Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • mwb19 Awgust sah. 8
  • Ýagşy işleriň hiç haçan unudylmaz

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Ýagşy işleriň hiç haçan unudylmaz
  • Mesihçileriň durmuşy we wagzy. Okuw depderi — 2019
  • Meňzeş maglumat
  • Hoş geldiňiz!
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2010
  • Beýtel diýmek näme?
    Ýehowanyň islegini kim berjaý edýär?
Mesihçileriň durmuşy we wagzy. Okuw depderi — 2019
mwb19 Awgust sah. 8
Uýa Beýteliň naharhanasynda işleýär

MESIHÇILERIŇ DURMUŞY

Ýagşy işleriň hiç haçan unudylmaz

Ýehowanyň gullukçylarynyň ählisi Hudaýa edýän mukaddes gullugymyzda köp ýagşy işleri edip, hiç haçan unudylmajak hazyna toplaýar. Çagalarynyň her bir eden ýönekeýje işlerini juda gymmat saýýan ene-ata ýaly, Ýehowa-da edýän ýagşy işlerimizi we adyna görkezýän söýgimizi hiç haçan unutmaýar (Mt 6:20; Ýew 6:10). Elbetde, başarnyklarymyz we ýagdaýymyz bir-birimiziňkiden tapawutlanýar. Emma biz Ýehowa elimizde baryny edip gulluk etsek, köp şatlyk taparys (Gl 6:4; Kl 3:23). Köp ýyllaryň dowamynda Beýtelde müňlerçe dogan-uýa gulluk etdi. Belki, sende-de Beýtelde gulluk etmäge mümkinçiligiň bardyr. Eger ýok bolsa, onda kimdir birini Beýtelde gulluk etmäge höweslendirip ýa-da Beýtel maşgalasynyň agzalaryna gullugyny dowam edip biler ýaly, olary goldap bilersiňmi?

«BEÝTEL GULLUGY ÜÇIN TALABA LAÝYK GELMEK» DIÝEN WIDEONY GÖRÜP, ŞU SORAGLARA JOGAP BERIŇ:

  • Beýtelde gulluk etmäge näme höweslendirmeli?

  • Beýtelde gulluk edip käbir dogan-uýalar nähili bereketleri aldy?

  • Beýtelde gulluk etmek üçin haýsy talaplara laýyk gelmeli?

  • Sen Beýtel gullugy üçin nädip arza dolduryp bilersiň?

Üç beýtelçi bile işleýär; dogan edebiýatlary gutulara salýar; dogan Beýteliň ussahanasynda işleýär

Beýtelde gulluk etmek isleýänler üçin talaplar:

  • Ýehowany we onuň guramasyny ýürekden söýmeli

  • Ahlak taýdan arassa ýaşamaly we Ýehowanyň öňünde ynsabyň arassa bolmaly

  • Egin-eşigiň we daş keşbiň mesihçilere ýaraşmaly

  • Mesihçilere ýaraşýan göwün açmalary saýlamaly

  • 19—35 ýaş aralygynda bolmaly

  • Pikir, duýgy we beden taýdan sagdyn bolmaly

  • Ýerli dilde gowy okap, ýazyp we gepläp bilmeli

  • Azyndan bir ýyl Beýtelde gulluk etmäge taýyn bolmaly

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş