5-NJI BAP
Ýygnagyň aladasyny edýän doganlar
ISA ýer ýüzünde gulluk edende «gowy çopandygyny» subut etdi (Ýah. 10:11). Ol «çopansyz goýunlar ýaly alaçsyz, hor-homsy ýaşaýan» märekäni görüp, ýüregi awady (Mat. 9:36). Petrus bilen beýleki resullar hem Isanyň adamlary söýüp, aladasyny edýändigini görýärdiler. Isa Ysraýyldaky ýalan çopanlara meňzemeýärdi. Ýalan çopanlar süriniň aladasyny etmeýärdi, adamlara Hudaýy tanamaga kömek etmeýärdi (Hyz. 34:7, 8). Isa bolsa adamlara Hudaý barada öwredip, olaryň aladasyny edip görelde görkezdi, hatda olar üçin janyny gurban bermäge-de taýyndy. Resullar hem Isadan görelde alyp, adamlara «janlaryny goraýan çopana we gözegçä», ýagny Ýehowa dolanmaga kömek etdiler (1 Pet. 2:25).
2 Bir gezek Isa Petrusa Hudaýyň halkynyň aladasyny etmegi tabşyrdy (Ýah. 21:15—17). Isanyň aýdan sözleri Petrusa güýçli täsir eden bolmaly, sebäbi birnäçe wagtdan soň Petrus I asyrdaky ýygnak ýaşulularyna şeýle sözleri ýazdy: «Size ynanylan Hudaýyň sürüsini bakyň. Hudaýyň öňünde mejburlyk bilen däl-de, meýletinlik bilen gözegçilik ediň; öz bähbidiňizi gözlemäň-de, höwes bilen gulluk ediň. Hudaýyň mülküniň üstünden agalyk etmän, gaýtam sürä görelde boluň» (1 Pet. 5:1—3). Petrusyň sözleri häzirki ýygnak ýaşulularyna hem degişli. Ýaşuly doganlar Isadan görelde alýarlar. Olar Ýehowa höwes bilen gulluk edip, sürä görelde görkezýärler (Ýew. 13:7).
Ýaşulular Isadan görelde alyp, Ýehowa yhlasly gulluk edýärler we onuň halkyna görelde bolýarlar
3 Biz mukaddes ruh arkaly bellenen ýaşulularyň gadyryny bilmeli. Olar biziň üçin köp işleri edýärler. Mysal üçin, her bir dogan-uýanyň aladasyny edip ruhlandyrýarlar. Her hepde ýygnaklary höwes bilen geçirip, ruhy taýdan berkidýärler (Rim. 12:8). Sürini ýaman adamlardan, erbet zatlardan goramak üçin güýjüni gaýgyrmaýarlar (Işa. 32:2; Tit. 1:9—11). Olar wagyz işine gözegçilik edip, özlerem yhlasly gatnaşyp, her aý yzygiderli wagyz etmäge höweslendirýärler (Ýew. 13:15—17). Dogrudanam, Ýehowa «bereket hökmünde» beren adamlary arkaly ýygnaklary ruhy taýdan berkidýär (Efes. 4:8, 11, 12).
GÖZEGÇI DOGANLAR ÜÇIN TALAPLAR
4 Gözegçi doganlar ýygnagyň aladasyny etmek üçin Mukaddes Kitapdaky talaplara laýyk gelmeli. Diňe şonda olara mukaddes ruh arkaly bellenen gözegçi diýse bolar (Res. 20:28). Gözegçi doganlar Mukaddes Kitabyň kada-kanunlary boýunça ýaşamaly, sebäbi ýygnakda gözegçi bolmak — uly jogapkärçilik. Ýehowany ýürekden söýýän we höwes bilen hyzmat edýän adam üçin talaplar agyr bolmaýar. Gözegçi doganyň Mukaddes Kitabyň prinsipleri boýunça ýaşaýandygy hemmelere görünmeli.
Ýaşuly bellenýän doganlar Mukaddes Kitapdaky talaplara laýyk gelmeli, şonda ýygnagyň aladasyny gowy edip bilerler
5 Pawlus resul Timoteosa we Titusa ýazan hatlarynda gözegçi doganlar üçin Mukaddes Kitaba esaslanan talaplary sanap geçdi. Ol 1 Timoteos 3:1—7-nji aýatlarda şeýle sözleri ýazdy: «Kim gözegçi bolmak isleýän bolsa, gowy zady arzuw edýär. Gözegçi ýazyksyz bolmaly, bir aýally bolmaly, ähli zatda çägini bilýän, sagdyn düşünjeli, tertip-düzgünli, myhmansöýer, öwretmäge ukyply bolmaly. Ol arakhor we zalym bolmaly däl, gaýtam paýhasly, dawalaşmaýan, pula gyzmaýan, maşgalasy hakda gowy alada edýän, çagalary hem gulak asýan we edepli bolmaly. Eger ol maşgalasy hakda gowy alada edip bilmeýän bolsa, Hudaýyň ýygnagy hakda nädip alada etsin? Ýaňy-ýakynda mesihçi bolan adam gözegçi bellenmesin, ýogsam ulumsylyk edip, Iblise çykarylan höküme sezewar bolar. Mundan başga-da, adamlaryň arasynda gowy abraýy bolmaly, şonda hiç kim oňa dil ýetirip bilmez we Iblisiň duzagyna düşmez».
6 Titusa ýazan hatynda bolsa Pawlus şeýle diýdi: «Men seni kemçilikleri düzetmek üçin Kritde goýup gaýtdym. Tabşyryşym ýaly, her şäherde ýaşululary belle. Ýygnak ýaşulusynyň hiç hili ýazygy bolmaly däl, ol bir aýally bolmaly. Çagalary iman edýän bolmaly, ol azgynlykda aýyplanýan ýa-da gulak asmaýan bolmaly däl. Gözegçi Hudaýyň guly, şonuň üçin adamlar ondan hiç hili ýazyk tapyp bilmeli däl. Ol özdiýenli, ganygyzma, arakhor, zalym bolmasyn we açgözlük bilen haram gazanç edýän adam bolmasyn. Ýöne ol myhmansöýer, ýagşylygy söýýän, sagdyn düşünjeli, dogruçyl, wepaly, özüne erk edýän bolmaly. Hudaýyň ynamdar sözüni gyşarnyksyz öwretmeli. Şonda ol sagdyn taglymata esaslanyp maslahat berer, garşy çykýanlara bolsa käýäp biler» (Tit. 1:5—9).
7 Mukaddes Kitapda gözegçi doganlar üçin ýazylan talaplar, ilkibada, agyr ýaly görünse-de, olar gözegçi bolmakdan çekinmeli däl. Doganlar gözegçilerden talap edilýän häsiýetleri görkezseler, dogan-uýalar hem olardan görelde almak islär. Pawlus resul «bereket hökmünde berlen» adamlaryň, ýagny gözegçileriň «mukaddesleri düzetmek, başgalara hyzmat etmek we Mesihiň bedenini berkitmek üçin» bellenendiklerini aýtdy. Şeýle-de ol: «Biziň imanymyz bir bolup, Hudaýyň Ogly hakda dogry bilim alýançak, olar tabşyrylan işi ýerine ýetirerler. Şonda biz ähli zatda Mesihe meňzäp, uly adam bolarys» diýdi (Efes. 4:8, 12, 13).
8 Örän ýaş ýa-da ýaňy-ýakynda suwa çümdürilen dogan gözegçi bellenmeýär. Ol tejribeli mesihçi bolmaly, Mukaddes Kitabyň prinsiplerine gowy düşünmeli we dogan-uýalary ýürekden söýmeli. Ol ýygnagy öz peýdasyna ulanjak bolýan adamlardan goramaly. Ol nädogry iş edýänlere düzediş bermek üçin batyrgaý bolmaly (Işa. 32:2). Gözegçi dogan ruhy taýdan ösen mesihçi hökmünde tanalmaly we ýürekden Hudaýyň halkynyň aladasyny etmeli.
9 Gözegçi bolmak isleýän doganyň durmuşyndan akylly-paýhasly adamdygy görünmeli. Eger ol öýlenen bolsa, Mukaddes Kitabyň maşgala babatdaky tabşyrygyna eýerip, bir aýally hem-de maşgalasy hakda gowy alada edýän bolmaly. Şeýle-de çagalary iman edýän bolmaly, azgynlykda aýyplanýan ýa-da gulak asmaýan bolmaly däl. Şonda dogan-uýalar gözegçi dogandan maşgala durmuşy we çaga terbiýesi hakda arkaýyn maslahat sorap biler. Başga adamlar hem gözegçiden ýazyk tapyp bilmeli däl, ol abraýly bolmaly. Gözegçiniň özüni alyp barşy ýygnagyň abraýyna ysnat getirmeli däl. Galyberse-de, gözegçi bolmak isleýän ýaňy-ýakynda agyr günä edip, düzediş komiteti tarapyndan käýinç berlen adam bolmaly däl. Şonda dogan-uýalar onuň göreldesine eýermäge jan ederler we ýygnak hakda alada edýändigi üçin minnetdar bolarlar (1 Kor. 11:1; 16:15, 16).
10 Ysraýyldaky «paýhasly, düşünjeli we başarjaň» ýolbaşçylar ýaly, ukyply gözegçilerem ýygnagyň aladasyny edýärler (5 Mus. 1:13). Elbetde, olar kämil däl, emma ýygnakda we adamlaryň arasynda dogruçyl, Hudaýdan gorkýan hem-de Mukaddes Kitabyň prinsipleri boýunça ýaşaýan adam hökmünde tanalýar. Olar Hudaýy razy edip ýaşasa, dogan-uýalaryň öňünde dili gysga bolmaýar, olara arkaýyn maslahat berip biler (Rim. 3:23).
11 Gözegçi bellenýän dogan ähli zatda çägini bilmeli. Ol özündenem, adamlardanam köp zady talap etmeýär. Ol diňe dinim diýip başga zatlary ünsden düşürmeýär, dynç almaga-da we şatlanmaga-da wagt tapýar. Ýöne dynç alanda, gowy görýän zadyna güýmenende, iýende, içende özüne erk etmegi başarýar. Ol spirtli içgileri çendenaşa köp içmeýär. Şol sebäpli hiç kim ony serhoşlykda ýa-da arakhorlykda aýyplap bilmeýär. Serhoş bolýan adam özüne erk edip bilmeýär. Ol ýygnagyň ruhy taýdan aladasyny edip bilmez.
12 Ýygnaga gözegçilik edýän dogan tertip-düzgünli bolmaly, ýagny ol hemme zady öz wagtynda etmeli. Gözegçiniň üsti-başyndan, öýüne seredişinden we her günki edýän işlerinden tertip-düzgüni gowy görýändigi görünmeli. Tertip-düzgünli adam bir işi soňa goýmaýar, haýsy işi haçan etmelidigini öňünden çözýär. Ol Hudaýyň prinsipleri boýunça ýaşaýar.
13 Ýaşuly bolmak isleýän dogan paýhasly bolmaly. Ol ýygnakdaky beýleki ýaşulular bilen agzybir işleşmeli. Ol her bir zatda özüni has ukyply saýyp, başgalaryň üstünden agalyk etmeli däl. Paýhasly ýaşuly hemişe öz pikirini dogry hasaplamaz, sebäbi käbir zatlarda beýleki doganlar ondan has ökde bolup biler. Şeýle-de ol Mukaddes Kitaba esaslanyp karara gelse we Isa Mesihiň göreldesine eýermäge jan etse, paýhaslydygyny görkezer (Flp. 2:2—8). Mundan başga-da, ol dogan dawalaşýan ýa-da zalym adam bolmaly däl, gaýtam dogan-uýalary özünden ýokary saýyp, hormat goýmaly. Ol hemişe özüniňkini gögertjek bolup, özdiýenli bolmaly däl. Şeýle-de ol ganygyzma bolman, adamlar bilen oňşukly ýaşamaga jan etmeli.
14 Ýygnak ýaşulusy sagdyn düşünjeli bolmaly. Ol paýhasly bolup, howlukmaç karara gelmeýär. Sagdyn düşünjeli ýaşuly Ýehowanyň prinsiplerine gowy düşünýär, olara gyşarnyksyz eýerýär. Ol berlen maslahatlary we görkezmeleri höwes bilen kabul edýär, özüni ikiýüzli alyp barmaýar.
15 Pawlus resul Titusa ýazan hatynda gözegçi doganyň ýagşylygy söýýän adam bolmalydygyny ýatlatdy. Şeýle ýaşuly dogruçyl hem wepaly bolýar. Şu häsiýetler onuň adamlar bilen özüni alyp barşyndan we Hudaýyň halaýan hem ýigrenýän zatlaryna garaýşyndan görünýär. Ol ähli zatda Ýehowa wepaly bolýar, onuň prinsiplerine gyşarnyksyz eýerýär. Şeýle-de ol syr saklap bilýär. Ol myhmansöýer, adamlara kömek etmek üçin wagtyny, güýjüni we zadyny gaýgyrmaýar (Res. 20:33—35).
16 Gözegçi dogan Hudaýa edýän gullugyny gowy ýerine ýetirmek üçin öwretmäge ukyply bolmaly. Pawlus resulyň Titusa ýazan sözlerinden görnüşi ýaly, ýaşuly dogan «Hudaýyň ynamdar sözüni gyşarnyksyz öwretmeli. Şonda ol sagdyn taglymata esaslanyp maslahat berer, garşy çykýanlara bolsa käýäp biler» (Tit. 1:9). Ol dogan-uýalaryň imanyny berkidip, hakykata bolan ynamyny artdyrmak üçin, Mukaddes Kitapdaky prinsipler esasynda pikir alyşmagy, degerli subutnamalary hem-de delilleri getirip, nädogry garaýşyny düzetmegi başarmaly. Gözegçi dogan amatly wagtda-da, kyn döwürde-de öwretmäge taýýar bolmaly (2 Tim. 4:2). Ol nädogry ýola düşen ýa-da hakykata şübhelenýän adamy sabyrlylyk we ýumşaklyk bilen düzedip, ýagşy işleri etmäge höweslendirmeli. Ýaşuly ýygnakda çykyş edende ýa-da dogan-uýalar bilen gürrüňdeş bolanda öwretmegi başarmaly.
17 Ýaşulular Isadan görelde alyp yhlasly wagyz etmeli. Şeýdip, olar hoş habary wagyz etmegi birinji orunda goýýandygyny görkezýärler. Isa şägirtleriniň her biri bilen ýürekden gyzyklanyp, ökde wagyzçy bolmaga kömek edýärdi (Mar. 1:38; Luka 8:1). Ýaşulularam ýygnakda etmeli işleri köp bolsa-da, wagyz etmäge wagt tapsalar, ýygnakdaky dogan-uýalaram wagza yhlasly gatnaşarlar. Ýaşulular aýaly, çagalary bilenem, dogan-uýalar bilenem wagza çykyp, birek-biregi ruhlandyrýarlar (Rim. 1:11, 12).
18 Gözegçilerden köp zat talap edilýän ýaly bolup görünmegi mümkin. Elbetde, hiç bir ýaşuly Mukaddes Kitabyň talaplaryna doly laýyk gelip bilmez. Emma gözegçi boljak doganda ýokarda agzalan häsiýetleriň biri asla ýok bolsa we şeýle kemçiligi göze ilip duran bolsa, onda ol gözegçi bolup bilmez. Käbir ýaşulular belli bir häsiýetleri has gowy görkezip bilýär, käbiri bolsa beýleki häsiýetleri. Netijede, ýaşulular maslahatynda ähli gerekli häsiýetler bar, şonuň üçin olar Hudaýyň halky hakda gowy alada edip bilýärler.
19 Ýaşulular maslahaty bir dogany gözegçi bolmaga teklip etjek bolsalar, Pawlus resulyň: «Şuny ündeýärin: özüňize ýokary baha bermäň. Gaýtam sagdyn düşünjeli bolup, Hudaýyň berýän imanyna görä özüňize baha beriň» diýen maslahatyna eýermeli (Rim. 12:3). Ýaşulular özlerini başgalardan ýokary saýmaly däl. Olar haýsydyr bir doganyň talaba laýyk gelýändigini ara alyp maslahatlaşanda «öte dogruçyl» bolmaly däl (Nes. 7:16). Ýaşulular maslahaty Mukaddes Kitaba görä gözegçilerden edilýän talaplar barada oýlanyp, doganyň şol talaplara ýeterlik derejede laýyk gelýändigine göz ýetirjek bolmaly. Olar adamyň bikämildigini göz öňünde tutup, öňden galan ters pikirleriň we ikiýüzlüligiň täsir etmegine ýol bermeli däl. Ýöne olar bir dogany ýaşuly bolmaga teklip edenlerinde, Ýehowanyň kadalaryna hormat goýmaly we ýygnagyň aladasyny etmeli. Olar Ýehowa doga edip, ondan kömek soramaly we Hudaýyň mukaddes ruhunyň görkezmesine eýermeli. Diýmek, ýaşulular maslahatynyň uly jogapkärçiligi bar. Şol sebäpli olar Pawlus resulyň: «Ýygnakda birini jogapkärli borja bellemekçi bolanyňda, howlukma» diýen maslahatyna eýermeli (1 Tim. 5:21, 22).
MUKADDES RUHUŇ MIWESI
20 Ruhy taýdan ýetişen doganlar mukaddes ruhuň görkezmesine eýerip, onuň miwesini görkezmäge jan edýärler. Pawlus resul ruhuň miwesiniň «söýgi, şatlyk, parahatlyk, sabyrlylyk, mähribanlyk, gowulyk, iman, ýumşaklyk, özüňe erk etmeklik» ýaly dokuz häsiýetden ybaratdygyny aýtdy (Gal. 5:22, 23). Gözegçi doganlarda şu häsiýetler bolsa ýygnakdaky dogan-uýalar özlerini arkaýyn duýarlar we Hudaýa agzybirlikde gulluk ederler. Doganlaryň şol häsiýetleri görkezmegi we çekýän zähmetiniň bol bereket getirmegi olaryň mukaddes ruh tarapyndan bellenendigini subut edýär (Res. 20:28).
AGZYBIRLIGE GOŞANT GOŞÝARLAR
21 Ýygnakda agzybirlik bolar ýaly ýaşulularyň agzybir bolmagy örän wajyp. Olaryň häsiýetleri biri-biriniňkiden tapawutlanýar. Ýöne olar käbir meselelerde ylalaşmasalar-da, birek-biregiň pikirini diňläp, hormat goýsalar, agzybir bolarlar. Eger karara gelnende Mukaddes Kitabyň prinsipleri bozulmaýan bolsa, olar bir-birine eglişik edip, ýaşulular maslahatynyň gelen kararyny goldamaly. Ýaşulularyň eglişikli bolmagy «gökden inýän akyldarlyga» eýerýändigini görkezýär. Şol akyldarlyk olara paýhasly bolup parahatlygy saklamaga kömek edýär (Ýak. 3:17, 18). Ýaşulularyň hiç biri özüni beýlekilerden ýokary tutup, öz aýdanyny etjek bolmaly däl. Ýygnagyň aladasyny edip, agzybir işleşýän doganlar, aslynda, Ýehowa bilen hyzmatdaşlyk edýärler (1 Kor. bap 12; Kol. 2:19).
GÖZEGÇI BOLMAK ISLEÝÄN DOGANLAR
22 Ruhy taýdan ýetişen doganlar ýygnakda gözegçi bolmaga jan etmeli (1 Tim. 3:1). Emma ýaşuly bolup gulluk etmek üçin janyňy aýaman köp zähmet çekmeli bolýar. Ýygnakdaky dogan-uýalara hyzmat edip, olaryň ruhy taýdan aladasyny etmäge hemişe taýýar bolmaly. Şeýle-de gözegçi bolmak isleýän dogan Mukaddes Kitapdaky talaplara laýyk gelmek üçin tagalla etmeli.
ÝAGDAÝLAR ÜÝTGÄP BILÝÄR
23 Köp wagtdan bäri ýaşuly bolup gulluk edýän dogan saglyk, garrylyk ýa-da başga sebäplere görä ýygnakda öňküsi ýaly köp işleri edip bilmezligi mümkin. Emma ol öňküsi ýaly ýygnagyň ýaşulusy, şonuň üçin oňa hormat goýmaly. Ýagdaýynyň çäklidigi üçin dogana ýaşululyk borjuny goýmak gerek däl. Ol hem Hudaýyň sürüsiniň aladasyny edýän beýleki ýaşulular ýaly iki esse hormata mynasypdyr.
24 Emma dogan garrylyk sebäpli borjuny ýerine ýetirip bilmerin öýtse, onda borjuny goýup biler (1 Pet. 5:2). Ýöne dogan-uýalar oňa öňküsi ýaly hormat goýmaly. Onuň öňküsi ýaly borçlary bolmasa-da, dogan-uýalara köp kömek edip biler.
ÝYGNAKDAKY BORÇLAR
25 Ýygnak ýaşululary dürli borçlary ýerine ýetirýärler. Meselem, ýygnakda ýaşulular maslahatynyň koordinatory, ýygnagyň kätibi, wagyz gözegçisi, «Garawul diňi» duşuşygyny alyp barýan hem-de «Durmuş we wagyz» duşuşygynyň gözegçisi bar. Ýaşulularyň köpüsi topar gözegçisi hökmünde gulluk edýärler. Ýaşuly doganlar şeýle borçlara belli bir möhlet bilen bellenmeýär. Eger dogan başga ýere göçse, saglyk ýagdaýy sebäpli borjuny ýerine ýetirip bilmese ýa-da Mukaddes Kitapdaky talaplara laýyk gelmeýändigi üçin ýaşululykdan aýrylsa, onuň borjy başga bir ýaşula tabşyrylýar. Ýygnakda gözegçiler ýetmeýän bolsa, ukyply doganlar ýaşuly bellenýänçä, bir ýaşuly birnäçe borçlary ýerine ýetirip biler.
26 Ýaşulular maslahatynyň koordinatory ýaşulular maslahatynyň duşuşygyny alyp barýar. Ol Hudaýyň halkynyň aladasyny etmek üçin pesgöwünli bolup, agzybir işleşýär (Rim. 12:10; 1 Pet. 5:2, 3). Ýaşulular maslahatynyň koordinatory ähli zady gowy gurnap, yhlas bilen gözegçilik etmeli (Rim. 12:8).
27 Kätip ýygnagyň wagyz hasabatyny ýöredip, wajyp maglumatlary ýaşululara habar berip durýar. Eger oňa kömek gerek bolsa, bir ýaşuly ýa-da ukyply hyzmatçy kömek edip biler.
28 Wagyz işine we wagyz bilen bagly çäreleriň gurnalmagyna wagyz gözegçisi seredýär. Wagyz gözegçisi toparlaryň ählisini yzygiderli idemek üçin gün tertibini düzýär. Şeýdip, ol her aýyň bir dynç güni belli bir topary ideýär. Kiçiräk ýygnaklarda toparlar az bolansoň, ol her topary ýylda iki gezek idäp bilýär. Wagyz gözegçisi toparlary idände, wagyz duşuşygyny geçirýär, dogan-uýalar bilen wagza çykýar we olara ökdelik bilen gaýtadan ideg etmäge hem-de Mukaddes Kitap okuwyny geçirmäge kömek edýär.
TOPARYŇ GÖZEGÇILERI
29 Toparyň gözegçisi bolup gulluk etmek hem ýygnakdaky jogapkärli borçlaryň biri. Toparyň gözegçisi şeýle borçlary ýerine ýetirýär: 1) topardakylaryň her biriniň ruhy taýdan aladasyny edýär, 2) dogan-uýalaryň her birine yhlasly we şatlyk bilen yzygiderli wagyz etmäge kömek edýär, 3) topardaky hyzmatçy doganlary ýygnakda jogapkärli borçlary almaga höweslendirýär we olara kömek edýär. Haýsy doganyň toparyň gözegçisi edip bellenilse gowy boljagyny ýaşulular maslahaty çözýär.
30 Ýokarda agzalan borçlary göz öňünde tutsaň, toparyň gözegçisi ýaşuly bolsa has gowy. Eger ýaşuly az bolsa, onda tejribeli hyzmatçy toparyň aladasyny edip biler. Şeýle ýagdaýda dogana toparyň gözegçisi däl-de, toparyň hyzmatçysy diýilýär. Ol ýaşulularyň görkezmesine eýerip, tabşyrylan ýumşy ýerine ýetirýär.
31 Toparyň gözegçisi, esasanam, wagyz etmekde göreldeli bolmaly. Eger ol yzygiderli, yhlasly we şatlyk bilen gulluk etse, dogan-uýalar hem onuň göreldesine eýerer. Eger topar gözegçisi wagyz duşuşygyny köplere amatly wagtda geçirse, onda dogan-uýalar bile wagyz edip ruhlanar (Luka 10:1—16). Şeýle-de ol wagyzçylar gerek wagty meýdança alyp biler ýaly aladasyny etmeli. Topar gözegçisi wagyz duşuşygyny geçirip, haýsy wagyzçynyň kim bilen gitmelidigini bellemeli. Eger şol duşuşyga özi baryp bilmese, ony geçirmegi başga bir ýaşula, hyzmatçy dogana ýa-da suwa çümdürilen tejribeli wagyzça tabşyryp biler.
32 Toparyň gözegçisi wagyz gözegçisiniň geljek wagtyna öňünden taýýarlyk görmeli. Ol toparyndaky dogan-uýalara gözegçiniň geljek wagtyny habar bermeli we onuň bilen hyzmatdaşlyk etmegiň peýdasyny düşündirmeli. Topardaky wagyzçylar ähli zatdan habarly bolsalar, wagyz gözegçisi bilen yhlasly işleşerler.
33 Adatça, her wagyz toparynda wagyzçylaryň sany azrak bolmaly. Şonda toparyň gözegçisi topardaky wagyzçylary has gowy tanap biler. Sürüsiniň aladasyny edýän mähirli çopan ýaly, ol hem toparyndakylaryň her biriniň aladasyny edýär. Ol topardaky dogan-uýalaryň hersini wagza, ýygnak duşuşyklaryna yzygiderli gatnaşmaga höweslendirýär, gerek bolsa özem kömek edýär. Şeýle-de toparyndakylaryň ählisi ruhy taýdan berk bolar ýaly dürli ýollar bilen kömek etmäge jan edýär. Toparyň gözegçisi syrkawlan we göwnüçökgünlige düşen dogan-uýalary yzygiderli idäp, ruhlandyryp durýar. Ol toparyndaky wagyzçylary öwse, ruhlandyrsa we gerekli maslahatlary berse, wagyzçylar gullukda hem ýygnakda has köp işleri edip, doganlary höwes bilen goldar. Topar gözegçisi, esasan, öz toparyndaky wagyzçylara kömek edýär. Emma ol ýygnak ýaşulusy hökmünde her bir dogan-uýanyň aladasyny edip, kömege mätäçlerden kömegini gaýgyrmaýar (Res. 20:17, 28).
34 Topar gözegçisi toparyndaky wagyzçylaryň hasabatyny ýygnap, kätibe berýär. Wagyzçylar hem hasabatyny gijä galman tabşyrsalar, toparyň gözegçisine uly kömek ederler. Olar hasabatyny her aýyň ahyrynda toparyň gözegçisine berip biler ýa-da Ýygnak jaýynda goýulan hasabat üçin guta atyp biler.
ÝYGNAGYŇ GULLUK KOMITETI
35 Ýygnagyň gulluk komitetinde ýaşulular maslahatynyň koordinatory, ýygnagyň kätibi we wagyz gözegçisi bar, olar belli bir borçlary ýerine ýetirýärler. Meselem, Ýygnak jaýlarynda toý nutugy ýa-da ýas nutugy bilen çykyş edilmegine şolar rugsat berýär. Gulluk komiteti wagyzçylaryň haýsy topara degişli bolmalydygyny çözýär, pionerleriň hem-de gullugyň başga görnüşlerine gatnaşmak isleýän wagyzçylaryň arzalaryna seredýär. Gulluk komitetine ýygnagyň ýaşulular maslahaty gözegçilik edýär.
36 Gulluk komitetindäki doganlaryň, «Garawul diňini» geçirýän doganyň, «Durmuş we wagyz» duşuşygynyň gözegçisiniň hem-de ýaşulular maslahatynyň borçlary hakda filial anyk görkezme berýär.
37 Her ýygnagyň ýaşulular maslahaty ýygnak bilen bagly meselelere seretmek üçin wagtal-wagtal duşuşyp durýar. Şeýle-de etrap gözegçisiniň her ideginden üç aýa golaý wagt geçensoň, ýaşulular maslahaty ýene-de ýygnanyşýar. Eger zerur bolsa, ýaşulular islendik wagt ýygnanyşyp bilýär.
TABYN BOLUŇ
38 Ýygnakdaky gözegçi doganlar kämil däl. Ýöne dogan-uýalaryň ählisi olara tabyn bolmaly, sebäbi olary Ýehowa belledi. Olaram edýän işleri hakda Ýehowa hasabat berýärler. Gözegçi doganlar Hudaýyň wekilleri, Ýehowa olar arkaly halkyna ýolbaşçylyk edýär. Ýewreýler 13:17-de: «Ýolbaşçylyk edýän doganlara gulak asyň we tabyn boluň. Olar gije-gündiz aladaňyzy edýärler, sebäbi munuň üçin Hudaýyň öňünde hasabat bererler. Olara borjuny ahy-nala bilen däl-de, şatlyk bilen ýerine ýetirmäge kömek ediň, ýogsam size zyýan ýeter» diýilýär. Ýehowa gözegçi doganlary mukaddes ruh bilen belleýär. Eger olar ruhuň miwesini ösdürmese we Mukaddes Kitabyň talaplaryna laýyk gelmese, şol ruh bilenem olary borjundan aýyrýar.
39 Biz ýygnakda agyr zähmet çekýän doganlaryň gadyryny bilmeli. Olar biziň üçin gowy görelde. Pawlus resul Selanikdäki ýygnaga ýazan hatynda şeýle diýdi: «Doganlar, araňyzda köp zähmet çekýänlere we Halypamyzyň işinde ýolbaşçylyk edip, öwüt-ündew berýänlere hormat goýmagyňyzy haýyş edýäris. Olaryň edýän işleri üçin uly hormat goýuň we olary söýüň» (1 Sel. 5:12, 13). Dogrudanam, gözegçi doganlar ýygnakda köp zähmet çekýär, Hudaýa şadyýan, yhlasly gulluk etmegimize kömek edýär. Pawlus resul Timoteosa ýazan birinji hatynda hem dogan-uýalary gözegçileriň gadyryny bilmäge höweslendirip şeýle diýdi: «Ýygnaga gowy gözegçilik edýän, esasan-da, Hudaýyň sözüni aýdyp we öwredip, köp zähmet çekýän ýaşululara iki esse hormat goýuň» (1 Tim. 5:17).
GURAMADAKY BAŞGA BORÇLAR
40 Käbir ýaşulular Hassalary ideýän toparda gulluk etmäge bellenýär. Käbirleri bolsa Keselhanalar bilen işleşýän komitetde gulluk edýär. Olar Ýehowanyň Şaýatlaryna gansyz bejergi berer ýaly hassahanalara baryp, lukmanlar bilen gepleşýärler. Gözegçi doganlaryň käbiri Ýygnak jaýlarynyň we Kongresler köşgüniň gurluşygyna gatnaşýar ýa-da Kongresi gurnaýan komitetde gulluk edip, Patyşalygyň işine uly goşant goşýar. Dogan-uýalaryň ählisi janaýaman zähmet çekýän doganlaryň gadyryny bilýär. Dogrudanam, biz «şeýle doganlaryň gadyryny bilýäris» (Flp. 2:29).
ETRAP GÖZEGÇISI
41 Ýolbaşçylyk maslahatynyň görkezmesi bilen talaba laýyk gelýän doganlaryň käbiri etrap gözegçisi bellenýär. Olary filial belleýär we öz etrabyndaky ýygnaklary ýylda iki gezek idemegi tabşyrýar. Şeýle-de olar çet ýerlerdäki pionerleri hem yzygiderli ideýär. Etrap gözegçisi ýygnaklary idemegiň gün tertibini düzýär we dogan-uýalaryň ählisi ruhlanar ýaly idejek ýygnagyna öňünden habar berýär.
42 Etrap gözegçisiniň idegi ýygnakdakylaryň hemmesini ruhy taýdan berkider ýaly, ýaşulular maslahatynyň koordinatory ähli zady gowy gurnaýar (Rim. 1:11, 12). Ol käbir doganlara etrap gözegçisiniň we (öýlenen bolsa) aýalynyň ýaşajak ýeriniň, gerek zatlarynyň aladasyny etmegi tabşyrýar. Ýaşulular maslahatynyň koordinatory duşuşyklar barada etrap gözegçisine-de, dogan-uýalara-da habar berlendigini anyklamaly.
43 Etrap gözegçisi ýaşulular maslahatynyň koordinatory bilen habarlaşyp, ýygnak duşuşyklarynyň we wagyz duşuşygynyň haçan geçirilýändigini anyklaýar. Duşuşyklar etrap gözegçisiniň teklibine we filialyň görkezmesine görä geçirilip biler. Şol sebäpli pionerler, ýaşulular, hyzmatçy doganlar bilen geçiriljek duşuşyklaryň, ýygnak we wagyz duşuşyklarynyň wagty hem-de ýeri hakda hemmelere öňünden habar berilmeli.
44 Sişenbe güni günortandan soň, etrap gözegçisi «Wagyz depderçeleri», ýygnak duşuşyklaryna gatnaşýanlaryň sanynyň hasabatyny, meýdançalaryň hasabatyny hem-de ýygnagyň hasap-hesiplerini barlaýar. Şeýdip, ol ýygnagyň zerurlyklaryny we hasabatlary ýöredýän doganlara nähili kömegiň gerekdigini bilýär. Ýaşulular maslahatynyň koordinatory ähli hasabatlar etrap gözegçisine öňünden berler ýaly gurnamaly.
45 Etrap gözegçisi ýygnagy idände doganlaryň her biri bilen gürrüňdeş bolmaga jan edýär. Ol muny ýygnakda, wagyzda, nahara çagyrylanda ýa-da başga wagt edip biler. Şeýle-de ol ýaşuly we hyzmatçy doganlar bilen görşüp, olara ýygnagyň gowy aladasyny etmäge kömek etmeli. Munuň üçin ol Mukaddes Kitap arkaly ruhlandyrýar, gerekli hem-de peýdaly maslahatlary berýär (Nak. 27:23; Res. 20:26—32; 1 Tim. 4:11—16). Etrap gözegçisi pionerler bilen duşuşyk geçirende olary ruhlandyrýar we wagyzda duş gelýän kynçylyklaryny ýeňmegi öwredýär.
46 Eger ýygnakda başga-da çözülmeli mesele bar bolsa, etrap gözegçisi şol hepdäniň dowamynda olara kömek etmäge jan edýär. Eger olar meseläni şol wagt çözüp ýetişmeseler, etrap gözegçisi ýaşululara ýa-da kömek gerek adama gözleg geçirip, Mukaddes Kitapdan gerekli görkezmäni tapmaga kömek edýär. Eger bir meselede filialyň kömegi gerek bolsa, onda etrap gözegçisi bilen ýaşuly doganlar ähli zady filiala habar bererler.
47 Etrap gözegçisi ýygnagy idände ýygnak duşuşyklaryna hem gatnaşýar. Şol hepde duşuşyklaryň tertibi filialdan gelen görkezmä görä biraz üýtgedilip bilner. Etrap gözegçisi ýygnaklary ruhlandyrmak, höweslendirmek, öwüt-ündew berip, berkitmek üçin nutuklar bilen çykyş edýär. Ol ýygnakdaky dogan-uýalaryň Ýehowa, Isa Mesihe we guramamyza bolan söýgüsini has-da artdyrmaga jan edýär.
48 Etrap gözegçisiniň ýygnagy idemeginiň esasy maksatlarynyň biri — dogan-uýalary wagza yhlasly gatnaşmaga höweslendirmek we olara peýdaly maslahatlary bermek. Ýygnakdakylaryň köpüsi şol hepde köpräk wagyz eder ýaly, gün tertibini üýtgedýärler. Etrap gözegçisiniň gelen aýynda dogan-uýalar kömekçi pioner bolup hem gulluk edip bilýärler. Eger olar etrap gözegçisi ýa-da aýaly bilen wagyz etmek islese, öňünden belleşip bilýärler. Etrap gözegçisi ýa-da aýaly bilen gaýtadan ideg etseňiz, Mukaddes Kitap okuwyny geçirseňiz, wagyzda hasam ökdeleşersiňiz. Etrap gözegçisi gelende gün tertibiňizi üýtgedip, yhlasly gulluk edýändigiňiz örän begendirýär (Nak. 27:17).
49 Her etrapda ýylda iki gezek etrap kongresi geçirilýär. Olaryň guramaçylykly geçmegine, esasan, etrap gözegçisi jogapkär. Ol kongresiň gözegçisini hem-de onuň kömekçisini belleýär. Şol doganlar etrap gözegçisi bilen eginme-egin işleşip, kongresi guramaçylykly geçirmäge kömek edýär. Şeýdip, etrap gözegçisi bar ünsüni kongresiň geçirilişine berip bilýär. Şeýle-de ol ukyply doganlara kongres bilen bagly başga-da işleri tabşyrýar. Galyberse-de, ol her kongresden soň, şol etrabyň pul hasabatlarynyň barlanmagyna gözegçilik edýär. Her ýyl geçirilýän iki etrap kongresleriniň birine Beýteliň wekili gatnaşýar. Şol dogana myhman nutukçy diýilýär. Käbir etraplarda ýygnaklaryň arasy uzak ýa-da kongres geçirilýän jaý kiçi bolýar. Şeýle ýagdaýlarda etrap birnäçe bölege bölünip bilner, olaryň her birinde aýratyn kongres geçiriler.
50 Etrap gözegçisi öz wagyz hasabatyny her aýyň ahyrynda filiala iberýär. Eger onuň gullugy bilen bagly käbir çykdajylara, meselem, ýoluna, ýaşajak ýerine, iýjek-içjegine baran ýygnagy kömek edip bilmese, filialdan kömek sorap biler. Dogrudanam, etrap gözegçiler Ýehowanyň Patyşalygyny birinji orunda goýýarlar. Olar Isanyň wada berişi ýaly, Ýehowanyň gerek zatlaryny ýetirjekdigine doly ynanýarlar (Luka 12:31). Dogan-uýalar hem myhmansöýer bolup, janaýamazlyk bilen hyzmat edýän doganlaryň gadyryny bilýärler (3 Ýah. 5—8).
FILIAL KOMITETI
51 Ýehowanyň Şaýatlarynyň her filialynda üç ýa-da ondan köpräk ruhy taýdan berk, ukyply doganlar Filial komiteti bellenýär. Olar öz ýurdunyň we filiala degişli başga ýurtlaryň wagyz işine gözegçilik edýärler. Olaryň biri Filial komitetiniň koordinatory bolup gulluk edýär.
52 Filial komitetinde gulluk edýän doganlar öz filialyna degişli ähli ýygnaklar bilen bagly meselelere seredýärler. Olar Patyşalyk baradaky hoş habaryň filiala degişli ähli ýerde wagyz edilmegine we zerurlyga görä etraplaryň hem-de ýygnaklaryň döredilmegine gözegçilik edýär. Onsoňam, olar missionerlere we ýörite pionerlere gözegçilik edýär hem-de pionerleriň we kömekçi pionerleriň gullugy bilen gyzyklanýar. Ähli kongresler tertip-düzgün boýunça geçiriler ýaly, Filial komiteti gerekli görkezmeleri berýär (1 Kor. 14:40).
53 Filiala degişli käbir ýurtlarda Ýurt komiteti bellenýär, oňa Filial komiteti gözegçilik edýär. Ýurt komitetinde gulluk edýän doganlar öz ýurdunda alnyp barylýan işlere has gowy gözegçilik edip bilýär. Olar öz ýurdundaky Beýteli dolandyrýar, işgärlerine we hojalyk işlerine seredýär, gelýän hatlara jogap berýär, hasabatlary ýygnaýar. Şeýle-de ýygnaklar, wagyzçylar we wagyz işi barada alada edýär. Ýurt komiteti Filial komiteti bilen hyzmatdaşlyk edip, Patyşalyk işine uly goşant goşýar.
54 Filial komitetinde we Ýurt komitetinde gulluk edýän doganlaryň ählisini Ýolbaşçylyk maslahaty belleýär.
BAŞ EDARANYŇ WEKILLERI
55 Ýolbaşçylyk maslahaty käbir ukyply doganlary bütin dünýädäki filiallary wagtal-wagtal idemek üçin belleýär. Şol doganlara Baş edaranyň wekili diýilýär. Olaryň esasy maksady — Beýtel maşgalasyny ruhlandyrmak hem-de Filial komitetiniň wagyz hem şägirt taýýarlamak işi bilen bagly duş gelýän kynçylyklaryny we meselelerini çözmäge kömek etmek. Olar ideg edýän filialyna degişli etrap gözegçileri we missionerler bilen wagtal-wagtal görşüp, olaryň zerurlyklary hem-de kynçylyklary barada gürrüňdeş bolýar. Esasanam, olary Patyşalyk baradaky hoş habary yhlasly wagyz edip şägirt taýýarlar ýaly ruhlandyrýar.
56 Baş edaranyň wekili şol ýurduň wagyz işi we ýygnaklary bilen içgin gyzyklanýar. Eger onuň ýeterlik wagty bar bolsa, Beýtelden uzakda ýerleşýän terjime bölümini hem ideýär. Şol dogan filialy idände yhlasly wagyz etmäge-de jan edýär.
Biz Hudaýyň halkynyň aladasyny etmek üçin bellenen gözegçilere tabyn bolsak, ýygnagyň başy Isa Mesih bilen dostlugymyz hasam berkär
ALADAÇYL DOGANLAR
57 Ruhy taýdan berk, aladaçyl doganlar biziň üçin agyr zähmet çekýärler. Biz Hudaýyň halkynyň aladasyny etmek üçin bellenen gözegçilere tabyn bolsak, ýygnagyň başy Isa Mesih bilen dostlugymyz hasam berkär (1 Kor. 16:15—18; Efes. 1:22, 23). Şonda Hudaý bütin dünýädäki ýygnaklara mukaddes ruhuny berer, Mukaddes Kitapdaky görkezmeler arkaly bütin dünýäde wagyz ediler (Zeb. 119:105).