryň ýaşaýan ähli ýerinde wagyz edilenden soňra welin, bu zalym dünýäniň soňy geler.
SUBUTNAMALARY BIL-DE HEREKET ET
15. Şu günki zalym dünýä nädip soňuna geler?
15 Ýöne, bu zalym dünýä nädip soňuna gelerkä? Dünýäniň syýasy güýçleriniň «Beýik Babyla», ýagny ýalan diniň dünýä imperiýasyna topulmagy bilen, «agyr muşakgatyň» başlanjagyny Mukaddes Ýazgylar öňünden aýdýar (Matta 24:21; Ylham 17:5, 16). Isa, şol günlerde ‘Günüň garaljagyny, Aýyň yşyk bermejegini, ýyldyzlar gökden gaçyp, gök gudratlaryň titrejegini’ aýtdy (Matta 24:29). Bu, göni manyda gökdäki hadysalary aňladyp biler. Ýöne, her näme bolanda-da, dini dünýäniň parlak ýyldyzlary paş edilip ýoklanar. Soňra, «Mäjit ýurdundaky Äjit» diýilýän Şeýtan, Ýehowanyň halkyna köpçülikleýin topulmak üçin ahlaksyz adamlary ulanar. Emma, Şeýtan üstün çykmaz, sebäbi Hudaý öz halkyna kömege ýetişer (Ezekiýel 38:1, 2, 14—23). «Agyr muşakgat» Armageddonda, ýagny «ähli zada güýji ýetýän Hudaýyň uly gününde boljak söweşde» iň ýokary derejä ýeter. Bu söweş, Şeýtanyň ýerdäki guramasynyň ähli yzlaryny ýok eder, diri galan adamlara bolsa, tükenmez bereketleriň hözirini görmäge ýol açar (Ylham 7:9, 14; 11:15; 16:14, 16; 21:3, 4).
16. Pygamberlikde berlen soňky günleriň alamatlary biziň döwrümize degişlidigini nireden bilýäris?
16 Göwnüňe, soňky günlere degişli aýry-aýry pygamberlikleri taryhyň başga döwürlerine-de ulanyp boljak ýalydyr. Emma, barysyny bilelikde alanyňda, pygamberlikdäki alamatlar, ünsüňi biziň günlerimize jemleýär. Mysal üçin, şeýle deňeşdirme: adamyň barmak yzlaryny düzýän çyzyklar, başga hiç kimiňkä meňzemeýän nagşy emele getirýär. Edil şonuň ýaly, soňky günlerdäki wakalaryň hem, diňe özüne mahsus nagşy bar. Olar, başga hiç bir döwre degişli bolmadyk, özboluşly «barmak yzlaryny» emele getirýär. Eger-de, bu wakalary, Mukaddes Ýazgylaryň Hudaýyň gökdäki Patyşalygynyň höküm sürýändigi barada aýdýanlary bilen deňeşdirsek, onda şeýle netijä gelýäris: biz hakykatdanam soňky günlerde ýaşaýarys. Aýratynam, Mukaddes Ýazgylaryň aýdyň subutnamalary, bu günki zalym dünýäniň basym ýok ediljegini görkezýär.
17. Soňky günlerde ýaşaýandygymyz hakdaky bilim bizi näme etmäge höweslendirmeli?
17 Soňky günlerde ýaşaýandygymyza sen nähili garaýaň? Pikir edip gör: üstümize weýran ediji harasat gelýän bolsa, biz eglenmän ätiýaçlyk çärelerini görýäris. Bu ýerde hem şonuň ýaly: şu günki dünýä hakda Mukaddes Ýazgylaryň aýdanlary bizi herekete getirmeli (Matta 16:1—3). Biz häzirki dünýäniň soňky günlerinde ýaşaýandygymyzy aýdyň görýäris. Bu bolsa, gerekli islendik özgerişleri edip, Hudaýyň mährini gazanmaga höweslendirmeli (2 Petrus 3:3, 10—12). Isa halasgär hökmünde tutanýerli şeýle diýýär: «Habardar boluň! Horanlyk, serhoşlyk, ýaşaýşyň gaýgylary ýüregiňize ýük bolup-da, ol gün duýdansyzlykda üstüňize abanaýmasyn. Çünki ol gün bütin ýer ýüzünde ýaşaýanlaryň ählisiniň üstüne duzak kimin geler. Bu boljak zatlaryň baryndan gaçyp biler ýaly, Ynsan Oglunyň huzurynda durup biler ýaly, hemişe oýa bolup, doga ediň» (Luka 21:34—36).
BILIMIŇI BARLAP GÖR
Mukaddes Ýazgylaryň öňünden aýtmagyna görä, Mesihiň hökümdarlygy başlanda, dünýäde nähili wakalar bolmaly?
Soňky günleriň nähili aýratynlyklary bar?
Soňky günlerde ýaşaýandygymyz nämeden görünýär?
[102-nji sahypadaky çarçuwa]
SOŇKY GÜNLERIŇ KÄBIR AÝRATYNLYKLARY
• Görlüp-eşidilmedik uruşlar (Matta 24:7; Ylham 6:4).
• Açlyk (Matta 24:7; Ylham 6:5, 6, 8).
• Epidemiýalar (Luka 21:11; Ylham 6:8).
• Kanunsyzlygyň artmagy (Matta 24:12).
• Ýeriň dargadylmagy (Ylham 11:18).
• Ýer titremeler (Matta 24:7).
• Eýgermesi agyr düşýän kyn döwürler (2 Timoteos 3:1).
• Hetdenaşa pul söýgüsi (2 Timoteos 3:2).
• Ene-ata gulak asmazlyk (2 Timoteos 3:2).
• Adamlaryň doňýürek bolmagy (2 Timoteos 3:2).
• Lezzetiň Hudaýdan köp söýülmegi (2 Timoteos 3:4).
• Özüňe erk edip bilmezlik (2 Timoteos 3:3).
• Ýagşylyga söýgüniň ýoklugy (2 Timoteos 3:3).
• Ýakynlaşýan howpa äsgermezlik (Matta 24:39).
• Ýaňsylaýjylaryň soňky günler baradaky subutnamalary äsgermezligi (2 Petrus 3:3, 4).
• Hudaýyň Patyşalygynyň bütin dünýäde wagyz edilmegi (Matta 24:14).
[101-nji sahypadaky surat]