36-NJY HEKAÝA
Altyn göle
WAH, bu adamlar näme edýärkä? Gölä ýüzlenip doga edýärler! Näme üçin?
Musa köp wagtlap dagdan düşmeýär. Şonda halk: «Musa näme bolanyny bilemizok. Şonuň üçin geliň, bizi bu ýurtdan alyp çykjak taňry ýasalyň» diýýär.
— Bolýar — diýip, Musanyň dogany Harun razy bolýar. Ol: «Gulagyňyzdaky altyn gulakhalkalary çykaryp, maňa getiriň» diýýär. Halk gulakhalkalaryny getirende, Harun olary eredip, ondan altyn göle ýasaýar. Halk bolsa: «Ynha, bizi Müsürden çykaran Hudaýymyz!» diýýär. Soňra ysraýyllylar uly baýramçylyk edip, altyn gölä sežde etdiler.
Ýehowa muny görüp gaty gaharlanýar. Ol Musa: «Tizräk aşak düş. Halk uly günä edýär. Ol meniň kanunlarymy unudyp, altyn gölä sežde edýär» diýýär.
Musa derrew dagdan düşýär. Ol halkyň altyn göläniň daşynda aýdym aýdyp, tans edýänini görýär. Musa gaharyndan ýaňa tekiz daşyň ikisini-de ýere zyňýar, olar hem çym-pytrak bolýar. Soňra ol altyn göläni eredip, galyndysyny bolsa küle sowurýar.
Halk uly erbetlik etdi. Şonuň üçin Musa birnäçe adama eline gylyç almagy buýurýar. Ol: «Altyn gölä sežde eden ýaramaz adamlary öldüriň» diýip buýruk berýär. Olaryň elinden üç müň adam ölýär! Bu waka bize Ýehowadan başga ýalan taňrylara sežde etmeli däldigini öwretmeýärmi näme?