Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • w10 15/8 sah. 20
  • Ýadyňdamy?

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Ýadyňdamy?
  • Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2010
  • Meňzeş maglumat
  • Okyjylaryň sowallary
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2010
  • Ysraýyllar sözünde durmady
    Mukaddes Kitapdan sapaklarym
  • Altyn göle
    Mukaddes Ýazgylardan hekaýalar
Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2010
w10 15/8 sah. 20

Ýadyňdamy?

«Garawul diňi» žurnalynyň soňky sanlary göwnüňe ýaradymy? Aşakdaky soraglara jogap berip, bilýäniňi barlap gör.

• Çagalaryňyzy jogapkärli adam edip ýetişdirmäge size näme kömek eder?

Çagaňyza «göreldäňiz» bilen jogapkärli adamdygyňyzy görkeziň (Ýahýa 13:15). Ondan köp zada garaşmaň; ulaldygyça, arassaçylyk, gijä galmazlyk we mekdep ýumuşlaryny ýerine ýetirmek babatda ondan köpräk zady talap etse bolýar (1.5., 19, 20-nji sahypalar).

• Näme üçin Hudaý Haruna altyn göläni ýasany üçin jeza bermedi?

Harun Hudaýyň butparazlyk baradaky kanunyny bozdy (Müs. çyk. 20:3—5). Emma Musa pygamber Harun üçin Hudaýa doga etdi we onuň dogasy «gaty güýçlüdi» (Ýakup 5:16). Harun öň hemişe Hudaýa wepalydy. Halk ony altyn göle ýasamaga yrsa-da, soňra ol lewiler bilen Ýehowanyň tarapyna geçip, ýüreginiň pitneçiler bilen däldigini görkezdi (Müs. çyk. 32:25—29) (15.5., 21-nji sahypa).

• Mukaddes Ýazgylarda aýdylýan altyn-gyzyly bilen ady belli Ofir nirede ýerleşýärdi?

Süleýman patyşa Ofirden altyn getirmek üçin Esýongeberde gämiler gurdy (1 Pat. 9:26—28). Bu gämi duralgasy Gyzyl deňziň Akab aýlagynyň ýokary akymynda, häzirki Eýladyň we Akabyň golaýynda ýerleşýärdi. Şeýlelikde, Ofir ýa Arabystanda, ýa Afrikanyň, ýa-da Hindistanyň kenar ýakasynda ýerleşen bolmaly (1.6., 15-nji sahypa).

• «Gileadyň balzamy» nämäni aňladýar? (Ýerem. 8:22).

Iordanyň gündogarynda ýerleşýän Gileatda käbir ösümliklerden alynýan atyr ysly, smolaly ýaga balzam ýagy diýilýär. Ol şypa berýändigi üçin, ony ýara çalýardylar. Ysraýyl gözgyny ýagdaýda bolany sebäpli, ruhy taýdan şypa gözlemelidi, ýöne ol muny etmedi (Ýerem. 8:9) (1.6., 21, 22-nji sahypalar).

• Mesihçä ýanýoldaşynyň biwepalygyna döz gelmäge näme kömek eder?

Günä etmedik mesihçi Mukaddes Ýazgylaryň prinsipleri boýunça ýaşamaga jan eden bolsa, ýanýoldaşynyň biwepalyk edeni üçin özüni günäkärlemeli däl. Hudaý günä etmedik mesihçiniň tesellä we goltga mätäçdigini bilýär. Ol dogan-uýalar arkaly göwünlik berip bilýär (15.6., 30, 31-nji sahypalar).

• Kesel adamlara nädip kömek edip bilersiň?

Ünsli diňläň (Wag. 3:1, 7). Duýgudaşlyk bildirip, sypaýy boluň (Rim. 12:15). Ruhlandyryň we kömek etmegi teklip ediň (Kol. 4:6; 1 Ýahýa 3:18). Gürrüňdeş boluň (Sül. tym. 17:17) (7.1., 10—13-nji sahypalar).

• Hudaýyň başlangyjynyň ýokdugyny nireden bilýäris?

Muny Musanyň eden dogasyndan bilýäris (Zeb. 90:2). Şol sebäpli Ýehowa «bütin döwürleriň Patyşasy» diýilýär (1 Tim. 1:17) (1.7., 28-nji sahypa).

• Çagalar okamagy gowy görer ýaly näme etmeli?

Bu babatda ene-atanyň söýgüsi we göreldesi kömek eder. Olara kitap beriň. Daşyňyzdan okaň. Okaýan zatlaryňyz hakynda pikir alşanyňyzda, çagalaryňyz hem okasyn. Olardan bir zat okap bermegi haýyş ediň we sorag bermäge höweslendiriň (15.7., 26-njy sahypa).

• Näme üçin Isa kesel dosty Lazary baryp, sagaldar ýaly howlukmady?

Isa gelende, Lazaryň ölenine dört gün bolupdy. Ol garaşyp, Atasy barada gowy güwä geçip bildi. Şol sebäpli köp adamlar Hudaýa iman etdi (Ýahýa 11:45) (1.8., 14, 15-nji sahypalar).

• «Belent ýerler» nämedi?

Olar esasan baýyrlykdaky meýdançalar ýa-da ýalan taňrylara sežde edilýän ýerlerdi. Ol ýerlerde gurbanlyk sypalary, dikme daşlary hem-de Hudaýyň ýazgarýan däp-dessurlaryny geçirmek üçin ulanylýan zatlar bolýardy (San. 33:52) (1.8., 23-nji sahypa).

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş