Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • km 9/06 sah. 1
  • «Gadyrly, Patyşalygyň wagyzçylary!

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • «Gadyrly, Patyşalygyň wagyzçylary!
  • Hudaýa gullugymyz — 2006
  • Meňzeş maglumat
  • Hoş geldiňiz!
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2010
  • Ýagşy işleriň hiç haçan unudylmaz
    Mesihçileriň durmuşy we wagzy. Okuw depderi — 2019
  • Filiallarda nähili işler edilýär?
    Ýehowanyň islegini kim berjaý edýär?
  • Beýtel diýmek näme?
    Ýehowanyň islegini kim berjaý edýär?
Başgalary
Hudaýa gullugymyz — 2006
km 9/06 sah. 1

«Gadyrly, Patyşalygyň wagyzçylary!

2006-njy gulluk ýylynda Ýehowanyň «sözüniň barha ýaýrap güýçlenişi» barada uly şatlyk bilen habar berýäris.

2005-nji ýylyň Ruhnama aýyndan başlap, Orsýetde her hepde-de takmynan 110 golaý dogan-uýa suwda çokundyryldy. Netijede, 2006-njy ýylyň Ruhnama aýynyň 1-ine biziň territoriýamyzda 7 sany täze teokratiki etrap döredildi. 2006-njy gulluk ýylynyň dowamynda bolsa, 75 sany ýygnak we 109 sany topar döredildi. Şol sebäpli-de, ýygnaklarda jogapkär doganlar ýetmezçilik edýär. Eziz doganlar, biz sizi ýygnakda hormatly borçlary ýerine ýetirmek üçin, mukaddes ruh bilen bellener ýaly talaplara laýyk gelmäge höweslendirýäris.

Dogan-uýalaryň köpüsi wagyzçylaryň azlyk edýän ýerine göçdüler. Olaryň göreldesi göwnüňi göterýär. Olaryň ýazan hatynda şeýle diýilýär: «Şol makala tüýs wagtynda geldi!», «Şol makala Hudaýa eden dogalaryma berlen jogap boldy», «Men şeýle mümkinçiligi sypdyrasym gelenok!». Köp dogan-uýalar eýýäm başga ýerlere göçdüler, käbirleri bolsa amatly pursatda göçmäge taýýarlanýarlar. Filiala wagyzçylardan we gulluk komitetlerinden hemişe hat gelip dur. Olar öz hatynda kömege mätäç ýygnaklar bilen habarlaşmaga kömek etmegini soraýarlar.

Mukaddes ruhuň kömegi bilen, daşary ýurt dilinde geplenýän ýerlerde-de Ýehowanyň sözi barha ýaýraýar. Bir aýal öz ene dilinde edebiýat alanda: «Alty ýyl bäri ene dilimde hiç zat göremokdym!» diýip begendi. Şeýle adamlaryň hoş habary kabul edişini görüp, köp wagyzçylar başga dili öwrenýärler. Şeýdip olar ruhy zerurlygy bolan adamlara Hudaý hakda hakykaty öwrenmäge kömek edýärler. Şu wagta çenli ýurduň dürli künjeginde abhaz, altaý, başgyrt, gruzin, hytaý, tuwin, özbek, fransuz we ýakut dillerinde toparlar döredildi. Häzir azerbaýjan, iňlis, ermeni, osetin, rus lal dilinde, tatar we çuwaş dillerinde ýygnaklar bar.

Filial we onuň bitirýän işleri hem hoş habaryň ýaýramagyna ýardam edýär. Solneçnoýe şäherçesinde ýerleşýän Beýtel öýümize zyýarat eden adamlar, şol ýerde edilýän işleri görüp haýran galdylar. «Biz müňde bir şükür edýäris. Hudaýyň öýüni görüp, haýranlar galdyk» diýip, bir zyýaratçy hat galdyrypdyr. Käbir dogan-uýalar Beýteli görenlerinden soňra pioner gullugyna başladylar ýa-da gullugyny başgaça giňeltmegiň ugruna çykdylar. Tomus welaýat kongresi geçirilýän döwründe bir aýyň dowamynda takmynan 200 golaý gezelenç geçirildi, bir ýylyň dowamynda bolsa, 12 000 gowrak adam filiala gelip gördi.

Siziň berýän meýletin sowgatlaryňyz edebiýat taýýarlamak bilen baglanyşykly hem-de beýleki çykdajylary ödeýär. Şunlukda, Mesihiň «mal-mülki» köpelýär (Luka 12:42—44). Onsoňam, siz jomart bolmak üçin Ýehowanyň ruhunyň görkezmesine eýerip, hoş habary yhlasly wagyz edýärsiňiz, arman-ýadaman kongresleri guraýarsyňyz hem-de Patyşalyk Zallaryny gurmak we bejermek üçin wagtyňyzy we güýjüňizi gaýgyrmaýarsyňyz. Gaýrat edip, mundan beýläk-de şeýle jomart boluň we çagalaryňyza-da şeýle bolmagy öwrediň (2 Korintoslylar 8:7, 9).

Doganlaryňyz

Ýehowanyň Güwäçileriniň Orsýetdäki Edara merkezi.

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş