Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • od bap 10 sah. 105—115
  • Hudaýa köpräk gulluk etmegiň usullary

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Hudaýa köpräk gulluk etmegiň usullary
  • Ýehowanyň islegini ýerine ýetirýän gurama
  • Sözbaşylar
  • Meňzeş maglumat
  • WAGYZÇY BOLMAK
  • KÖMEK GEREK ÝERDE GULLUK ETMEK
  • BAŞGA DILDE WAGYZ ETMEK
  • PIONER GULLUGY
  • MISSIONER GULLUGY
  • ETRAP GÖZEGÇILERINIŇ GULLUGY
  • GURAMADAKY MEKDEPLER
  • BEÝTEL GULLUGY
  • GURLUŞYK IŞILERINE GATNAŞMAK
  • NÄHILI RUHY MAKSATLARY GOÝDUŇYZ?
  • Doly wagt gulluk edýän dogan-uýalary goldalyň
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2014
  • Sen umumy pioner bolup gulluk etmäge taýynmy?
    Hudaýa gullugymyz — 2013
  • Ýygnagyň aladasyny edýän doganlar
    Ýehowanyň islegini ýerine ýetirýän gurama
  • Ýaşlar, siz ömrüňizi nämä bagyş edersiňiz?
    Ýaşlar, siz ömrüňizi nämä bagyş edersiňiz?
Başgalary
Ýehowanyň islegini ýerine ýetirýän gurama
od bap 10 sah. 105—115

10-NJY BAP

Hudaýa köpräk gulluk etmegiň usullary

ISA şägirtlerini Patyşalyk baradaky hoş habary wagyz etmäge iberip: «Hasyl bol, ýöne işçi az» diýdi. Dogrudanam, edilmeli iş köpdi, şonuň üçin Isa: «Hasyly ýygnamaga işçi iberer ýaly, hasyl Eýesine ýalbaryň» diýdi (Mat. 9:37, 38). Ol şägirtlerine nädip wagyz etmelidigini hem öwretdi. Şeýle-de soňa goýman wagyz etmelidigi hakda Isa: «Ynsan ogly Ysraýylyň ähli şäherlerini aýlanyp çykmankaňyz geler» diýdi (Mat. 10:23).

2 Şu günlerem edilmeli iş köp. Dünýäniň soňy ýetip gelýär, şonuň üçin Patyşalyk baradaky hoş habary ähli milletlere wagyz etmeli (Mar. 13:10). Isa-da, şägirtleri-de hoş habary wagyz edende köp kynçylyklara duş geldiler. Biz bolsa olara garanda has köp kynçylyklara duş gelýäris. Bütin dünýädäki milliardlarça adamlar bilen deňeşdireniňde, Hudaýyň halky örän az. Ýöne Ýehowa wagyz işinde bizi goldaýar. Patyşalyk baradaky hoş habar bütin ýer ýüzüne wagyz ediler we Ýehowanyň bellän wagtynda dünýäniň soňy geler. Sizem Ýehowa birkemsiz gulluk etmek üçin Patyşalygy birinji orunda goýýarsyňyzmy? Munuň üçin nähili ruhy maksatlary goýmaly?

3 Isanyň aýdyşy ýaly, özüni Hudaýa bagyş eden adam «Ýehowa Hudaýyny bütin ýüregi, bütin jany, bütin aň-düşünjesi we bütin güýji bilen söýmeli» (Mar. 12:30). Diýmek, biz Ýehowa gulluk etmek üçin janymyzy gaýgyrmaly däl. Oňa wepaly bolmaly we ýürekden gulluk etmek üçin elimizde baryny etmeli (2 Tim. 2:15). Her birimiz ýagdaýymyza we ukybymyza görä wagyz edip bilýäris. Geliň, her birimizde nähili mümkinçiligiň bardygyna we nähili ruhy maksatlary goýup biljekdigimize seredeliň.

WAGYZÇY BOLMAK

4 Hakykaty kabul eden adamlaryň ählisi hoş habary wagyz edip bilýär. Isanyň özi şägirtlerine wagyz etmegi tabşyrypdy (Mat. 24:14; 28:19, 20). Isanyň şägirdi bolýan adam köplenç hoş habary eşiden badyna başgalara gürrüň berip başlaýar. Andreas, Filipus, Korneliý ýaly şägirtlerem şeýle edipdiler (Ýah. 1:40, 41, 43—45; Res. 10:1, 2, 24; 16:14, 15, 25—34). Adam suwa çümdürilmese-de hoş habary gürrüň berip bilermi? Elbetde! Ýöne gyzyklanan adam suwa çümdürilmedik wagyzçy bolansoň, öýden-öýe wagyz etmäge gidip bilýär. Şeýle-de ol ukybyna we ýagdaýyna görä, wagzyň başga görnüşlerine gatnaşyp bilýär.

5 Wagyzçy suwa çümdürilensoň, hoş habary wagyz etmek üçin has-da köp tagalla edýär. Erkek adamlaram, aýal maşgalalaram wagyz edip bilýär. Eger biz ýagdaýymyza görä elimizde baryny edip gulluk etsek, Ýehowa hökman bereket berer. Hudaýa köpräk gulluk etmek üçin wagzyň dürli görnüşlerine gatnaşsak, şatlygymyza şatlyk goşular.

KÖMEK GEREK ÝERDE GULLUK ETMEK

6 Belki-de, siziň ýaşaýan ýeriňizde köp adamlar hoş habary eşidendir. Onda siz kömek gerek ýere göçüp, Hudaýa has köpräk gulluk edip bilersiňiz (Res. 16:9). Ýaşuly ýa-da hyzmatçy bolsaňyz, kömek gerek ýygnagy goldap bilersiňiz. Etrap gözegçisi haýsy ýygnaga kömek edip biljekdigiňizi aýdyp biler. Eger daşary ýurtda gulluk etmek isleýän bolsaňyz, filial gerekli maglumatlary berer.

7 Daşary ýurtda gulluk etmek isleýän bolsaňyz, howlukmaç karara gelmäň. Ýygnak ýaşululary bilen maslahatlaşyň, sebäbi daşary ýurda göçseňiz siziňem, ýanyňyz bilen gidýän adamlaryňam ýagdaýy üýtgeýär (Luka 14:28). Emma daşary ýurtda köp wagt galmajak bolsaňyz, öz ýurduňyzyň kömek gerek ýerine göçseňiz gowy bolar.

8 Käbir ýerlerde başga ýerden gelen ýaşulular Ýehowa köp ýyldan bäri gulluk edýändir, tejribesi köpdür. Şol sebäpli ýerli ýaşulular pesgöwünli bolup, başga ýerden gelen tejribeli ýaşulular bilen höwes bilen işleşýärler. Başga ýerde gulluk etmek isleýän ýaşulular hem bir zady unutmaly däl: siz ýerli ýaşulularyň ýerine geçmek üçin däl-de, olar bilen bile gulluk etmek üçin göçýärsiňiz. Şonuň üçin baran ýeriňizdäki doganlary ýygnakda hyzmatçy, ýaşuly bolup gulluk etmäge höweslendiriň (1 Tim. 3:1). Käbir zatlar öňki ýygnagyňyzdaky ýaly edilmeýän bolsa, sabyrly boluň. Şu wagta çenli öwrenen zatlaryňyzy olara-da öwrediň. Şonda saý sebäp bilen ýurduňyza dolanmaly bolsaňyz, ýerli ýaşulular ýygnagyň aladasyny edip biler.

9 Ýygnagyň gulluk komiteti häsiýetnamaňyzy filiala iberensoň, filial haýsy ýurtlara kömegiň gerekdigini aýdar. Ýygnakda ýaşuly, hyzmatçy, pioner ýa-da wagyzçy bolup gulluk etseňizem, şol hat filiala hökman iberilmeli. Ýygnagyň gulluk komiteti haýsy ýurtda gulluk etmek isleýän bolsaňyz, şol ýurduň filialyna häsiýetnamaňyzy we haýyşnamaňyzy iberer.

BAŞGA DILDE WAGYZ ETMEK

10 Siz köpräk gulluk etmek üçin daşary ýurt dilini, lallaryň dilini öwrenmek isleýänsiňiz. Şol hakda ýygnagyňyzyň ýaşulularyna we etrap gözegçisine aýdyň. Olar size gerekli maslahatlary berip, maksadyňyza ýetmäge höweslendirer. Käbir etraplarda filial ukyply wagyzçylar we pionerler üçin başga dili öwredýän kurslary gurnaýar.

PIONER GULLUGY

11 Wagyzçylaryň ählisi kömekçi pioner, pioner, ýörite pioner bolmak hem-de uzak wagtly gullugyň başga görnüşlerine gatnaşmak üçin talaplara laýyk gelmelidigine düşünmeli. Pionerler suwa çümdürilen, göreldeli mesihçi bolmaly we belli bir sagady tabşyryp bilmeli. Ýygnagyň gulluk komiteti kömekçi pioner we pioner bolmak isleýänleriň arzasyna seredip, olara razylyk berýär. Ýörite pionerler bolsa filial tarapyndan bellenilýär.

12 Kömekçi pionerler azyndan bir aý, birnäçe aý yzygiderli ýa-da belli bir möhletsiz gulluk edip bilýär. Wagyzçylaryň köpüsi Ýatlama agşamy ýa-da etrap gözegçisiniň ýygnagy ideýän döwri kömekçi pioner bolup gulluk edýärler. Käbirleri bolsa zähmet rugsadyna çykanda, mekdepde okaýan suwa çümdürilen wagyzçylar bolsa rugsada çykanda kömekçi pioner bolýar. Wagyzçylar her ýyl mart, aprel aýlary we etrap gözegçisiniň ýygnagy ideýän döwri kömekçi pioner bolup bilýärler. Olar şol aýlarda talap edilýän sagatdan azrak tabşyryp bilýär. Siz ahlak taýdan arassa, gowy edim-gylymly bolsaňyz, her aý talap edilýän sagatlary tabşyryp, bir ýa birnäçe aý kömekçi pioner bolup bilerin öýtseňiz, ýaşulular arzaňyza höwes bilen sereder.

13 Pioner bolmak üçin bir ýylyň dowamynda talap edilýän sagady tabşyryp bilmeli. Pionerler ýygnak bilen işleşip, gowy kömek edip bilýärler. Olaryň göreldesi dogan-uýalary yhlasly wagyz etmäge we pioner bolmaga höweslendirýär. Emma pioner bolmak üçin wagyzçynyň suwa çümdürilenine azyndan alty aý geçmeli we göreldeli bolmaly.

14 Ýörite pionerler, adatça, ökdelik bilen wagyz edýän pionerlerden bellenýär. Olar filialyň bellän ýerinde gulluk etmeli. Ýörite pionerler köplenç hakykat bilen gyzyklanýan adamlary tapyp, täze ýygnaklary döretmek üçin çet ýerlerde wagyz etmäge iberilýär. Käwagt olar meýdançalary doly işlenmedik ýygnaklara kömek etmek üçin bellenýär. Käte ýaşuly bolup gulluk edýän ýörite pionerler wagyzçylary ýeterlik bolsa-da, kiçiräk ýygnaklary goldamak üçin iberilýär. Ýörite pionerlere çykdajylaryny ödär ýaly az-owlak pul berilýär. Olaryň käbiri wagtlaýyn bellenilýär.

MISSIONER GULLUGY

15 Ýolbaşçylyk maslahatynyň Gulluk komiteti käbir dogan-uýalary missioner edip belleýär. Soňra filial olary köp ilatly ýerlerde gulluk etmäge iberýär. Missionerler baran ýerinde ýygnagy berkidýärler we hoş habary yhlasly wagyz edýärler. Köplenç Hoş habarçylar mekdebinde okanlar missioner bellenilýär. Missionerler jaý bilen üpjün edilýär we çykdajylaryny ödär ýaly biraz pul berilýär.

ETRAP GÖZEGÇILERINIŇ GULLUGY

16 Etrap gözegçilerini Ýolbaşçylyk maslahaty belleýär. Şol doganlar ilki tälim alyp, etrap gözegçisiniň kömekçisi bolup gulluk edýär. Olar wagyz etmegi we ýygnakdaky dogan-uýalary gowy görýärler. Olar yhlasly pionerler, Mukaddes Kitaby çuňňur öwrenýärler we ökdelik bilen öwredip, tälim berýärler. Olar Hudaýa ýaraýan häsiýetleri bilen gowy görelde görkezýärler, sagdyn düşünjeli we paýhasly bolýarlar. Eger etrap gözegçisi öýlenen bolsa, aýaly yhlasly pioner bolmaly, gowy häsiýetleri bilen dogan-uýalara görelde görkezmeli. Uýa ärine tabyn bolmaly, ýanýoldaşyna derek geplemeli däl ýa-da gürrüňdeşlikde diňe özi gürläp oturmaly däl. Etrap gözegçisi bilen aýaly uzakly gün gullukda bolýar. Şonuň üçin etrap gözegçisi bolmak isleýänleriň saglygy gowy bolmaly. Pionerler etrap gözegçisi bolmak üçin arza dolduryp bilmeýär. Olar etrap gözegçisi bolmak isleýändigini öz etrap gözegçisine aýdyp biler. Etrap gözegçisi gerekli maslahatlary berer.

GURAMADAKY MEKDEPLER

17 Hoş habarçylar mekdebi. Wagyzçylaryň az ýerinde hoş habary wagyz etmek we ýygnaklary ruhy taýdan berkitmek üçin wagyzçylar gerek bolýar. Şol sebäpli sallah doganlar, durmuşa çykmadyk uýalar we är-aýallar Hoş habarçylar mekdebinde okamak üçin arza dolduryp bilerler. Mekdebi gutaransoň, olary öz ýurdunda kömek gerek ýerde gulluk etmäge iberýärler. Ýöne mümkinçiligi bolan dogan-uýalaryň käbirini öz ýurdunda ýa-da daşary ýurtda başga borçlary ýerine ýetirmäge belleýärler. Olaryň käbirini bolsa wagtlaýyn ýa-da hemişelik ýörite pioner edip bellemekleri mümkin. Hoş habarçylar mekdebinde okamak isleýänler welaýat kongresinde geçirilýän ýörite duşuşykda näme etmelidigi barada köp zatlary öwrenip biler.

18 Gilead mekdebi. Ýörite uzak wagtly gulluk edýän we iňlisçe gepläp bilýän sallah doganlar, çykmadyk uýalar, är-aýallar Gilead mekdebinde okap bilýärler. Olar ýygnagy ýa-da filialy ruhy taýdan berkidip biljek dogan-uýalar bolmaly. Şeýle-de dogan-uýalara jany-teni bilen hyzmat etmeli, Hudaýyň Sözündäki maslahatlara we guramanyň görkezmelerine höwes bilen eýermäge kömek etmeli. Ýurduň Filial komiteti talaplara laýyk gelýän dogan-uýalara Gilead mekdebinde okamak üçin arzany doldurmagy teklip edip biler. Mekdebi tamamlan dogan-uýalar daşary ýurtdaky ýa öz ýurdunyň filialynda ýa-da kömek gerek ýygnaklara gulluk etmek üçin bellenilýär.

BEÝTEL GULLUGY

19 Beýtelde gulluk etmek uly hormat. «Beýtel» arassa seždäniň merkezi hasaplanylýar. Şonuň üçin oňa «Hudaýyň öýi» diýilýär. Beýtelde gulluk edýän dogan-uýalar Mukaddes Kitaba esaslanan edebiýatlary terjime edýärler, köpçülik üçin edebiýatlary çap edýärler. Ýolbaşçylyk maslahaty Beýtelde edilýän işler arkaly ýygnaklara görkezme berip, gözegçilik edýär. Şonuň üçin olar beýtelçileriň arman-ýadaman çekýän zähmetiniň gadyryny bilýär. Terjimeçileriň köpüsi ene dilinde gepleýän adamlaryň arasynda ýaşaýarlar. Her gün olaryň ulanýan sözlerini eşidip durýarlar. Şeýle-de terjime edýän edebiýatlaryna adamlaryň nähili düşünýändigini görüp bilýärler.

20 Beýtelde edilýän işleriň köpüsine gujur-gaýratly doganlar gerek. Şol sebäpli Beýtele suwa çümdürilen, sagdyn ýaş doganlar çagyrylýar. Beýtelde gulluk etmek isleýän bolsaňyz nähili talaplaryň bardygyny ýygnak ýaşulularyndan sorap bilersiňiz.

GURLUŞYK IŞILERINE GATNAŞMAK

21 Süleýman patyşanyň ybadathanasynyň gurluşyk işleri ýaly, guramanyň gurluşyk işleri hem mukaddes gulluk hasaplanýar (1 Pat. 8:13—18). Şonuň üçin dogan-uýalaryň köpüsi zadyny, wagtyny gaýgyrman, guramanyň gurluşyk işlerine höwes bilen gatnaşýarlar.

22 Sizem gurluşyk işlerine kömek edip bilersiňizmi? Eger siz suwa çümdürilen bolsaňyz, şeýle işlere gatnaşmak isleseňiz, gurluşyk işlerine gözegçilik edýän doganlar begenerler. Gurluşykdan kän bir başyňyz çykmaýan bolsa-da, olar size höwes bilen tälim bererler. Siz gurluşyk işlerine kömek etmek isleýändigiňizi ýygnak ýaşulularyna aýdyp bilersiňiz. Talaba laýyk gelýän suwa çümdürilen wagyzçylaryň käbiri başga ýurtlardaky gurluşyk işlerine-de meýletin gatnaşýarlar.

23 Gurluşyk işlerine gatnaşmagyň köp usullary bar. Belli bir ukyby bolan we öýüne golaý ýerdäki gurluşyk işine gatnaşyp biljek suwa çümdürilen göreldeli wagyzçylar filialyň Taslama we gurluşyk bölüminiň meýletinçisi bolup gulluk edip bilýär. Käbir dogan-uýalaryň bolsa biraz wagtlyk öýünden uzakdaky gurluşyk işlerine gatnaşmaga mümkinçiligi bolýar. Filial olary iki hepdeden üç aýa çenli wagtlaýyn gurluşykçylar hökmünde belleýär. Has köp wagtlaýyn bellenýän dogan-uýalara bolsa uzak wagtly gurluşykçylar diýilýär. Daşary ýurtdaky gurluşyga gatnaşýan gurluşykça daşary ýurtly uzak wagtly gurluşykçylar diýilýär. Uzak wagtly hem-de wagtlaýyn gurluşykçylardan ybarat bolan gurluşyk topary her gurluşyk taslamasyna gözegçilik edýär. Olara filialyň Taslama we gurluşyk bölüminiň meýletinçileri we ýygnakdaky başga-da dogan-uýalar meýletin kömek edýärler. Gurluşyk toparlary filialyň territoriýasynda alnyp barylýan gurluşygyň birini tamamlap, beýlekisine başlaýarlar.

NÄHILI RUHY MAKSATLARY GOÝDUŇYZ?

24 Siz ömrüňizi Ýehowa bagyş edip, oňa ebedilik gulluk etmek isleýänsiňiz. Ýöne häzir nähili maksatlaryňyz bar? Ruhy maksatlary goýsak, güýjümizi, bar zadymyzy dogry ulanarys (1 Kor. 9:26). Ruhy taýdan öseris, wajyp zatlary birinji orunda goýup, gullugyň başga görnüşlerine-de gatnaşarys (Flp. 1:10; 1 Tim. 4:15, 16).

25 Pawlus resul Ýehowa jany-teni bilen gulluk edip, bize gowy görelde galdyrdy (1 Kor. 11:1). Pawlus Ýehowanyň gulluk etmek üçin köp mümkinçilikleri berendigine düşünýärdi. Ol Korinfdäki doganlara: «Hudaý maňa Efesde gulluk etmek üçin gapyny giňden açdy» diýip ýazdy. Bizem Ýehowa dürli ýollar bilen gulluk edip bilýändigimize begenýäris. Şu günler biz Patyşalyk baradaky hoş habary wagyz edip, dogan-uýalar bilen işleşýäris. Elbetde, gullugyň dürli görnüşlerine gatnaşmak hemişe aňsat bolmaýar, sebäbi Pawlusyň aýdyşy ýaly, biziň «duşmanlarymyz» köp (1 Kor. 16:9). Pawlusa-da aňsat däldi, ýöne ol maksadyna ýetmek üçin öz üstünde işleýärdi. Ol: «Bedenimi jylawlap, gul kimin tabyn edýärin» diýdi (1 Kor. 9:24—27). Bizem şeýle etmäge taýynmy?

Ruhy maksatlary goýsak, güýjümizi, bar zadymyzy dogry ulanarys

26 Her birimiz guramada köp işleri etmäge jan etmeli. Dogan-uýalaryň köpüsi ýaşlygyndan ruhy maksatlary goýandygy üçin häzir uzak wagtly gulluk edýärler. Olary ene-atasy, dogan-uýalar çagalykdan şeýle maksatlary goýmaga höweslendirdiler. Häzir olar Ýehowa gulluk edip, bol bereket alýarlar we gelen kararyna hijem ökünmeýärler (Nak. 10:22). Biz uzak wagtly gulluk edip bilmesek-de, her hepde wagyz etmegi, Mukaddes Kitap okuwyna başlamagy we ýygnaklara gowy taýýarlanmagy maksat goýup bileris. Ýöne iň esasy zat, Hudaýa wepaly bolup, gullugymyzy birkemsiz ýerine ýetirmeli. Şeýtsek, Ýehowany şöhratlandyrarys we oňa ebedi gulluk ederis (Luka 13:24; 1 Tim. 4:7b, 8).

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş