Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • w10 15/8 sah. 17—19
  • Hoş geldiňiz!

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Hoş geldiňiz!
  • Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2010
  • Sözbaşylar
  • Meňzeş maglumat
  • Beýtel diýmek näme?
  • Beýtelçiler bilen tanşyň
  • Beýtele barmak ruhlandyrýar
  • Beýtele hoş geldiňiz!
  • Ýagşy işleriň hiç haçan unudylmaz
    Mesihçileriň durmuşy we wagzy. Okuw depderi — 2019
  • Beýtel diýmek näme?
    Ýehowanyň islegini kim berjaý edýär?
  • «Gadyrly, Patyşalygyň wagyzçylary!
    Hudaýa gullugymyz — 2006
Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2010
w10 15/8 sah. 17—19

Hoş geldiňiz!

SIZI Ýehowanyň Güwäçileriniň filiallaryna, ýagny Beýtele çagyrýarys. Dürli ýurtlarda 118 sany filial bar. Beýtele barýanlaryň köpüsi ol ýerde gören zatlary üçin ýürekden minnetdarlyk bildirýärler.

Bir ýaş oglan Meksikanyň filialynda yhlasly işçileriň Ýehowa şatlyk bilen gulluk edýänini görende, haýran galyp: «Şu ýerde gulluk etmek üçin men näme etmeli?» diýip sorady. Oňa: «Ilki bilen suwda çokundyrylmaly, soňra pioner bolup — doly wagt gulluk etseň gowy bolar» diýdiler. Şol oglan bu maslahata eýerdi we iki ýyldan ony Meksikanyň Beýteline gulluk etmäge çagyrdylar. Häzir ol 20 ýyl Beýtelde gulluk edýär.

Beýtel diýmek näme?

Beýtel — ýewreýçe «Hudaýyň öýi» diýmegi aňladýar (Gel. çyk. 28:17, 19). Filiallardaky enjamlar bütin dünýäde Ýehowanyň Güwäçileriniň 100 müňden gowrak ýygnaklaryny ruhy iýmit bilen üpjün edip, Mukaddes Ýazgylary we oňa esaslanan edebiýatlary çap etmek hem-de ýaýratmak üçin ulanylýar. Gelip çykyşy we milleti dürli bolan erkek adamlar we aýallar — 20 müňe golaý beýtelçiler — Ýehowa we ruhy dogan-uýalary üçin janyny aýaman gulluk edýärler. Beýtelde ençeme ýyl gulluk edýän mesihçiler gujurly ýaşlar bilen eginme-egin işleşýärler. Agşamlaryna we dynç günleri Beýtel maşgalasynyň agzalary golaýdaky Ýehowanyň Güwäçileriniň ýygnaklaryna gatnaşyp, wagyz edip şatlanýarlar. Şeýle-de olar boş wagtlary Mukaddes Ýazgylary okaýar, dynç alýar we şahsy işleri bilen meşgullanýar.

Beýtelçiler (filialda gulluk edýänler) her aýda biraz kömek puly alýar. Olar tagamly we ýokumly iýmit iýýär hem-de arassa, ýaraşykly otaglarda ýaşaýar. Beýtelleri kaşaň myhmanhana diýip bolmaz, ýöne olarda zerur zatlar bar. Beýtele barýan adamlarda diňe jaýlardaky we onuň territoriýasyndaky tertip-düzgün däl, eýsem, Beýteldäki söýgi hem-de hyzmatdaşlyk täsir galdyrýar. Hemmeler yhlasly zähmet çekýär, ýöne hiç kim dostlukly gatnaşygy ýadyndan çykarmaýar. Beýtelde hemmeler deň saýylýar we hiç kim özüni beýlekilerden ýokary tutmaýar. Ol ýerde ähli iş, ýagny jaýlary arassalamak, naharhanada, tipografiýada, bagda ýa-da ofisde işlemek wajyp hasaplanýar. Beýtelçiler Ýehowanyň Güwäçileriniň wagyz gullugyny goldamak üçin bir maşgala ýaly gulluk edýär (Kol. 3:23).

Beýtelçiler bilen tanşyň

Geliň, bu halkara maşgala degişli adamlar bilen ýakyndan tanşalyň. Olary Beýtelde gulluk etmäge näme höweslendirdikä? Marionyň mysalyna seredeliň. Ol Ýehowanyň Güwäçisi bolanda, ady belli nemes awtomobil kompaniýasynda gowy tölenilýän işde işleýärdi we onuň uly wezipe gazanmaga mümkinçiligi bardy. Suwda çokundyrylanyna biraz wagt geçensoň, ol ýurdundaky Beýtelde bir hepde meýletin gulluk edýär. Ol tipografiýanyň işine kömekleşýär. Mario Beýteldäki dogan-uýalaryň dünýewi işgärlerlerinden örän tapawutlanýandygyny görüp, Beýtelde gulluk etmek üçin anketa doldurmagy ýüregine düwýär. Onuň gelen kararyna köp garyndaşlary we işgärleri düşünmese-de, Mario Germaniýadaky Beýtelde şatlyk bilen gulluk edýär.

Beýtelde gulluk edip başlanda, dogan-uýalaryň köpüsiniň ýörite bilimi we hünäri bolmaýar. Meksikanyň Beýtelinde 15 ýyl gulluk edýän Abeliň hem hünäri ýokdy. Ol şeýle diýýär: «Men Beýtelde köp zady öwrendim. Men örän çylşyrymly çap edýän enjamlarda işlemegi öwrendim. Beýtelde gulluk etmedik bolsam, şeýle hünärim bilen köp pul gazanardym, ýöne özümi häzirki ýaly rahat duýup, durmuşymdan kanagat tapyp bilmezdim. Şeýle-de bu ýerde köp kommersiýa edaralarynda bolýan gaýgy-alada hem-de bäsdeşlik ýok. Men ruhy we akyl taýdan öser ýaly, iň oňat bilim alýaryn. Hatda iň gowy uniwersitet hem şeýle ruhy bereketler berip bilmezdi».

Beýtele barmak ruhlandyrýar

Beýtele barmak adama ruhy taýdan gowy täsir edýär. Meksikada ýaşaýan Omara Beýtele barmagy gowy täsir etdi. Ejesi oňa Mukaddes Ýazgylardaky hakykaty öwredipdi. Ýöne Omaryň 17 ýaşy dolanda, ýygnak duşuşygyna barmagyny we wagyz etmegini goýdy. Ahyry ol ahlaksyzlyga baş goşup, baýlyga kowalaşyp başlady. Soňra ol bir kompaniýada işlände, käbir enjamlary görkezmek üçin delegasiýanyň agzasy bolup Meksikanyň Beýteline barýar. Omar şeýle diýýär: «Enjamlary görkezensoň, bize Beýtelde ekskursiýa etdiler. Gören zatlarym, dogan-uýalaryň gowy garşy almagy Ýehowadan daşlaşyp nähili ýaşaýandygym barada oýlandyrdy. Men derrew ýygnak duşuşyklaryna gatnaşyp, Mukaddes Ýazgylar okuwyny geçip başladym. Beýtelde ekskursiýada bolanyma alty aý geçensoň, suwda çokundyryldym. Beýtele barandygyma men Ýehowa örän minnetdar».

Ýaponiýadaky Masahiko atly dogan hem Güwäçileriň maşgalasynda terbiýe aldy. Emma ol Hudaýyň ýolunda ýöreseň, köp zatdan el çekmeli diýip, pikir edip başlaýar. Ol mekdepde şeýle yhlas bilen okady welin, ýygnak duşuşyklaryna barmagy we wagyz etmegi goýdy. Masahiko şeýle ýatlaýar: «Bir güni maşgalamyz birnäçe mesihçi dostlary bilen Beýtele ekskursiýa gitmekçi boldy. Ol ýere gidesim gelmese-de, enem-atam meni äkitdi. Beýtelde bolup, men örän ruhlandym. Ýolda mesihçiler bilen gürrüňdeşlik edip, şatlykdan ýaňa ýüregim içime sygmady! Mesihçi däl dostlarym bilen şeýle şatlanyp bilmeýärdim. Men ýene-de Ýehowanyň ýolunda ýöremek isledim we Mukaddes Ýazgylar okuwyny geçmegi haýyş etdim». Häzir Masahiko ýygnagynda doly wagt gulluk edýär.

Bir mesihçi uýa işlemek üçin Fransiýadan Moskwa göçýär. Ol Ýehowanyň halky bilen gatnaşygyny ýitirip, ruhy taýdan gowşaýar. Şol uýa özüni gowy alyp barman, wagtyň geçmegi bilen Ýehowanyň Güwäçisi bolmadyk bir adama durmuşa çykýar. Soňra onuňka Fransiýadan bir uýa myhmançylyga gelýär we olar Peterburga Beýtele gidýär. Ol uýa şeýle ýazýar: «Beýtelde bizi örän gowy garşy aldylar we bu meni tolgundyrdy. Ol ýer şeýle rahatdy. Men Ýehowanyň ruhuny duýdum. Ýehowanyň guramasyndan daşlaşyp, men nähili ýalňyşdym! Beýtelden gelensoň, men Ýehowadan kömek diläp, çagalarym bilen Mukaddes Ýazgylary erjellik bilen öwrenip başladym». Bu uýa diňe bir ruhy goldawy alman, eýsem, Beýtele barmak bilen göwni göterildi we soňra ruhy taýdan berkedi.

Ýehowanyň Güwäçilerini tanamaýanlara Beýtele barmak nähili täsir edýär? Syýasat bilen içgin gyzyklanýan Alberto 1988-nji ýylda Braziliýanyň Beýteline barýar. Beýteliň arassaçylygy, tertipliligi we işiniň açyk alnyp barlyşy, onda örän täsir galdyrýar. Beýtele gitmezden öň, Alberto seminariýa barýar. Ol ýerde aýalynyň jigisi ruhany bolup gulluk edýärdi. Alberto şonda uly tapawudy görýär. Ol şeýle diýýär: «Seminariýada ähli zat gizlin syrdy». Beýtele baranyna biraz wagt geçensoň, ol Mukaddes Ýazgylar okuwyna başlaýar, syýasy işleri goýýar we häzir ýygnakda ýaşuly bolup gulluk edýär.

Beýtele hoş geldiňiz!

Dogan-uýalaryň köpüsi ýurdundaky Beýtele barmak üçin tagalla baryny edýärler. Meselem, Braziliýada ýaşaýan Paulu bilen Euženiýa ýurdundaky Beýtele barmak üçin dört ýyl pul ýygnaýar. Soňra olar awtobusly iki gün ýol ýöräp, 3 müň kilometr geçýärler. Olar şeýle diýýär: «Bu eden tagallamyza degdi. Indi Ýehowanyň guramasyna bolan gözýetimimiz giňeldi. Mukaddes Ýazgylary öwrenýän adamlara Beýteldäki işler barada gürrüň berende, käte olar: «Siz ol ýerde bolduňyzmy?» diýip soraýarlar. Indi biz: «Hawa» diýip jogap berip bileris.

Ýurduňyzda ýa-da goňşy ýurtda Beýtel barmy? Biz sizi Beýtele çagyrýarys. Beýtele barsaňyz, sizi mähirli garşylarlar we ruhy taýdan bol bereketler alarsyňyz.

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş