Mukaddes Ýazgylary öwrenýänlere ruhy taýdan ösmäge kömek edýäris. 6-njy bölüm
Haçanda öwrenýän adam sorag beren ýagdaýynda näme etmeli?
1 Eger Mukaddes Ýazgylar okuwy üznüksiz geçilýän bolsa, onda ýazgylardaky taglymatlary bir temadan beýleki tema böküp geçmän, yzygiderli tertip boýunça geçirilmeli. Şol sebäpli öwrenýän adam dogry bilimiň düýbini tutup ruhy taýdan öser (Kol. 1:9, 10). Sapak geçirilende köplenç öwrenýän adam ähli temalar boýunça sorag berýär. Şeýle ýagdaýda näme etmeli?
2 Düşgür bol. Geçirilýän sapagyň soraglaryna köplenç şol wagt jogap berip bolýar. Eger-de berilýän sorag beýleki baplarda geçilýän bolsa, oňa soňra serediljekdigini aýtsaň ýerlikli bolar. Emma sorag geçilýän sapaga degişli bolmasa we onuň dogry jogabyny gözläp tapmaly bolsa, gowusy ony başga bir güni ýa-da sapakdan soň seretseňiz ýerlikli bolar. Käbir wagyzçylar sowaly aýratyn bir kagyzda ýazmagy peýdaly hasaplaýarlar. Sebäbi şonda gyzyklanýan soragyna üns berilýändigine düşüner we sapakdaky pikir bölünmän geçiler.
3 Mukaddes ýazgylaryň köp taglymatlary esasy okuw geçilýän edebiýatlarda gysga düşündirilýär. Eger gyzyklanýana aýratyn bir sapagy özleşdirmek kyn bolsa ýa-da ol ýalan taglymata berk uýýan bolsa näme etmeli? Şeýle ýagdaýda mümkin boldugyndan, Mukaddes ýazgylarda şol mesele barada aýdylýan birnäçe maglumatlara doly seredilse peýdaly bolar. Egerde gyzyklanýan şonda-da kabul etmese, şol meseläni gaýra goýup, onuň bilen okuwy yzygiderli dowam ediň (Ýahýa 16:12). Haçanda ýazgylar bilen has ýakyn tanyşanda we ruhy taýdan ösende, mümkin şonda ol meselä düşüner.
4 Sada bol. Eger sowalyň dogry jogabyny bilmeseň, öz pikiriňi aýtmak höwesinden saklan (2 Tim. 2:15; 1 Pet. 4:11). Sowalyň gözlegini geçirjekdigiňi we indiki sapakda jogabyny aýtjakdygyňy düşündir. Pursatdan peýdalanyp, gyzyklanýana nädip gözlegi geçirmelidigini hem öwredip bilersiň. Oňa ýuwaş-ýuwaşdan Ýehowanyň guramasynyň gözleg geçirmek üçin hödürleýän ähli edebiýatlaryny nädip ulanyp bolýandygyny görkez. Netijede, ol öz sowallaryna jogap tapmany öwrener (Res. iş. 17:11).