35-NJI HEKAÝA
Ýehowa kanun berýär
YSRAÝYLLYLAR Müsürden çykyp, takmynan iki aýdan Sina dagyna gelýärler. Oňa Horep dagy hem diýilýär. Şu ýerde Ýehowa ýanyp duran gyrymsy agaçdan Musa bilen gürleşipdi. Halk bu ýerde çadyrdan öý gurap, biraz wagt ýaşaýar.
Adamlar aşakda garaşýarlar, Musa bolsa daga çykýar. Dagyň depesinde Ýehowa Musa ysraýyllylaryň gulak asmalydygyny aýtdy. Sebäbi olary öz halky etmek isleýärdi. Musa dagdan düşüp, Ýehowanyň sözüni ysraýyllylara aýdýar. Ysraýyllylar hem Ýehowanyň halky hökmünde oňa gulak asmaga söz berýär.
Şonda Ýehowa gudrat görkezýär. Ol dagyň depesini tüsseledip, gök gürrüldedýär. Soňra ol halka ýüzlenip: «Men — sizi Müsürden çykaran Hudaý Ýehowa» diýdi. Şeýle hem: «Siz menden başga taňrylara sežde etmeli dälsiňiz» diýip tabşyrdy.
Bu tabşyrykdan başga-da Hudaý ysraýyllylara ýene dokuz tabşyryk, ýagny kanun berýär. Halk gorkudady. Olar Musa: «Biziň bilen özüň gürleş, sebäbi Hudaý gürleşse öleris öýdüp gorkýarys» diýdiler.
Birnäçe wagtdan soň Ýehowa Musa: «Meniň ýanyma daga çyk. Saňa iki tekiz daşa ýazan kanunlarymy bererin. Goý, meniň halkym olary berjaý etsin» diýip buýurýar. Şonuň üçin Musa ýene-de daga çykýar we ol ýerde kyrk gije-gündiz bolýar.
Hudaý halka ençeme kanun berýär. Musa-da olary ýazyp alýar. Mundan başga-da, Hudaý Musa iki tekiz daş berýär. Hudaý bu daşlara halka öň aýdan on tabşyrygyny ýazyp berdi. Muňa «On tabşyryk» diýilýär.
Bu On tabşyryk örän wajyp kanun hasaplanýar. Ýöne Hudaýyň ysraýyllylara beren başga kanunlary-da wajyp. Ine, kanunlaryň biri şeýle diýýär: «Sen Ýehowa Hudaýyňy bütin ýüregiň, bütin janyň, bütin düşünjäň, bütin güýjüň bilen söýmeli». Ine, ýene-de bir kanun: «Goňşyňy özüň ýaly söýmeli». Hudaýyň ogly Isa Mesih Ýehowanyň Ysraýyl halkyna beren kanunlaryndan bu iki kanunyň iň esasy kanundygyny aýtdy. Biraz soň biz Hudaýyň Ogly we onuň öwreden zatlary barada köpräk bileris.