Ýaşlykdan Ýehowa gulluk et
«Öwrenen, doly ynanýan zatlaryňa bagly gal» (2 TIM. 3:14).
1. Ýehowa ýaş Güwäçileriniň gullugyna nähili garaýar?
ÝAŞLARYŇ mukaddes gullugyny Ýehowanyň gymmat saýýandygy barada mezmurçy şeýle pygamberlik etdi: «Seniň gudratyň gününde halkyň mukaddes dabarada meýletin häzir bolar; säheriň bagryndan önen ýaşlyk çygy Seniňkidir» (Zeb. 110:3). Hawa, Ýehowa oňa gulluk etmäge taýyn ýaşlary örän gymmat saýýar.
2. Bu dünýä ýaşlary nämä höweslendirýär?
2 Ýaşlar, siz Ýehowa özüňizi bagyş etdiňizmi? Hak Hudaýa gulluk etmäge taýynmysyňyz? Ýaşlaryň köpüsine bu edimi ätmek aňsat däl. Olara ökde biznesmenler, mugallymlar, käwagt maşgala agzalary we dostlary-da baýamagy teklip edýärler. Ruhy maksatlary goýýan ýaşlary köplenç adamlar ýigrenýärler. Emma hak Hudaýa gulluk edip, sen durmuşyňda iň gowy ýoly saýlandygyňy görkezersiň (Zeb. 27:4). Bu babatda üç soraga serederis: Sen näme üçin Hudaýa gulluk etmeli? Adamlaryň diýýän zatlaryna we edýän işlerine garamazdan, saňa Ýehowa özüňi bagyş edeniňe görä ýaşamaga näme kömek eder? Sende mukaddes gulluk etmäge nähili ajaýyp mümkinçilikler ba?
Ýehowa gulluk etmegi saýlamak dogry
3. Ýehowanyň ýaradan zatlary bize nähili täsir etmeli?
3 Hak Hudaýa näme üçin gulluk etmeli? Munuň esasy sebäbi Ylham 4:11-de aýdylýar: «Eý Rebbimiz, Hudaýymyz! Sen şöhraty, hormaty hem gudraty almaga mynasypsyň. Çünki hemme zady Sen ýaratdyň. Ählisi Seniň islegiň bilen döredi, ýaradyldy» (Ylh. 4:11). Ýehowa ähli zatlaryň ajaýyp Ýaradyjysy. Ýer ýüzi nähili owadan! Ýehowa ähli zatlary agaçlary, gülleri, haýwanlary, okeanlary, daglary we şaglawuklary ýaratdy. Zebur 104:24-de şeýle diýilýär: «Ýer Seniň [Hudaýyň] baýlygyňdan doly». Ýaşaýyşdan lezzet alar ýaly, Ýehowanyň söýgi bilen ýaradan bedenine we akylyna nähili minnetdar bolup bileris! Täsin ýaradan zatlary üçin ak ýürekden minnetdarlygymyz oňa gulluk etmäge höweslendirmeýärmi?
4, 5. Ýehowa ýakynlaşmaga Ýeşuwa näme kömek etdi?
4 Ýehowa gulluk etmegiň ýene bir sebäbini ysraýylly serdar Ýeşuwyň sözlerinden görüp bolýar. Ol ömrüniň ahyrynda Hudaýyň halkyna şeýle diýdi: «Hudaýyňyz Ýehowanyň siz barada aýdan ähli ýagşy sözleriniň ýerine ýetendigini bütin ýüregiňiz we janyňyz bilen bilýärsiňiz, siziň üçin bary ýerine ýetdi». Ýeşuw näme üçin şeýle diýip bildi? (Ýeş. 23:14).
5 Ýeşuw çagalykdan Müsürde önüp-össenden, Ýehowanyň ysraýyllylar üçin ýer taýýarlajakdygyny wada berendigini bilýärdi (Bar. 12:7; 50:24, 25, Çyk. 3:8). Ol Ýehowanyň Müsüre on jeza berip, kesir Faraony Ysraýyl ogullaryny goýbermegi mejbur edende, wadasyny ýerine ýetirip başlandygyna göz ýetirdi. Ýeşuw beýleki ysraýyllylar bilen Gyzyl deňizden geçip, soňra Faraony we onuň goşunyny deňziň ýuwdandygyny görüpdi. «Uly we gorkunç» Sinaý çölünde uzak syýahatda-da, Ýeşuw Ýehowanyň ysraýyllylary ähli gerekli zat bilen üpjün edendigini görüpdi. Olaryň hiç biri-de, suwsuzlykdan ýa-da açlykdan heläk bolmandy (Kanun. 8:3—5, 14—16; Ýeş. 24:5—7). Ysraýyllylar güýçli kengan ýurduny tabyn edip, Wada edilen diýary eýelemeli wagt ýetip gelende, Ýeşuw Hudaýyň ony we sežde edýän başga ysraýyllylary goldandygynyň şaýady boldy (Ýeş. 10:14, 42).
6. Hudaýa gulluk etmek islegiňi artyrmaga näme kömek eder?
6 Ýeşuw Ýehowanyň beren wadasyny hemişe ýerine ýetirýändigini bilýärdi. Şol sebäpli Ýeşuw şeýle yglan edýär: «Men we meniň öýüm Ýehowa gulluk eder» (Ýeş. 24:15). Sen barada näme diýse bolýar? Sen hak Hudaýyň eýýäm ýerine ýetiren we ýene-de ýerine ýetirjek wadasy barada oýlananyňda, oňa Ýeşuw ýaly gulluk etmek isleýärmiň?
7. Näme üçin suwda çokundyrylmak wajyp?
7 Ýehowanyň ýaradan zatlary we ýerine ýetirjek ajaýyp wadasy barada oýlanmaklyk, seni diňe bir özüňi Ýehowa bagyş etmäge däl, eýsem, suwda çokundyrylmaga-da höweslendirmeli. Hudaýa gulluk etmek isleýänler üçin, suwda çokundyrylmak wajyp ädim. Bu babatda bize Isa oňat görelde galdyrdy. Mesih bolmazyndan öňürti, ol suwda çokundyrylmak üçin Çokundyryjy Ýahýanyň ýanyna barýar. Isa näme üçin bu ädimi ätdi? Ol şeýle diýdi: «Çünki Men Öz yradamy däl-de, Meni ibereniň yradasyny berjaý etmek üçin gökden indim» (Ýahýa 6:38). Isa Atasynyň islegini berjaý etmek üçin, özüni hödürläp suwda çokundyryldy (Mat. 3:13—17).
8. Näme üçin Timoteos Hudaýa gullugy saýlady we sen näme etmeli?
8 Ýehowa wagtyň geçmegi bilen ençeme iş we hormatly borçlary ynanan ýaş mesihçi Timoteosyň mysalyna seredeliň. Näme üçin Timoteos hak Hudaýa gulluk etmekçi bolýar? Mukaddes Ýazgylarda şeýle diýilýär: «Öwrenen, doly ynanýan zatlaryňa bagly gal» (2 Tim. 3:14). Belki, senem Timoteos ýaly Hudaýyň Sözüni öwrenip, ondaky taglymatlaryň hakykatdygyna göz ýetirensiň. Häzir saňa karara gelmek wajyp. Bu barada ata-eneň bilen gepleşseň bolmazmy? Olar we ýygnagyň ýaşululary saňa suwda çokundyrylmak üçin Mukaddes Ýazgylaryň haýsy talaplaryna laýyk gelmelidigiňe düşünmäge kömek ederler (Resullaryň işleri 8:12-ni okaň).
9. Seniň suwda çokundyrylmagyň adamlara nähili täsir edip biler?
9 Suwda çokundyrylmaklyk, hak Hudaýa gulluk etmegiň ajaýyp başlangyjydyr. Sen bu ädimi ädip, göçme manyda aýdanda, ebedi ýaşaýşa eltýän uzak aralyga ylgamaga başlarsyň. Şeýle-de Hudaýyň islegini berjaý etmek häzir hem saňa köp şatlyk berer (Ýew. 12:2, 3). Mundan başga-da sen maşgala agzalaryňdan eýýäm «ylgaýanlary» we mesihi ýygnakdaky dostlaryňy begendirip bilersiň. Iň wajyby, Ýehowanyň ýüregini şatlandyrarsyň (Süleýmanyň tymsallary 23:15-i okaň). Dogrudanam, käbirler seniň näme üçin Hudaýa gulluk etmegi saýlandygyňa düşünmän, gelen kararyňy nädogry saýyp bilerler. Olar hatda saňa garşy bolarlar. Emma sen şeýle synaglara döz gelip bilersiň.
Adamlar soranda ýa-da saňa garşylyk görkezende
10, 11. a) Saňa nähili soraglary bermekleri mümkin? b) Isanyň jogap berşinden, imanyň barada näme öwrenip bilersiň?
10 Seniň Ýehowa gulluk etmek karara geleniňe synpdaşlaryň, goňşularyň we garyndaşlaryň geň galmaklary mümkin. Belki, olar senden näme üçin şu ýoly saýlandygyňy we nämä ynanýandygyňy sorarlar. Sen olara näme jogap berersiň? Elbetde, sen näme sebäpden şu ýoly saýlandygyňy gowy düşündirmek üçin, pikiriňi we duýgularyňy barlamaly. Imanyň barada soraglara jogap bereniňde, Isanyň göreldesine eýerseň gowy bolardy.
11 Dini ýolbaşçylar direliş barada soranlarynda, Isa olaryň ünsüni Ýazgylara çekdi, çünki olar Mukaddes Ýazgylary göz öňünde tutmaýardylar (Çyk. 3:6; Mat. 22:23, 31—33). Kanunçy Isadan uly tabşyryk haýsy diýip soranda, ol Mukaddes Ýazgylardan ýerlikli aýatlary getirdi. Bu adam Isa beren jogaby üçin minnetdarlyk bildirdi (Lew. 19:18; Kanun. 6:5; Mar. 12:28—34). Isanyň Mukaddes Ýazgylary ulanyşy we sözleýşi «halaýygyň arasynda Isa barada agzalalyk çykarsa-da», duşmanlary oňa ýamanlyk edip bilmediler (Ýahýa 7:32—46). Senden imanyň barada sorasalar, Mukaddes Ýazgylary ulanyp «ýumşaklyk, saýhallyk bilen» jogap ber (1 Pet. 3:16). Eger sen soragyň jogabyny bilmeseň, bilmeýänligiňi boýun alyp, ony gowy öwreneniňden soň aýdyp berjekdigiňi teklip et. Sen edebiýatlaryň indeksine ýa-da diliňde mümkin bolan maglumatlara seredip bilersiň. Gowy taýýarlansaň, «nähili jogap bermelidigini bilersiň» (Kol. 4:6).
12. Näme üçin yzarlamalar sebäpli ruhdan düşmeli däl?
12 Emma sen sorag berilmekden başga-da kyn synaga duşup bilersiň. Sebäbi dünýä Hudaýyň duşmany bolan Iblis Şeýtanyň goly astynda (1 Ýahýa 5:19-y okaň). Şonuň üçin Hudaýa gulluk edýändigiňi ähli adamlar goldar öýtme. Sen hatda garşylyga duşup bilersiň. Käbir adamlar saňa «sögerler» (1 Pet. 4:4). Emma ýeke däldigiňi unutma. Isa Mesih hem yzarlamadan horluk çekdi. Şeýle-de Petrus resul yzarlandy, ol şeýle ýazdy: «Eý söýgüli doganlar, sizi synamak üçin araňyzda ýüze çykýan ot azaryny, geň zada sataşan ýaly, geň görmän, eýsem Mesihiň... görgülerine şärikdeş bolan derejede şatlanyň» (1 Pet. 4:12, 13).
13. Mesihçiler yzarlananlarynda näme üçin şatlanyp bilerler?
13 Eger sen mesihçi hökmünde yzarlamalara ýa-da garşylyga duçar bolsaň, onda şatlanyp bilersiň. Näme üçin? Eger dünýä makul bilse, onda sen Hudaýyň kadalaryna däl-de, Şeýtanyň kadalaryna görä ýaşaýandygyňy görkezýärsiň. Isa şeýle duýduryş berdi: «Bütin adamlar sizi taryplan mahaly waý halyňyza! Çünki olaryň atalary ýalan pygamberlere-de şeýle edendirler» (Luka 6:26). Şeýtan we onuň dünýäsiniň seniň gelen kararyňy halamaýandygyny yzarlamalar arkaly görse bolýar. Olar seniň Ýehowa gulluk edýändigiňi görüp, gahar-gazaba münýärler (Matta 5:11, 12-nji aýatlary okaň). Şonuň üçin «Mesihiň ady sebäpli masgaralanýan bolsaň» şatlanmaly (1 Pet. 4:14).
14. Yzarlamalara garamazdan, Ýehowa wepaly galsaň nähili gowy netije berer?
14 Eger sen yzarlamalara garamazdan Ýehowa wepaly galsaň, azyndan dört gowy netije berer. Sen Hudaý we onuň Ogly barada güwälik edersiň. Seniň çydamlylygyň imandaşlaryňy ruhlandyrar. Muny synlaýan käbir Ýehowany tanamaýan adamlar Mukaddes Ýazgylary öwrenmäge isleg bildirmekleri mümkin (Filipililer 1:12—14-nji aýatlary okaň). Şeýle-de sen Ýehowanyň synaglara çydamaga güýç berýändigini duýup, oňa bolan söýgiň artar.
Seniň üçin «uly gapy» açyk
15. Pawlus resula nähili «uly... gapy» açykdy?
15 Efesosdaky gullugy barada Pawlus resul şeýle ýazdy: «Maňa uly, iş bitiriji bir gapy açyldy» (1 Kor. 16:8, 9). Resulyň öňünde «uly gapy» açyldy. Onda şol şäherde wagyz etmek we şägirt taýýarlamak üçin mümkinçilik döredi. Pawlus bu «gapydan» girip, köp adamlara Ýehowa barada bilmäge we onuň gullukçylary bolmaga kömek etdi.
16. Mesh edilenleriň galyndysy 1919-njy ýylda açylan «gapydan» nädip girdiler?
16 1919-njy ýylda şöhratlanan Isa Mesih mesih edilen galyndynyň öňünde «gapyny» açýar (Ylh. 3:8). Olar bu açylan mümkinçilikden peýdalanyp, Mukaddes Ýazgylardaky hakykaty öňküden-de yhlasly öwretdiler. Olaryň gullugy nähili netije berdi? Häzir hoş habar dünýäniň ähli künjegine ýaýrady we ýedi milliona golaý adam Hudaýyň täze dünýäsinde ebedi ýaşamaga umyt edýär.
17. Sen nädip «uly... gapydan» girip bilersiň?
17 Ýehowanyň ähli gullukçylary üçin «uly, iş bitiriji bir gapy» henizem giňden açyk. Bu gapydan girip, hoş habary köp wagyz edýänler şatlanyp lezzet alýarlar. Ýehowanyň ýaş gullukçysy bolsaň, adamlara «Hoş Habara ynanmaga» kömek etmek üçin ajaýyp mümkinçiligi gymmat saýýarmyň? (Mar. 1:14, 15). Pioner ýa-da kömekçi pioner bolup gulluk etmek barada oýlandyňmy? Siziň köpüňiz üçin Patyşalyk zal gurluşygy, ýörite pioner gullugy, Beýtel gullugy, missioner gullugy we başga-da köp mümkinçilikler bar. Şeýtanyň zalym dünýäsine berlen wagtyň tükenýändigi sebäpli, Patyşalyk işine gatnaşmak gaýragoýulmasyzdyr. Heniz wagt barka, siz bu «uly... gapydan» girermisiňiz?
«Ýehowanyň ýagşylygyny dadyp görüň!»
18, 19. a) Näme üçin Dawut Ýehowa höwes bilen gulluk etmek isleýärdi? b) Hudaýa gulluk edip, Dawudyň hiç haçan ökünmändigini näme görkezýär?
18 Hudaýyň ylhamy bilen mezmurçy adamlary: «Ýehowanyň ýagşylygyny datmaga» çagyrdy (Zeb. 34:8, TD). Gadymy Ysraýylyň patyşasy Dawut oglanka goýun bakanda, Ýehowa ony ýabany haýwanlaryň hüjüminden goraýardy. Hudaý ony Golýat bilen bolan söweşde goldady we ençeme beýleki betbagtçylyklardan halas etdi (1 Pat. 17:32—51; Zeb. 18, aýatlaryň üstündäki ýazgy). Hudaýyň merhemetine minnetdarlyk bildirip, Dawut şeýle sözleri ýazdy: «Ýa Reb, Hudaýym, Seniň eden zatlaryň köpdür; ajaýyp işleriň we maksat-myradyň bize gönükdirilendir; Seniň bilen deňäre hiç kim ýok» (Zeb. 40:5).
19 Dawut Ýehowany tüýs ýürekden söýýändigi üçin, Ony bütin ýüregi we düşünjesi bilen şöhratlandyrmak isleýärdi (Zebur 40:8—10-nji aýatlary okaň). Ol hak Hudaýa gulluk edýändigine hiç haçan ökünmedi. Ol Ýehowa wepaly bolmagy uly baýlyk, deňsiz-taýsyz bagtyň gözbaşy saýýardy. Dawut garranda şeýle diýdi: «Çünki umydym Sensiň, ýa Reb Hudaý; ýaşlygymdan bil baglanym Sensiň. Şindi, garry we çal kellekäm hem, eý Hudaý,.. meni taşlama» (Zeb. 71:5, 18). Dawut tapdan düşse-de, Ýehowa bil baglap, dostlugy berkeýärdi.
20. Näme üçin Hudaýa gulluk etmek iň gowy ýol?
20 Ýeşuwyň, Dawudyň we Timoteosyň durmuşy, Ýehowa gulluk etmegiň iň gowy ýoldugyny subut edýär. Bu dünýäniň gysga möhletli üstünligini, «Ýehowa bütin ýüregiň we janyň bilen gulluk» etmekden alýan uzak möhletli peýda bilen deňeşdirip bolmaýar (Ýeş. 22:5). Eger sen özüňi Ýehowa dogada bagyş etmedik bolsaň, onda şeýle sorag berip bilersiň: «Maňa Ýehowanyň Güwäçisi bolmaga näme päsgel berýär?» Sen eýýäm Ýehowanyň suwda çokundyrylan gullukçysy bolsaň, durmuşyňda şatlygyňy artdyrmak isleýärmiň? Onda Hudaýa köpräk gulluk et we gowy ruhy üstünlikler gazan. Indiki makaladan, sen Pawlus resulyň göreldesine eýerip, ruhy taýdan nädip ösüp bolýandygyny bilersiň.
Siz nähili jogap berersiňiz?
• Näme üçin Hudaýa gulluk etmelidigimiziň iki sebäbini aýt.
• Näme üçin Timoteos Hudaýa gulluk etmegi ýüregine düwdi?
• Näme üçin yzarlamalarda çydamly bolmaly?
• Sende Hudaýa gulluk etmäge nähili mümkinçilikler bar?