Ýaşlar, siz ömrüňizi nämä bagyş edersiňiz?
«MEN durmuşda üstünlik gazanasym gelýär». Bu sözleri bir ýaş gyz aýdypdy. Belki, sen hem durmuşda üstünlik gazanmak isleýänsiň. Emma üstünlik gazanmak nämäni aňladýar? Habar beriş serişdeleri, deň-duşlaryň, hatda mugallymlaryň saňa durmuşda üstünlik gazanmak üçin köp pul gazanmaly we hünär edinmeli diýýändirler. Gysgaça aýdanyňda, sen tanymal adam bolmaly!
Mukaddes Ýazgylarda ýaşlara baýlyga kowalaşmakdan gaça durmalydygy duýdurylýar, sebäbi bu «howany ýumruklaýan» ýalydyr (Wagyzçy 4:4). Şonuň üçin hem diňe käbir ýaşlar baý we at-abraýly adam bolup bilýärler. Hatda şeýle üstünlikleri gazanan ýaşlar hem özlerini bagtly duýmaýarlar. Bir abraýly uniwersitetde okan britaniýaly ýaş ýigit: «Bu bir boş guty ýaly, onuň içine seretseň, hiç zat ýok» diýýär. Elbetde, iş käwagt baýlyk we hormat berip bilýär. Emma iş «ruhy zerurlygyňy» kanagatlandyryp bilmeýär (Matta 5:3). 1 Ýahýa 2:17-de: «Dünýä we onuň höwesleri geçip gider» diýilýär. Hatda sen bu dünýäde üstünlik gazansaň-da, ol wagtlaýyndyr!
Wagyzçy 12:1-de: «Ýaşlygyňda özüňi Ýaradany ýatla» diýilýär. Dogrudanda, ýaşlykdan özüňi Ýehowa bagyş edip, oňa gulluk etmekden gowy zat ýok. Şol sebäpli sen ilki bilen, Hudaýa gulluk etmek üçin käbir talaplara laýyk gelmeli. Nähili talaplara laýyk gelmeli? Hudaýa gulluk etmäge nämeler degişli?
Ýehowanyň Şaýady bolmak üçin näme etmeli?
Ilki bilen, sen Hudaýa gulluk etmek islegiňi artdyrmaly. Hatda ene-ataň mesihçi bolsa-da, şeýle isleg öz-özünden döremeýär. Sen Ýehowa bilen dostlugyňy özüň berkitmeli. Bir ýetginjek gyz: «Ýehowa bilen dostlugyňy berkitmäge doga kömek edýär» diýýär (Zebur 62:8; Ýakup 4:8).
Rimliler 12:2-de ýene bir ätmeli ädimiň barada aýdylýar. Bu aýatda: «Hudaýyň halaýan, oňat, kämil isleginiň nämedigine düşüniň» diýilýär. Sen käte öwrenen zatlaryň dogrudygyna şübhelenýärmiň? Eger şübhelenýän bolsaň, Mukaddes Ýazgylaryň maslahatyna eýerip, öwrenen zatlaryň hakykatdygyna göz ýetirjek bol! Munuň üçin özbaşdak gözleg geçir. Mukaddes Ýazgylary we oňa esaslanan edebiýatlary oka. Emma Hudaý barada öwrenmek, bu getirilýän subutnamalara ýöne bir ynanmagy aňlatmaýar. Şol sebäpli sen okan zatlaryň ýüregiňe ornaşar ýaly oýlanmaga wagt tap. Şonda seniň Hudaýa bolan söýgiň has-da artar (Zebur 1:2, 3).
Soňra öwrenen zatlaryňy klasdaşlaryňa gürrüň ber. Seniň indiki ätmeli ädimiň — öýden-öýe wagyz etmek. Ilkibaşda, sen wagyzda klasdaşlaryňa duşsaň, olardan çekinmegiň mümkin. Emma Mukaddes Ýazgylarda hoş habar üçin utanmaly däldigi aýdylýar (Rimliler 1:16). Seniň aýdýan habaryň adamlary halas edýär we umyt berýär! Şol sebäpli sen aýdýan zatlaryňa utanmalymy?!
Eger ene-ataň mesihçi bolsa, sen olar bilen eýýäm wagyz edip görensiň. Emma sen gapynyň öňünde ýöne bir dymyp durmakdan ýa-da adama žurnal ýa kitapça bermekden başga ýene näme edip bilersiň? Sen Mukaddes Ýazgylar arkaly adama hakykaty düşündirip bilermiň? Eger düşündirip bilmeseň, ene-ataňdan ýa-da ýygnakdaky ruhy taýdan berk dogan-uýalardan kömek sorap bilersiň. Sen suwda çokundyrylmadyk wagyzçy bolmagy maksat edin!
Wagtyň geçmegi bilen, sen özüňi Ýehowa bagyş edip, oňa hemişe gulluk etjekdigiňe söz bermek islärsiň (Rimliler 12:1). Emma özüňi Hudaýa bagyş etmek ýeterlikli däl. Sebäbi Hudaý biziň her birimizden «gutulyş» habaryny adamlara wagyz etmegi talap edýär (Rimliler 10:10). Sen suwda çokundyrylmankaň, Hudaýa iman edýändigiňi adamlaryň öňünde sesli aýdýarsyň. Soňra suwda çokundyrylýarsyň (Matta 28:19, 20). Elbetde, bu wajyp ädim. Emma sen gorkup, suwda çokundyrylmak kararyny soňa goýmaly däl. Eger sen Hudaýa bil baglasaň, ol saňa «iň üstün gudratyny» berip, synagda berk durmaga kömek eder (2 Korintoslylar 4:7; 1 Petrus 5:10).
Suwda çokundyrylyp, sen Ýehowanyň Şaýady bolýarsyň (Işaýa 43:10). Bu seniň durmuşyňa güýçli täsir etmeli. Şeýle-de özüňi Hudaýa bagyş etmeklige «özüňi inkär etmek» hem degişli (Matta 16:24). Belki-de, sen «öňürti Hudaýyň Patyşalygyny agtarmak» üçin öz maksatlaryňdan geçmeli bolarsyň (Matta 6:33). Emma sen özüňi Hudaýa bagyş edip, suwda çokundyrylsaň, Ýehowa köpräk gulluk etmäge mümkinçiligiň bolar. Gel, olaryň käbirine seredeli.
Doly wagtly gulluga başlamak
● Pioner gullugy. Her aý azyndan 70 sagat wagyz edýän suwda çokundyrylan göreldeli wagyzçylara «pioner» diýilýär. Eger sen hem köpräk wagyz etseň, öwretmek ukybyňy artdyrarsyň we tejribeli wagyzçy bolarsyň. Pionerleriň köpüsi Mukaddes Ýazgylar okuwyny geçirýän adamlaryna suwda çokundyrylyp, Ýehowanyň Şaýady bolmaga kömek edendiklerine örän begenýärler. Eýsem, haýsy iş şeýle köp şatlygy berip biler?!
Pionerleriň köpüsi özlerini eklemek üçin ýarym günlük işe girýärler. Olaryň köpüsi mekdepde ýa-da ene-atasyndan hünär öwrenip, pioner gullugyna öňünden taýýarlyk görýärler. Eger sen mekdebi tamamlanyňdan soň, özüň hem, ene-ataň hem seniň ýene-de bilim almagyňy isleseler, onda sen köp pul gazanmak üçin däl-de, pioner gullugyna başlap biler ýaly diňe özüňi eklemek üçin pul gazanmak isleýändigiňe göz ýetir.
Pionerler dünýewi işe köp üns bermän, gaýtam, adamlary halas etmek üçin bar ünsüni wagyz işine berýärler! Sen hem pioner gullugyna başlamagy maksat edinip bilermiň? Pioner gullugy köplenç başga mümkinçilikleri hem berýär. Meselem, käbir pionerler Patyşalygyň wagyzçylarynyň ýetmeýän ýerine göçýärler. Käbirleri bolsa, beýleki ýygnaklarda ýa-da daşary ýurtda gulluk etmek üçin dil öwrenýärler. Dogrudan-da, pioner gullugy köp bereketleri berýär!
● Hoş habarçylar mekdebi. Bu mekdepde wagyzçylaryň ýetmeýän ýerinde gulluk etmäge taýýar tejribeli pionerlere 2 aý bilim berilýär. Olar ýer ýüzünde gulluk eden beýik Hoş habarçy Isa Mesihden görelde alyp, ynam bilen: «Ynha, men! Iber meni!» diýýärler (Işaýa 6:8; Ýahýa 7:29). Olar öýünden uzakda gulluk edip, ýönekeý şertlere öwrenişmeli bolýarlar. Şeýle-de olar göçüp baran ýeriniň medeniýetine, howasyna we iýmitine öwrenişmeli bolýarlar. Olar hatda şol ýerdäki adamlaryň dilini hem öwrenmeli bolýar. Bu mekdep 23—65 ýaş aralygyndaky sallah dogan-uýalara we är-aýallara gullukda zerur bolan ruhuň miwelerini hem-de Ýehowanyň guramasynda köpräk gulluk etmek üçin ukyplaryny ösdürmäge kömek edýär.
● Beýtel gullugy. Ýehowanyň Şaýatlarynyň filiallarynda dogan-uýalar meýletin gulluk edýärler. Beýtel maşgalasynyň käbir agzalary edebiýatlary çap etmek bölüminde işleýärler. Käbirleri bolsa, Beýteliň tehniki enjamlaryna gözegçilik etmek bölüminde ýa-da naharhanada işleýärler. Bu işleriň hemmesi-de hormatly we mukaddes hasaplanýar. Beýtelçiler edýän işleriniň bütin dünýädäki ençeme dogan-uýalara peýda berýändigine begenýärler.
Beýtelde gulluk etmäge käte haýsydyr bir ugurdan ukyply doganlar çagyrylýar. Emma olaryň köpüsi Beýtele gelensoň, hünär öwrenýärler. Beýtelde gulluk edýän dogan-uýalar öz bähbidi üçin işlemeýärler, olar berilýän iýmite, ýaşaýyş jaýyna we kömek üçin berilýän birazrak pula kaýyl bolýarlar. Beýtel maşgalasynyň bir ýaş agzasy şeýle diýýär: «Haýran galaýmaly, Beýteliň işi köp bolsa-da, men bu ýerde gulluk edip, ençeme bereketleri aldym».
● Gurluşyk işlerine gatnaşmak. Köp ýurtlarda filiallar we Patyşalyk zallary gurulýar. Bu işe gatnaşýanlara gurluşykçylar diýilýär. Olaryň edýän işleri hem Süleýman pygamberiň döwründäki ybadathanany guran adamlaryňky ýaly mukaddes hasaplanýar (1 Patyşalar 8:13—18). Beýtel maşgalasynyň her bir agzasynyň aladasy edilşi ýaly, gurluşyk işine gatnaşýanlaryň hem aladasy edilýär. Şeýle dogan-uýalar üçin Ýehowany şöhratlandyrýan gurluşyk işlerine gatnaşmak uly hormat!
Ýehowa bütin ýüregiň bilen gulluk et!
Ömrüňi Ýehowa bagyş edip, oňa gulluk etmekden gowy zat ýok! Sen Hudaýa doly wagtly gulluk etmegi maksat edinip bilersiňmi? Sen doly wagtly gulluk etmek barada ene-ataň, ýygnak ýaşulyňyz ýa-da etrap gözegçisi bilen gürrüňdeş bolup bilersiň. Eger sen Beýtelde gulluk etmek ýa-da Hoş habarçylar mekdebinde okamak isleýän bolsaň, welaýat kongresinde geçirilýän ýörite duşuşyklara gatnaş.
Elbetde, hemmeler doly wagtly gulluk edip bilmeýär. Köpler saglyk ýagdaýy, maşgala borçlary ýa-da bergileriniň bardygy sebäpli doly wagtly gulluk edip bilmeýärler. Hatda şeýle bolaýanda-da, suwda çokundyrylan mesihçileriň ählisi Mukaddes Ýazgylardaky: «Hudaýyň Rebbi bütin ýüregiň, bütin janyň, bütin düşünjäň bilen söý» diýen tabşyryga gulak asmaly (Matta 22:37). Ýehowa seniň ýagdaýyňa görä, eliňde baryny edip gulluk etmegiňi isleýär. Sen ýagdaýyň nähilidigine garamazdan, bütin ömrüňe Ýehowa gulluk etmegi maksat edin. Şonuň üçin öňüňde ýetip biläýjek ruhy maksatlaryňy goý. Eger sen «ýaşlygyňdan özüňi Ýaradany» ýatlasaň, ebedi bereketleri alarsyň!
Başgaça görkezilmedik bolsa, Mukaddes Ýazgylaryň aýatlary «Töwratdan» (Stambul 2007), Araz Parwişiň türkmençe terjimesinden (Stokgolm 1994) alnandyr.